"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Gözel tebigatyň gujagynda

Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar.

Berklik we gözellik

Türkmen zenanlarynyň sünnäli gollaryndan dörän keşdedir alajalar, nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslarymyz, halydyr palas önümlerimiz göreni haýrana goýýar. Köpöwüşginli reňkleri bilen bir bitewi gözelligi emele getirýän el işlerimiz diňe milli mirasymyzyň bir bölegi bolman, eýsem, zenan mertebesini, sarpasyny has hem belende galdyrýar. Çünki göreniň gözüni gamaşdyrýan bu gözellikler türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden, köňül mährinden we yhlasly zähmetinden kemala gelendir. Ak arzuwlara eýlenip ýerine ýetirilýän milli el işlerimiziň biri-de jäheklerdir. Jähekler don, çäkmen, çabyt ýaly üstki egin-eşikleriň etegine, jübüsine, ýeňine, ýakasyna berklik we gelşiklilik üçin tutulýar. Şonuň ýaly-da, bu nepislik tahýanyň eteginiň hem özboluşly gözelligini emele getirýär. Egin-eşikleriň jäheklenmeginiň asyl maksady bolsa oňa edilen nagyşlaryň we keşdeleriň ýa-da eteginiň sökülmän, berk we ykjam durmagy üçindir. Bu iş dondur çäkmeniň bezeg işleriniň gutarnyklydygyny hem görkezýär. Il arasynda jähek bilen baglanyşykly aýtgylary hem kän eşidýäris. «Jähek ýaly sypaýy», «Agzy jäheklenen ýaly», «Agzy jäheksiz ýaly» diýen meňzetmeleriň ulanylmagy hem adamlaryň häsiýetleri, özlerini alyp baryşlary, gürleýişleri bilen baglanyşyklydyr.

Saglygyň gadyryny bilgin

■ Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kadaly we sagdyn iýmitlenmeli. ■ Witaminlere baý bolan önümleri iýmeli.

Täsirli pursatlara baý günler

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalar hakyndaky alada mydama üns merkezinde saklanylýar. Şeýle bolansoň, biziň geljegimiz bolan çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, her gününi şatlykly geçirýärler. Şu günler Diýarymyzda dowam edýän mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe çagalar tebigatyň gözel ýerlerine, medeniýet ojaklaryna, seýilgählere gezelenç edýärler. Olaryň arasynda gyzykly kitaplary okap, lezzet alýanlary-da, sungat eserlerinde tebigat täsinliklerini ussatlyk bilen suratlandyrýanlary-da bar. Okuwçylaryň bir topary bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýärler.

Ýaşlar ýeňişli ýollarda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň ähli ugurlary boýunça gazanylýan zähmet ýeňişlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bardyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryndan, döwrümiziň ýalkymyndan we ýalkawyndan ruhlanýan bagtyýar ýaşlar öz saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmak bilen, belent sepgitleri eýeleýärler. Biz gazetimiziň ýörite sahypasyny welaýatymyzyň oba hojalygy pudagynda, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlarynyň durmuşyna bagyşladyk. Welaýatymyzda oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň aglabasynyň ýaşlar bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Olar ene ýere yhlasyny siňdirip, bol hasyl almakda ýokary görkezijileri gazanýarlar. Şu ýyl etrabymyzyň ýaş gallaçy kärendeçileriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrandyklaryny nygtamak gerek.

Paýhas çeşmesinden

■ Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt. ■ Gerekli daşyň agramy ýok.

