"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Tatarystanyň Baştutany “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.

Türkmenistanda Konstitusiýanyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy. Gojaman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde seleňläp duran belent Konstitusiýa binasynyň ýanynda ir säher bilen baýramçylyk çäreleri başlandy. Bu ene topragymyzda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmeleriň many-mazmunyny aýdyň görkezýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

18-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Asylly däplere eýerip

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Tatarystanyň Baştutany “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.

Beýik buýsanjyň beýany

18-nji maýda paýtagtymyzda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy Gojaman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde seleňläp duran belent Konstitusiýa binasynyň ýanynda ir säher bilen baýramçylyk çäreleri başlandy. Bu ene topragymyzda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmeleriň many-mazmunyny aýdyň görkezýär.

Gözelligiň mesgeni

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar, döredilýän seýilgählerdir suw çüwdürimleri Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar, hemmeleriň ünsüni baş şäherimize çekýär. Bu ýerdäki janly tebigata özboluşly öwüşgin berýän owadan seýilgähler dynç alyş üçin arassa howasy we gülzarlyga beslenen meýdançalary bilen aýratyn tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen syýasy we ykdysady taýdan ösen şäherimiz Aşgabat ýaşaýyş-durmuş şertleri babatda hem hut şeýle. Bu hakykata paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri — gözel seýilgähleri aýdyň şaýatlyk edýär. Olar şäher ilatynyň dynç alýan iň bir söýgüli ýerleri hasaplanýar. Bagy-bossanlyga öwrülen baş şäherimiziň seýilgähleri dynç almak, gezelenç etmek we sungat bilen meşgullanmak üçin ekologiýa taýdan örän arassa gözel künjekler bolup durýar.

Türkmenistan bagtyýarlygyň Watany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, gülleýän bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan günlerimizde 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi, 18-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ýokary ruhubelentlik bilen giňden hem-de ýatdagalyjy pursatlara beslenmegi toý-baýramlarymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy. Milli Liderimiz Tatarystanyň Baştutanyny myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni, ruhy umumylygyna esaslan

Milli gymmatlyklarymyz asylly işlere ruhlandyrýar

18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy. Gojaman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde seleňläp duran belent Konstitusiýa binasynyň ýanynda ir säher bilen baýramçylyk çäreleri başlandy.

Durnukly gatnaşyklarda ösüşiň täze derejesi

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Tatarystanyň Baştutany «Oguz han» köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.

Döwlet berkararlygynyň dabaralanmasy

Öňňin Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Döwletliligimiziň mukaddes nyşanlarynyň şanyna guralan dabaralar türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň beýanyna öwrüldi. 18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

18-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Şanly senä bagyşlandy

Golaýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Berkararlygyň synmaz sütünleri» atly sergi geçirildi. Baýramçylyk sergisi muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklaryň esasynda guraldy. Döwlet baýdagymyza, ol hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan göçürmelere serginiň görnükli ýerinde orun berildi. Mundan başga-da, sergide türkmenleriň guran döwletleriniň — Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň baýdagy, Garahanly türkmenleriniň, Gaznaly türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Eýýuby türkmenleriniň, Memluk türkmenleriniň, Osmanly türkmenleriniň, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň, Sefewi türkmenleriniň, Awşar türkmenleriniň döwletleriniň baýdaklarynyň suratlaryny görmek bolýar.

Döwlet berkararlygynyň mizemez esaslaryna hormatyň aýdyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy 18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.

Habarlar

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGYHormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle sözler bar: «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň we rowaçlygymyzyň sarsmaz hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz, buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligimizi we jebisligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyz biziň milli gymmatlygymyzdyr». * * *

Türkmenistanda Konstitusiýanyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.

Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Öňňin paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz «Oguz han» köşkler toplumynda Tatarystanyň Baştutanyny mähirli garşylady.

Ählihalk buýsanjyna beslenen baýram

Düýn ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi. Ählihalk baýramy mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senedir. Hut şonuň üçin buýsanja beslenen bu baýram her ýyl ýurdumyzda dabaraly bellenilýär.

Raýatlarymyzyň saglygy — döwletimiziň baş aladasy

14-nji maýda milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy Mejlisde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, hususan-da, dynç alyş döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi. Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Wajyp meseleler üns merkezinde

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş sapary bilen baryp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.