"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Täzelikler

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Innowasion tehnologiýalara daýanýan bu kuwwatly dokma kärhanasynda häzirki wagtda ýokary hilli nah ýüplükleriň 12-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär. Olardan 34-lik belgili nah ýüplükler has islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Önümçiligiň çig mal bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň we işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň netijesinde fabrikde geçen iýul aýynda 2 million 335 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu görkeziji ýedi aýyň dowamynda 21 million 668 müň manatlykdan geçdi. Degişli döwürde 951 tonna ýokary hilli nah ýüplük taýýarlanyldy. Fabrikde öndürilen 34-lik belgili nah ýüplükler Russiýa Federasiýasy, Belarus, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ugradyldy.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptarap

Asylly ýörelgeler dowamat

Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişlikler bolup geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Mähriban halkymyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berýän mukaddes ýol-ýörelgeleri saýlap, dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, ruhy binýadyny goýdy. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynanyşmak, milli demokratik ýol-ýörelgeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu belent ýol-ýörelgeler dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilimiň, ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, parahat we abadan durmuşyň gülleýän ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň geljekki meýilnamalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem geçiriljekdigini, onda

Merkezi Aziýa: bir maksat, bir ýol bilen

Merkezi Aziýa döwletleri! Olar geografiki ýerleşişi taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmek bilen, bu gün okgunly ösüşleriň, jebislikdäki gadamlaryň hem merkezine öwrülýär. Şeýle bolansoň, bütin dünýä döwletleri bu sebitiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga döwtalap. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary bolsa sebitdäki okgunly ösüşleriň täze ädimlerini kesgitleýän meýdança öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýakynda Gazagystan Respublikasynda geçirilen altynjy konsultatiw duşuşygynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşy bilelikdäki ösüşiň aýdyň ýollaryny salgy berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, duşuşyklaryň şu formaty Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi. Ilkinji duşuşykdan bäri Merkezi Aziýa döwletleri bilelikdäki ädimleriň birnäçesini ädip, tutuş Ýer ýüzüne görelde boldular. Şol sebäpli Türkmenistan konsultatiw duşuşyklaryň ilkibaşdaky mazmunynyň we maksadynyň saklanyp galmagynyň tarapdary. Olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir.

Halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyz agzybirlikde ýene bir möhüm ähmiýetli syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek aýda geçiriljek mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bagtyýarlyk döwrüniň taryhynda möhüm pursady alamatlandyrýan Halk Maslahatynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi beýik taryhy we medeniýeti döreden pederlerimiziň köpasyrlyk parasatly we asylly däpleriniň, milli ýörelgelerimiziň häzirki döwürde-de ileri tutulýandygynyň, döwletiň we halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmekde il-güne maslahat salynýandygynyň, bu işlerde ýaşuly nesliň wekilleriniň baý durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sylag-hormatdan, abraý-mertebeden paýly adamlaryň agzybirlik bilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr. Çünki bilşimiz ýaly, bu milli forumyň mejlislerinde halkymyzyň, ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli we aç-açanlyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ählihalk işleri yzygiderli we sazlaşykly dowam etdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi tarapyndan a

Nurly geljegi nazarlaýan berkarar Diýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze-täze tutumlara, başlangyçlara badalga berlip, döwletimiziň ykdysady kuwwaty has-da berkidilýär. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ajaýyp zamanamyzda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, oba-şäherlerimiz täze keşbe girdi. Gurlup ulanmaga berlen dürli önümçilik we beýleki maksatly desgalarda zähmet gaýnap-joşýar. Şol desgalaryňdyr toplumlaryň käbiriniň sebitde deňsiz-taýsyz bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň at-abraýynyň, mertebesiniň belende göterilýändigini ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan tutumly işler bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolýan ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ajaýyp zamanany üstünliklere besleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem umumadamzat bähbitlerine, röwşen geljegimize gönükdirilen tutumlar rowaçlyklara eýe bolýar. Şeýle buýsançly hakykatyň özeninde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgesiniň durýandygyny bellemelidiris. Türkmenistan döwletimiz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüji, ählumumy abadançylygy pugtalandyrmaga itergi berýän ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürýän ýurt hökmünde abraý-hormatdan peýdalanyp gelýär. Munuň özi amala aşyrylýan oýlanyşykly başlangyçlaryň, geljegi nazarlaýan özgertmeleriň diňe bir Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de ösdürmek, dünýäde parahatçylygy pugtalandy

Asudalygyň goragynda

Hemmeleriň goşandy bolmalydyr Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz behişdi mekana öwrülýär. Türkmen halky eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar we döredýär. Şeýle ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň köçe-ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak maksady bilen wajyp wezipeleri öňde goýýar. Çünki, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek ömrümiziň rahatlygynyň, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň ygtybarly kepilidir.

