Bilim – iň gymmatly baýlyk
Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk mekdebiň, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 400 orunlyk mekdebiň, Mary şäherinde 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, şeýle hem Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. Bilimler we talyp ýaşlar güni diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dostlukly ýurdumyz bolan Täjigistan Respublikasynda hem uly dabaralara beslendi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň