"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Aşgabat — Kazan, 15-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Aşgabat — Kazan, 15-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Batly gadamlar üstünlige ýetirýär

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň hasabatlary diňlenildi. Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar!

Şanly senäniň şanyna

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Kreml binasynyň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler.

Ýaş nesiller — guwanjymyz

Ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň ýapyk manežine bardy. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Ussat halypa atşynas Gahryman Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Körpeler halypa atşynas Gahryman Arkadagymyzyň manyly hem-de gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler. Şeýle-de, olar milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Soňra ussat atşynas Gahryman Arkadagymyz çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlary gowşurdy. Körpeler sowgatlar üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimizden

Şanly ýylyň taryhy wakalary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda halkara çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Ertir türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda gurlan, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Birigün bolsa ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni giňden belleniler. Bu şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň paýtagty hem-de sebitlerimiz toý lybasyna beslendi. Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar ýurdumyzda we daşary döwletlerde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, dana Pyragynyň hormatyna daşary döwletlerdäki ilçihanalarymyz tarapyndan wagyz-nesihat duşuşyklary, metbugat maslahatlary we beýleki çäreler guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçilýän toý-baýramlarymyzda şu ýylyň we onuň şygarynyň ähmiýeti giňden şöhlelendirilýär.

Halkymyzyň atşynaslyk ýörelgeleri

«Ahalteke bedewleri bagtyýar zamanamyzda öz öçmejek taryhyna şöhrat getirýärler» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Gahryman Arkadagymyzy akademiýanyň ýapyk manežinde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ýaş nesilleriň bedew atlara bolan söýgüsiniň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň mysalydygyny belledi. Ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň arasynda seýis, çapyksuwar, atçylyk

Hukuk binýady — ösüşleriň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Ata-babalarymyzyň kämil paýhasy, milli edim-gylymlary esasynda şöhratlanyp, Ýer ýüzünde dünýä nusgalyk döwlete öwrülen Türkmenistan bu gün dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyp, ählumumy häsiýete eýe bolan giň möçberli meseleleri çözmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we degişli Kararnamalar arkaly berkidilýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji mejlisinde ýurdumyzyň ba

Arkadag şäheri, mermer Aşgabat, sizde durmuş gözel, sizde göwün şat

Adamzat tarapyndan tehnologiýanyň şeýlekin ösdürilip, geljegi şu günde hem synlamak mümkinçiligine eýe bolnan, edil şol bir wagtda hem, taryhy gymmatlygy bolan her bir zadyň derejesini öňküden-de beýgeltmegiň içgin alada edinilýän döwürde jahan içre özboluşly gözelligi we artykmaçlygy bilen parhlanýan şäherler az däl. Olaryň arasynda müňýyllyklary başyndan geçirip, geçmişiň syrly aýdymlaryna hiňlenip oturan gadymy şäherler hem, dünýäniň iň täze gazananlary arkaly bina bolup, döwrebaplygyň kämil nusgasyna öwrülen täze şäherler hem bar. Megerem, muny şeýlekin şäherlerde bolup gören adamlar has gowy taryp ederler. Elbetde, bu ýerde «dogduk şäherim», «talyplygymyň geçen şäheri», «ilkinji söýgime duşan şäherim» ýaly aýratynlyklar hem bolup biler, emma bir adamyň ykbalynda ajaýyp şäher hökmünde orun tutmak bir başga, giň dünýäde, tutuş bir sebitde deňsiz-taýsyz şäher bolmak bir başga. Bu zatlary aýtmak bilen, biziň göz öňünde tutýan şäherimiziň Arkadag şäheridigine okyjylar eýýäm düşünen bolsalar gerek. Çünki şan-şöhraty diňe bir sebite däl, eýsem, uly dünýä ýaýran täze şäher düýbi tutulanyndan şu günki güne çenli dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolup gelýär. Bu, elbetde, bizi örän buýsandyrýar. Ýöne ol hakynda bira

Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýalkymy

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri esasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesil hakyndaky aladanyň aýdyň nusgasy bolup, halkymyzyň ynsanperwer, sahawatly ýörelgelerini dabaralandyrýar. Halkymyzyň çagalary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde aýdyň ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu gaznanyň döredilmegine 3 ýyl doldy. Şu geçen gysga döwürde onuň alyp baran haýyr-sahawat işleri bolsa, howandarlyga mätäç nijeme ynsanyň kalbynda umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jaýdar nygtaýşy ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýet

Berkararlygyň baş binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk hem-de adalatlylyk baradaky arzuwlarynyň beýany bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky geçmişiň we häzirki döwrüň üýtgewsiz baglanyşygyna daýanmak bilen, röwşen geljege tarap öz ýoluny saýlap alyp, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň bähbidine oňyn başlangyçlary ynamly öňe sürýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu asylly ýörelgeler häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine täzeçil çemeleşmäni görkezýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini özünde jemläp, esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen bir hatarda, çeýe hukuk guraly bolup durýar, şeýle-d

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar! Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Belent maksatlar rowaçlyga beslenýär

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi. Olar özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.