"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Dünýä uzaýan ýollar

Dünýäde ulag ulgamynyň bitirýän hyzmatyna islegiň barha artýan döwründe, ýükleri wagtynda sargyt edijä gowşurmakda ýerüsti ulaglaryň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi netijesinde hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan ýol-ulag ulgamynda uly işleri amala aşyrmak bilen, halkara logistika ýollaryny döretmek meselesine işjeň gatnaşýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçýän şahalary we beýleki üstaşyr ýollar bu ugurda uly işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň bu babatda yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi sebitiň döwletleriniň ençemesi bilen ýükleri daşamak, üstaşyr geçirmek mümkinçiligini kepillendirýär. Netijede, bu ýagdaý Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda taryhda ilkinji gezek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty hut Aşgabatda geçirmek üçin esas boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynada Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döw

DOSTLUKLY HALKLARYŇ ÝÜREK OWAZY

Dostlukly halklaryň ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda geçirilen çäreleriň hatarynda Wenada we Aşgabatda geçirilen Medeniýet günlerini, geçen ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen V Wena balyny, dürli tanyşdyryş çärelerini, türkmen sungat ussatlarynyň we awstriýaly artistleriň çykyşlaryny görkezmek bolar. Iki halkyň medeniýetlerini, dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki ýurduň giň gerimli hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm wakalaryň hatarynda Wena baly hem bar. 10-njy oktýabrda dünýä nusgalyk binagärlik sungatyna eýe bolan Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Arkadag şäheriniň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň golaýynda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) müdiriýetiniň agzasy Täçmyrat Gurdow “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahatda (CIET 2024) mälim etdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, TSTB-niň agzalygynda 29 müň kompaniýa we hususy kärhana bar.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky XI sammiti geçiriler

6-njy noýabrda Gyrgyz Resbublikasynyň Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) nobatdaky XI sammiti geçiriler. Sammite gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary, şeýle-de oňa Türkmenistan we Wengriýa synçy ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşar.  Sammitiň gün tertibindäki meseleler «Türki dünýäni güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly gelejek we hemmeler üçin howpsuzlyk» şygary esasynda ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gatnaşyjylar, TDG agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, sanly tehnologiýalara geçmek we sebitdäki howpsuzlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Gurluşyk-Senagat toplumynda täze gözýetimler

Paýtagtymyzda geçirilen iri halkara forum öz işini tamamlady Düýn Söwda-senagat edarasynda 3-nji noýabrda badalga alan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahat öz işini tamamlady. «Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gurluşygy, senagaty we energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak» atly 5-nji mowzuklaýyn mejlis, foruma gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy hem-de metbugat maslahaty jemleýji günüň esasy wakalary boldy.

Kappadokiýanyň asmanyny bezän howa şarlary

akyldar şahyrymyzyň şanly ýubileýini dabaralandyrdy «Kappadokiýa» diýlende, köpiňiziň ýadyňyza, ilki bilen, säher wagty, açyk asmanda ondan-oňa gaýmalap ýören howa şarlary düşse gerek, megerem. Sebäbi hut şol şarlar Türkiýäniň bu meşhur syýahatçylyk merkeziniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Aslynda, ýurduň ýüreginde ýerleşýän bu künjek erteki kysmy täsinliklere örän baý. Tebigatyň «suratkeşlik eseri» bolan ajaýyp peýzažlar dag belentlikleridir jülgeler bilen utgaşýar-da, bu ýerini has gözel keşbe eýe edýär. Gadymy hettleriň dilinden terjime edilende, ady «Ajaýyp atlaryň ýurdy» diýmegi aňladýan, geçmişde jahany baglan imperiýalaryň düzümine giren Kappadokiýa sebiti taryhyň janly şaýady bolan tutuş şäherleri, ýadygärliklerdir ybadathanalary hem öz goýnunda jemleýär. Ine, şu aýratynlyklary bilenem ol bu gün Zeminiň dürli künjeginden gelýän syýahatçylardyr jahankeşdeleri özüne çekýär. Güýzüň soňky aýynyň başynda bolsa bu ýerde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şanly ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerim aldy.

Hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanyp

Türkmenistan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hemişelik Bitaraplyk parahatçylygyň, abadançylygyň we hoşniýetli ýörelgeleriň berk binýadydyr. Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmäge we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplygyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri parahat

"Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024" halkara maslahaty we sergisi

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly 3-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Oňa gatnaşjak wekiliýetleri hasaba almak işi eýýäm açykdyr. Çärä 40 döwletden 600-den gowrak wekiliň, şol sanda halkara we milli kompaniýalaryň, ählumumy guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Isleg bildirýänler çäräniň resmi web-saýtynda (ittc-turkmenistan.com) hasaba alynmaga çagyrylýar. Bu abraýly çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar. 2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça möhüm Kararnamany kabul etmegi sebitde ekologiýa taýdan arassa we netijeli ulag ulgamlaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu Kararnama durnukly ulag çözgütlerini durmuşa geçirmekde, parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda, ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda we giňeltmekde hem-de ulag hyzmatlaryna hemmeleriň elýeterliligini üpjün etmekde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge şert döretdi.

