"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ynsanperwerligiň gözbaşy

Döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak babatdaky başlangyjy umumadamzat bähbitliligi babatdaky ähmiýetini barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary mahalyndaky taryhy wakalar onuň nobatdaky beýany boldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz BMG bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek ýaly möhüm ulgamlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Ata Watanymyzyň ähli ugurlar bilen birlikde, ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekde, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde ähmiýeti aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şu ýylyň 6-njy iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygynda ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamy boýunça öňe sürlen, halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň we teklipleriň aýratyn ähmiýetiniň bardygy barada nygtamagy diýseň buýsançlydyr

Ylmy-tehniki gatnaşyklary ilerledip

Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu günki gün türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak ugrundaky bilelikdäki tagallalar oňyn netijeleri berýär. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky dialog hem her bir ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak bilen guralýan, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli gurallaryň biri hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Golaýda bolsa ýurdumyzyň wekiliýeti Urumçi şäherinde agzalan formatyň çäginde guralan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, görnükli alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary dünýä beren Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary baý medeniýetiň, ylmy däpleriň mirasdüşerleridir. Şoňa görä-de, bu günki gün bilim, ylym, innowasiýa, medeniýet we sungat ýaly ugurlarda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär.

Hemişeligiň heýkeli

Siz olary bir görsediňiz. Astananyň gözel künjegi — çäräniň geçýän ýeri ir ertirden toý şatlygyna beslenipdi. Tomsuň ortaky aýy bolsa-da, howa salkyndy. Köçeden geçip barýanlara çenli sähel wagtdan açylmaly, häzir weli üsti örtülgi ýadygärlige intizar nazar bilen bakýardylar. Haý diýmän ýüzbe-ýüz bolunjak sungat eseriniň neneňsidigi hemmeler üçin gyzyklydy. Ulynyň-kiçiniň elinde ter güller, dostluk-doganlyk baýdajyklary parlaýar. Bu görnüşler dünýä ýüzünde akyldara goýulýan sarpanyň egsilmezdigini görkezdi. Mähelläniň elinde gazak dilindäki «Arkadag pähiminden dörän seýilgäh» atly kitapça. Ol Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky heýkellere bagyşlanan. Ýanymyzda duran gazak doganymyz kitapçadaky suratlary synlap durşuna, öňden tanyş ýaly seredip: «Magtymguly — dünýä edebiýatynyň ägirdi. Onuň doglan gününiň 300 ýyllygy şahyr ählini, tutuş Ýer ýüzündäki ýazyjy-şahyrlary-da mertebeleýär» diýdi. Bu ýere gelen her bir adamda Magtymgula hormat bardy. Olary bu ýere şahyryň sözi getiripdi. Sözlerindäki buýsanç gözlerinde uçganaklaýardy. Çünki bu gün sözüň baýramy. Sungatlar sazlaşýar. Sungatlar sözleşýär.

Dünýä giňişliginde belent abraý

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, taryh beýik işler bilen ýazylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Gazagystan Respublikasyna amala aşyran sapary we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň biziň ýurdumyza amala aşyran saparynda geçiren gepleşikleri beýik işlere beslenen taryhyň bir parçasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy saparynyň goňşy döwletde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli dabaralar bilen başlanmagy uly ähmiýete eýedir. Bu dabarada Magtymguly Pyragyny pähim-paýhas ummanyna deňäp arzylan Şahsyýetiň çykyş etmegi bolsa dabara gatnaşyjylar üçin aýratyn ýakymly boldy.

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Dünýäde belent abraýa eýe bolýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň hem ynanyşmagyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen ysnyşykly hem özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak bilen, ýurtlar hem halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda täze sahypalar açylýar. Döwletimiziň daşary syýasatda alyp barýan bimöçber işleri netijesinde ýöredilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklaryň parahatçylygyna, dostlugyna we durnukly ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilmegi tutuş adamzadyň bagtyýar ýaşaýşy we ösüşi baradaky aladanyň subutnamasydyr. Ata-babalarymyz goňşy we beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmak bilen, taryhda özüni myhmansöýer, ynsanperwer, parahatçylygy söýýän halk hökmünde tanadypdyr. Bu asylly ýörelgeler häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Ajaýyp şygyrlary, ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli garaýyşlary bilen dünýä halklarynyň ýüreginde ýer eden beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy taryhy wakalar bilen utgaşyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyrýar. Bütin dünýäde durnukly ösüşleriň gazanylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşýan ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Mill

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň täze sahypasy

Aşgabatda Hytaýyň logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde  habar berildi. Hytaý wkiliýetine bu kompaniýanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, şol bir wagtyň özünde hem Gazagystan Respublikasyndaky şahamçasynyň başlygy Lýuý Szýunfen ýolbaşçylyk etdi. Kompaniýa esasan demirýol we awtoulag ýoly arkaly ýük daşamak bilen meşgullanýar. Onuň wekilhanalary dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edýär.

Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar. Ol sebitiň ýüklerini Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazaryna getirer. Bu barada Ulýanowks sebitiniň gubernatory Alekseý Russkihiň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär. «Türkmenistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde Ulýanowsk — Aşgabat — Inçe-Burun/Sarahs ugry boýunça täze konteýner otlusynyň gatnawyny ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdyk. Täze gatnaw arkaly rus harytlary «Orta Wolga — Hazar deňzi — Pars aýlagy» ulag geçelgesi boýunça gündogar demir ýol geçelgesiniň ugry bilen Türkmenistana we goňşy döwletlere — Owganystana, Eýrana, Pakistana çalt eltiler» diýip, Alekseý Russkih belleýär.

