"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar

2024-2043-nji ýyllarda täze ýolagçy we ýük uçarlaryna bolan isleg 42,430 müň uçara deň bolar. Bu barada “Airbus” aerokosmos korporasiýasynyň 2023-nji ýyldaky global bazar çaklamasynda beýan edilýär. Uçarlara bolan islegde öňdebayrjy ýurtlar dünýäniň iň köp ilatly iki ýurdy bolan Hindistan we Hytaý bolar diýlip çaklanylýar. Öňümizdäki 20 ýylda global awiakompaniýalar takmynan 18 müň 460 köne uçarytäze, has tygşytly uçar bilen çalşar.

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde 5-nji iýulda badalga alan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarays geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň türgenleri hem ýeňijileriň arasynda orun aldy. T2 kategoriýasynda bäsleşen doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2-nji orny, Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow bolsa 3-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, halkara ralli ýaryşynyň 14-njisi tamamlandy. 11 gün dowam eden bäsleşik 5 müň kilometrden gowrak menzil aşylyp, Mongoliýada tamamlandy. Ralli ýaryşy dürli kategoriýalarda geçirilip, ähli kategoriýalar hem soňuna çenli çekeleşikli geçdi.

Aragatnaşyk pudagynyň halkara birikmeleri

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uzak möhletli ykdysady ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan işe goýberilen halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary we  üstaşyr akymlary ýurdumyzyň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmeginiň esasy ugurlarynyň biri boldy.

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhana

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli k

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Söýenim, söýenjim sensiň, Watanym!

Watan — iň uly mukaddeslik. Muny her owazymda, her şygrymda, bendimde, setirimde gaýta-gaýta ýatlaýandyryn. Bizi giň gujagyna sygdyryp, goýnunda ýaýnadýan, ýaşadýan eziz Watanyň gadyry-gymmaty başgaça. Ol mydama ýüregiňde, kalbyňda, köňlüňde. Oýuň ol, pikiriň. Nirede ýörseňem, neneňsi ahwalda bolsaňam, Watan hemişe ýanyňda. Uzak menzillere rowana bolup, ummany aşanymda, «Ýanymda Watan» atly şygry ýazanym ýadymda.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolunda

Dalaşgär — 2024: geljegiň binýady şu günden tutulýar

Bilşimiz ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi 15-nji iýuldan 26-njy awgusta çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz agzalan Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy öňde durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmek babatda görlen taýýarlyk, bu ugurda alnyp barylýan işler hem-de täze okuw ýylynda boljak üýtgeşmeler bilen gyzyklanyp, gazetimiziň habarçysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Berdinazar HAŞYROW bilen söhbetdeş boldy. — Ilki bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we

Tehnikalar saz işledilýär

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, pudakda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet Baştutanymyzyň esasy talaplarynyň hatarynda durýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasy hem özüniň alyp barýan işleri bilen ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasy ýük we ýeňil awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bu ýerde 600-den gowrak adam zähmet çekýär. Tejribeli sürüjiler dürli görnüşli awtoulaglara we ýükleýji mehanizmlere, burawlaýjylara ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda bildirilýän talaplary doly ödemegi başarýarlar. «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň başlygy Rustam Gurbanow:

Halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada geçirilýän Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Şu gün öz işini tamamlaýan çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär. Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçilik, awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary, emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mejlis bilen utgaşyklykda Ýewraziýa Patent Guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler hem guraldy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ilkinji bolup EAPO-nyň Konwensiýasyna goşuldy we häzirki wagtda guramanyň Administratiw geňeşinde başlyklyk edýär.

