"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi. Işewür milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylarynyň hem-de hökümetiniň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet ösüşiniň ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisi bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we alyp barýan köp taraply işlerinde täze, uly üstünlikleri hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli sergi guraldy. Iki gün dowam eden sergide ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän önümler görkezildi. Munuň özi bolsa türkmen telekeçileriniň Garaşsyzlyk baýramyny uly toý sowgatlary bilen garşylaýandygynyň aýdyň beýany boldy. Biz talyp ýaşlar hem sergä gatnaşyp, bu ýerdäki hünärmenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Maýa Ataýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hünärmeni:

Aýdyň maksatlardan ugur alyp

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarydyr mugallymlarynyň, talyplarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen sebit we halkara derejeli başlangyçlaryň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, umumy baş maksada ýetmek — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Ony ýokary guramaçylykda geçirmek maksady bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletler we halkara guramalar bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Durnukly ösüşiň bähbidine täzeçil teklipler

Ählumumy abadançylyga gönükdirilen tagallalar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi. Bu taslama döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýerli derejede pugtalandyrmaga, şeýle hem ilatly ýerlerde toplumlaýyn hem-de adamlara niýetlenen usullar arkaly halkyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çemeleşmegi göz öňünde tutmak bilen, «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny» amala aşyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, maksatnama aýry-aýry sebitleriň ýaşlaryna niýetlenip, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýerli bileleşikleriň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer. Taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiniň çäklerinde durmuşa geçiriler.

Türkmenistan ― Özbegistan: geçmişi şanly, geljegi parlak hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda welaýat häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda bir günlük iş saparynda boldy. Toparyň düzüminde welaýat, etrap häkimlikleriniň, hususyýetçileriň, oba hojalykçylaryň, söwda guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri boldular. Farap gümrük nokady arkaly goňşy döwlete geçen wekilçilikli toparymyzy Buhara welaýatynyň häkimi güler ýüz bilen garşylady. Bu ýerde Lebap welaýatynyň wekiliýetiniň gelmegi mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Şu ýyl çäreleriň onlaýn hem-de oflaýn görnüşlerde geçirilýändigini bellemek gerek. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilendir. Şu hepde — BMG-de döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdesi.

Dostlukly gatnaşyklaryň döwresinde

BUHARADA Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekilçilikli toparlaryny Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlaryna iş saparyna ugratmak bilen bagly Buýruga gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, 22-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň wekilçilikli topary goňşy döwletiň Buhara welaýatynda iş saparynda bolup geldi.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlylyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry, Duşenbe şäheri) Hormatly jenap Başlyk!

Türkmenistan — Täjigistan: abadançylyga gönükdirilen tagallalar

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebitleýin görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Prezidentler birek-biregi döwletleriň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özüniň eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Ygtybarly geljek üçin ynamly hyzmatdaşlyk

Hoşniýetli goňşuçylyk esasynda

Golaýda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň anna güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: sebitara dialogda milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň nobatdaky dabaralanmasy

Hyzmatdaşlyk. Haýsy dilde ýaňlanýandygyna garamazdan, bu ýekeje söze adamzat ir döwürlerden bäri diňe gowy zatlary siňdirmäge çalşypdyr. Bu sözde adamzadyň özara ynanyşmak, arkalaşmak, daýanyşmak, birek-birekden gowy zatlary öwrenmek hem-de paýlaşmak ýaly oňyn sypatlary jemländigi aýan. Şolary gazanmak üçin bolsa hyzmatdaşlyga girýän taraplaryň arasynda iň esasy zat — özara ynam gerek. Ynam — syýasatda, halkara gatnaşyklarda, diplomatiýada binýatlyk ýörelge. Şol bolmasa, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak howaýylygyna galýar. Şol hakykatdan ugur alynsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyna täzeden garamak baradaky başlangyçlarynda öňe ädilen ädimdigini görmek bolýar. Milli Liderimiziň daşary syýasat ugrundaky sebit — yklym — dünýä halkasynyň bitewi zynjyrynda sebitara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Bitarap Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaş düzümleriň biri-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr (ŞHG). Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlarynyň goldanylmagynda bu guramanyň mynasyp paý