"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Döw­re­bap bi­lim we kä­mil ter­bi­ýe

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle döwrebap derejede bilim hem-de terbiýe bermek babatdaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän möhüm özgertmeleri öz miwesini eçilýär. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men jem­gy­ýe­ti­niň bar­ha kä­mil­leş­ýän we döw­re­bap­laş­ýan şert­le­rin­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi üçin dün­ýä tej­ri­be­si­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bi­lim sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Şu mak­sat bi­len yl­my-teh­ni­ki ösüş­le­re, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýa­nyp, bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­ma­gy, saý­lan hü­när­le­ri­niň eýe­si bol­ma­gy, wa­tan­çy­ly­gyň hem-de yn­san­per­wer­li­giň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Halk Mas­la­ha­ty – döw­let­li­li­giň we je­bis­li­giň nus­ga­sy

Şu gün­ler eziz Di­ýa­ry­myz­da bag­ty­ýar ulus-ili­miz be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Bu şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ge­çi­ri­ler. Bu asyl­ly ýö­rel­ge hal­ky­my­zyň mil­li döw­let­li­li­gi­ni, mer­te­be­si­ni has-da şöh­rat­lan­dy­ryp, Ga­raş­syz­ly­gyň türk­men üçin mu­kad­des­di­gi­ni, ba­ha­syz gym­mat­lyk­dy­gy­ny, oňa bo­lan mi­ze­mez ga­raý­şy­ny ýe­ne-de bir ýo­la dün­ýä äş­gär eder. Halk Mas­la­ha­ty Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we jem­gy­ýet­dä­ki dur­muş gat­lak­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni saz­laş­dyr­mak bi­len, ýurt de­re­je­sin­de bi­le­lik­dä­ki he­re­ke­ti gu­raý­jy güýç hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty bar­ha ber­ki­dil­ýän mil­li döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Halk Mas­la­ha­ty ata-ba­ba­la­ry­my­zyň

ŞANLY GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞUGLASY

Ýaşlar bilen döredijilik söhbedi

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa žurnalistlerdir ýazyjy-şahyrlar, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýändigi we akyldar şahyryň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilýändigi medeniýet, sungat işgärleriniň ylhamyny has-da joşdurýar. Döwrüň sesine ses goşup, dana Pyragynyň arzuwlan berkararlygynyň amal bolan häzirki döwrüni wasp edýän söz ussatlaryny we olaryň şägirtlerini bir ýere jemlän döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar şanly ýylyň medeni, edebi galkynyşa beslenýändigi, öňde duran wezipeler, şol sanda toý-baýramlarymyza mynasyp sowgatly barmak hakynda pikir alyşdylar.

Şinelän arzuwlaryň joşguny

2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilen bagtyýar ýaşlaryň sany has-da artdy. Biz gazetimiziň şu sanynda şeýle bagta eýe bolan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Güýçberdi GULOW,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby:

Ýoluňyz ak bolsun, eziz ildeşler!

Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda ýurdumyzda Arkadagly eýýamymyzyň asylly ýörelgesine öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk başlanýar. Bu ynsanperwer çäräniň guramaçylykly geçmegi üçin görlen taýýarlyklar dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Döwran AMANMYRADOWA ýüz tutduk. — Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz asudalygyň, abadanlygyň, gülläp ösüşiň mekany. Ähli ugurlar bilen bir hatarda ýol-ulag babatda-da döwrebaplyk öňe sürülýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şaýollar guruldy. Şol ýollar ýurdumyzyň çäginde dürli aralyklara uzamak bilen, ulag infrastrukturasynyň ösmegine uly goşant goşýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde ýollarymyzda hususy we döwlet eýeçiligine degişli bolan dürli kysymly ulaglaryň hereketi artýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýollarda bolýan ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol çäreleriň biri hem şu gürrüňi edilýän biraýlykdyr.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

Her bir jemgyýetçilik ýerlerinde bolşy ýaly, bilim edaralarynyň binalaryndadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleri göwnejaý ýerine ýetirilmelidir. Elektrik ulgamyna birikdirilen enjamlary gözegçiliksiz galdyrmak, ütügi ýörite otagdan başga ýerlerde ulanmak talabalaýyk däldir.

Täzelikler

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Milli önüm» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri oba hojalyk pudagynda giňden peýdalanylýan kendir ýüpüni öndürmek bilen meşgullanýar. Germaniýanyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu hususy kärhanada her aýda 40 tonnadan gowrak kendir ýüpi öndürilýär. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri hem 350 tonnadan gowrak kendir ýüpi öndürilip, satuwa çykaryldy. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Hususy kärhananyň önümleri içerki bazarlar bilen bir hatarda Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlere hem eksporta iberilýär.

Ismim düşdi ilden-ile...

«Zenan kalby» žurnalynyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde şu gün, ýagny 29-njy awgustda gadymy Merw topragynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik şeýle atlandyryldy.

