"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Mekdepden şu güne (Durmuş we biz)

Niçikmi: «Öýde oturaýyn» diýip arkaýynlaşsam, maňa-da bir zat tapylaýýar. Ýene bazara gitmeli boldum. Kompýuterimiň kuwwatlandyryjysy ençe gün bäri gyzsa-da, üns bermedim. Ahyr döwüldi olam. Ussa äkitsemem, haýry bolmady. «Täzesini alaýsana!» diýip dur. Işdeş oglanlara jaň etsem, olaram şony maslahat berdiler. Öýden howul-hara çykamsoň, daşyna daşlygynam alaýmandyryn, seretsem, bazaryň orruk ortarasyndan kompýuterimi goltugyma gysyp barýan. Mekdep başlajak günleri has ýakyna gelensoň, adamlardan ýaňa töwerekde aýak basara ýerem ýok. Hiç kimiň hiç kim bilen işem. Satyjylardyr alyjylaryň gowrunyň arasyndaky: «Ene, gündeligem almalydyrys!», «Pozgujy ýatdan çykarypdyrys-a, kaka?!» diýýän çaga seslerine diň salyp barşyma, tasdanam olaryň birine öwrülipdim. Şol barmana-da atasyna täze alnan torbasyny görkezip duran oglanjyga gytagymy aýladym. «Gutly bolsun-ow! Baý, kakasy bu ogluny gowy görýär-ä! Görýäňmi, gaty owadan torba-da alyp beripdir muňa!». Ýaşulynyň bu sözlerinden soň ýaňky oglanjygyň ýylgyryşyny bir görsediňiz. Uçaýjak bolýar. Haýdabam depderlerini görkezýär. Ýaşuly ýene öwgüsini ýetirýär: «Tüweleme-tüweleme, bu depderleriň içini bäşlikden doldurmak galaýypdyr-da onda saňa?!».

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Şöhrata beslenen Diýar Halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagy, raýatlaryň hukuk kepillikleriniň berkidilmegi, döredijilik işjeňligi täze taryhy döwrüň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ösüşlere beslenýän döwletimiziň her güni buýsançly wakalardan doly. Agzybir halkymyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy häzirki döwrüň şertleri bilen utgaşdyryp, berkararlygyň we bagtyýarlygyň röwşen ýolunda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanjak günlerinde türkmen halkynyň asylly däbine öwrülen we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine birnäçe wagtdan bäri taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat kitaphanasynda ýaşuly hem-de ýaş nesillerimiziň, dürli pudaklarda zähmet çekýän zähmetkeşleriň arasynda «Şöhrata beslenen Diýar» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň syýasy we taryhy ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Biraýlyga taýýarlykly barylýar

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu giň göwrümli çäre ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ähmiýetli bolup durýar. Biraýlygyň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda hem birnäçe çäreler geçirilýär. Üstümizdäki şanly ýylda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek, onuň çäginde wagyz-nesihat çärelerini guramak ugrunda etrabymyzda degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Onuň dowamynda mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmek, bu boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçiriljek duşuşyklardyr maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň netijeliligini gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň wekilleri hem tagallalaryny gaýgyrmaz. Biz ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary boýunça täsirli wagyz-nesihat çärelerini guramagy meýilleşdirýäris.

Demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünliklerini ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary hem aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň barşynda ýokarda agzalanlar boýunça täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Pederlerimiziň nesilden-nesle geçip gelýän görüm-göreldesi, nesihatlary, şeýle-de ulyny sylamak, agzybirlik ýörelgesine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, häzirki döwrümiziň demokratik ýörelgeleri bilen utgaşykly sazlaşýar. Munuň şeýledigini Halk Maslahatynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Bu umumymilli forumyň ýurdumyzda jemgyýetçilik jebisliginiň milli esaslaryny berkitmekde möhüm ähmiýeti bar. Ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerimizde hem şular dogrusynda aýratyn bellenip geçilýär hem-de 24-nji sentýabrda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň ähmiýeti barada gürrüň edilýär.

Täze mekdep açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky Hojambaz şäherinde 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Döwrebap mekdebiň gurlup ulanylmaga berilmegi okuwçylar bilen bir hatarda ata-eneleriň, şäheriň ýaşaýjylarynyň kalplaryna egsilmejek şatlyk paýlady. Bu ajaýyp täze binanyň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we şäheriň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Täze mekdep dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň ösen tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde bilim aljak okuwçylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Muzeýe syýahat edildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň şu ýyl «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýändigi mynasybetli Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen syýahata agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Syýahat mahalynda oňa gatnaşyjylar muzeý zallaryna aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar we maglumatlar bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleriniň muzeýde sergilenen tapyndylar we maglumatlar dogrusyndaky gürrüňleri uly gyzyklanma döretdi.

