"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

«Bars» nyşanly önümler

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän we özüniň öndürýän önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan önümçilikleriň biri-de «Bars» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanadyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasyna degişli bolan bu kärhanada öndürilýän konditer önümleri ak bazarlaryňdyr dükanlaryň, maşgala suprasynyň bezegidir. Datlydan tagamly şokoladdyr kökeler we beýleki süýjülikler ilat arasynda hemişe uly islege eýe bolup gelýär. Muňa oňat düşünýän agzalan kärhananyň işçi-hünärmenleri hemişe täzeçilligiň gözleginde bolmak bilen, konditer önümleriniň täze-täze görnüşlerini öndürmek ugrunda tagalla edýärler. Olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň ýerine düşýändigine kärhanada önümçiligi ýola goýlan önümleriň görnüşiniň artýandygy hem şaýatlyk edýär. Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň özünde kärhanada täze önümiň, ýagny keksiň üç görnüşiniň we şokoladyň birnäçe görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýlelikde, kärhanada öndürilýän konditer önümleriniň görnüşleri onlarça ýetdi.

Ak bazaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň günsaýyn rowaçlanýandygyna häzirki günlerde ak bazarlarda we dükanlarda giň gerim alýan baýramçylyk söwdalary anyk şaýatlyk edýär. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalary diýseň gyzyşdy, azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň köp dürli görnüşleri ilata elýeterli bahadan hödürlenýär. Munuň şeýledigine welaýat merkezindäki «Ak bugdaý» bazarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazar häzir has-da gelim-gidimli. Bazara gelýän alyjylara bereket bolçulygyny alamatlandyrýan, tekjelere bezeg berýän ýokary hilli önümlerdir harytlaryň islän görnüşini satyn almaga giň mümkinçilik bar. Ylaýta-da, medeniýetli hyzmat we nyrhlaryň elýeterliligi alyjylary örän begendirýär. Bazara söwda etmäge gelen bagtyýar ildeşlerimiz bilen özara gürrüňdeşlikde hem bu hakykata göz ýetirdik.

Baýramçylyk saçagyna elin şöhlat

Ertir Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir şanly ýylynyň iň ahyrky güni ― 31-nji dekabr. Diýmek, ertir agşam ähli öýlerde baýramçylyk desterhanlary giňden ýazylyp, üsti naz-u-nygmat bilen bezeler. Baýramçylyk berekedine welaýatymyzyň önüm öndürijileriniň hem goşant goşýandygyny ozal habar beripdik. Şolaryň hatarynda kerkili telekeçi Samandar Mustapakulow hem bar. Onuň ýolbaşçylygyndaky kärhanada indi alty ýyla golaý wagt bäri şöhlat taýýarlanylýar. Baýramçylyk saçagy üçin azyk önümleri satyn alnanda, şöhlat sanawa ilkinji ýazylýan nygmatlaryň biri. Eýýäm ençeme ýyldan bäri bu datly et önüminiň öz ýurdumyzda öndürilmegi bahasynyň hem elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Samandar Mustapakulow hem 2016-njy ýyldan bäri bu bolçulyga goşant goşup gelýän hususyýetçileriň biri.

Datlydan tagamly önümler ildeşlerimiziň toý saçagyna bezeg goşar

Baýramçylyk söwdalarynyň barha gyzyşýan häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ak bazarlarynyň we dükanlarynyň islendigine baranyňda «Nur» haryt nyşanly maýonez we beýleki gaplama önümleriň dürli görnüşlerinde gözüň eglenýär. Datlydan tagamly şol önümleriň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň häzirki zaman kärhanasynda öndürilýändigini bellemek diýseň ýakymly. Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlangyjy boýunça agzalan kärhana baryp, işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşmagy makul bildik. Ol ýere baranymyzda önümçilik bölümlerinde işleriň gyzgalaňly häsiýetde alnyp barylýandygyna, işçi-hünärmenleriň her biriniň bagtyýar ildeşlerimiziň Täze ýyl saçagynyň berekedine goşant goşmak hyjuwy bilen zähmet çekýändigine şaýat bolduk.

GUŞ ETINDEN TAÝÝARLANAN ÖNÜMLER bagtyýar halkymyzyň Täze ýyl baýramynda bereketli saçaklary bezär

Her bir döwletli ojakda sabyrsyzlyk bilen garaşylyp, uly şatlyk-şowhun bilen garşy alynýan Täze ýyl baýramçylygy hem ýetip gelýär. Täze ýyl maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Nesip bolsa, täze — 2022-nji ýyl hem her bir maşgalada dürli naz-nygmatlardan doldurylan bereketli saçagyň başynda, agzybirlik bilen garşylanar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Zere Ibragimowa bolsa bu bereketli saçaklara süýji tagamly hind guşunyň etinden taýýarlanan önümleri hödürlär. Çünki ol ýurdumyzda ilkinji bolup, hind guşunyň etini öndürip başlan döwrebap toplumyň gaýtadan işleýän bölümine ýolbaşçylyk edýär. Gelin-gyzlaryň ýüzlerçesini birleşdirýän bu bölümde hind guşunyň etinden ýarymfabrikatlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. — Ýarymfabrikatlar öý bikesine ep-esli ýeňillikleri döredýär. Ýagny biziň öz işine ussat zenanlarymyz börek, manty, kotlet ýaly dürli tagamlary gazana ataýmaly edip taýýarlap, dürli reňkli owadan gaplara gaplaýarlar hem-de ýörite sowadyjylarda doňdurýarlar. Olaryň gaplarynda taýýarlanyş usullary, saklanyş şertleri we ýaramlylyk möhleti görkezilen. Meselem, kotleti doňuny aýyrmazdan gyzgyn saja goýup, haýal ýanýan otda her tarapyny 2 minut gowurmaly, soňra ody peseldip, ýene üç minut goýmaly, o

Il bähbitli çäre göwünleri galkyndyrýar

24-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat, azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwlaryny guramak, adamlar dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahalaryny 50 göterime çenli arzanlatmak barada beren tabşyrygy ýurdumyzyň Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň-da baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Diýarymyzyň günorta sebitinde «Sahawatly söwda» çäresiniň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa şeýle gürrüň berdi:

Arkadagly döwrüň sahawaty

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda yglan edilen «Sahawatly söwda» çäresi ildeşlerimiz üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy. Onda-da nähili ajaýyp sowgat! Aslynda, «Sahawatly söwda» arzanladyşy milli Liderimiziň watandaşlarymyza bagyşlan baýramçylyk sowgatlarynyň diňe bir bölegi. Ilki-hä, aý gutarmanka, dekabr aýynyň hem zähmet hakyny elimize aldyk. Soň ähli söwda merkezlerindäki harytlaryň bolçulygy gözümizi dokundyrdy. «Sahawatly söwda» bolsa bu sanan gowulyklarymyzyň üstüni ýetirdi. 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda watandaşlarymyz şäher awtobuslarynyň hyzmatyndan hem mugt peýdalanarlar. Bu sanawa gyzykly şüweleňleri, ýatdan çykmajak dabaralary, içi naz-nygmatly Täze ýyl sowgatlaryny hem goşup bolar. Şular barada oýlananyňda, gaýtadan çagalyga dolanyp, Aýazbaba hat ýazan hem bolsak, munça gowulygy, munça sowgady serimize getirip bilmezdik diýýärsiň. Ajaýyp döwrümiziň bu günki eçilenleri arzuwlardan has zyýada... Gyzgalaňly söwda

«Sahawatly söwda»: 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşap, her bir baýramçylygy şatlyk-şowhunly belläp geçmegi üçin uly tagalla edýär we bu babatda ähli mümkinçilikleridir şertleri döredýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyò 25-nji dekabryndan 2022-nji ýylyò 1-nji ýanwary aralygynda harytlaryň dürli görnüşine islegleri kanagatlandyrmak we olaryň has-da elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, harytlar 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan bahalardan satylýar. Şunuň bilen baglanyşykly «Sahawatly söwda» çäresi guralýar. Bu çäre Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda-dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda geçirilýär.

