Ählumumy bagtyýarlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän beýik başlangyçlary uly ösüşlere berk binýat bolup, dünýä döwletleri tarapyndan giň goldaw tapýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşiginde arkalaşykly tagallalary birleşdirmegiň, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan syýasaty yzygiderli alyp barmagyň ajaýyp tejribesini toplan, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän abraýly döwlet hökmünde tanalýar. Hut şonuň üçinem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda özüniň daşary syýasat ugruny has-da kämilleşdirýän eziz Diýarymyzda syýasy we ykdysady gatnaşyklarda ähli ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Şeýlelikde, ata Watanymyz Türkmenistan ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar, hemmetaraplaýyn ösüp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Döwletimiziň daşary ykdysady syýasaty, ozaly bilen, ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdeleri babatda dünýäniň dürli döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle-de ulag we aragatnaşyk ulgamynda, ykdysadyýetiň beýleki ug