Zähmet howpsuzlygy pugtalandyrylýar

Ýakynda TKA-nyň Balkan welaýat we Bereket etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda zähmeti goramak, sagdyn howpsuz iş şertlerini üpjün etmek bilen bagly kanunçylyk namalary düşündirmek maksady bilen, okuw maslahaty geçirildi. Oňa TKA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, etrabyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň işgärleri, oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlary, sürüjileri we edara-kärhanalaryň zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk hünärmenleri gatnaşdy.    Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş edenler ekin meýdanlarda howply hem-de zyýanly önümçilik faktorlaryndan goranmagyň usullary hakynda belläp geçdiler. Zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini guramaçylykly alyp barýandyklary üçin oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlaryna, sürüjilerine hem-de edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk hünärmenlerine TKA-nyň welaýat hem-de etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maslahat geçirildi

Halk maslahaty — döwletliligiň, agzybirligiň maslahaty Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TKA-nyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň bilelikde guramagynda “Halk maslahaty — döwletliligiň, agzybirligiň maslahaty” atly maslahat geçirildi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Pyragy hem Arkadag döwürlere şamçyrag Şeýle at bilen TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýangyç-energetika pudagy özara gatnaşyklaryň esasy ugry

Gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:

Şo­ko­lad Şweý­sa­ri­ýa­da hem-de Angli­ýa­da has köp sarp edil­ýär. Ir­ki dö­wür­de as­tek­ler ka­kao dä­ne­le­ri­ni pul bir­li­gi hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar.

«Ýu­waş gel­niň» ga­ýyn ata­sy

Ýer ýü­zün­de kesp-kär, hü­när köp. Me­ge­rem, şol kesp-kär­le­riň, hü­när­le­riň ta­kyk sa­ny­ny aý­dyp bil­jek adam ta­pyl­ma­sa ge­rek. Bir ha­ky­kat we­lin bi­ze aýan, is­len­dik hü­nä­ri ilik-düw­me öw­ren­ýän, şol hü­nä­ri öm­rü­ne hem­ra edi­nip, at-ab­ra­ýa we şöh­ra­ta bes­le­ýän adam­lar bar. Il ara­syn­da ola­ra «Öz kä­ri­niň us­sa­dy» di­ýil­ýär. Hal­ky­myz­yň arasynda te­bi­gy ze­hin­ler köp. Akt­ýor­çy­lyk ug­run­dan düý­bün­den dü­şün­je­si bol­ma­dyk, em­ma te­bi­gy ze­hi­ni bi­len ki­no sun­ga­ty­na ara­laş­yp, halk köp­çü­li­gi­niň aňyn­da mü­di­mi­lik gal­ýan ar­tist­le­ri­miz hem bar. Şo­la­ryň bi­ri hem türk­men ki­no sun­ga­ty­na tö­tän­le­ýin ara­la­şan Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Şü­kür Ku­ly­ýew­dir. Şü­kür Ku­ly­ýe­wi halk köp­çü­li­gi, esa­san, 1970-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ri­len «Ýu­waş ge­lin» at­ly film esasynda ta­na­ýan bol­sa­lar ge­rek. Şü­kür aga bu film­de ýu­waş gel­niň ga­ýyn ata­sy­nyň keş­bi­ni us­sat­lar­ça jan­lan­dy­ryp, halk köp­çü­li­gi­niň göw­nün­den tur­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Şol keş­bi dö­re­den­den soň ki­no­re­žiss­ýor­lar Şü­kü

Kör­pe­le­riň ha­la­ýan ta­ga­my

Şo­ko­lad kör­pe­le­riň iň ha­la­ýan ta­ga­my bol­sa ge­rek. Bu süý­ji iý­mi­tiň ata Wa­ta­ny Mek­si­ka ha­sap­lan­ýar. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek 2600 ýyl ozal ko­kos­dan şo­ko­lad ön­dü­ri­lip baş­lan­ýar. Gü­nor­ta ame­ri­ka­ly­lar il­kin­ji bo­lup, ka­kao miwesinden şo­ko­lad al­ýar­lar. Il­ki­baş­da şo­ko­lad su­wuk ta­gam bo­lup, bu içim­lik da­ba­ra­lar­da we baý­ram­çy­lyk­lar­da içi­lip­dir. XVI asyr­da is­pan sy­ýa­hat­çy­la­ry Ame­ri­ka sy­ýa­hat eden­le­rin­de as­tek­ler ola­ra şo­ko­lad­ly içim­lik­leri hö­dür ed­ýärler. Üýt­ge­şik ta­gam­ly bu içim­li­gi Ýew­ro­pa­da taý­ýar­la­mak üçin is­pan­lar ka­kao miwesiniň dä­ne­le­ri­ni ýa­ny bilen alyp gaýd­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, şo­ko­lad Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da meş­hur içim­li­giň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Şo­ko­lad sö­zi as­tek di­lin­de «tur­şy içim­lik» diý­me­gi aň­lad­ýan «xocoatl» sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. Mek­si­ka­nyň ýer­li hal­ky ha­sap­lan­ýan as­tek­ler bu içim­li­ge dür­li ys­ly ot­la­ry, gül­le­ri go­şup hem taý­ýar­lap­dyr­lar. Is­pan­lar ajy ta­gam­ly bu içim­li­gi şe­ker go­şup, süý­ji iýmite öw­rüp­dir­ler. Hä­zir­ki­le­re meň

Bu iý­mit­le­ri gaý­ta­dan gyz­dyryp iýmäň!

Is­len­dik na­ha­ry öz çe­ni­ňe gö­rä bi­şir­mek isripçiligiň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ge­re­gin­den ar­tyk bi­şir­mek hem na­ha­ryň is­rip bol­ma­gy­na, hem-de sag­lyk bi­len bag­ly ýaramaz ýag­daý­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­lýär. Hü­när­men­ler kä­bir iý­mit­le­ri az­rak bi­şir­me­gi, şeý­le hem gaý­ta­dan gyz­dy­ryp iý­mez­li­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Bel­läp geç­me­li esa­sy zat­la­ryň bi­ri hem, ga­lan na­ha­ry mik­ro­tol­kun peç­de gyz­dy­ryp iý­mek sag­lyk üçin zyýanly ha­sap­lan­ýar. Ge­liň, gaý­ta­dan gyz­dy­ryp iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­me­ýän kä­bir iý­mit­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Ys­ma­nak. Ys­ma­na­gyň dü­zü­min­de ýo­ka­ry muk­dar­da nit­rat bar. Bu mad­danyň sag­lyk üçin zy­ýan­syz­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, gaý­ta­dan gyz­dy­ry­lan­da zä­her­le­nip, gan da­mar­la­ry­nyň kis­lo­rod bi­len üp­jün edil­me­gi­ne oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bi­ler. Şol se­bäp­li ys­ma­na­gy, bu ot­dan taý­ýar­la­nan iý­mit­le­ri gaý­ta­dan gyz­dyryp iýmek mas­la­hat be­ril­me­ýär.

Öküz­ler ha­ky­kat­da­nam gy­zyl reň­ki ha­la­ma­ýar­my?

Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­sin­de sü­ri­ni ýa-da maş­ga­la­sy­ny er­ke­gi go­ra­ýar. Süý­dem­di­ri­ji­le­riň er­kek jyns­ly­sy has duý­gur we ga­har­jaň bol­ýar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­si özü­ne de­giş­li çä­ge ke­se­ki­le­ri sal­maz­lyk üçin bi­ri-bi­ri bi­len gö­reş­ýär­ler. Bu ýag­daý öküz­ler­de hem şeý­le bo­lup, köp­lenç ot­la­ýan meý­da­ny­ny we sü­ri­ni go­ra­mak üçin sü­süş­ýär­ler. As­lyn­da öküz­ler gy­zyl reň­ki bi­ziň gör­şü­miz ýa­ly saý­ga­ryp bil­me­ýär­ler. Se­bä­bi öküz­le­riň gö­zün­de gy­zyl reň­ki kes­git­läp bil­ýän öý­jük­ler ýok. Şol se­bäp­li bu jan­dar­lar gy­zyl, ýa­şyl ýa­ly reňk­le­ri saý­gar­ma­ýar­lar. Gy­zyl reňk öküz­le­re sa­ry bi­len çal reň­kiň ga­ryn­dy­sy ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Öküz­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ry aň­ry­ýa­ny bi­len bil­ýän ma­ta­dor­lar (öküz bi­len gö­reş­ýän adam) bu jan­da­ryň ga­ha­ry­ny ge­tir­mek üçin dür­li emel­le­ri ulan­ýar­lar. Bir­nä­çe ge­zek gam­çy de­gen­den soň öküz meý­dan­ça­nyň için­de yl­gap baş­la­ýar. Şol wagt ma­ta­dor äpet şah­ly jan­da­ryň öňün­den çy­kyp, gy­zyl ýa­pyn­ja­ny