Tomus şadyýanlygy artýar

Çaga terbiýesinde gurjak oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Çünki gurjaklar bilen sahnalaşdyrylan eserler çaga kalbyna ýakymly täsir edýär. Şeýle-de ertekileriň gurjaklar, haýwanlaryň şekilleri arkaly görkezilmegi körpeleriň ýatkeşligini we göz öňüne getirme, pikir ýöretmek endiklerini ösdürýär hem-de olary dostluk, ýoldaşlyk ruhunda terbiýelemäge kömek edýär. Bu ugurdaky işlerde Dänew etrabynyň Seýdi şäher medeniýet öýüniň işgärleri-de aýratyn işjeňlik görkezýärler. Olar tomus günlerinde etrabyň çagalar baglarynda gurjak oýunlaryny gurap, körpeleriň wagtlaryny şadyýanlyga besleýärler. Halypa medeniýet işgäri Agamyrat Hudaýarowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň agzalary türkmen halk ertekilerini sahnalaşdyryp, ýygy-ýygydan körpeleriň arasynda çykyş edýärler. Olaryň «Kör garga», «It we horaz», «Pakyrdawuk patyşa», «Böwenjik», «Hudaýberdi gorkak» ýaly ertekiler esasynda sahnalaşdyran oýunlary körpeleriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýaş artistler Faruh Zakirow, Aýna Nuryýewa, Dursun Jumanazarowa dagy diňe çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda däl, eýsem, mekdep okuwçylary üçin hem gurjak oýunlaryny sahnalaşdyrmak ugrunda döredijilikli işleýärler. Olaryň sahnalaşdyran «Tilkiniň mekirligi», «Akpamyk», «Şalgam» ýaly gurjak oýunl

Yhlaslylyk üstünlige ýetirýär

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen sport, köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri tutuş jemgyýetimizi gurşap aldy. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak, sagdyn nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň sport bilen gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrundaky işlerde Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi Halmuhammet Gurbanowyň goşandy uly. Ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini artdyrmak babatynda alty ýyldan gowrak wagt bäri yhlasyny gaýgyrman gelýän tälimçi welaýatymyzyň futbol boýunça 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden ybarat ýygyndysy bilen yzygiderli türgenleşik işlerini alyp barýar. Toparda diňe bir Türkmenabat şäheriniň däl, eýsem, Kerki we Çärjew etraplarynyň mekdep okuwçylary-da çykyş edýärler. Ussat tälimçiniň işini göwnejaý guraýşyny ýetginjek futbolçylaryň görkezýän netijelerinden hem görmek mümkin. Ýagny «Altyn ýyldyzyň» oýunçylary indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda geçirilýän futbol ýaryşlarynda öňdeligi elden bermän gelýärler. Bu hakykata golaýda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanyp geçi

Döwrümize ruhy joşgun ýaraşýar

Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli uludan tutulýan toý-dabaralarda, ýerine ýetirilýän çykyşlarda döwrümiziň belent waspy, halkymyzyň ruhy galkynyşy aýdyň duýulýar. Şeýle joşgunly çykyşlar bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýan döredijilik toparlarynyň biri-de welaýat medeniýet merkeziniň «Amul» folklor we tans toparydyr. Kämil döredijilik eserlerini yzygiderli halka hödürlemekde toparda alnyp barylýan işler dogrusynda welaýat medeniýet merkeziniň direktory, toparyň ýolbaşçysy Oguldöndi Altyýewa şeýle gürrüň berýär: — Häzirki wagtda toparymyzda ýaş tansçy oglan-gyzlaryň 24-si bolup, olar joşgunly çykyşlary bilen toý döwrelerini bezeýärler. Medeniýete-sungata maýyl ýaşlaryň arasynda işlemek örän buýsançly. Biz höwesjeň oglan-gyzlaryň gatnaşmaklary bilen milli öwüşginli folklor çykyşlarynyň birnäçesini, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünowyň ýerine ýetirýän «Ýar görner», «Küştdepdi», «Döneýin» ýaly halk aýdymlaryna sazlaşykly tanslary goýup, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandyk. Ýeri gelende aýtsak, şeýle ajaýyp tans eserlerimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäheriniň 2024-nji ýylda «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň medeni paýtagty»

Magtymguly Pyragydan başlanýar

Täze döwrüň galkynyşly ýazlaryMagtymguly Pyragydan başlanýar.Türkmen toýlarynyň aýdym-sazlaryMagtymguly Pyragydan başlanýar. Setirlere siňip em-u-dowasy,Aýdymalara heň getirip owazy,Azadynyň arzuwlarnyň dowamyMagtymguly Pyragydan başlanýar.

