"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Bitaraplyk ýörelgesine eýerip

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Halkara diplomatiýada onuň «Aşgabat jemleýji resminamasy» diýlip atlandyrylandygyny bellemeli. Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Danalar kitap hakynda

Her bir sahypasy misli bir aýna,Dünýäni görkezer, açan ynsana.Resul Gamzatow. * * *

Reňkleriň täsiri

Taryhy çeşmelerde «Ata-babalarymyz gadymy döwürde öz daş-töweregini Günüň hereketine görä dört tarapa bölüpdirler. Her tarapa bir at dakyp, olary özboluşly häsiýet, nyşan we reňk bilen tapawutlandyrypdyrlar. Mysal üçin, oguzlar gündogara gök reňk berip bahary, günorta gyzyl reňk berip tomsy, günbatara ak reňk berip güýzi, demirgazyga gara reňk berip gyşy aňladypdyrlar» diýlip bellenilýär. Diýmek, gadymyýetde pederlerimiz reňkleriň üsti bilen dürli pursatlary aňlatmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen ýaşyl reňk il arasynda ýaşlygy, umyt-arzuwy aňladýar. Gyzyl reňk Günden gözbaş alyp, toý-baýramyň, şan-şöhratyň reňki hasaplanylsa, ak reňk milli däp-dessurlarymyza laýyklykda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, tämizlige deňelýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlarynda diş çykaran çaganyň üstünden ak patragyň, täze gelen gelniň üstünden ak nogulyň seçilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda reňkleriň uly mana eýedigini görkezýär. Şöhratly taryhymyzda hem reňkler hakyndaky dürli düşünjeler halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar.

Rysgal-döwletiň nyşany

Uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenip gelen Täze — 2021-nji ýyl gadymy Gündogar senenamasy boýunça sygyr ýylyna gabat gelýär. Dünýä taryhynda uly yz galdyran Oguz türkmenleriniň döwrüne degişli taryhy çeşmelerde Oguzlaryň hojalygynda maldarçylygyň uly orun tutandygy köp gezek ýatlanylýar. Dana pederlerimiz ähli döwürlerde hem tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, onuň beren baýlyklaryndan aýawly peýdalanyp gelipdirler. Etinden, süýdünden dürli görnüşli azyk önümleri taýýarlanylyp, derisinden egin-eşikler we esbaplar ýasalan iri şahly mallar ekerançylyk işlerinde hem giňden peýdalanylypdyr. Umuman sygyr, öküz ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan halklaryň durmuşynda bereket-bolçulygyň, egsilmez kuwwatyň nyşanyna öwrülipdir.

Milli terbiýede halk döredijiliginiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli aňyýeti baýlaşdyrmakda, halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlişi ýaly, halkymyz çagalara kiçiliginden ertekidir goşgularyň, sanawaçlaryň üsti bilen terbiýe berýär. Çaga terbiýesini edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir maşgalada çaga milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanylyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleridir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň terbiýesine baha beripdirler. Şeýlelikde ajaýyp terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredip, nesillere miras goýupdyrlar.

«Bagabat» — ajaýyp mekan

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň sebitlerinde döwrebap saglyk düzümini kemala getirmek işi dowam edýär. Her ýyl täze lukmançylyk hem-de şypahana-dynç alyş ugurly desgalar — sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem-de dynç alyş öýleri ulanylmaga berilýär. Şolar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary babatda dünýädäki şeýle desgalardan birjikde pes durmaýar. Ajaýyp künjekde gurlan «Bagabat» şypahanasy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Täze ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän bu şypahana bardylar.

Kämilligiň ýolunda

Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edilýär. Häzirki wagtda mekdepde çagalaryň iki ýüz otuza golaýy surat çekmegiň, haly dokamagyň, heýkel, küýze ýasamagyň usullaryny içgin öwrenýär. Okuwçylaryň günsaýyn kämilleşmekleri, höwesleriniň artmagy üçin bu ýerde tejribeli mugallymlar netijeli iş alyp barýarlar. ― Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, giň dünýägaraýyşly hem-de döwrebap terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň kiçilikden zähmete höwesli, saýlan hünärlerinde ussat hem-de işbaşarjaň bolmaklary üçin welaýatlaryň ählisinde, şol sanda paýtagtymyzda Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berildi. Olarda çagalaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler bar. Biz hem okuwçylaryň saýlan ugurlarynda barha kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen halypa suratkeşler, nakgaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Geçirilýän bäsleşiklerde okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi diýseň begendirýär we has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar ― diýip, mekdebiň müdiri Rüstem Bazarow guwanç bilen gürrüň berýär.