Egin-eşik­le­ri ütük­le­me­giň usul­la­ry

Egin-eşik­le­ri ütük­le­mek üns­lü­li­gi ta­lap ed­ýän ow­nuk we hy­syr­dy­ly iş ha­sap­lan­ýar. Öý bi­ke­le­ri­niň gün­de­lik ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bu işi üst-ba­şy­my­zyň tä­miz we yk­jam gö­rün­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ys­sy ho­wa­da nah ma­ta­dan egin-eşik­le­riň köp ge­ýil­ýän­di­gi hem-de ýy­gy-ýy­gy­dan üst-ba­şyň çal­şy­ryl­ýan­dy­gy se­bäp­li, ýaz we to­mus pa­syl­la­ryn­da ütük et­mek işi has hem kö­pel­ýär. Her bir iş­de bol­şy ýa­ly, ge­ýim-ge­jim­ler ütük edi­len­de hem kä­bir zat­la­ra üns ber­me­li. Esa­san hem, ma­ta­nyň hi­li­ne gö­rä ütü­giň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni saz­la­ma­gy, egin-eşi­gi gu­ru­ly­gy­na ýa-da çyg­lyly­gy­na ütük­le­me­li­di­gi­ni bil­me­li. Bu işiň köp wag­ty­my­zy al­maz­ly­gy hem-de aň­sat bol­ma­gy üçin kä­bir usul­la­ry öw­ren­me­li. Kä­bir egin-eşi­giň ýy­gyr­dy­ny ýaz­mak kyn bol­ýar. Şeý­le egin-eşik­ler kir ýu­wu­jy ma­şy­na sal­nan­da ýum­şa­dy­jy se­riş­de guý­ma­ly. Ýuw­lup bol­nan­dan soň, do­ly gu­ra­man­ka ütük et­me­li.

Ýe­riň iň uzak ada­sy

Ada­da ýi­tip git­mek how­py aban­ýan Tris­tan al­bat­ro­sy­ny we At­lan­tik sa­ry bu­run­ly al­bat­ro­syny hem-de de­mir­ga­zyk rok­hop­per ping­wi­ni­ni gör­mek bol­ýar. Wul­kan ar­hi­pe­la­gy­nyň bir ada­sy bo­lan Tris­tan-da-Kun­ýa Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Keýp­ta­un şä­he­rin­den 2750 ki­lo­metr we Ar­gen­ti­na­nyň Bue­nos-Aý­res şä­he­rin­den 4000 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Pla­ne­ta­my­zyň iň uzak­da­ky ilat­ly ýe­ri ha­sap­lan­ýan bu ada­nyň 300 tö­we­re­gi ila­ty bar. Ba­lyk­çy­la­ryň ara­syn­da «Gü­nor­ta At­lan­ti­ka­nyň der­we­ze­si» ady bi­len bel­li bo­lan wul­kan ar­hi­pe­la­gy 6 ada­ny öz içi­ne al­ýar. De­mir­ga­zyk ke­na­ry – Tris­tan-da-Kun­ýa ada­sy ar­hi­pe­la­gyň ýe­ke-täk otu­rym­ly ýe­ri bo­lup, beý­le­ki 5 ada­da ilat ýa­şa­ma­ýar. Ada­nyň ilat­ly ýe­ri baş­ga­ça «Ýe­din­ji deň­ziň Edin­bur­gy» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýar. Gü­nor­ta At­lan­ti­ka­da­ky bu uzak ada­lar 2000-nji ýyl­la­ra çen­li köp­çü­li­ge bel­li däl­di. Di­ňe Gü­nor­ta Af­ri­ka­dan we Hin­di um­ma­ny­na bar­ýan ýol­dan gä­mi­li geç­ýän ba­lyk­çy­lar bu ýer­de adam­la­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy­ny bil­ýär­di­ler. 2011-nji

