Naýbaşy şaý-sepim, nusgam
Türkmen şaý-sepleri nepisligiň, gözelligiň nusgasy hasaplanýar. Olar hiç bir halkyň sungatynda gaýtalanmaýan milli öwüşginli sungat eseridir. Zergärçilik sungaty inçe syrly, täsin hem täsirli senetdir. Zergärler tebigat we ynsan durmuşy bilen baglanyşdyryp, şaý-sepleri dakynjaklaryň ýaş aýratynlygyna laýyklap ýasapdyrlar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, türkmen sährasy, onuň gül-gülälekli meýdany, jana tenekar deňizdir derýalary senediň nagyşlarynyň nusgasy bolup durýar. Gupba, sümsüle, bukaw, akdyrma, jugura, gönjük, apbasy, gülýaka, dagdan, heýkel, tumar, bilezik, maňlaýlyk, düwme, bentbag, goza, çapraz-çaňňa, egme, ildirgiç ýaly şyňňyrdysy alys ýerlerden eşidilýän şaý-seplerimiz biziň gözelligimiziň gönezligidir. Alymlaryň bellemegine görä, söweş lybaslaryndan gözbaş alyp gaýdýan şaý-seplerimiz gorag hökmünde ulanylyp, döwürlerden aşyp, bezeg önümlerine öwrülipdir. Milli şaý-seplerimiz diňe bezeg häsiýetli bolman, bejerijilik häsiýetine-de eýedir. Şaý-sepler dakynýan adamlary käbir kesellerden gorap, ruhuny göterip, ömrüni uzaldýar diýip bellenilýär. Hakyky käriniň eýesi bolan zergärler dür, göwher, pöwrize, merjen, lagyl, ýakut, hakyk, zeberjet ýaly daşlaryň adam saglygyny bejerijilik häsiýetleriniň bardygyny belläp geçipdirler. Ol gymmatb