"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Nesilleriň merdanalyk mekdebi

«Bu Watan şeýlebir mukaddes Watan»... Golaýda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyşynda teatr ussatlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda ýaňlanan bu ganatly sözler dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen iki ýyl mundan ozal düýbi tutulan döwrebap toplum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy bilen açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde bina edilen täze toplum paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýar hem-de Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ol okuw we dolandyryş, okuw, naharhana, ýatakhana, lukmançylyk, goşmaça okuw, sport binalaryny, awtoduralgany hem-de beýleki tehniki desgalary özünde birleşdirýär. Bu ýerde Watany goramagy ykbalyna öwürmegi maksat edinen ýaş oglanlar taýýarlanylýar.

Mugallymyň mertebesi

Asylly kärinden kemal tapan ussat mugallymlaryň geçen ýoly ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Biz bu gün asyra barabar ýaşly bilim ojagynda — Gyzylarbat etrabyndaky 20-nji orta mekdepde 45 ýyldan gowrak wagt bäri ýaş nesle bilim-terbiýe berýän halypa mugallym, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ogultagan Hojagulyýewanyň zähmet ýolundan söhbet açmagy müwessa bildik. 1958-nji ýylda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Ogultagan Hojagulyýewa kiçiliginden taryhyň we edebiýatyň muşdagyna öwrülýär. Gadymy miras, söz sungaty bilen içgin gyzyklanan ýaş zehinli gyzjagazy halypa mugallymlar Güljeren Padyýewanyň, Annamuhammet Ussaýewiň sapaklary özüne ýüpsüz kökerip goýýar.

Döwletliler köşgünden talyplyga gadam

Şu ýyl talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň arasynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň zehinli uçurymlarynyň ençemesi bar. 1-nji sentýabrda ilkinji gezek täze okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätlän bu talyplar okamak üçin ähli şertleri döredýän, ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Ussat mugallyma tagzym — bilim dünýäsine ak ýol

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň başy ömrüni, ykbalyny Watana, mugallymçylyk ýaly asylly käre bagyşlan ynsan Berdimuhamet mugallymyň heýkeline ter gül desselerini goýmak bilen başlandy. Baýramçylyk çäresine Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Soňra baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly çäreler «akylly» şäheriň ähli bilim ojaklarynda dowam etdi. Dabarada ajaýyp şäherde döwrebap mekdepleri gurduryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

«Ilkinji jaňyň» owazy

1-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki ýokary, ýörite orta hünär okuw we umumybilim berýän mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň gapysy giňden açylyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabarasy uly joşguna beslendi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilgähleri bu toý gününde örän owadan keşbe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäherindäki bilim ojaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Säher bilen mekdeplere we çagalar baglaryna ilkinji ädimlerini ätlän elleri gül desseli çagalary mugallymlar güler ýüz bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Ýaşlaryň şäherinde ýöriteleşdirilen bilim ojagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäresi ajaýyp Arkadag şäherinde hem uly dabaralara beslendi. Bu baýramçylyk gününde Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň açylmagy «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň, bilim işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Döwrebap bilim ojagynyň açylyş dabarasyna edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de «akylly» şäheriň bagtly durmuşynda ilkinji gezek mekdebe gadam basýan körpelerimiz, bagtyýar çagajyklarymyz, olaryň ata-eneleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.

Robototehnika: intellektual ösüş

Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkeziniň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Hünär baýramçylygyna serpaý

Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde bilim işgärleriniň birnäçesine täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Aýdyň maksatlar

Bilim ynsanyň durmuş atly ýodasynyň çelgisi. Bilim ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen adamzat taryhynda aýrylmaz bir gymmatlyk bolup hyzmat edip gelipdir. Bilimli ynsanyň ýagty ertirleriniň boljakdygy ikuçsuz. Ýagty ertirler bolsa ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýän, ony arzuwlarydyr maksatlary sary alyp gidýän aýdyň ýoldur. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Eýsem-de bolsa, bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durm

Umyt bagta ýetirýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir belent maksat ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň aýdyň subutnamasyny bolsa bu günki gün her bir ädimde görmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ýokary tizlik bilen ösýän häzirki zamanasynda ylmyň öňdebaryjy tejribelerini, hünärlerini özünde jemleýän bu ýokary okuw mekdebinde talyp ýaşlara döwür bilen deň gadam urmaga, ukyply ussat hünärmenler bolup ýetişmäge ähli zerur şertler döredilen. «Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna mynasyp bolmak biz — talyp ýaşlar üçin egsilmez bagt, çuňňur buýsançdyr. Bize okamaga, öwrenmäge şeýle giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksiz!

Hasyl bolan arzuw

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň röwşen geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz — ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar. Meniň ýüregimde beslän arzuwym mugallym bolmakdy. Şu arzuwym meni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ gapysyndan getirdi. Bu gün maňa bu ýokary okuw mekdebiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniñ pars dili, türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň begenjimiň çägi ýok. Geljekde öz alan hünärim boýunça jemgyýetimize özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Ruhy we milli gymmatlyklar

Hemmämize mälim bolşy ýaly, kitap bilimiň açarydyr we ruhy hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem bu barada şeýle diýilýär: «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir». Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda ynsanlygy oýarýan dostdur. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplar halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli eserlerine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy. Bu elektron kitaphana Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ýygyndysyna gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin möhüm gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän taryhy wakalar, ata-babalarymyzyň nesillere goýup giden baý mirasy, däp-dessurlary, adatlary, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesi, maddy we medeni gymmatlyklary biziň üçin nusga, görelde bolup durýar. «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Öm

