Tebigatyň goragynda
Eziz Diýarymyzda tebigaty goramak ugrunda ýetilen sepgitler, bitirilen işler örän uludyr. Tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny ýangyn howpundan gorap saklamak barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini üpjün etmek hem şu günki gün esasy wezipe bolup, şol wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tokaýlarda, seýilgählerde, daglarda, öri sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça öz maslahatlary bilen ýüzlenip, esasy ýerine ýetirilmeli gaýragoýulmasyz çäreler barada şulary maslahat berýär: Tokaýlarda, seýilgählerde, daglarda, öri sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilip, berkidilen ç