"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Iki halkyň bir maksady: türkmen-özbek hyzmatdaşlygy täze derejä göterildi

Türkmen halky ozaldan goňşusyna aýratyn hormat-sylag edip, ony özüniň iň ýakynlarynyň biri hasaplap gelipdir. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen «Ýer alma — goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan» ýaly pähimleriň mysalynda-da muny aýdyň görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, sebitde we dünýäde oňyn bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan Garaşsyz Türkmenistan serhetdeş ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga özüniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Munuň şeýledigine goňşy Özbegistan Respublikasy bilen alnyp barylýan hoşniýetli gatnaşyklar, özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlyk hem doly güwä geçýär. Bilşimiz ýaly, 4-5-nji oktýabrda milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynda iki günlük resmi saparda boldy. Goňşy ýurda guralan, ýokary netijeliligi bilen tapawutlanan bu resmi sapar halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim hökmünde ykrar edildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda 7-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.

Gatnaşyklar berkidilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimiziň üsti bilen tutuş türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýollady. A.Owerçuk pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenip geçilen şöhratly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda garaşsyz ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň tüýs ýürekden aýdan salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollady. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Türkmenistan bilen Ermenistany soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan, öňden gelýän dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şunda sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hemişe gyzyklanma bildirilýändigi tassyklandy.

Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň sany barha artýar. Munuň özi ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, Diýarymyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendir. Döwletimiz bilen netijeli we ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň arasynda Russiýa Federasiýasy hem bar. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň taýsyz tagallalary bilen bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem okgunly ösüşe eýe boldy. Köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmakda hökümetara toparlaryna möhüm orun degişlidir.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamy: hoşniýetli goňşuçylykdan ygtybarly hyzmatdaşlyga geçişiň belent nusgasy

Taryhy, medeni, ruhy kökleri bir güzerden suw içýän, ýaşaýyş-durmuş terzi, däp-dessurlary birmeňzeş, gadymy akaba eýe türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Heňňamyň öwrümli ýollarynda bagry badaşan bu iki halky baglanyşdyrýan dostluk, doganlyk rişdeleri wagtyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has hem berkedi. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky öňe ilerlemeleri aýdyň duýulýar. Bu aýdanlarymyza hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem ähli aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Bu resmi sapar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň sebitiň abadançylygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilýändigini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum iki döwletiň

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen

Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.

Tejribe alşyldy

Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Aşgabat gazna biržasynyň ösüşini goldamak hem-de ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, onlaýn görnüşde okuw maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat gazna biržasynyň, Merkezi bankyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri Türkmenistanyň we daşary ýurt gazna biržalarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň deňeşdirme seljermesini geçirmekdir. Maslahatyň dowamynda bilermenler öňdebaryjy halkara tejribäni paýlaşdylar hem-de oňa gatnaşyjylary işläp taýýarlanylan deňeşdirme seljermesiniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem bu babatda baradaky amaly teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Onuň dowamynda Gruziýanyň Gazna biržasynyň başlygy, halkara bilermen Giorgi Paresişwili:

Bir bitewi ösüşleri nazarlap

Zemin adamzat jemgyýetiniň umumy öýüdir. Öz öýüň kämilleşmegi, öňküsinden sähelçe-de bolsa gowy ýaşamagy üçin öz goşandyňy goşmak bagtdyr. Dünýä döwletleriniň haýsydyr birinde nähilidir bir peýdaly önüm öndürilen bolsa, onuň dünýäniň beýleki ýerleriniň durmuşyna-da ähmiýeti uludyr. Hut şu maksat bilen dünýäniň ösen we çalt ösýän döwletleriniň önümçilik ukybynyň görkezijilerini ýüze çykarýan EKSPO sergisiniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi öz işine başlady.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň goňşy Özbegistan döwletine şu gezekki resmi sapary köpasyrlyk medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baý taryhy tejribesi baglanyşdyrýan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has ýokary derejede ösdürmegiň berk we ygtybarly binýadyny goýdy. Täze taryhy eýýamda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar indi çärýek asyrdan ýokarda ölçenilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň halklarymyz diňe golaý goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballaryň, däp-dessurlaryň, ahlak sütünleriň umumylygy bilen hem birleşendirler. Häzirki zamanda bu düşünjeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň, dostlugyň we halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň möhüm bölegi bolmak bilen, täze many-mazmuna eýe bolýar. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine, ilkinji nobatda, döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki, özara dostlugy oňaýly täsir edýär.

