"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçirildi

25 — 27-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşdylar. Bu forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň onlarçasyndan gelen wekillerini bir ýere jemledi. Ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Türkmen-türk işewürlik maslahaty özara hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň özara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçilikler  döredilýär. Şunda iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklaryny hem-de olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Türkmenistanly we türkiýeli işewürleriň oňyn tejribeleri, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazananlary, şeýle hem Türkiýäniň işewür toparlarynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygynyň aýdyň görkezijisidir.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri hereket edýär. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we täze derejä göterilmegi üçin mümkinçilikleri döredýär.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri hereket edýär. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we täze derejä göterilmegi üçin mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistan — ABŞ: medeni gatnaşyklary berkitmegiň ýolunda

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-da boldy. Onuň düzümine medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, talyp ýaşlar girdi. Iki dostlukly ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Bu şäher 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Şonda ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilip, onuň özara düşünişmekde we hyzmatdaşlykda, taraplaryň şäheriň dolandyryş hem-de şähergurluşyk, bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, tehnologiýalar, sport ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna ýardam etjekdigi tassyklanyldy.

Ankara duşuşygy: dostluk ýoly, doganlyk ruhy bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary barada söhbet Türkmen hem türk gatnaşyklary barada söz açylanda, hemişe «Bir millet — iki döwlet» şygaryny dile getirýäris, bizi birleşdirýän doganlyk ruhuna ünsi çekýäris. Iki ýurduň ha syýasy, ha söwda-ykdysady, ha medeni-ynsanperwer — tükel hyzmatdaşlygynyň jebisligi, rowaçlygy-da şunda jemlenen.

Pikirler, garaýyşlar

Jewdet ÝYLMAZ,Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry) Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!Gadyrly dostlar!

Türkmenistan — Türkiýe: dostluk, ynanyşmak, işewürlik

25-26-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýüzýyllyklara uzaýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşy

(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry) Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!

Köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Sebäbi özara düşünişmek, ynanyşmak we pugta dost-doganlyk iki halkyň ýeten belent sepgitleri bolmak bilen, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hasaplanýan Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur. Şunda türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär.

Dost-doganlyk rowaçlanýar

Bu gün berkarar Watanymyzyň dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Biziň doganlyk döwletlerimiziň biri bolan Türkiýe Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň barha pugtalanmagy şatlygymyzy goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-türk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň, täze derejä çykarylmagynyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerini, şeýle-de beýleki duşuşyklaryny, şol sanda Türkmen-türk işewürlik forumyndaky çykyşyny “mawy ekran” arkaly tomaşa etdik. Arkadagly Serdarymyzyň doganlyk ýurda amala aşyran resmi sapary mahalynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyz

Güýz göwünli mukamlar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji oktýabrynda sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň «Arkadag binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly hem-de «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Onda türkmenistanly we awstriýaly sungat ussatlary çykyş etdiler. Neda Berger: — Söýýän seni, Türkmenistan!

Bu ýollarda dost-doganlyk gülleýär

Türkmen halkynyň millilikleri inçeden asylly häsiýetleri ýüze çykarmakda halkymyzyň mizemez gory bolup, milletimiziň baý hazynasyna öwrülendir. Bu hazynany gorap, aýap, apalap saklamakda bolsa, halkymyzyň paýyna düşýän jogapkärçilik diýseň uly. Islendik ýurduň milliliklerini, däp-dessurlaryny alyp görenimizde-de, şol döwletiň asyl gelip çykyşyna, taryhyna, edebiýatyna düşünmek mümkinçiligi açylýar duruberýär. Bu duýgy Pekinde geçirilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly türkmen milli gymmatlyklarynyň sergisinde-de öz beýanyny tapdy. Şu ýylyň 17 — 19-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşdy. «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň 10 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen bu başlangyjyň üçünji ýokary derejeli halkara forumy dünýäniň ýüzlerçe döwletinden ýokary derejeli myhmanlary bir ýere jemledi. Bu forumda ilkinji bolup taryhy çykyş eden Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň halkara giňişligindäki hyzmatdaşlyk ýollarynyň oňyn bähbitlere gönükdirilýändigini dürli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň mysallary arkaly açyp görkezdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýangyç-energetika, ulag-logistika, daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygyny üpjün et

Halkara gatnaşyklarda täze sahypalar

Şu ýylyň 8 — 10-njy sentýabry aralygynda Hytaýyň gündogaryndaky Fuszýan welaýatynyň Sýamen şäherinde «23-nji Hytaý Maýa goýum we söwda halkara ýarmarkasynyň» çarçuwasynda guralan 10-njy «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk forumy» geçirildi. Onuň çäklerinde «Merkezi Aziýa sebitinde we Hytaýda «Zenanlaryň ösüşi», «Sanly ykdysadyýetiň ösüşi», «Doganlaşan şäherleriň hyzmatdaşlygy we ynsanperwer alyş-çalyşlar» hem-de «Guryýer-deňiz arabaglanyşygy we senagat hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly mowzuklar boýunça kiçi forumlar geçirildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk forumynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynyň ýeten sepgitleri» atly zenanlaryň gazananlarynyň sergisi guraldy. Foruma ýurdumyzyň wekiliýetleri, ýagny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekillerine forumyň açylyş dabarasynda we «Zenanlar we durnukly ösüş» atly kiçi forumda çykyş etmek miýesser etdi. Çykyşyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, ykdysadyýetde, sanly tehnologiýalarda, ulag-kommunikasiýa toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilik ulgamynda döredijil

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ugry bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi Ankara — Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz dostlukly döwlete resmi sapar bilen geldi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliýeti Guançjouda birnäçe işewür duşuşyklary geçirdi

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary Hytaýyň Guançjou şäherinde gualan Kanton ýarmarkasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe işewür duşuşyklary geçirdiler. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen agentligiň wekilleri kebşirleýiş elektrodlary we sim öndürmek bilen meşgullanýan TIANJIN MINMETALS CO.,LTD kompaniýasynyň hünärmenleri bilen gepleşikleri geçirdiler.

Ankarada ýokary derejeli türkmen-türk gepleşikleri geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy Aşgabat — Ankara, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Dünýäniň bilermenleri Aşgabatda ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşýarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Dünýäniň bilermenleri Aşgabatda ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşýarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.