Howpsuzlyk düzgünlerini unutmaň!

Mähriban ildeşler! Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeklige çagyryp, şulary ýatladýar: elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlikde gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan enjamlar gurnalanda elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijiniň ugrunda goraýjy oturdylmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriniň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir. Hormatly ildeşler! Ýaşaýyş, edara jaýlaryndan gitmezden öň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlaryň öçürilendigini barlamagy unutmaň!

Watanyma gulluk etsem

Bu toprakdan bagt tapyp,Başym egsem, dyzym epip,Tugumy togaplap, öpüp,Watanyma gulluk etsem. «Watanymdan kylma jyda»         diýip ýaňlandyrsam seda.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ylymlar dünýäsiniň bosagasynda

Talyplyga dalaşgärleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan döwri ýetip geldi. Şu hepdäniň duşende gününden ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul edişlik başlandy. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň tertibi baradaky resminama gol çekdi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde-de dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik dowam edýär. Etrap-şäherlerimizdäki ýörite bellenilen hassahanalarda we saglyk öýlerinde dalaşgärler lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu möhüm işe guramaçylykly girişildi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden şu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň resminamalaryny çalt we bökdençsiz tabşyrmaga mümkinçilik döredilýär. Häzire çenli institutda hünärleriň 18-si boýunça talyplara bilim berilýärdi. Täze okuw ýylyndan başlap, defektologiýa hünäri boýunça hem talyplar okadylyp başlar.

Tymsallar

Arzuwyňa nädip ýetmeli? Bir ýaş ýigit halypasynyň ýanyna gelip:

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň dowamynda hamallaryň durmuşynda birbada birnäçe wakalaryň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin bu döwürde size diňe özüňize bähbitli işler bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Ähli meselelerde öňdebaryjy bolmak iş meýilnamalaryňyza ýaramaz täsir edip biler.

Görk agyzdan

Edil arassaçylyk, hereketjeňlik ýaly kadaly we dogry iýmitlenmek hem ynsan saglygynyň girewidir. Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolmak bilen, ynsanyň doly bahaly ýaşaýşyny üpjün edýär, ýokanç we ýokanç däl keselleriň birnäçesiniň öňüni alýar. Sagdyn iýmitlenmek — bu iýmit önümleriniň biodürlüliligi, iýmitlenmegiň tertibi, kabul edilýän iýmitiň mukdary, iýmit önümleriniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Howanyň yssy günlerinde adam bedenindäki himiki madda alyş-çalşygynyň çaltlaşýandygyny, bedeniň energiýany az sarp edýändigini göz öňünde tutup, ýagly hem-de siňmesi agyr iýmit önümlerinden saklanmaly. Gündelik iýmitiňize ýokumlara, minerallara, mikroelementlere baý miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja we süýt önümlerini goşmaklyk maslahat berilýär.

Jümle-jahan habarlary

Geljegiň şäheri gurulýar

Berkarar döwletimiziň bedew bady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär» diýip belleýär. Şol maksat bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýyl bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp, hasyl ussatlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bular barada şu ýylyň 1

Bereketli türkmen topragynyň nygmaty

­Ak zatlaryň ählisi adamzadyň aňyýetinde päklik, gymmatlyk ýaly düşünjeler bilen bilelikde ýaşaýar. Galyberse-de, ol ynsan arzuwlaryny sypatlandyrýan häsiýetdir. Megerem, «Ak bugdaý» diýilmeginiň hem aýratyn ähmiýeti şu jähetden ugur alýan bolsa gerek. Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň üstümizdäki ýylda boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri hakyndaky hoş habar tutuş ilimize buşluk habary bolup ýaýrady. Watan harmanyna ýygnalan galla hasylynyň möçberi 1 million 400 müň tonnadan geçdi. Galla — bu baýlyk. Ol her bir döwletiň azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm serişdeleriň biridir. Obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watan