"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Okgunly ösüşlere itergi

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek we maýa goýumlary çekmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hem-de ugurdaş sergide, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergide hem bu hakykat öz beýanyny tapdy. Giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Halkara forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Maslahata ýurdumyzdan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary çagyryldy. Maýa goýum forumynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.

“SKYTAXI sp. z o.o.” kompaniýasynyň howa gamisi Türkmenabat Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy

12-nji sentýabrda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda “SKYTAXI sp. z o.o.” kompaniýasynyň Hytaý – Ýewropa ugry boýunça uçýan Boeing 767 ýük howa gämisi Türkmenabat Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy. Bu tehniki gonuşyň dowamynda ýerli hyzmatlardan we awia ýangyç guýmak hyzmatlaryndan peýdalanyldy diýip, TULM-yň websaýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen USAID-iň Söwda Merkezi Aziýa işiniň ýerine ýetiriji hyzmatdaşynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar we geljekki mümkinçlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň wekili 2023-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleriniň Barselona iş sapary hem-de şu ýylyň awgust aýynda Agentligiň wekilleri üçin geçirilen STCW boýunça okuw maslahaty barada belläp geçdiler. Şeýle-de, FAL konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy boýunça işlerde ýardam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

TIF-2024: Aşgabatda 18 şertnama we ähtnama gol çekildi

Şu ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumy uly üstünliklere beslendi. Bu halkara forumyň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler, ikiçäk duşuşyklar geçirilip, şolaryň netijesinde Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany şertnama we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi. Bu gazanylan ylalaşyklar halk hojalygynyň giň gerimini, hususan-da energetika, dokma önümçiligi, himiýa senagaty, gämi gurluşygy, demirýol enjamlary, ekologiýa we logistika ýaly ugurlary öz içine aldy.

Gyrgyzystanyň poçta ibermeleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty arkaly daşalar

Gyrgyzystan poçta ibermelerini daşamakda Hazar deňzindäki Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika toplumyny ulanmak barada Türkmenistan bilen ylalaşdy. Bu barada «Trend» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, «Kygryz poçtasy» kompaniýasynyň baş direktory Marat Çerikçiýew bilen «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň baş direktory Serdar Owwadowyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirilip, onda taraplar uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.     Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmen-owgan serhedinde birnäçe infrastruktura desgalary açyldy

Düýn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze möhüm sahypa açyldy. Şol günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň subutnamasy boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäkl

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşdylar

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän bu forumda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri forumyň plenar mejlisiniň dowamynda sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen onuň düzümine täzeçil usullary, intellektual ulgamlary ornaşdyrmak, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyk getirmek babatynda giňişleýin çykyş etdiler.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Taryhy wakalara buýsanç

Maýa goýum forumy: mümkinçilikler. teklipler. taslamalar

Innowasiýalar — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Düýn Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen guralan halkara maslahatyň hem-de serginiň jemleri jemlenildi. Ýurdumyzyň maýa goýum forumynyň hem-de ugurdaş serginiň çäklerinde geçirilen bu çäreler ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, ähli pudaklary sanlylaşdyrmakda, programma üpjünçiligini ornaşdyrmakda özboluşly ähmiýete eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen forum türkmen halkynyň aň-bilim we döredijilik kuwwatynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek mälim etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dilimizi ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, «akylly» şäher we «akylly» gurluşlar, robototehnika, elektron söwda we elektron hökümet ýaly täze sözler bilen baýlaşdyrýan düşünjeler, halkara ähmiýetli forumlar ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş barýandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara serginiň ikinji jemleýji gününde «Elektron hökümet, maglumat merkezi, innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we «ýaşyl» energetika», «Emeli aňyň (AI) täze döwri» diýen bölümlerde edilen çykyşlardan hem görmek bolýar. Olarda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa

Halkara giňişlikde

Üns merkezinde — Jidda sammitiniň jemleri Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň Brýusseldäki ilçileriniň ilkinji duşuşygynyň gün tertibiniň esasy meselesi geçen ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň jemlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Goňşy goňşynyň galasy: türkmen-owgan gatnaşyklary rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün ýurdumyzyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň Owganystan bilen köpasyrlyk taryhy geçmişiniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda hem iki doganlyk halkyň arasyndaky syýasy-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Köpugurly hyzmatdaşlygyň dürli pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlaryny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Düýn bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde teleköpri arkaly Arkadagyň ak ýoly bilen gaz, aragatnaşyk, elektrik, ulag geçiriji desgalaryny işe girizmäge badalga bermek dabaralary boldy. Dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyryna nobatdaky möhüm badalga bolup hyzmat eden bu dabaralar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem netijeli görkezi

Myhmanlara söz berýäris:

Selina LI,Hytaý Halk Respublikasynyň «Huaxiang» kompaniýasynyň hünärmeni: — Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Türkmenistan örän ajaýyp ýurt. Ak mermerli binalar, myhmansöýer halk maňa diýseň ýaraýar. Bu günki geçirilýän halkara maslahat we ugurdaş sergi ýokary derejede guralypdyr. Bu ýerde bize dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bar. Halkara serginiň we maslahatyň dowamynda biz birnäçe kompaniýalaryň hünärmenleri bilen pikir alyşdyk. Biz hem «Huaxiang» kompaniýasynyň agzybir işgärleri bilen özümiziň ýokary derejeli önümlerimizi görkezmäge geldik. Biziň kompaniýamyz gurluşykda we binagärlikde zerur bolan enjamlaryň onlarçasyny öndürýär. Şu halkara maslahat we sergi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halkara hyzmatdaşlygynyň belent gadamlary

10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Sportuň täze ruhy: Türkmenistandan Ýer ýüzüne

Sport dünýäsinde täze ýaryş, özi hem dünýä çempionaty derejesindäki ýaryş peýda boldy. Ol «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» diýlip atlandyrylýar. Biziň üçin has ýakymly tarapy täze sport baýramçylygynyň binýadynda hut Türkmenistanyň başlangyjy bar. Özara hyzmatdaşlygyň 30 ýyldan hem gowrak wagtynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen adamzadyň şu gününe we geljegine täsirini ýetirjek Kararnamalaryň birnäçesini kabul eden BMG nobatdaky başlangyjy hem ykrar etdi. Hoş habar BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowuşdy. Has takygy, 6-njy sentýabrda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Iki halkyň gatnaşyklary bakydyr

Bu uly dabaraly çäre ähli çarwadar halkly döwletlere degişli. Biziň bilşimiz ýaly, bu beýik döwletler adamzat üçin köp täzelik getiripdir. Çarwadarlar döwri, esasan, medeniýetiň, söwda aragatnaşygynyň ösüp-özgeren döwri bolupdyr. Çarwa durmuşynda ýaşan ýurtlaryň çäginden Beýik Ýüpek ýoly hem geçipdir. Merkezi Aziýa döwletleriniň halklaryna biz dogan diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki biziň gelip çykyşymyz, köklerimiz bir, medeniýetimiz, taryhymyz örän meňzeşdir. Sebäbi biz çarwadarlar barada söz açanymyzda, olaryň medeniýeti barada aýtmak islänimizde, ilki bilen, Merkezi Aziýa halklaryny göz öňüne getirýäris. Çarwadarlaryň oýunlary barada gürrüň etmeli bolsa, onda bu oýunlaryň edil öňki döwürlerde bolşy ýaly, ýörgünli, şeýle-de döwrebap görnüşde dowam edýändigini buýsanç bilen aýtmalydyr. Bu gün gadymy medeniýetler gaýtadan dikeldilýär. Şeýlelikde, doganlyk halklar bilen birlikde, siz — türkmenleriň hem gatnaşmagyňyzda halklarymyzyň bitewi medeniýeti has-da jebisleşýär. Biziň gatnaşyklarymyz diňe bir syýasy, medeniýet ýa söwda ugurlaryna degişli bolman, eýsem, dost-doganlyk babatda hem barha berkeýär.