"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Halkara hyzmatdaşlyga daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz dünýäniň köp sanly ýurtlary, iri daşary ýurt kompaniýalary, abraýly maliýe we bank düzümleri bilen özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki düzümleriň, şeýle hem işewürler geňeşleriniň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirildi. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimize, şol sanda onuň hususy pudagyna maýa goýum serişdeleriniň akymyny artdyrmak, daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasy» tassyklanyldy. Onda ýurdumyza daşary ýurt maýasyny çekmek, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmak, bu ugurdaky kanunçylygy dünýäniň öňdebaryjy tejribesine, Bütindünýä söwda guramasynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.

Gümrük işi kämilleşýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa, gümrük edaralarynyň işiniň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna, harby gullukçylar üçin amatly iş şertleriniň döredilmegine şert döredýär. Bu gün Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň daşary ykdysady işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäge işjeň gatnaşyp, döwlet dolandyryş ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Gulluk ýurdumyzyň daşary söwdasynyň we ykdysadyýetiniň ösdürilmegine ýardam bermekde, berkarar Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük işiniň çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini üpjün etmekde wajyp wezipeleri amala aşyrýar.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen, ýurdumyz bütin adamzady tolgundyrýan gaýragoýulmasyz meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Döwletimiz bu meselelere jogapkärli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ulgamlaýyn häsiýeti, ýurduň içeri we daşary syýasy ugurlarynyň derwaýys wezipeleriniň özara şertlendirilmegi, halkara durmuşynyň meselelerine ählumumy bähbitler nukdaýnazaryndan baha berilmegi dünýä syýasy giňişliginde ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň işjeň hereketlerini kesgitleýän möhüm esaslaryny düzýär.

Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany

Gazetimiziň bu gezekki myhmany 1903-1904-nji ýyllarda Türkmenistanda ýerleşýän Änew we Gäwürgala ýadygärliklerinde arheologiýa ylmy-barlag işlerini geçiren meşhur amerikan geology Rafael Pampelliniň çowlugy Liza Pampelli. Liza botanik-suratkeş. Onuň şu tema bagyşlap döreden eserleriniň sergisi ABŞ-nyň we daşary ýurtlaryň sungat merkezlerinde yzygiderli guralýar. Ol 2005-nji ýylda türkmen we amerikan alymlary bilen Änewiň gadymy depelerinde geçirilen arheologiýa ylmy-barlag işlerine gatnaşdy. Ýakynda Liza Pampelli ylmy açyşlary bilen dünýä belli nebereleriniň hem özüniň Türkmenistanda alyp baran işleri barada gürrüň berýän makalasyny bize iberdi.

Aşgabadyň arzyly myhmanlary

Gazetimiziň şu sanynda merjen şäherimiz Aşgabatda myhman bolan dünýä belli söz we sungat ussatlarynyň, tanymal şahsyýetleriň ýene birnäçesi bilen okyjylarymyzy tanyşdyrýarys. Anna German. Dünýä belli polýak estrada aýdymçysy hem-de kompozitory Anna German 1980-nji ýylda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda konsert bilen çykyş etdi. Şeýle-de Aşgabadyň çeper haly önümçilik birleşiginiň halyçy gelin-gyzlary bilen duşuşyp, olaryň dokaýan halylary bilen tanyşdy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

♦ Parlamentara Bileleşiginiň nobatdaky Assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar. Onuň dowamynda parlamentleriň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, olar adam hukuklary, ýaşlar we zenanlar, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy, halkara syýasaty hem-de pandemiýa ýaly meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Assambleýanyň barşynda birnäçe kararnamalaryň, şol sanda «Tebigy heläkçilikler we olaryň netijeleri bilen baglanyşykly wehimlere hem-de gapma-garşylyklara garşy durmagyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça parlament strategiýalary» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, jogapkärli sarp etmek we önümçilik ugrunda sanlylaşdyrmagy hem-de sirkulýar ykdysadyýeti ilerletmek» atly kararnamalar kabul edildi. ♦ Türkmen parlamentarileri Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA-a agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum «Planetanyň ekologiýasy – durnukly ösüş» ady bilen geçirildi. Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de «tegelek stollary» öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýö

Belent hormatyň nyşany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Döwletli ýörelge

Watan ezizligi, Watan mukaddesligi ähli zatdan belentde durýar. Eziz Watanymyz hakyndaky aýdym-sazlary diňläniňde kalbyň joşa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz dostlugyň, doganlygyň gülleýän bagtyýar mekanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasaty hem-de energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary barha rowaçlanýar. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta — Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigini, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýratyn nygtaýar.

Netijeli hyzmatdaşlygyň ykrarnamasy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär. Media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri «Mir» döwletara teleradiokompaniýasydyr. Ol umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmeklik boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy

AŞGABAT, 31-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini kesgitleýändigi bellenildi.

Baş maksat — çagalaryň röwşen geljegi

Türkmenistanyň ähli çagalaryny we maşgalalaryny her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde giňden bellenilýän möhüm baýramçylyk — Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilip, şondan bäri çagalary hormatlamaga we olaryň hukuklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär. Çagalaryň hukuklary 32 ýyl mundan ozal dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen halkara ylalaşykda — BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda kesgitlenip, ol kimdigine hem-de nirede ýaşaýandygyna garamazdan, çagalaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu möhüm resminamany Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1994-nji ýylda tassyklady.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly, şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy — durnukly ösüş” ady bilen geçirildi. Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de “tegelek stollary” öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, ekologiýa medeniýetiniň ornuny ýokarlandyrmak, ilatyň bilimi, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky maksatlaryny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak

adamzadyň iň arzyly gymmatlyklarydyr Inderveer SINGH, «Business Central Asia» žurnalynyň baş redaktory:

Türkmenistan — Özbegistan: netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Goňşuçylyk däplerine eýerip

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Bank ulgamy özgertmeleriň ýolunda

Elektron tölegleri peýdalanmagyň ähmiýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan ygtybarly we amatly şertlerde bank hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin bank ulgamynda hereket edýän elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek we birnäçe täze töleg-hasaplaşyk gurallaryny hödürlemek boýunça zerur şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Durnukly ösüş taglymatynda ekologiýa abadançylygy

Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.