Milli bitewiligiň daýanjy

Geljek aýda geçiriljek ählihalk forumyna — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlap, söhbetdeşlik geçirdik. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň we milli bitewiligiň daýanjy» diýen at bilen geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna we halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, röwşen ertirleri berkarar etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda nygtaldy. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, döwletleriň arasynda netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýurdumyzyň oňyn tagallalary edýändigi täsirli çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek we bu syýasy çäräniň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görmek, degişli teklipleri öwrenmek boýunça welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işlere aýratyn ýüzlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň

Bilimli ýaşlar — Watan daýanjy

Etrabymyzdaky 64-nji orta mekdepde geçirilen dabaraly maslahat Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlandy. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen at bilen geçirilen maslahata ýaşulular, etrabyň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi hem görnüşi ýaly, ata Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlar aýratyn alada bilen gurşalyp alnandyr. Ýaş nesliň bilimleri çuňňur ele almaklaryny gazanmak maksady bilen her ýyl bilim edaralarynyň döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem maslahatda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek, ýaşlaryň bilim almaga höwesini artdyrmak, olary döredijilige ruhlandyrmak boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan möhüm meseleler dogrusynda gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda jemgyýetçilik-syýasy çärelere işjeň gatnaşýan mugallymlara partiýamyzyň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap bilim bölüminde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, umumymilli forumynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işleriniň ähmiýeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri barada giňişleýin durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Täsirli çykyşlar diňlendi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda etrapdaky pagta egriji kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşykda Watanymyzyň beýik ösüşlerini wagyz etmek, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek maksat edinildi. Pagta egriji kärhanasynyň zähmet toparynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmak, onda ara alnyp maslahatlaşyljak we kabul ediljek çözgütleriň Watanymyzyň ösüşlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesine ýetirjek oňyn täsirleri barada gyzykly çykyşlar diňlendi.

Döwletli işlere dowamat

Halkymyzyň arasyndaky «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Il oňlasa, atyňy soý», «At satsaň, obaňa geňeş», «Halkyň adynda Hakyň ady bar», «Çyn dost geňeşde belli, batyr — söweşde», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli toý dargamaz», «Geňeşli toý uzak gider», «Geňeşsiz iş — lezzetsiz aş», «Halk aýtsa, galp aýtmaz», «Geňeşsiz iş bolmaz» ýaly pähimlerde halk bilen geňeşmegiň ähmiýeti hakda aýdylýar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk döwründe döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy. Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Geljegi belent ösüşlere beslemegiň ilerlediji güýji halkyň döwre we döwletiň, jemgyýetiň ösüş maksatlaryna çuňňur göz ýetirmegi, ol maksatlary öz durmuşynyň ýagdaýlary bilen pugta baglanyşykly kabul etmegi, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli garamagy ýaly möhüm şertler bilen baglanyşyklydyr.

«Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy...»

Golaýda Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Magtymgulynyň goşgularynda saglygyň söhbedi» atly amaly maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen amaly maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Olarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň saglyk we onuň gadyr-gymmaty baradaky şygyrlarynyň ähmiýeti barada bellenildi. Beýik akyldaryň «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» , «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükür kyl ýagşy» ýaly setirleriniň, «Çilim», «Çilimkeş», «Nas atan» ýaly şygyrlarynyň okalmagy maslahata gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.

«Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan»

Şeýle at bilen ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda «akylly» şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergi guraldy. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Gadymy şäheriň şanyna bagyşlanyp guralan sergi baý mana eýe boldy. Muzeý gaznasyndan guralan sergide hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby, şekillendiriş sungatynyň eserleri, taryhy tapyndylar: binalaryň bölekleri, keramika önümleri, zähmet gurallary we milli mirasymyza degişli beýleki gymmatlyklar uly gyzyklanma döretdi.

Ajaýyp eserler — hemişelik gollanma

Düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri — görelde mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygyny aýtdylar.

Bosagada biraýlyk

Däp bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýola goýlan bu ählihalk çäresi jemgyýetde howpsuzlygy üpjün etmek, raýatlaryň saglygyny goramak we ömrüni uzaltmak ýaly wajyp wezipelerden ugur alýar. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň köçelerinde we şaýollarynda «akylly» wideogözegçilik ulgamynyň, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän «akylly» ýolyşyklaryň ornaşdyrylmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň iň häzirki zaman tejribesiniň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwür bilen deň gadam urýan ýaş şäheriň döwrebap mümkinçilikleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk garaýyşlarynyň kämilleşmeginde, ýol medeniýetini berjaý etmekdäki hoşniýetli garaýyşlaryň, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmeginde ähmiýeti uludyr.

Täsinlikler mekany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýär. Bu parasatly jümlelerden ugur alnyp, häzirki wagtda paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalary gurmak, öňden bar bolanlaryň durkuny täzelemek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda bina edilýän desgalary, köçelerdir şaýollary, ýaşaýyş toplumlary, seýilgähleri, şeýle hem beýleki medeni-durmuş maksatly binalary synlanyňda, bu ugurda alnyp barylýan beýik işleri aýdyň görmek bolýar. Aşgabadyň gözelligi, tämiz, arassa howasy ynsana ruhy lezzet berse, milli öwüşginli ak mermerli binalary paýtagtymyzyň binagärlik keşbini görklendirýär. Hakykatdan-da, paýtagtymyzda bina edilýän gözel ymaratlaryň ençemesiniň keşbiniň haýran galdyryjy kämilligi diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, dünýä derejesinde hem ykrar edilendir. Gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň täsin binalarynyň ençemesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi ösüş-özgerişle

Görki ajaýyp Aşgabat

Ak mermere beslenen belent binalary Gün nuruna öwşün atýan gözel paýtagtymyz gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik sungatynyň genji-hazynasy bolan häzirki zaman ymaratlarydyr desgalary bilen kalbyňda buýsanç döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Aşgabat ýurdumyzyň iň gözel şäherine öwrüldi. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň, seýilgähleriň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda täsin binagärligiň ösen derejesini äşgär edýär. Döwrümiziň hem-de döwletimiziň beýik nyşanlaryna öwrülen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýaşyl bossanlyga beslenip oturan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýapyk görnüşli syn ediş çarhy, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary, Halkara howa menzili ýaly ençeme binalar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sahypalarynda orun aldy.