Alyjylar ýeňillikli bahalardan hoşal

Halkymyzyň iň söýgüli baýramlarynyň biri — Täze ýyla uly sowgat bolan «Sahawatly söwda» çäresi ýurdumyzyň iri söwda merkezleridir bazarlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. 25-nji dekabrda başlanyp, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam etjek arzanladyşlarda çagalar, erkekler we zenanlar üçin egin-eşikler, çaga oýunjaklary, mekdep harytlary we garyşyk önümler elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär. Paýtagtymyzyň Täze ýyl öwüşginlerine, şatlyk-şowhuna beslenen ýerleriniň biri-de Tähran köçesiniň ugrundaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezidir. Täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy tamamlanyp barýan ýylyň esasy wakasy, şanly toýlarymyza mynasyp sowgat boldy. Açylanyna entek köp wagt geçmedik hem bolsa, bu merkez paýtagtlylaryň hem-de onuň myhmanlarynyň söýgüsini gazandy. Şu günler onuň her gatynda owadan bezelen arçalarda, Aýazbabanyň daşyna jemlenen çagalarda, ertekileriň gahrymanlarynda nazaryň eglenýär.

Baýramçylyk satuwlary gyzyşýar

Demirgazyk welaýatda-da «Sahawatly söwda» çäresi Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezinde gyzgalaňly dowam edýär. Döwrebap merkeziň dürli yşyklar bilen şugla saçýan toý lybasy, söwda dükanlarynyň köp görnüşli harytlardan, Täze ýyl sowgatlaryndan doly uzyn tekjeleriniň baýramçylyk bezegi, bereket-bolçulygy alamatlandyrýan görkana görnüşler aýratyn gözellik döredýär. Bu ýerde uly şatlyk bilen garşy alynýan Täze ýylyň toý saçagyna bezeg berýän azyk önümleriniň, käbir harytlaryň arzanladylan nyrhlardan satuwy göwnejaý ýola goýuldy. Merkeziň ähli söwda dükanlarynyň gapysyndaky harytlaryň arzanladylandygy baradaky ýazgylar bada-bat göze ilýär. Birinji gatda ýerleşýän «Kämil» market ýokary derejede hyzmatlary guramagyň, baýramçylyk mynasybetli arzanladylan harytlaryň iň köp görnüşiniň satylýan iri söwda nokady hasaplanýar. Şoňa görä-de, ol şäher ýaşaýjylarynyň, welaýatyň ähli künjeklerinden bolan adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. — Önümleriň nyrhynyň arzanladylmagy bilen, gündeki edilýän söwdanyň möçberi ep-esli artdy. Marketimizde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän süýji-köke önümleri, dürli içgiler, et önümleri, ir-iýmişler, ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän sitrus miweleri, hyýar-pomidorla

«Pantone» 2022-niň reňkini yglan etdi

«DoorDash»-yň eltip bermek hyzmaty ösýär

El­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän «Do­or­Dash» kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýyl­da hem ösüş gazanmagyny do­wam eder. «Do­or­Dash» 2021-nji ýy­lyň il­kin­ji do­kuz aýyn­da ABŞ-nyň 5,5 mil­liard dol­lar­yn­dan gow­rak gir­de­ji ga­zan­dy. Bu gör­ke­zi­ji kom­pa­ni­ýa­nyň 2020-nji ýy­lyň do­kuz aýyn­da ga­za­nan ABŞ-nyň 2,9 mil­liard dol­la­ryn­dan iki es­se ar­tyk­dyr. Şeý­le-de «Do­or­Dash»-yň 2021-nji ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça, ABŞ-da iý­mit üçin çyk­da­jy­lar, tak­my­nan, ABŞ-nyň 1,8 tril­li­on dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. 