Tam üstünde tamymyz, goşadyr eýwanymyz...

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Hazar deňziniň kenarýakalaryndaky oturymly ýerler barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu ýerleriň aýakly, ýagny sütünli tamlary göz öňüňe gelýär.

Energiýany tygşytlamak — kanunçylyk esasly wezipe

Türkmenistanyň Hazar strategiýasy: umumy bähbitleriň we bitewi ykbalyň hatyrasyna

Ýer ýüzünde deňiz kän, megerem, olaryň aglabasyny «mümkinçilikleriň deňzi» diýip häsiýetlendirip bolmasa gerek. Munuň üçin düýpli esaslaryň we köpugurly mümkinçilikleriň, iň esasysy-da pugta parahatçylygyň bolmagy gerek. Hazar deňzi, ine, şeýle deňizleriň biri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap: «Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip belledi. Häzirki wagtda Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu ugurdaky işleriň ýurdumyz tarapyndan utgaşdyrylmagynda we Hazar gün tertibindäki meseleleriň düzgünleşdirilmeginde Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Biz Haz

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Möwsüme taýýarlykly barylýar

Watan mukaddesligi

Ynsan durmuşyny manyly geçirip, il-ýurt bähbitli işler etmek her bir ynsanyň esasy maksady bolmalydyr. Adam ömrüniň manysy bolsa, söýüp-söýlüp ýaşamakda jemlenendir. Söýgüleriň iň mukaddesi ata Watana, ene topraga, il-ýurduňa, ýagşylyga söýgüdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Gözüň gören topragy, ýüregiň aram tapan mekany bolsa, kalp çuňlugyndan doguma, gaýrata, mukaddes kelama siňip, adamzadyň watançylyk duýgusynyň iň naýbaşy nusgasy hökmünde beýan edilýär» diýip belleýär. Watan mukaddesligi, watansöýüjilik, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk türkmen halkynyň owal-ahyr aň-düşünjesine siňen mukaddeslikler hasaplanýar. Watana söýgi ata-babalarymyzyň kemala getiren iň mukaddes taglymatydyr. Şonuň üçin hem merdana pederlerimiz bu mukaddes taglymaty geljek nesillerine miras galdyrmagy özleriniň borjy hasaplapdyrlar. Şunda eziz Watanymyzyň her bir gymmatlygyny goramak ugrunda edilen işleriň näderejede mukaddeslikdigi aýan bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýha

«Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Awaza, 12-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Awaza, 12-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Döwletli tutumlar bilen rowaçlanýan Türkmenistan

Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli ruhyýetimize, durmuş dessurymyza kybap gelýän «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen atalar sözünde türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer garaýyşlary, durmuş filosofiýasy aýdyň şöhlelenýär. Bu ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna, täze ruha eýe bolup, dowamat-dowam bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümlesi ata Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrülip, ýurdumyzyň täze taryhyny dabaralandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir kabul edilýän taryhy çözgütleriň, durmuşa geçirilýän uzak möhletli maksatnamalaryň, belent maksatlardan we tutumlardan ugur alýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkyň bähbidi bar.

Waspyň dillerde dessan!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, asudalygy söýýän halkymyzyň täze taryhynda ähmiýetli wakalaryň biridir. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde döwlet Garaşsyzlygyny berkarar etmekde parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk, milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz Diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy we döwletimiziň halkara abraý-mertebesi has-da artdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, ýüze çykýan döwletara meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ol umumadamzat bähbidine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygy

Täzelikler

Şu gün welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar başlandy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu çärä orta mekdepleriň mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri işjeň gatnaşýarlar. Okuwlarda welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, tejribeli mugallymlar, alymlar bilim-terbiýeçilik işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak arkaly okatmagyň öňdebaryjy usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmak dogrusynda nutuklar bilen çykyş edýärler. Okuwlarda golaýlap gelýän täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňlerinde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe bolýar

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.