Agzybirligiň berk binýady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz halkymyzy baky bagta, döwletli döwrana ýetirdi. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny mynasyp hem üstünlikli dowam etdirip, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, ynsanperwer işlerini barha rowaçlandyrýar. Bularyň ählisi halkymyza Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miweleridir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz yhlasly we netijeli zähmet çekip, bütin dünýä watansöýüjiligiň, agzybirligiň belent nusgasyny görkezip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da berkidýär. Şunda halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hem örän uly ähmiýete eýedir. Dana halkymyzda il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halk bilen geňeşip, ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sarpa goýmak owaldan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mukadd