Gar nädip emele gelýärkä?

Gar tozgajyklary gyş paslynyň bezegi we nyşany hasaplanylýar. Bu tozgajyklar ýerde bugaryp, ýokary galan suwuň bölejikleridir. Olar asmana göterilip, sowuklygy 40 gradus bolan bulutlara ýetende doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýär. Şunlukda ýere gar ýagýar. Garyň 95 göterimi howadan düzülendir. Gar tozgajyklary alty burçly kristal bölejikleriniň şekilini emele getirýär. Olar ýokardan aşak gaýdanda 0,1 millimetr diametrli bolup, howa bilen garyşyp ýere düşýänçä ulalýar. Taryhda garyň diňe bir ak däl, eýsem, gyzyl, ýaşyl, gök, çal, hatda gara reňkli bolup ýagan wagtlaryna-da gabat gelnipdir. 1969-njy ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Şwesiýada gara reňkli gar ýagypdyr. Barlaglaryň netijesine görä, garyň gara reňke boýalmagy daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglanyşykly bolupdyr. 1887-nji ýylda ABŞ-nyň Montana ştatynyň ýaşaýjylary iň uly gar tozgajygynyň ýaganyny synlapdyrlar. Onuň ölçegi 15x8 dýuým ýagny, 28 santimetre deň bolupdyr.

Giň dünýäniň geň habarlary

Edil aýna ýaly Öndürýän önümleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän «Xiaomi» kompaniýasy aňyrsy görnüp duran, edil aýna ýaly diýdirýän täze telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmakçydygyny mälim etdi. Şeýle telewizorlary 2019-njy ýylda «Panasonic», 2017-nji ýylda «LG», 2016-njy ýylda «Samsung» kompaniýalary köpçülige tanyşdyrypdy. Kompaniýa şeýle telewizorlary köpçülikleýin öndürmegi maksat edinýär. «Xiaomi Mi TV Lux Transparent Edition» diýlip atlandyrylýan telewizoryň OLED ekrany 55 dýuým bolup, onuň galyňlygy 5,7 mm deň bolar. Onuň haçan satuwa goýberiljekdigi hakynda anyk maglumatlar ýok. Telewizoryň bahasynyň beýleki kompaniýalaryň şeýle görnüşli telewizorlaryndan 3 esse arzan bolmagyna garaşylýar.

Kanagatly kişi

Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Halaç etrabynyň Etbaş obasynyň bir çetinde Hudaýguly atly ezber bagban ýaşapdyr. Onuň uly bagy bar eken. Miweli daragtlar hasyl berip başlandan soň obanyň käbir ýaş-ýeleňleri gijelerine baga girip, bibaşlyga ýüz urup başlapdyrlar. Ýere garylyp depgilenilen miweleri, döwlüp ýerde ýatan şahalary görüp, bagbanyň nebsi agrapdyr. Ol obanyň kethudasynyň ýanyna baryp, her günki ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir, ýöne ogrynyň kimdigini bilmek islemeýändigini aýdypdyr. «Olar öz obamyzyň oglanlarydyr, soň men olary ömürlik ýadymdan çykaryp bilmän kösenerin. Şonuň üçin hem sizden bir haýyşym bar. Kime alma, erik, garaly, üzüm ýa-da başga miwe gerek bolsa ýanyma gelibersin. Men olara daýhanyň, Hudaýyň haky üçin mugtuna bererin. Ýöne gijelerine gelip, agaçlaryň şahalaryny döwmesinler. Şu habary adamlara ýetirip berseňiz!» diýip, haýyş edipdir. Obanyň kethudasynyň we ýaşulularyň kömegi bilen bu habar tizden il arasyna ýaýrapdyr. Şondan soň ogurlyk edilmändir. Uly-kiçi bagbanyň ýanyna gelip, gerek miwesini sorap mugtuna, köpräk gerek bolsa arzan bahadan satyn alyp başlapdyr.

Ezberlere — ýeňiş hemra

Golaýda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň badminton federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýaryşda türgenler jübütleýin hem-de şahsy görnüşde bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda lebaply Rozygül Jumaniýazowa has şowly çykyş etdi. Ol jübütleýin görnüşde Ýana Sarkisýan bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Şahsy görnüşde-de Rozygül ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.

