"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Nobatdaky kararnama kabul edildi

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Iki palataly parlamentiň döredilmegi: ýurdumyzyň döwlet gurluşynda düýpli öwrülişik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden başlap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kanun binýadyny kämilleşdirmegiň ygtybarly guraly bolan milli parlamenti türkmeniň ata-baba gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň esasynda gurmaga aýratyn uly yhlas siňdirdi. Şol esasda edilen işleriň netijesinde milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde öňe süren döwletli başlangyjyna laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen, berkarar döwletimiziň kanun çykaryjy edarasyny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ýaly iki palataly parlamente öwürmek baradaky möhüm mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu möhüm başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Konstitusion topar döredildi. Konstitusion topar bolsa şondan soňky geçen bir ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bu möhüm meseläni amala aşyrmaga dahylly ähli dolandyryş düzümleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy we jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de halk köpçüligi bilen ýakyndan işleşmegiň esasynda uly işleri durmuşa geçirdi hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlady. Bu Konstitu

Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolýar

Golaýda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu forum mähriban halkymyzyň milli gymmatlygy, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan meşhur ganatly bedewleri wagyz etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugrudyr.

Belent maksatlar rowaç alýar

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna söz berdi. Olar gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan daşaýjylary awtoulagda halkara gatnawlara goýbermegi düzgünleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada habar berdiler.

Döwletli ýörelgeler ýol alýar

16-njy ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da­ky «Oguz­kent» myh­man­ha­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­ly­gyn­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XI mej­li­si ge­çi­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­man­ha­na­nyň mas­la­hat­lar za­ly­na bar­ýar, şol ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­zi ýyg­na­nan­lar ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­ýar­lar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Mälikguly Berdimuhamedow

(1932 — 2021) 18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.

Ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirildi

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirildi

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Saglyk — baş baýlyk

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada ileri tutulýar. Munuň aýdyň subutnamasyny saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda, bu ugurda gazanylýan üstünliklerde hem görmek bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bolsa şeýle üstünlikleriň esasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribesini öwrenmekde netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda adam saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezle

Aşgabat — sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri

Günsaýyn gözel keşbe beslenýän paýtagtymyz Aşgabat biziň ata Watanymyzyň häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýan ajaýyp şäherdir. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda hem giň gerimli gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýän döwründe bolsa şol işler has-da ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän hem-de dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna girýän paýtagtymyz Aşgabat özüniň özboluşly we täsin binagärçilik sungaty bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Saglygy goraýyş merkeziniň işi ileri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli ulgamlar bilen deň hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanylmaga berlen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylan gününden bäri, halkymyza hyzmat edip gelýär. Birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi ähli öňdebaryjy, döwrebap, kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Merkeziň maslahat beriş, anyklaýyş, kabul ediş bölümi bolup, onuň düzüminde gaýragoýulmasyz tiz kömek otaglary, barokamera, balneologiýa, dikeldiş-reabilitasiýa, intensiw bejeriş, reanimasiýa we anesteziologiýa, barlaghana, plastiki operasiýa, çagalar we uly adamlaryň ýanyk şikeslerini bejeriş bölümleri bar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň nobatdaky Kararnamasy kabul edildi

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etjek birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hakynda hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny geljekde hem dowam ederis

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ählumumy parahatçylyga gönükdirilen tagallalar

Milli Liderimiz täze desgalaryň açylyşyna hem-de halkara maslahata gatnaşdy 15-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.