Aral ekologiýasy üns merkezinde
29njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen Türkmenistanyň 2021 — 2025nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara toparynyň döredilmegi Aral meselesi babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Aral sebitiniň durmuşykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlaryny kesgitleýän Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasyna esaslanylyp döredilen Pudagara topar hemişelik esasda hereket etmek bilen, onuň işi Araldaky kynçylykly ýagdaýyň netijelerine garşy göreşmäge hemde Aralýaka sebitde ekologiýa heläkçiliginiň öňüni almaga, sebitiň halklarynyň durmuşykdysady taýdan ösüşine goşant goşmaga gönükdirilen netijeli çär