«TikTok»-da el­tip ber­mek hyz­ma­ty peý­da bo­lar

Hy­ta­ýyň «Tik­Tok» in­ter­net ul­ga­my azyk önüm­le­ri­ni el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­ýar di­ýip, «Met­ro» ne­şi­ri ha­bar ber­di. Ha­ba­ra la­ýyk­lyk­da, hyz­mat «Tik­Tok Kitchen» ady bi­len bel­li bo­lar we ol 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da işe baş­lar. Sar­gyt edip bol­ýan azyk haryt­la­rynyň sa­na­wy­na so­sial ul­gam­lar­da meş­hur­lyk ga­za­nan ta­gam­lar gi­rer. Ne­şi­riň ha­ba­ry­na gö­rä, müş­de­ri­ler hyz­ma­tyň işe goý­be­ri­len il­kin­ji dö­w­rün­de bi­şi­ri­len fe­ta peý­ni­ri­ni, mek­ge­jö­wen pat­ra­gy­ny we unaş çips­le­ri­ni sar­gyt edip bi­ler­ler. Şol birwag­tyň özün­de, «Tik­Tok» öz jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti kär­ha­na­la­ry­ny aç­maz, ýö­ne is­len­dik res­to­ran­dyr ka­fe onuň hyz­mat­la­ry­na go­şu­lyp bi­ler. 

«Wel­lto­wer» 2022-nji ýylda täze hyzmatlaryny hödürlär

Goz­gal­ma­ýan em­läk eýe­si «Well­to­wer» kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da täze meýilnamalaryny taý­ýar­la­ýar we müşderileriň ösen isleginiň amat­ly mümkinçiliginden peý­da­lan­mak is­le­ýär. «Well­to­wer»-iň üçün­ji çär­ýek­dä­ki di­wi­dend pa­ýy ABŞ-nyň 0,61 dol­lary möçberinde bol­up (di­wi­den­diň gir­de­ji­si 2,9%), er­kin nagt pul aky­my­nyň tö­le­gi bol­sa 76%-e deň bol­dy. Bu görkeziji hä­zir­ki wagt­da di­wi­dend­le­riň ýe­ter­lik de­re­je­de howp­suz­dy­gy­ny, hat­da kö­pel­me­gi­niň müm­kin­di­gi­ni gör­kez­ýär. Meýilnama laýylykda, «Wel­lto­wer» 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde müşderilerine ýokary derejeli täze hyzmatlaryny hödürlär.

«McDo­nald's» «Dy­na­mic Yield»-i «Mas­tercard»-a sat­ýar

«McDo­nald's» kor­po­ra­si­ýa­sy­, tak­my­nan, üç ýyl öň sa­tyn alan «Dy­na­mic Yield» san­ly ul­gam kom­pa­ni­ýa­sy­ny dün­ýä­niň iň iri tö­leg ope­ra­tor­la­ry­nyň bi­ri­ — «Mas­tercard» kom­pa­ni­ýa­sy­na sat­ýar. «McDo­nald's», «Dy­na­mic Yield»-iň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len söw­da ter­mi­nal­la­ry ar­ka­ly edil­ýän söw­da­la­ry­ny ös­dür­mek mak­sat­ly bu kom­pa­ni­ýa­ny 2019-njy ýy­lyň mart aýyn­da ABŞ-nyň 300 mil­li­on­ dol­la­ry­na sa­tyn alyp­dy. Şol ge­le­şik «McDo­nald's»-yň soň­ky otuz ýy­lyň do­wa­myn­da ama­la aşy­ran iň uly sa­tyn al­şy bo­lup­dy. Şert­na­ma­nyň res­mi­na­ma iş­le­ri­ni 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ta­mam­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Ge­çen birža söw­da­lar­ynda «McDo­nald's»-yň paý­na­ma­la­ry 1%, «Mas­tercard»-yň paý­na­ma­la­ry bol­sa 2% ýo­kar­lan­dy.

«Tomus» — saçaklaryň bezegi

Halkymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokuma baý azyk önümleri bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary saldamly goşantlaryny goşýarlar. «Tomus» haryt nyşanly çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhananyň bu ugurda alyp barýan işleri bolsa guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki, telekeçileriň we senagatçylaryň senagat zolagynda ýerleşýän agzalan kärhananyň döredilenine ýigrimi ýyla barabar wagt boldy. Ilkinji ýyllarynda çörek we çörek önümleriniň sanlyja görnüşini öndüren bu kärhananyň häzirki wagtdaky iş gerimi barha giňedi. Ol ýerde öndürilýän önümleriň görnüşi onlarçadyr.