­Ga­dy­my köl ta­pyl­dy

Ast­ro­no­mlar köp ýyl­dan bä­ri beý­le­ki as­man ji­sim­le­rin­de ýa­şaý­şyň ala­mat­la­ry­ny göz­le­ýär­ler. Bu göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de Mar­sda ga­dy­my kö­lüň ga­lyn­dy­la­ry ta­pyl­dy. Eri­da­ni­ýa diý­lip at­lan­dy­ry­lan kö­lüň, hä­zir­ki wagt­da Ýer­dä­ki äh­li köl­ler­den uly bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýew­ro­pa kos­mos agent­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, mil­liard­lar­ça ýyl ozal bar bo­lan bu kö­lüň meý­da­ny 1 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup­dyr. Bu bol­sa Ha­zar deň­zin­den üç es­se tö­we­re­gi uly diý­me­gi aň­lad­ýar. Ast­ro­nom­lar bu açy­şyň Mar­syň ir­ki dö­wür­ler­de su­wa baý bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Kö­lüň hä­zir­ki ýe­rin­de ýel se­bäp­li eme­le ge­len de­pe­ler bar. Bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, Mars Ýer­den iki es­se ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, dar­tyş güý­jü­niň pes­di­gi se­bäp­li geo­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry has köp. Bu as­man ji­si­min­de pla­ne­ta­myz­da­ky­dan has köp jül­ge­ler we wul­kan­lar bar.

Aýyň top­ra­gyn­dan suw ön­dü­ri­ler

Soň­ky ýyl­lar­da kos­mos­da iş alyp bar­ýan hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny bar­ha art­dy. In­di kos­mos gi­ňiş­li­gi di­ňe ara­gat­na­şyk we göz­leg en­jam­la­ry­nyň ug­ra­dyl­ýan ýe­ri däl-de, eý­sem, beý­le­ki yl­my bar­lag­la­ryň giň­den ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Şeý­le bo­lan­soň, beý­le­ki as­man ji­sim­le­rin­de hem dür­li bar­lag­lar ge­çi­ril­ýär. Alym­lar Aýyň top­ra­gyn­dan suw al­ma­gyň usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Bu usul gel­jek­de Ýe­riň hem­ra­syn­da he­mi­şe­lik ýa­şaý­şyň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da äh­mi­ýet­li ha­sap­lan­ýar. Hy­taý­ly aly­mlar 2020-nji ýyl­da Aý­dan ge­ti­ri­len top­ra­gy ulan­mak ar­ka­ly suw ön­dür­me­giň ýo­lu­ny öw­ren­di­ler. Ýur­duň «Chang’e-5» at­ly kos­mos gä­mi­si ar­ka­ly ge­ti­ri­len top­ra­gyň dü­zü­min­dä­ki mi­ne­ral­lar­da köp muk­dar­da wo­do­ro­dyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Alym­lar to­pa­ry­nyň işi ba­ra­da «The In­novation» at­ly yl­my žur­nal­da ma­ka­la çap edil­di. Ma­ka­la­da to­pra­gyň gyz­dy­ry­lan­da onuň dü­zü­min­dä­ki wo­do­ro­dyň beý­le­ki ele­ment­ler bi­len hi­mi­ki tä­sir­leş­mä gi­rip, bug eme­le ge­tir­ýän­di­gi bel­le­nil

Iň uly ikin­ji göw­her

Bots­wa­na­da dün­ýä­niň iň uly ikin­ji göw­he­ri ta­pyl­dy. Bu ýurt­da iş alyp bar­ýan Ka­na­da­nyň «Lucara Dia­mond» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li şah­ta­dan ta­pyl­an gym­mat ba­ha­ly da­şyň çy­ka­ry­lan wag­ty 2 müň 492 ka­rat­dy­gy mä­lim edil­di. 1905-nji ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da 3 müň 106 ka­rat­lyk «Cul­li­nan» at­ly al­maz ta­py­lyp­dy. Bu daş do­kuz bö­le­ge ke­si­lip­di. Soň­ky ta­py­lan göw­her Bots­wa­na­nyň paý­tag­ty Ga­bo­ro­ne­niň 500 ki­lo­metr de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ka­ro­we mag­dan kä­nin­den ta­pyl­dy. Bots­wa­na­nyň hö­kü­me­ti bu gym­mat­ly da­şyň ýurt­da ta­py­lan iň uly göw­her­di­gi­ni mä­lim et­di. Mun­dan ozal 2019-njy ýyl­da şol şah­ta­da 1 müň 758 ka­rat­lyk daş ta­py­lyp­dy. Bu daş fran­suz «Louis Vuit­ton» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­me­dik ba­ha­dan sa­tyn al­nyp­dy. 2016-njy ýyl­da bu ýer­den ta­py­lan 1 müň 109 ka­rat­lyk al­maz 53 mil­li­on dol­la­ra sa­ty­lyp­dy.