"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ýaşlara bildirilýän uly ynam

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen pähim-paýhasa ýugrulan çuň mazmunly sözleri bagtyýar ýaşlary her bir işde belent sepgitlere ruhlandyrýar. Sebäbi onuň özeninde döwlet derejesinde ýaş nesle bildirilýän uly ynam, olara goýulýan  hormat-sarpa jemlenendir. Şeýle ynamyň, hormat-sarpanyň nurana ykbally ýaşlara eçilýän egsilmez joşguny, ruhubelentligi olaryň okuwda, zähmetde gazanýan üstünliklerinde aýdyň ýüze çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby şeýle hakykatyň ajaýyp beýanydyr. Munuň özi ýaş nesliň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksat-tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegine gönükdirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň güwäsidir. Şeýle üstünlik Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan iri möçberli taslamalarda ýaşlaryň mynasyp ýaşaýşyny üpjün etmegiň ilkinji orunda goýulýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu mizemez hakykat ýaş nesliň göwnüni ganatlandyryp, ajaýyp döwre bolan söýgüsini joşdurýar, geljege bolan ynamyny berkidýär. Ýaş nesil hakyndaky aladalaryň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyn

Döwletli maslahatyň bosagasynda

Ýakynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde «Halk maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat geçirildi. Ony Daşoguz welaýat prokuraturasy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi, TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi bilelikde guradylar. Maslahatda döwletimizde ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahatynyň taryhy kökleri, häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşyna hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda  gyzykly çykyşlar edildi.  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgeleri ösdürmek babatda öňde goýan maksatlarynyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy özenidigi  nygtaldy.

Bir döwüm çörek ýa-da nesibe, kanagat, ynsap barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Bolaýýan zat: saçak başynda oturan ýaşulularyň biri özüniňkidir öýdüp, bilmezlikde ýanynda oturanyň öňündäki bir döwüm çörege elini uzatdy. «Seniň çöregiň bärde dur» diýip, ýaşulynyň beýle tarapynda oturan ýigit onuň egnine kakdy. «Aýyby ýok, ortada çörek bar ahyry, men täze döwüp alaýaryn» diýip, öňünden çöregi alnan ýigit sypaýyçylyk etdi. Ýaşulynyň jogaby çürt-kesik boldy: «Ýok, inim, ol — seniň nesibäň, men seniň ryskyňy alyp bilmerin».

Durmuş dogrusyndaky dürdäneler

Durmuşyň maksady — dogry ýaşamak, dogry pikirlenmek we dogry hereket etmek. Mahatma Gandi.*  *  *Halaýan käriňizi saýlaň, şonda ömrüňizde bir gün hem işlemedik ýaly bolarsyňyz.Konfusiý.*  *  *Durmuş özüňi tapmakdan ybarat däl, durmuş özüňizi döretmekdir.Bernard Şou.*  *  *Ömrümiz paýawlap barýarka, biz diňe iki zada: az söýendigimize we az syýahat edendigimize gynanarys.Mark Twen.*  *  *Ýyldyzlara ymtylýan adam yzyna öwrülmeýär.Leonardo da Winçi.*  *  *Ýüregiňizde näçeräk köp söýgi, paýhas, gözellik, hoşniýetlilik döretseňiz, olary daş-töweregiňizdäki dünýäde şonça-da köp görersiňiz.Tereza ene.*  *  *Her kynçylyk güýçlenmek üçin mümkinçilikdir.Dýuýk Ellington.

Yzgantda geçen maslahat

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň kiçi mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda geçen maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň beýik ösüş-özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Partiýa işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine berk eýerilýändigi, döwletli işleriň jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul edilýändigi hakda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýol abat — il abat

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Ýol abat — il abat» ady bilen şäherçedäki 54-nji çagalar bagynda wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim ulgamynyň işgärleri, şol çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Wagyz-ündew çäresinde çykyş edenler ýolyşygyň we ýol belgileriniň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olary çagalara sada dilde düşündirdiler. Ýollarymyzyň asudalygyny goramakda döredilýän şertlerden dogry peýdalanmagy maslahat berdiler. Munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

«Türkmenpoçta» ýurdumyzyň ähli künjegine ýükleriň tiz we ygtybarly eltip bermek hyzmatyny kämilleşdirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine islendik ululykdaky we agramdaky ýükleri eltip bermekde amatly we ygtybarly hyzmaty hödürleýändigini ýatladýar. «Türkmenpoçtanyň» ýük bölümleriniň ulgamy tutuş Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýerleşmek bilen, ýaşaýjylara we edara-kärhanalara ýükleri ibermegiň we almagyň amatly hem çalt usulyny hödürleýär. Bölümleriň göni demir ýol menzillerinde ýerleşmegi logistikany ep-esli aňsatlaşdyrýar we poçta kompaniýasynyň hyzmatlaryny has-da elýeterli edýär.

