Arkaýynlyk — bu bikär ýatmakdyr
Birsydyrgyn durmuş, gaýgy-aladasyz ýaşamak, gör, nähili oňat! Bu sözler gulaga her näçe hoş eşidilse-de, beýle durmuşda ýaşamak, o diýen gowy bolmasa gerek. Göz öňüne getirip görüň, ähli maksatlaryňyza, isleg-arzuwlaryňyza ýetmegiňiz özüňizi boşlukda ýaly duýmagyňyza sebäp bolmazmy?! Şeýle-de, eýsem, Ýaradan bu dünýäni biziň şeýle durmuşda ýaşamagymyz üçin ýaratdymy?! Elbetde, ýok! Emma näme üçindir, biz azarsyz-bizarsyz, arkaýyn ýaşamagyň arzuwynda. Jemgyýetde şeýle adamlar bar: olar ähli şertleri bar hem bolsa, bikär ýaşamakdan daşda durýarlar. Gaýta olar köpçülige peýdaly işleri bitirip, ýagşylyk medeniýetini ýaýmak isleýärler, kalplara ýagşylyk paýlaýarlar, ynsanlara kömek goluny uzadyp, halal ýaşaýşa ymtylýarlar. Şu ýerde bir kyssa ünsüňizi çekesim gelýär. Onda: «Melleginde müň batman hasyl alyp biljek bir kişi, diňe öz ýaltalygy we höwessizligi zerarly dokuz ýüz batman hasyl alsa, aradaky ýüz batmanyň hasaby ondan soraljakdyr. Ynsanlara peýdaly bolmakdan gaçýan, muny-da takwa we terkidünýälik hasaplaýan kişi, şeýtandan başgasyna uýan däldir» diýilýär. Bu aýdylanlar ýaşaýyş üçin hereketsiz bolmak däl-de, öz hereketiň bilen adamlara görelde görkezmek hakyndadyr. Şunlukda, dünýä geleniňden soň durmuşdan ýerlikli peýdalanmagy