Aşgabatdaky köpugurly forum

gurluşyk, senagat, energetika pudaklaryny ösdürmekde täze gözýetimleri açýar Paýtagtymyzda dowam edýän «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat dünýäniň 30 ýurdundan 350-ä golaý gatnaşyjyny, şol sanda öňdebaryjy işewür toparlaryň, iri kompaniýalaryň, döwlet düzümleriniň wekillerini bir meýdança jemledi. Köpugurly forumda gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyň meýilleri, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak üçin agzalan pudaklaryň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, esasy jogapkär wekilleriň pikir-garaýyşlaryna, tekliplerine syn berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň senagat binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleri goldamak üçin innowasiýalary ornaşdyrmak işini çaltlandyrmakda nobatdaky aýgytly ädimleriň biridir.

Halkara giňişlikde

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerledip Hytaýyň Ninsýa-Hueý awtonom sebitiniň Inçuan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» hyzmatdaşlygynyň XI forumynda Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň geňeşçisi ýurdumyza wekilçilik etdi. Çärä dostlukly ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň, uniwersitetleriňdir kärhanalaryň wekilleri, işewürler gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Ählumumy abadançylygy nazarlap

Döwletimiz ählumumy durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda BMG-niň we beýleki halkara forumlaryň belent münberlerinde öňe süren başlangyçlary Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde dünýä tanatdy. Häzirki wagtda bu asylly ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň gününde — 24-nji oktýabrda Kazan şäherinde XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagy taryhy waka boldy. Onda BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler

3-nji noýabrda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaş

«Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge uly taýýarlyk görülýär

Noýabryň 1-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, foruma birnäçe halkara guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara sergä bolsa daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 60-dan köpüsiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Gurluşyk senagaty we energetika ulgamyndaky halkara gatnaşyklar –– täze ösüşlere badalga

Şu gün 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly XII halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan bu halkara ginişlikde geçirilýän sergi dünýäniň dürli künjeginden 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi. Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletimizde medeni we ykdysady halkara gatnaşyklary has-da giň gerime eýe bolup, şolaryň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahatlar we halkara sergiler hem-de bilelikdäki dürli çäreler guralýar.

Gümrük gullugynyň okuw maslahatlary geçirilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yzygiderli guralýan okuw maslahatlary netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu okuw maslahatlaryna diňe bir gümrükçi harby gullukçylar gatnaşman, eýsem, daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleridir telekeçiler gatnaşýarlar. Ýakynda Aşgabat şäherindäki Halkara gümrük terminalynda hem-de Mary welaýat gümrükhanasynda harytlar gümrük serhedinden geçirilende, intellektual eýeçilige hukuklary goramak boýunça pudagara maslahat geçirildi. Maslahata Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň jogapkär hünärmenleri, patent ynamdarlary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

1-nji noýabrda DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Pul Gaznasynyň geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga bolan meýli bilen bagly meselelere ygrarlylyk nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyldan bäri, goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolan Türkmenistana HPG-niň maslahat beriji goldawynyň ähmiýeti bellenildi.

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygy geçirildi

30-njy oktýabrda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň duşuşygy geçirildi. Dar düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler

7-8-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. «Grand Hyatt Abu-Dabi Pearl» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu foruma Türkmenistanyň baýlyk bazasynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler barada pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşar. Iki günläp dowam etjek forum aýratyn ugurlar boýunça bölümlere bölünip geçiriler.  Energetika, himiýa senagaty, ulag we logistika, gurluşyk hem-de önümçilik ýaly möhüm taslamalaryň gözden geçirilmegi meýilleşdirilýän forum maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlary öz içine alar.

Suw diplomatiýasy: hyzmatdaşlyk, umumy bähbitlilik, ösüş

Häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara gatnaşyklary berkitmegiň syýasy-diplomatik usuly hökmünde suw diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri: suwdan durnukly peýdalanmak meselesinde paradigmalaryň üýtgemegi» atly sebitleýin maslahatyň geçirilip, oňa türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili we Halkara Demirgazyk uniwersiteti tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar meseleleri boýunça Agentligi hem-de «UzReportTV» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu foruma Ýewropa Bileleşiginden, sebitleýin guramalardan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, şol sanda türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan hem wekiller gatnaşdylar.

Hytaýyň Russiýa çaý eksporty ýokarlanýar

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hytaýyň Russiýa çaý eksporty öňki görkezijilere garanyňda, 14,7 göterim ýokarlandy. Netijede, Hytaý Halk Respublikasynyň gaznasyna çaý eksportyndan düşýän girdejiniň möçberi 42,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Resmi maglumatlara görä, ýokarda agzalan döwürde Hytaý 126 döwlete çaý eksport edipdir. Ýurduň bu pudakda esasy müşderileri: Marokko (166,3 million amerikan dollary), Gana (123,1 million amerikan dollary), Malaýziýa (77,2 million amerikan dollary), Mawritaniýa (49,1 million amerikan dollary), ABŞ (43,4 million amerikan dollary), Özbegistan (38,2 million amerikan dollary) hem-de Ýaponiýadyr (38 million amerikan dollary).