Çagalar bilen öý haýwanlarynyň dostlugy hakynda

Adamzat ýaşaýşy döräli bäri adamlar bilen haýwanlaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyk bar. Şol çylşyrymly gatnaşyk ylmyň, tehnikanyň ösmegi netijesinde has-da kämilleşdi. Sebäbi öý haýwanlary adamlara has ýakyn bolmak, golaý ýaşamak bilen aýratyn aragatnaşykda bolýar. Esasan hem çagalaryň ählisi itleri, pişikleri, guşlary we beýleki oňurgaly haýwanlary gowy görýärler. Olaryň janly tebigata bolan söýgüsi ir çagalyk döwründen başlanyp, uzak wagtlap dowam edýär. Öý haýwanlary hem çagalary oňat görýärler. Çagalar bilen öý haýwanlarynyň arasyndaky gatnaşygy ösdürmek janly tebigata bolan söýgüdir. Bu ysnyşykly gatnaşygyň ösmegi bolsa çagalaryň tebigata, ata Watana, ene topraga bolan söýgä öwrülmeginiň başlangyjydyr. Öý haýwanlaryny idetmek çagalara hem-de uly ýaşdaky adamlar üçin gyzyklydyr we peýdalydyr. Haýwanlara mähirli garamagy çagalara ýaşlykdan öwretmeli. Çagalara şeýle endikleri öwretmek, olaryň diňe bir haýwanlara bolan söýgüsini oýandyrman, eýsem, daş-töweregindäki uly ýaşly adamlar bilen gatnaşyklarynyň gowulanmagyna we jemgyýete uýgunlaşmaga uly täsir edýär. Öý haýwanlaryny saklaýan maşgalalarda ösen çagalar hemişe şähdaçyk, ruhubelent we bagtyýarlygy bilen tapawutlanýarlar.

Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksadynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde wajyp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: ýetilen sepgitler we geljekki wezipeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň bady bilen öňe barýar. Eziz Diýarymyzda uly toýlar tutulýar, şanly baýramlar bellenilýär, örän ähmiýetli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi taryhy wakalara öwrülip, türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar hem-de mukaddes Watanymyzyň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýýar. Şeýle möhüm çäreleriň biri hem Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr.

Täsirli geçen duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Beýik şahsyýetlerimizi hormatlap» ady bilen duşuşyk geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilelikde gurady. Duşuşykda özüniň manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömri, belent adamkärçiligi, ynsanperwer häsiýetleri dogrusynda çykyşlar boldy. Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiri, Hormatly il ýaşulusy Kakageldi Atdaýewiň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri Ogulşat Durdyýewanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy Baýramgeldi Ataýewiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Ogultäç Gurtgeldiýewanyň çykyşlarynda Mälikguly aganyň ömür we durmuş ýolunyň watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, il-güne mynasyp nesilleri terbiýelemegiň we milli ruhy-a

Mekdep harytlarynyň söwda-satuwy

Welaýatymyzda täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäginde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyna aýratyn üns gönükdirilýär. Bu ugurda welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň alyp barýan işleri bellenmäge mynasypdyr.

Demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmasy

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 33 ýyla golaý döwründe berkarar Watanymyzda bolup geçen taryhy özgertmeler, üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik taslamalar, döwletli başlangyçlar barada gürrüň edip, ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny dogrusyndaky söhbede aýratyn ünsi çekdiler. Çykyş edenler şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleriň jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, bu umumymilli forumyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.

Işleriň netijeliligi gazanylýar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri bolup welaýatymyzyň çägindäki önümçilik kärhanalarynda tehniki howpsuzlygyň düzgün-kadalary boýunça düşündiriş işlerini, şeýle-de okuw maslahatlaryny yzygiderli häsiýetde geçirip durýarys. Möwsümleýin oba hojalyk çärelerine gabatlanyp, etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynda, galla kabul ediş hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda okuw maslahatlaryny guramaga aýratyn ähmiýet berýäris. Pagta ýygymy möwsüminiň golaýlap gelýändigi bilen baglylykda, şu günler degişli kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň, mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlygynyň düzgünleri boýunça okuw maslahatlaryny geçirýäris, möwsümde degişli düzgün-kadalary berjaý etmek boýunça olara degerli maslahatlarymyzy berýäris. Çünki pagta Watanymyzyň gymmatly baýlygydyr. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilýän bol gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnamak we harmana daşamak, ýangyn howpundan goramak, möwsümde tehnikalary bökdençsiz işletmek hem-de olaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak, pagta arassalaýjy we kabul ediş kärhanalarda degişli talaplary berjaý etmek möhüm bolup durýar.

