Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn tejribe
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Çünki umumadamzat bähbitli bu ýörelgeler eziz Diýarymyzyň, şeýle hem beýleki döwletleriň-de aýdyň maksatlaryna ýetmegine, öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmegine degerli täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we oňa esaslanýan daşary syýasaty dünýäde we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň baglaýjy halka bolup çykyş edýändigi umumy ykrar edilen ýagdaýa öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin degişli maslahatlary yzygiderli bermek bilen bir hatarda, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky tabşyryklaryny berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly,