"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Size «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de forumyň ýokary derejede geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky başlangyçlaryňyzyň, ylmy diplomatiýada köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Döwri döwranly Diýar

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. 4 — 6-njy dekabr aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Täze ýyl baýramyny garşylamaga görülýän taýýarlyk, «Merdana nesil — 2024», «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Döredijilik — döwletlilik

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda degişli ýolbaşçylar häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň, Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hyzmatdaşlyk ilerledilýär

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Gurýan döwlet

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi. Bu ýerde alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy

Adamlar birek-birege gol uzadyp ýakynlaşýarlar. Döwletleri bolsa birek-birege uzan ýollar ýakynlaşdyrýar. Şonuň üçinem türkmençilikde köpri gurmak, ýol çekmek ozaldan sogaply, haýyrly iş hasaplanylyp gelnipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy hem şol asylly ýörelgelere esaslanýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň, dünýä ähmiýetli öňe sürülýän başlangyçlaryň, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalaryň düýp maksady hem Ýer ýüzünde ählumumy abadançylygy berkarar etmekden ybaratdyr. Ata Watanymyz Türkmenistan soňky onýyllykda dünýä derejesinde ulag diplomatiýasyny dabaralandyrmakda iň işjeň çykyş edýän döwletleriň biri hökmünde halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe boldy. Bu ýöne ýere däl. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly

Il-ýurt bähbitli oňyn işler

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Şähergurluşyk maksatnamasynyň ajaýyp nusgasy

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi.

Şöhrata beslenen menziller

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalara beslenýän günlerinde ýurdumyzda halkara maslahatlar, sergilerdir forumlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 26-njy noýabr — «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu senede 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty geçirilipdi. Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde bu senäni dabaralandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Bu çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlandy. Türkmenistan sebit hem-de halkara ulag we maglumat-kommunikasiýa ulgamlaryna işjeň goşulmak ugrunda halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrýar. Ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän şertlerinde ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmek ugrunda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýär. Demir ýol, awtomobil, howa we deňiz gatnawlarynyň görkezijileri ýylsaýyn ýokarlanýar.

Halk bähbitli tagallalar

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Halk bähbitli beýik işler

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer hasabat berdiler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu işler döwür bilen aýakdaş gitmegiň esasy şerti bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Bagtyýardyr, berkarardyr Watanym Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna beslenmegi ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine täze badalga boldy. Çeper sözüň güýjüne belent baha berýän halkymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülip giden goşgy setirlerini mukaddeslik derejesine göterýär. Uly yhlasyň we joşgunly zähmetiň netijesinde bu ýyl belent görkezijilere beslenýär we taryhy wakalar bilen şöhratlanýar.