Abadançylygyň gözbaşy

Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklardan, aýratyn-da, ýer, suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň ekologiýa baradaky döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berip, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw baradaky halkara ylalaşyklaryna, konwensiýalaryna goşuldy. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça esasy konwensiýalaryny, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýany, Biodürlülik hakynda konwensiýany, Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýany, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýasyny, şonuň bilen birlikde, suw boýunça konwensiýany tassyklamak bilen, Türkmenistan daşky gurşawy gorap saklamagyň dünýä ähmiýetli meseleleriniň oňyn çözülmegine özüniň işjeň garaýşyny hem-de ekologiýa taýdan durnukly, howpsuz ösüşe ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etdi. Bu konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmekde Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlary bilen halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ekologiýa syýasaty diňe bir milli derejede däl

Usuly-amaly okuwlar

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ak bugdaý etrabynda hem bilim işgärleriniň etrap usuly-amaly okuwlary dowam edýär. Etrap derejesindäki usuly-amaly okuwlar etrapdaky 1-nji, ýöriteleşdirilen 45-nji we 46-njy orta mekdeplerde geçirilýär. Usuly-amaly okuwlaryň guramaçylykly geçmegi ugrunda etrap bilim bölümi tarapyndan öňünden döredilen şertler, edilen tagallalar ýerine düşýär. 12-nji awgustda badalga alan usuly-amaly okuwlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri, ýokary netijeli iş tejribeler, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Ýürek seni küýsedi (deňiz kenaryndaky oýlanma)

Tomsuň jokrama yssy günleri deňziň kenarynda dynç almakdan uly lezzet ýok bolsa gerek. Günüň tyllaýy tygy deňziň suwuna düşende özboluşly sazlaşygyň emele gelşi, ak bulutlar süýşüp barýarka çarlaklaryň asmanda ganat kakyp, soňra bolsa deňze çümüp-çykyp, özboluşly oýun oýnamasy, asuda tolkun gaýtaryp ýatan deňziň gol bulap gujagyna çagyryşy göwnüňi göterip, çagalyk döwrüňi ýadyňa salýar. Deňziň kenary oýlanmak, oýuňa gelen pikir ýordumlaryňy ak kagyza ýazmak üçin iň oňaýly ýer bolýar. Bu ýerde ylham guşuň al-asmana göterilýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlik göwnüňe aram berse, durnanyň gözi ýaly dury suwuň näzijek sesi guşlaryň hoş owazyna sazlaşýar. Deňziň kenarynda otursam nämüçindir özümi asmanda ýaly duýýaryn. Ýokary gök asman, dabanyň düýbünde bolsa gök deňiz. Iki sany ajaýyp sazlaşygyň arasynda göwnüň çarlaklara öwrülip, pelesaň kakyp ýörendir. Tutuşlygyňa suwuň arasynda ýalysyň. Deňziň kenaryndaky howany diýsene, ondan säher bilen dartyp alýan demiň ýüregiňi rahatlandyryp, şähdiňi açýar. Bu gözellikleri säher bilen synlamagyň aýratyn lezzetiniň bolşy ýaly, agşamara synlamak hem täsin duýga gaplaýar. Deňiz kenaryna gelseň, eşretli ýaşaýyş özüniň bardygyny güjeňleýän ýaly bolýar. Şol wagt bu giň

Soňky sütün

— Türkmençilikde öňler çaganyň galpak saçy syrylanda oglanjyga käkil, gyzjagazlara maňlaýyndan alynsaç, depesinden iki sany gulpak, gulagynyň ýanynda zülp we ýeňsesinde çokul goýulýar eken. Oglanjygyň käkili yzyndan ogul bolanyndan soň syrylyp, torbajykda düýebaşlygyň üstünden asylyp goýulýar. — Çaganyň kellesi, bedeniň umumy uzynlygynyň dörtden birine, 25 ýaşly ynsanyňky bolsa sekizden birine deňdir.

Ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basýarlar

Sarahs etrap bilim bölüminde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýörite we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap gelen ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça işe ugradyş dabarasy boldy. Dabara etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň müdirleri, mugallymdyr terbiýeçiler gatnaşdy. Şu ýyl etrabyň bilim ulgamyna ýurdumyzyň ýörite orta okuw mekdeplerini hem-de ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen hünärmenleriň 100-den gowragy ýaşlara bilim we terbiýe bermek üçin zähmet ýoluna gadam basarlar. Dabarada etrap bilim bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Azat Öwezgurdow çykyş edip, ýaş hünärmenleri ilkinji zähmet ýoluna başlamaklary bilen gutlady. Hormatly Prezidentimize geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döredýän giň mümkinçilikleri üçin alkyşly sözleri aýdyp, bilim işgärlerine Watana wepaly nesliň kemala gelmeginde üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Wagyz-nesihat çäresi

Ýangyndan ägä bolunmalydyr Üstümizdäki ýylyň tomus paslynyň soňky günlerinde howanyň aşa gyzmagy ýangynlaryň döremek ähtimallygyny ýüze çykarýar. Şonuň üçinem ýangyn hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.