"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

ÝOLLAR!

Ýollar! Adatça ertekilerde adamyň öňünden iki ýa-da üç ýol çykýar. Ol döwrüň adamlarynyň bizden akylly bolmaklary mümkin. Sebäbi, ýollar näçe köp bolsa, saýlamak, saýgarmak kyn bolýar. Adam pahyr özüne gerekli zady kämil röwüşde bilmese, her bir zadyň eýlesini-beýlesini synlap, sypalap, ikirjiňlenip durýar. Şeýdibem, gyzyldan gymmatly, altyndan arzyly wagtyny bisarpa sarp edýär. Eliňde puluň, bazarda hem haryt az bolsa, bazara tiz barýaň, saýlawyň az ýerinde gereklije zadyňy tiz alyp, derrew yzyňa dolanýaň. Eliňde puluň, bazarda hem haryt köp bolsa, gowusyndan-gowusyny tapjak bolup, bütin bazary söküp çykýaň. Ahyry bir harytda nazaryň eglener. Sypalap, synlap, ony bäri çekjek bolarsyň, özüňe ýaramly, göwnüňe laýyk etjek bolup, çyr-çytyrsyň. Elbetde, ýollar ýaramly, söwdalar oňuna bolsun! Alan harydyň soňlugy bilen şoňa sarp eden baýlygyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, söwdanyň ýerine düşdügi hasap etmeli. Ýollar hem edil şonuň ýaly. Pikirlenip, ikirjiňlenip, mejburylyk ýa-da meýletinlik bilen, ýaýdana-ýaýdana, höweslenip ýa-da diňe ýöremek hatyrasy üçin ýaltana-ýaltana saýlanyp alnan ýollar, soňlugy bilen şoňa sarp eden akylyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, onda ömre barabar söwdanyň şowly bolandygyna delil. Ýöne, ýollaryň ählisi bo

Şatlyk mekany Gökdere

Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde “Şatlyk mekany Gökdere” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi diýseň gyzykly boldy. Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky agzalan merkezdäki bäsleşige ol ýerde wagtyny şadyýanlykda geçirýän çagalaryň uly topary gatnaşdy. Bagtyýar çagalar surat çekmekde, aýdymdyr sazlary, milli tanslary ýerine ýetirmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň şertleri esasyndaky çykyşlar ýaş nesliň sungata höwesdir söýgüsiniň ýokarydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Ylaýta-da, çagalaryň şekillendiriş işlerinde tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini, dag jülgesiniň özboluşly aýratynlygyny, dynç alşyň ajaýyp pursatlaryny başarjaňlyk bilen şöhlelendirmegi hemmelerde ýakymly täsirleri peşgeş berdi. Bagtyýar nesliň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, tanslarynda bolsa, gözel Watanymyz, bagtyýar çagalyk wasp edildi.

Ruhubelentlige beslenen pursatlar

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen sport-medeni dynç alyş dabarasy uly täsirleri döretdi. Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň işjeň gatnaşmagynda bolan dabara ruhubelentlik häsiýeti mahsus boldy. Onuň barşynda okuwçy gyzlar el hünärine degişli işleri ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny görkezdiler. Munuň özi olaryň milli mirasymyza, el hünärine bolan söýgüsini aýdyň görkezdi.

Akyldar şahyrymyzyň sarpasy belentdir

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly taryhy wakalara, toý-baýramlara utgaşýar. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler şanly ýyla baý many-mazmuny çaýýar. Şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere ýylyň başyndan badalga berildi. Şu günler hem dana şahyrymyza bagyşlanan çäreler eziz diýarymyzyň ähli sebitlerinde, daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylan derejede dowam edýär. Edara-kärhanalarda, guramalarda geçirilýän dürli mazmunly bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary, saz-söhbetli dabaralar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň çäreleri bilen utgaşyp, özüniň köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar.

Döredijilik duşuşygy

Edebiýat dünýäsi Golaýda TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň etrap kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Edebiýat dünýäsi” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, kitaphanaçylar, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

Medeni-sport çäresi

Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşi bilen “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary” ady bilen türkmen milli oýunlaryny oýnamak we köpçülikleýin medeni sport çäresi geçirildi. Çärä welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine dynç almaga gelen dürli ýaşdaky körpeler gatnaşdylar.

