Erik bişen günleri (Oýlanma)
Şiresi daşyna çykan sary erikler özüne örkläýdi. Onuň ysy, buldurap durşy juda bişendiginden nyşandy. «Ene, bize erik bagyny görkezäý-dä. Ol ýertudana ýaly owadanjamy ýa-da üzüm ýaly çyrmaşyp ösýärmi?!». Ana, indem sary erikler maňa agtyklarymyň sowalyny hem ýatlatdy. Şol gün olara erik bagyny tanatjak bolup, baý, azap çekipdim-ä. Öýümizden jigimlere barýançak diňe bag saýlapdyk. «Gyzym, ine, bu tut agajy, ýapraklaryna seret, gyralary keşdelijedir. Onuň tudanasyndan geçen ýyl bal ýapanymyz ýadyňdamy? Baý, doganyň bilen tudana çöpläpdiňiz-ä. Ataň bolsa eli ýeten şahalaryny silkip beripdi. Ine, bu üzüm bagy, bu bolsa garaly, oglum! Häzir, häzir men size erik bagynam tanadaryn». Köp gatly jaýlaryň arasy bilen barşymyza, ahyram 60-njy mekdebiň töwereginde birnäçe erik bagy gabat gelipdi. Şonda men: «Wah, erik bişen günleri sizi bir oba äkidip bolaýsady. Erik baglaryndan ýaňa ol-a mellekler ekeni, uly köçeleriň gyralaram doludyr. Özem hasylyny göterip bilmän basyrynyp durandyrlar welin, degýän adam ýokdur. Sebäbi her kim öz bagynyň hasylyny yrýa etmän ýygnap bilse, zor boldugy» diýipdim. Olaryň ikijigi iki ýerden: «Äkidäý-de-äkidäý» bolşupdylar. «Äkiderin, erik bişen günleri hökman äkiderin. Siz hut öz elleriňiz bilen erik ýygarsyňyz. Onsoň hiç wagt erik bagy-d