Çyn sözi gudrat saýan

Dogrusy, şu makalany ýazmankam, kän oýlandym, ýöne baş redaktorymyzyň: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz edebi mirasymyzyň, edebiýatda, sungatda yz goýan ähli beýik şahsyýetlerimiziň hem ýylydyr. Şonuň üçin olar hakda-da ýazmalysyňyz» diýen sözleri göwnüme ganat bekletdi. Ikinji bir tarapdan, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyzyň döredijiligine akyl ýetirmekde ol hakda ýazylan, aýdylan zatlardan hem köp düşünje almak bolýar. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy öz goşgularynda beýik halypalaryň, söz ussatlarynyň birnäçesini hormat bilen ýatlap geçýär. Biziň köpimiziň görüp, duşuşan, söhbetdeş bolan şahyrlarymyzyň arasynda-da akyldar şahyryň eserlerini çagalygyndan okap başlan, onuň adyny döredijiliginde altyn gaş kimin lowurdadan ägirtler köp. Biz bu ýerde şahyr hakda ýörite eser döreden ýazyjy-şahyrlar barada söhbet etmekçi däl. Ol hakda ýörite eser döretmese-de, garaýyşlaryny miras goýan halypalar kän. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowdyr. Berdinazar aganyň Magtymgula bagyşlan şygyrlary aýratyn bir söhbediň gürrüňi, ýöne ony görnükli publisist hökmünde meşhur eden eserlerinde şahyr hakda aýdan gymmatly pikirleri şygyrlaryndakydan birjik-de pes däl. Döredijilik bilen

Gadymy düýe bezegleri

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gadymy däpleri açyp görkezmek maksady bilen «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi açyldy. Türkmen toýlarynda gelnalyjy düýe kerwenini bezemekde ulanylan gadymy döwre degişli bezeg esbaplary ilkinji gezek görkezilýär. Halkymyz gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelnalyjy kerwenini bezemegiň ajaýyp däplerini saklap gelipdir. Muňa kejebe bezemek däpleri arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Gaznalarda saklanylýan bu gymmatlyklar birnäçe ýyllaryň dowamynda ylmy esasda öwrenilip gelinýär. Sergide muzeýiň hünärmenleri tarapyndan düýäniň çöküp oturan heýkeli ýasalyp, onuň üstünde kejebäniň gadymy durky dikeldildi. Ýasalan düýe heýkeli hem-de kejebe sergä çykarylýan ýörite muzeý gymmatlyklary bilen bezeldi. Ol ylla diýersiň, janly ýaly, gadymy döwri ýada salýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşleri ýurduň ykdysadyýetinde alnyp barylýan işleriň jemleri jemlenende bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu hakykata ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Işlemek, öndürmek, döretmek, gurmak üçin ähli amatly şertleriň we giň mümkinçilikleriň bolan ýerinde üstünlikleriň gazanylýandygy hemmä aýan hakykat. Şanly senelere, toý-baýramlara baý «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň alty aýynda halkymyzyň, döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly ruhubelentlik bilen işländiklerini bellemeli. Munuň özi şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde açyk-aýdyň görünýär. Oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler hem örän buýsandyrýar. Giňişleýin mejlisde berlen hasabata görä, şu ýyl obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Esasan-da, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artyg

«Ýüpek ýoly — 2024»: iki toparymyz hormat münberinde

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlandy. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp dowam eden ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometrlik menzili külterlediler. Onuň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çarkandakly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek. Her bir güni gyzykly pursatlardyr garaşylmadyk netijelere baý bolan ýaryşyň T2 görnüşinde (ýeňil awtoulaglaryň ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşy) ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medal üçin ýeterlik bolan bolsa, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimizden Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat toparyň hem ilkinji bäşlige girendigini aýtmak gerek. Ýaryşyň bu görnüşinde russiýaly Andreý Suşenowdan we Aleksandr Şanowdan ybarat topar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Günüň zyýanly täsirinden goranyň!

Şu günler tomsuň jöwzaly günleri dowam edýär. Yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak örän möhümdir. Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň yssysynda çagalaryň daşarda oýnamagyna ýa-da gezelenç etmegine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine zerur bolan D witamininiň gerekli mukdaryny almak üçin onuň bilen her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam bolsa sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir.

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garalyp, ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Ýüreklerde alkyş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, has-da guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň bagtyýar raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde alyp barýan işleriniň bu gün giň gerime eýedigini her bir ädimde görmek we duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekmegi hem bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Durnukly ösüşiň görkezijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda adamlaryň bolelin, azat-erkin ýaşamagy ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Adam hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalarda, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini dowam etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem pudaklaýyn anyk maksatnamalary işläp düzmekde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny hil taýdan täze derejelere çykarmak meselesi döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi ýyl-ýyldan ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 12-nji iýulda geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet köm