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar. Işe dalaşgärlere bildirilýän talaplar 8-den köp adam daşalýan ýolagçy awtoulaglary dolandyrmaga mümkinçilik berýän D derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň, şeýle hem iş tejribesiniň bolmagyny öz içine alýar. Talaplara doly laýyk gelýän sürüjiler «Hyundai» hem-de «Toyota» kysymly awtobuslarda işlärler.

Bagtyýar nesilleriň şatlygy

Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Gökdere jülgesiniň gözel we täsin künjeginde ýerleşýär. Bu ýerde möwsümiň ikinji tapgyrynda okuwçylaryň 300-si dynç alyp, wagtyny şadyýanlykda geçirýär. Öňňin merkezde guralan «Şatlyk mekany Gökdere» atly döredijilik bäsleşigi bagtyýar nesillere ýatdan çykmajak pursatlary paýlady. Oňa ajaýyp jülgede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerindäki zehinli çagalaryň uly topary gatnaşdy. Bäsleşikde çagalar aýdymdyr goşgy aýtmak, tans etmek, edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirmek arkaly öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar öz çykyşlarynda eziz Watanymyzyň, gözel tebigatyň, bagtyýar çagalygyň waspyny ýetirip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanç sözlerini beýan etdiler. Döredijilik işleriniň sergisi, «Jan Watanym Türkmenistan!» diýen tema boýunça asfaltyň ýüzüne surat çekmek bäsleşige aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň ahyrynda tapawutly çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Gül Diýara täze taryh ýaraşýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny, ösüşiň täze belentliklerine eýe bolýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary esasynda amala aşyrylýan tutumly işler döwrüň beýik galkynyşyny, ruhy joşgunyny emele getirýär. Gözümiziň guwanjy, kalbymyzyň buýsanjy bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri, onuň dowamynda bolup geçen taryhy wakalar halk bilen döwletiň bitewi jebislige öwrülendigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen baýramçylyk maslahatynyň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy

Şany dünýä dolan şäher

«Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar». Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu jaýdar jümleler täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly özgertmeleriň, bolup geçýän taryhy-syýasy ähmiýetli wakalaryň mysalynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, egsilmez yhlasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen kemala gelen Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllyk şanly senesi hem raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanyp bina edilýän bu şäher ýurdumyzdaky iri şähergurluşyk taslamalarynyň biri bolup, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň döwlet berkararlygyny, ykdysady kuwwatynyň mizemezligini alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr» diýen ajaýyp sözlerinde Arkadag şäherinde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar.

«Arkadag» ýyldyzy — bagtyň şuglasy

Galkynyşdan galkynan, Hakdan ýalkanan keremli topragymyzyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden binýat bolan Arkadag şäheri köňüllere, ýüreklere ylham berdi. Bu ajaýyp şähere geljegiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde baha berilmeginde hem uly many bar. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan ajaýyp şäheriň bir ýyllygy mynasybetli guralan dabaralar giň jahana ýaň saldy. Şanly dabaralaryň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar göwünlere ganat berdi, ýüreklere ylham bagyşlady. «Arkadag» ýyldyzy — döwrüň beýik gudraty.«Arkadag» ýyldyzy — baky bagtyň şuglasy.

Ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan täze kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bagtyýar ýaşlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli kanunçylygymyza laýyklykda, ýaşlara ýaşaýyş jaýyny edinmekde, durmuş gurmakda döwlet tarapyndan birnäçe ýeňillikleriň berilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlarymyz üçin dürli ýeňillikler kesgitlenilendir. Şolaryň hatarynda durmuş gurýan ýaşlara ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegini aýratyn bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýaş maşgalalara hojalyk hajatlary üçin 3 ýyla çenli, ýyllyk 1 göterim bilen 20 müň manat möçberinde karz serişdesi berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny hem-de

Hukuk döwletiniň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan oňyn özgertmeler il-ýurt bähbidini göz öňünde tutýandygy bilen gymmatlydyr. Olary kanunçylyk taýdan goldap, hukuk esaslaryny berkitmek babatda oňyn işler amala aşyrylýar. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynda adalatly we garaşsyz kazyýet çözgütleriniň kabul edilmeginde kazylaryň jogapkärçiliginiň artdyrylmagy hem-de kazyýet edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy babatda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda zenanlaryň işjeňligini has-da artdyrmak, milli gymmatlyklarymyzy giňden ýaýmak, görelde mekdebini ösdürmek, ýaş gelin-gyzlaryň el işlerine höwesini pugtalandyrmak maksady bilen, golaýda «Halypa-şägirtlik ýörelgesi — milli gymmatlyklary ösdürmekde uly mekdep» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyga mährem eneler, el işleri bilen meşgullanýan gelinler, körpeje gyzlar gatnaşdylar. Ak öýüň durşy bilen millilige beslenen owadan görnüşlerinden mazmun alyp geçen duşuşykda halypa-şägirtlik ýörelgesi öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň inçeden nepis el işleri babatdaky ajaýyp göreldeleriniň bu günki gün her bir türkmen zenany üçin mukaddes ýörelgä öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak babatda uly işleriň alnyp barylýandygy barada özara pikir alşyldy.

Gülleri görkana, elleri çeper

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň etrap hem şäher tapgyrlary geçirildi.

Obanyň özgerýän keşbi

Ýurdumyzda oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şäher bilen egin deňläp ösýän obalarymyzyň gözel keşbini synlamaga göz gerek. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ösüşli, özgerişli ýollarynda oba adamlary eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ruhy galkynyşyny başdan geçirýän bagtyýar oba adamlarynyň arasynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesiniň ýaşaýjylary hem bar.

Zenan zehininiň zynaty

Gözbaşyny birnäçe müňýyllyklardan alyp gaýdýan gymmatly we gaýtalanmaýan sungatymyzyň, medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň häzirki günlerimize gelip ýetmeginde türkmen zenanlarynyň paýy uludyr. Zenan maşgalany bezeýän asylly sypatlary, häsiýeti, edim-gylymy kemala getirýän gudrat el işleri hasaplanýar. El işlerini ökdelik bilen ýerine ýetirmegi başarýan zenan iň başarjaň we ukyply hasaplanýar. Türkmen zenanlary özleriniň ýiti zehinini yhlas bilen nusgalyk el işlerinde galdyrmagy, gözellik döretmegi başarypdyrlar.

Kitap bilen açylýar älemiň syry

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň her güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, kitaphana gelýän neşirleri wagyz etmek, kitaphanalarda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmak, kitaphana işleri boýunça özara tejribe alyşmak maksady bilen, golaýda Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri bagtyýarlyga badalga» diýen at bilen welaýatymyzyň kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň, kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda iş-tejribe maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Göreldeli okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinden çeper okaýyşlar bilen çykyş edip, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň many-mazmunly goşgularyny labyzly okadylar.

Şadyýan tomus

Gyzykly bäsleşikler Bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynyň şatlykly dowam edýän günlerinde olaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda welaýatyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz bagtyýar çagalar» ady bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça hem-de «Naýzajyklar nyşanada» atly ýaryş geçirildi.

Milli binagärligiň nusgasy

Paýhasly kitaplaryň birinde şeýle jümle bar: «Biribar ýer-ýurtlary ýaratdy. Şäherleri adamlar döretdi». Görnüşi ýaly, bu sözler arkaly şäher gurmagyň uly işdigi, döwletli tutumdygy nygtalýar. Şu jähetden alnanda, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan kemal tapan, Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan Arkadag şäheriniň gurulmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň uly taryhy hem-de şanly wakalarynyň biridir. Uly wakalar, şanly seneler hemişe-de ýakymly duýgular bilen ýatlanylýar. Özem olaryň üstünden ençeme wagt geçse-de, edil häzir bolup geçen ýaly ahwaly başdan geçirýärsiň. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berleni hem ýaňy ýalydy welin, bu şanly wakanyň bolup geçenine eýýäm bir ýyl doldy. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylyň 29-njy iýunynda täze şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi üçin ähli amatlyklary bolan «akylly» şäheriň gurulmagy, birinjiden, biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny, ikinjiden, döwletimizde adam hakdaky aladanyň, ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmegiň, döwrebap ylym-bilim bermegiň hemi