"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy

Agzybirligi baýdak edip geçilen menzilleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy, bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarydyr düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar ýyllaryň synagyndan geçen hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň görkezijisidir. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 5-7-nji iýulda ýurdumyzda saparda bolmagy hem bu aýdylanlaryň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi. Ählumumy gatnaşyklaryň sütüni

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, Bitaraplyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Resminama bilen Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we olaryň köpçü

«Akylly» şäheriň ak ýoly

Gysga wagtyň içinde gözelligiň, täzeçilligiň, bagtyýarlygyň mesgen eýlän mekany hökmünde owazasy dünýä dolan Arkadag şäheri ilkinji ýaş toýuny toýlady. Sebitde ilkinji «akylly» şäher halkara derejeli ylmy maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň geçirilýän, Türkmenistana gadamy düşen islendik myhmanyň hökman görmeli hasaplap, syýahatçylyk maksatnamasyndan esasy orun berýän künjegine öwrüldi. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary tizlikli internetden peýdalanmak mümkinçiligi döredilen Arkadag şäheri bu günki gün «ýaşyl» tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň hem nusgasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça «Habitat — III» maslahatynda tassyklanan «Täze şäher gün tertibi» konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde halkara sylaglarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolan Arkadag şäheri daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň mekdebi diýip hem ynam bilen atlandyryp bileris.

Saýlawlar — halkyň ýürek sesi

7-nji iýulda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde bellenilişi ýaly, saýlawlar ildeşlerimiziň ýokary işjeňlik görkezmeginde, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň berjaý edilmeginde bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi. Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleriniň, milli synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde bu möhüm syýasy çärä üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adamyň gatnaşandygy, bu görkezijiniň bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdigi habar berildi. Milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýan raýatlar dalaşgärlik etdiler. Olaryň arasynda döwlet edaralarynyň wekilleriniň, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 27-nji iýun­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Const­ructi­on Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Bek Jung-Wa­ny ka­bul et­di.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Ösüşleriň täze mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çuň mazmuna baý pursatlarynda muny aýdyň görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, eýýäm ençeme ýyllardan bäri  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we dünýäde parahatçylygy ösdürmekde, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ilerletmekde öňe sürýän ählumumy bähbitli tagallalaryna bildirilýän ýokary hormatyň beýanydyr.

Ulag ulgamynyň hukuk binýady

Ýurdumyzyň ulag ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup, onuň ösdürilmegine döwlet derejesinde aýratyn goldaw berilýär. Şeýle hem bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen birlikde, hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamynda alnyp barylýan işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Howa kodeksi, «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Magistral turba-geçiriji ulag hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biri boldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Güljahan MEREDOWA, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik: — Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmak babatda-da anyk işler alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek BERDIMUHAMEDOWA

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy hormatly hanym! Men biziň Türkmenistana bolan döwlet saparymyzyň dowamynda meniň ýoldaşyma hem-de maňa bildiren mähirli myhmansöýerligiňiz üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna we Size çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin. Siziň bizi şeýle göwnaçyklyk hem-de myhmansöýerlik bilen garşylamagyňyz bizde bir-birimizi köp wagtdan bäri tanaýan ýaly duýgyny döretdi. Biz oňaýly ýagdaýda dürli ugurlara degişli meseleler boýunça söhbetdeş bolmaga mümkinçilige eýe bolduk.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär. Deputatlary bellige almak 13-nji iýulda sagat 9:00-da başlanýar.

Ahal we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary zähmet ýeňşini gazandylar

Ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri babatda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, oba zähmetkeşleri tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün edilýär. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Munuň özi bu jogapkärli möwsümiň ýokary netijelere beslenmegine ýardam berýär. Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda ilkinji bolup Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary öz şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär. Deputatlary bellige almak 13-nji iýulda sagat 9:00-da başlanýar.

Azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

«Arkadag» ýyldyzy — bagtyň ýyldyzy

Bu günki gün mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren bagtyýar zamanasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy barha belende galýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlas-paýhasyndan kemal tapan döwrebap Arkadag şäheri bolsa eýýäm bir ýyldan gowrak wagt bäri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan bu döwrebap şäheriň ýakynda uludan baýram edilen bir ýyllyk dabaralary ähli raýatlarymyzyň ýüreklerini joşduran taryhy wakalaryň ýene biri bilen utgaşdy. Şol gün asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle hem teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy ýokary okuw mekdebimiziň ähli mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny çäksiz buýsandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Türkmenistan — BMG gatnaşyklary: ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga eýedir

Şu ýylyň 5-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. 6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak bilen, Türkmenistanyň we Milletler Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň BMG-niň esasy halkara konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Olar bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýada öwrüldi.