Geljegiň energiýasyna bagyşlanan halkara maslahat

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Şu maksatdan ugur alyp, ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş — geljegiň energiýasy» atly halkara ylmy maslahat we göçme sergi geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ), Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen halkara ylmy maslahata daşary ýurtly bilermenler, işewürler, halkara guramalaryň wekilleri, professor-mugallymlar, ylmy işgärlerdir talyplar gatnaşdylar. Çykyş edenler bu maslahatyň ähmiýeti, şu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygy hem-de alynýan netijeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahata dünýäniň iri halkara guramalarynyň wekilleri we ylmy işgärler onlaýn görnüşde gatnaşyp, çykyş etdiler.

Dowamat tapýan hyzmatdaşlygyň ösüş ýoly bilen

Halkara gatnaşyklarynda bolup geçýän wakalara işjeň gatnaşmak, häzirki döwürdäki wajyp ähmiýetli meseleleri çözmekde beýleki döwletler, iri halkara we sebitleýin düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine hemmetaraplaýyn goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji iýulynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 29-njy mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine amala aşyran iş sapary köpugurly hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini nazarlamakda möhüm pursat boldy. Iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda duşuşyk geçirilip, hyzmatdaşlygyň giň meseleleri barada maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary, bar bolan mümkinçilikler, geljek üçin meýilnamalar nazarlanyp, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasydyr. 2001-nji ýylda döredilen bu guramanyň işiniň esasy wezipeleri sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy pugta

Akyldaryň hormatyna ýadygärlik

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen baran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 4-nji iýulda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astana şäheriniň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde eziz Watanymyzyň çeper medeniýeti düýpli esasda öwrenilýär. Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň çäklerindäki taryhy-medeni ähmiýetli sungat ýadygärliklerinde ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy we adamzat siwilizasiýasynyň irki döreýiş tapgyrlaryndan gözbaş alyp gaýdýan şekillendiriş sungatyny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyryp öwrenmegi üçin giň ýol açyp berýär.

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet, gümrük, migrasiýa we ulag wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad»  gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga, iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy. Ir bilen wekiliýetleriň serhet derwezesinde duşuşmagyndan soň «Lotfabad» gümrük nokadynyň edara binasynyň öňünde, dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýerde, wepat bolanlara ýadygärligiň açylyşy bolup geçdi.

Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça ulag geçelgeleri işjeňleşdirmegiň tarapdary

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Oman Soltanlygynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Hamis bin Muhammad al-Şamahiý bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada «Uzdaily» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjylaryň hemmesi bilen bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy.

Türkmenistan — BMG: köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda bilelikdäki tagallalar

Ýer ýüzüniň milliardlarça ilatynyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda bu abraýly düzüme agzalyga saýlanan wagtyndan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz özüni üstüne alan jogapkärçiligine dogry düşünýän, ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmegi başardy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 5 — 7-nji iýulda Türkmenistana amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu taryhy saparyň we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýeti barada tejribeli diplomatlardyr alymlar, ine, şeýle diýýärler: Miroslaw ÝENÇA,BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi:

Geljekki diplomatlar bilen duşuşyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hem baryp gördi. Milletler Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda 2007-nji ýylda açylan bu merkez, onda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda geljekki diplomatlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bilen duşuşmagy ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde degişli hünär ugurlary boýunça bilim alýan we uçurym bolan ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenen taryhy waka boldy. Duşuşyga bu ýerde döredilen Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň diňleýjileri, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, şeýle-de akademiýanyň ozalky uçurymlary gatnaşdylar. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň ýaşlary-da onlaýn görnüşde goşuldylar.

Magtymgulynyň mirasy we gazak medeniýeti

REDAKSIÝADAN: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty barha dünýä dolýar. Şahyryň goşgulary onlarça dile terjime edilip, onuň dürdäne şygryýetiniň janköýerleriniň sany artýar. Merkezi Aziýanyň ähli halklary üçin ruhy taýdan golaý bolan Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde beýleki dost-dogan halklar bilen birlikde, goňşy Gazagystanda hem uly işler durmuşa geçirildi. Gazak halky Magtymgulynyň goşgularyny söýüp okaýar, gazagystanly ozan-bagşylar olary milli dombra saz gurallarynda heňe goşup, ýerine ýetirýärler. Gazagystanly edebiýatçy alymlar akyldar Pyragynyň şygyrlaryny öwrenmekde uly işleri dowam etdirýärler.

Söz dabara gatnaşyjylardan:

Saragt BABAÝEW,Türkmenistanyň halk suratkeşi: — Ynam diýleni uly zat. Heýkeli ýasamagyň ynanylmagy öňümizde uly jogapkärçilik goýdy. Üstünlige ýetmek ýa-da netije gazanmak üçin diňe ynamyň özi ýeterlik däl. Ynam yhlas bilen birigende netije gazanylýar. Diňe şol ýagdaýda bildirilen ynamy ödemek mümkin. Magtymguly atamyzyň heýkeli barada gürrüň açylanda, onuň ýadygärliginiň Astana şäherinde hem oturdylmagy halklaryň ebedi dostlugynyň nyşany boldy.

Uzaýar ýollarymyz dostluga sary

Astana şäherinde bolup geçen taryhy wakalar munuň şeýledigini ýene bir gezek görkezdi Islendik ösüşi gazanmagyň ilkinji şerti sazlaşykdan gözbaş alýar. Sazlaşygyň özeninde bolsa parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygy üpjün etmegiň durýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Gahryman Arkadagymyzyň Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, taryhy ähmiýetli çykyş etmegi we Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasynda söz sözlemegi hem ýurdumyzyň dünýä halklaryny parahatçylyga çagyrýan daşary syýasatyna berk ygrarlydygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: maksatlaryň we tagallalaryň birligi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtynda saparda boldy Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolmagy aýratyn ähmiýetli wakadyr.