Hoşniýetliligiň we parahatçylygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän parasatly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmegi hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyny hemişe ileri tutýar. Gahryman Arkadagymyz aýdyň ýörelgelere daýanyp, goňşularymyz bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, olar bilen özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ýörelgeleriniň esasynda baky Bitaraplygymyzyň binýat bolýandygyny paýhasly belleýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän parahatçylygy we ynanyşmagy dabaralandyrmak maksatly başlangyçlary, teklipleri hoşniýetli gatnaşyklara düýpli badalga berýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylyp, hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine mümkinçilik döredýär.

«Türk­me­ne aga diýr öz­be­giň di­li, Öz­be­ge do­gan diýr türk­me­niň di­li»

2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde guralan dostluk konsertinde ýaňlanan jemleýji aýdymdan alnan bu sözler, hakykatdan-da, türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň ezeldendigini subut edýär. Jeýhunyň mele suwy müňýyllyklaryň dowamynda Amyderýany ýakalap oturan bu halklaryň bagryny badaşdyrypdyr. Bagry badaşan iki halkyň saçakly gatnaşyp, birek-biregiň üstünliklerine begenip, kyn gününde goldamagy asylly däbe öwrülip gidipdir. 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran resmi saparyny köp synçylar, halkara bilermenler taryhy waka diýip atlandyrdylar. Munuň özi tötänlik däldir. Çünki türkmen we özbek halklaryny müňýyllyklardan gaýdýan umumy taryhy ýakynlyk, dil, medeni, ruhy we beýleki umumylyklar baglanyşdyrýar. Munuň şeýledigini iki döwletiň Baştutanlary Daşkentde geçirilen ýokary derejeli syýasy gepleşiklerde-de tekrarladylar.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejä çykýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler 4-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Dostluk daragtynyň miweleri

Dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly we parahatçylyksöýüjilikli gatnaşyklary ileri tutýan abraýly döwletleriň hatarynda Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öňe saýlanýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde dünýä we sebit döwletleri bilen özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň özara daşary söwda dolanyşygy boýunça, şu ýylyň dokuz aýynyň jemlerine görä, Özbegistan Respublikasyna öňdäki orun degişli bolup, ol ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň giň gerimini tassyklaýar. Türkmenistandan goňşy ýurda nebit we nebit önümleri, mehaniki enjamlar, plastmassa we ondan ýasalýan önümler, himiýa, oba hojalyk harytlary we beýleki serişdeler eksport edilýär. Özbegistandan ýurdumyza oba hojalyk tehnikasy, gurluşyk materiallary, himiýa we taýýar dokma önümleri import edilýär.

Türkmenistan — Özbegistan: gatnaşyklaryň täze sahypasy

5-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 4-nji oktýabrda milli Liderimiz goňşy ýurda resmi sapar bilen bardy. Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. 4-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasyndaky möhüm işewürlik çäresine öwrüldi. Onuň çäklerinde birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary-da geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda berkidildi. Şol resminamalar bolsa türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri (mundan beýläk — taraplar),

Netijeli hyzmatdaşlyk

Daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler hem Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiziň Hazar sammitlerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň bu ugurda maksada okgunly işleri durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Has takygy, Türkmenistanyň 2013—2014-nji ýyllarda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitete başlyklyk etmek bilen Hazaryň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasyny düzmäge işjeň gatnaşandygyny we oňa Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Astrahanda geçirilen IV sammitinde gol çekilmegi buýsanç bilen bellärliklidir.

Beýik işleriň eýýamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda geçen 30 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, geljekde edilmeli işleriň üstünde jikme-jik durup geçdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmenistan häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda beýik ösüşlere eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ösüşleriň ösen döwletleriň tejribelerine daýanmak arkaly gazanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek üçin goýlan iri maýa goýumlaryň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigine ünsi çekdi. Şonuň 60 göterim töweregi senagaty ösdürmäge niýetlenen önümçilik kärhanalaryny gurmaga goýuldy. Milli ykdysadyýetimiz, ylym-bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlary uly kuwwata eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebit, gaz, uglewodorod serişdelerine baýlygy hakynda, halkymyzyň tebigy gaz bilen üpjün edilişi barada, şeýle hem mawy ýangyjyň daşary ýurtlara ugradylyşy hakynda, Türkmenistan — Owga

Türkmenistan — Özbegistan Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek ugry bilen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler Daşkent — Aşgabat, 5-nji oktýabr (TDH). Şu gün Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz goňşy ýurda resmi sapar bilen bardy.