Ilatyň baýramçylyk saçagyna

Rysgal-berekede beslenip gelýän Täze ýylda ildeşlerimiz saçagyny nämeler bilen bezär? Dogrusy, saçaklarymyzy bezeýän önümleriň, tagamlaryň ählisiniň diýen ýaly hut öz topragymyzda önýän önümlerdigi bizi diýseň begendirýär. Şol önümleriň arasynda owadan, gelşikli gaplara gaplanan we «Garaja» lezzetiň dermandyr jana» — diýen ýarlyk bilen bezelen şerbetleriň, mürepbeleriň, gaplanan önümleriň ornunyň aýratynlygy ünsümizi çekdi. Kärhana bilen tanyşlygymyz onuň iş dolandyryjysy Kemal Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlikden başlandy. — Biziň miwe we gök önümlerini gaplaýan kärhanamyz 2018-nji ýylda işe başlady. Her ýylda bir million şertli banka önüm öndürmäge mümkinçiligi bolan kärhananyň döwrebap enjamlary Türkiýeden getirildi. Ýörite kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýan toplumda şu güne çenli 335 müň banka şerbet, 40 müň banka mürepbe gaplap, ilata ýetirdik — diýip, tejribeli telekeçi gürrüň berýär. — Bu ýerde daýhan birleşiklerinden satyn alynýan miwe we gök önümler 20-ä golaý hünärmeniň tagallasy bilen ýokary hilde gaplanyp, dessine ammarlara geçirilýär. Olar mazaly özleşenden soňra söwda nokatlaryna ugradylýar. Önümler jemi 18 görnüşden ybarat. Olaryň 7 görnüşi mürepbe, ýene 7-si şerbet, 4 görnüşi hem duzlanan hyýar, kelem, pomid

Täze ýyl sowgatlaryny aldyňyzmy?

Täze ýyl baýramy barha ýakynlaşýar. Goşhaltasyny egnine atyp, «Niredesiň, körpe nesil?» diýip, ýola düşen Aýazbabanyň bu gezekki Täze ýyl sowgatlarynyň içinde nähili süýjülikler barka?! Ilki bilen, Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlaýan telekeçileriň, geçen ýyldaka garanyňda, bu ýyl has köpdügini bellemeli. Diýmek, sowgatlaryň görnüşleri-de artandyr. Eýsem näme?! Körpeler ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup süýji-köke önümçiligini ýola goýan «Hasar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan taýýarlanylýan Täze ýyl sowgatlary bilen öňden tanyş. Sebäbi bu hojalyk jemgyýeti indi köp ýyllardan bäri Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlap, ilata hödürläp gelýär. Özem olary her ýyl süýjüleriň täze görnüşleri bilen baýlaşdyrýar.

Halal zähmetiň belent sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ildeşlerimiziň birnäçesi döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda çeken halal we yhlasly zähmeti üçin «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda biziň ildeşlerimiz hem bar. Olar öz ýürek buýsançlaryny biziň bilen paýlaşýarlar. Şöwket  KERIMBERDIÝEW,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri:

Kärhananyň baýramçylyk sowgatlary

Paýtagtymyzyň bezelen şaýollarydyr köçeleri, binalary we seýilgähleri hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramymyzyň bosagada durandygyny buşlaýar. Kalbymyzy şatlyga besleýän baýramçylygy ähli ildeşlerimiz bilen birlikde telekeçiler hem toý sowgatlary bilen garşylaýar. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň birem «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi goldamak boýunça edýän bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barmak büküp sanardan köp. «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasyna ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň arasynda ilkinji döredilenleriň biri, süýji önümlerini öndürmekde bolsa «kerwenbaşy» diýsegem ýalňyşdygymyz bolmaz. Çünki ol 1999-njy ýylyň noýabrynda döredildi we hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen täze mümkinçiliklere eýe boldy. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda bölünip berlen ýerde «Oguzhan» konditer kärhanasynyň hem täze önümçilik toplumy guruldy. 2018-nji ýylyň fewralynda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, Türkmenist