Ylymlar ummanyny gulaçlap

Halkymyz çaga terbiýesine çynlakaý üns berýär. Munuň özi nurly ertir, röwşen geljek hakyndaky il-ýurt bähbitli meselelerden gözbaş alýar. Eždatlarymyz çaga bilim we edep-terbiýe berýän adamy onuň atalarynyň biri hasaplap, oňa belent sarpa goýupdyrlar. Şeýle ajaýyp garaýyş asyrlardan, heňňamlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ata Watanyň geljekki ykbaly bilen bagly meseläni hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrýan parasatly syýasatynda mydama ileri tutýar. Döwlet Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmek, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, dörediji we gujurly ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak ugrunda «mugallym» diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmatyna uly hormat goýýarys» diýip belleýär. Şeýle belent ada mynasyp bolup, talyp ýaşlara bilim bermekde döredijilikli zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de biziň ýokary okuw mekdebimiziň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akato

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Sowatly ýaşlar — watanyň geljegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýän bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, sowatly, ukyply bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu bolsa, gözel Diýarymyzda ökde, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaş watançylara ajaýyp sowgat

Ýaş Watan goragçysy hökmünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annayew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berlendigi üçin buýsanjymyzyň çägi ýok. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabara bilen bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde biz — ýaş watançylara ajaýyp sowgat boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesiller bilen birlikde harby okuwçylaryň okamagy, öwrenmegi, dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlaryndan kämil baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda harby mekdebimiziň döwrebap binalar toplumynda täze okuw ýylyna başlamak Watana bolan beýik söýgümizi has-da artdyrdy. Biz — harby okuwçylar ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän bilim ojagynda okap, başlangyç harby hünäre eýe bolýandygymyz üçin diýseň buýsanýanys.

Watanperwerlik mekdebiniň dowamaty

Sahawatly güýz. 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilýän güni her birimiziň kalbymyzy süýji duýgulara, nurana umytlara, ajaýyp arzuwlara hem ýakymly ýatlamalara besledi. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününiň täsiri ähli okuwçylar, talyplar, mugallymlar üçin üýtgeşikdir welin, bu günüň ýakymy harby okuwçylar üçin has-da ajaýyp boldy. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylmagy Watan goragyna höwesli ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, durmuşyň asyl manysy Watany goramak boýunça mukaddes we beýik borja wepaly bolmakda, Watany söýmekde jemlenýär. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, ata Watanyň, halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary — parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary

Ýürek buýsanjymyz çäksizdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek babatda bolsa, döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda täze binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebi bu babatda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebimiziň 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze binalar toplumy watançy ýaşlary ýetişdirmek, geljekde ýurt asudalygyny gorajak serkerdeleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler bilen üpjün edilipdir. Toplumyň binalarynyň sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrüň öňdebaryjy bilim tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylmagy, giň hem-de multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen ýagty otaglary harby gullukçylaryň, şol sanda ýaş watançylaryň bilim almaga, Watanymyzy söýmäge, onuň her daban ýerini gözümiziň görejine deňäp goramaga ruhlandyrýar. Bu mümkinçilikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadag

Harby bilime ilkinji ädim

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň serkerdelik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde 1-nji ýyl harby okuwçylaryň harby kasam kabul edişlik dabarasy guraldy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaraly çäräniň welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilmeginiň aýratynlygy hem ýaş nesilleriň kitap äleminiň ummanynda gulaçlap, gerekli menzillerine dogry barmagy üçin ýol görkezijisi boldy. Meşhur türkmen serkerdesi Alp Arslanyň adyny buýsanç bilen göterýän harby mekdebimizde hem harby okuwçylaryň bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Mekdebimiziň kitaphanasyndaky kitaplar harby okuwçylarymyzyň bilimlerini çuňňur ele almagynda özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Geçmişden ugur alyp, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, şanly geljege sary öňe alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys! Biz — ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ak arzuwlaryň wysaly

Kiçijik uçgunjyklardan dörän arzuwlaryň hasyl bolşuna gözli şaýat bolmak diýseň täsirli hem ýatda galyjy pursat. Elbetde, arzyly kitaplaryň gatlaryna ýazylan arzuwlaryň amala aşmagy her bir ynsan üçin täze durmuş, täze sahypa. Başgaça aýdanymyzda, ynsanyň arzuwlaryna sary ilkinji gadam. Ynha, ilkinji ädimler bilen arzuwly hünärine gadam basan bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, geljekki serhetçi serkerdelerimiz ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy uly buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolanyňda, asuda, parahat ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýaşlara göwün söýen hünärlerinde, döwrebap, häzirki zaman ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilen şertler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Ynha, biz hem ylma-bilime uly üns berilýän ýurdumyzda köňül beren hünärine gadam basan bagtyýar ýaşlaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Gurban ANNABERDIÝEW,Türkmenistanyň Serhet institutynyň 1-nji ýyl harby talyby:

Sanly mümkinçilikler — täze ädimler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde belent sepgitlere ýetilýär. Halk hakydasyna ornan hikmetli sözleriň birinde: «Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň — çägi» diýlişi ýaly, häzirki wagtda ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösüşi barha rowaçlyga beslenýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksadynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, dürli ders bäsleşiklerini guramagyň tärlerini, elektron kitaplaryň baý goruny, okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär we kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmen oba hojalyk institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Institutda «Elektron dolandyryjy» atly içki bilim portaly hereket edip, onuň üsti bilen hasap-synaglar kabul edilýär, talyplaryň sapaklara gatnaşygy we netijeleri seljerilýär. Programmada talyplaryň şahsy otagy bolup, onda test soraglaryny onlaýn görnüşinde işlemek, institutyň elektron okalgasyndaky zerur kitaplardan, gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Mundan