Şöhrat - şana beslenen aý

Şeýlelikde, Täze, 2021-nji ýyl hem ýetip geldi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylyň soňky aýynyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakalary barada ýatlatmak ýerlikli bolardy. 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Saglyk size ýaran bolsun!

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, gündelik ulanýan öý goşlaryňyzy we zähmet gurallaryňyzy hem päkize saklaň! Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Ýüzüňizi ellemegi endik edinmäň!

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uly drony Amerikanyň «Aevum» hususy kompaniýasy dünýädäki iň uly drony öndürdi. «Ravn X» atly bu dron emeli hemralary ýer togalagynyň orbitasyna çykarmak üçin ulanylar. Doly özbaşdak işleýän, uçarmansyz dron 1,6 kilometr uzynlykdaky uçuş-gonuş zolaklaryndan uçmaga we özbaşdak gonmaga ukyplydyr. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, «Ravn X» dronynyň uzynlygy 24 metre, ganatlarynyň uzynlygy bolsa 18 metre barabar bolup, ol islendik howa şertlerinde uçmaga ukyplydyr.

Ýaraşykly ak öýler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nesilbaşymyz Oguz han döwründe halkymyzyň durmuşyna ornaşan öý-ojak baradaky garaýyşlar barada çuň mazmunly söhbet açyp: «Çünki öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir. Ynsanyň dünýä yhlasy, gözellige söýgüsi onuň öz öýüne bolan gatnaşygyndan başlanýar. Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir. Türkmen öýi — türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir» diýýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň demirgazyk künjeginde guruljak «Aşgabat-sitiniň» merkezinde Türkmeniň ak öýüniň şekilinde binanyň gurulmagy barada aýdanlary ähli halkymyzda buýsanç döretdi.

Beýik işleriň eýýamy

Aşgabadyň abadançylygyň hem parahatçylygyň merkezi hökmündäki abraýy bu gün sebitiň çäginden çykyp, tutuş Ýer ýüzüne ýaýraýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde häzirki wagtda dost-doganlygyň, ylalaşdyryjylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmagynyň hem hut şu belent maksatlardan ugur alýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Bu şygary mähriban halkymyz uly buýsanç we guwanç bilen kabul etdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm ähmiýeti bolan bu çagyryş häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda nygtaýşy ýaly: «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr». Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara derejeli maslahatlar, forumlar, medeni-syýasy çäreler baş şäherimizde bu ugurda amal edilýän beýik işleriň aýdyň dabaralanmasydyr. Gün-günden görkana keşbe eýe bolup, türkmeniň

Giň mümkinçilikleriň ulgamy

Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini ösüş--özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürmekde Gahryman hem mähriban Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňe sürýär. Şol wezipeleriň birem sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyryp, ýurdumyzy çalt depginlerde ösdürmekdir. Halk hojalygyna we beýleki ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda sanly ykdysadyýet giň gerime eýe bolup, Arkadag Prezidentimiz kämil ulgama geçilmegi bilen bagly giň möçberli işler barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025--nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilip başlandy. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Muny institutymyzda alnyp barylýan işlerem doly subut edýär. Biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmekde kämil ulgamdan peýdalanylmagy gowy netijeleri berýär.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

Zähmet üstünlige ýetirýär Eziz Arkadagymyzyň saýasynda Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, kitaphana ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar.

Ösüşleriň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, elektron senagatyny döretmek babatda amala aşyrylýan beýik işler bu günki gün beýik ösüşleriň gazanylmagyna köpugurly şertleri döretdi. Çünki innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ykdysady ösüşleri we ýokary öndürijiligi gazanmaga mümkinçilikleri has-da artdyrdy. Häzirki döwürde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we işjeň peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolýar. Durnukly ösüş maksatlaryny Türkmenistanda durmuşa geçirmekde sanly ulgamlaryň ösdürilmegine wajyp orun degişli edilip, ol durmuş-ykdysady ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we şonuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Konsepsiýada sanly maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary, olary durmuşa geçirmegiň ýollary we gurallary kesgitlenendir. Sanly ykd

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilim-terbiýeli bagtyýar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp saglygy goraýyş işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Şolaryň hatarynda welaýat çagalar hassahanasynyň rewmokardiologiýa bölüminiň müdiri Gülbahar Nepesowa bilen şepagat uýasy Tawus Permanowany hem agzamak bolar. Olar ýaş nesilleriň saglygyny gorap saklamak ugrunda irginsiz alada edip, hassahananyň dünýä ülňülerine kybap gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň üsti bilen körpeleriň saglygyny bejerýärler.