"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşykly alyp barmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyzda möhüm kanunçylyk binýady hem döredildi. Olaryň arasynda «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» aýratyn orunda durýar. Bu möhüm maksatnama howanyň üýtgemegi bilen baglylykda işlenilip düzülen milli strategiýanyň düzüm bölegi bolup, onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň uly toplumy bellenilendir. Şeýle-de maksatnamada beýleki çäreler bilen bir hatarda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny giňeltmek, çölleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde gorag-tokaý zolaklaryny döretmek, gülleri we bezeg agaçlaryny ösdürmek, tokaý goragyny we gözegçiligini netijeli, maksada laýyk ýerine ýetirmek ýaly möhüm işler göz öňünde tutulandyr. Şeýle çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmäge biziň goraghanamyzyň başarjaň we agzybir hünärmenleri hem netijeli gatnaşýarlar.

Geçiguşlar

Güneşli ýurdumyzyň ähli ýerinde serçeler maşgalasyndan bolan geçiguşlara duş gelmek bolýar. Geçiguşlar, köplenç, çopan goşlarynyň golaýynda, adamlaryň mesgen tutunan ýerleriniň töwereginde ýaşaýarlar. Geçiguşlaryň dürli görnüşleri bolup, olaryň biziň sähralarymyzda ýaşaýanlarynyň köpüsiniň ganatlarynyň hem-de garnynyň aşagyndaky perleri agymtyl ýa-da sarymtyl, ganatlarynyň üsti bolsa gögümtil mele öwüsýär. Olaryň agramy, köplenç, 25 gramdan, göwresiniň uzynlygy bolsa 15 santimetrden geçmeýär. Geçiguşlar örän duýgur bolýarlar. Ýaz ekişiniň öň ýanynda ekin ekiljek ýerleriň sürülmegi, ýagny, topragyň üstki gatynyň agdarylmagy olar üçin iýmit bolçulygyny döredýär. Olar, esasan, ösümliklere zyýan berýän mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Göwreleriniň kiçidigine garamazdan, geçiguşlar iýmiti örän köp möçberde kabul edýärler. Şol sebäpli oba hojalyk işgärleri, bagbanlar olary özleriniň ýardamçylary hasaplapdyrlar.

Haýwanat dünýäsinden

Bir günde 20 sagat uklaýan arslanlar diňe ajygan wagtlary awa çykýarlar. Şeýle hem olar öz çagalary bilen birlikde başga haýwanlaryň çagalaryny-da mähir bilen emdirýärler. ***

Horazyň hilesi

Arada goraghanamyza degişli Gabakly meýdançasyndaky tokaýlyklara we Amyderýanyň kenarlaryna möwsümleýin uçup gelen guşlaryň görnüşlerini anyklamak üçin üç günlük iş saparyna gitdim. Derýanyň kenaryna çykmak üçin gür tokaýlygyň içinden geçýän ýodajyk bilen ýöräp barşyma haýwanlary gorkuzmazlyk üçin örän ýuwaşlyk bilen ädimledim. Ýöne şonda-da akganat daşdeşen toraňňynyň guran şahalaryna uçup-gonup, çirkin ses edip, tokaýa kesekiniň girendigini beýlekilere habar berdi. Takmynan, ýigrimi ädim ýöränimden soň, bäş metr çemesi çep tarapymda amyderýa sülgüniniň horazy meni görüp, jok-joklap ses etdi. Men hereket etmän, horaz tarapa seretdim. Horaz duran ýerinde gygyrdy we ganatlaryny pasyrdatdy, ynjalyksyzlandy. Men ýodajyk bilen öz ugruma ýöräp başlan mahalym horaz ýene ses etdi. Horazyň hereketleri adatdakysyndan üýtgeşik görneni üçin ol tarapa ugrumy üýtgetdim we ýöräp başladym. Ol azajyk ýöräp, ganatlaryny ýaýdy we ýere ýapyryldy, aýaklaryny howada hereketlendirdi. Horaz ýaralanandyr öýdüp, kömek bermek üçin ýakynrak bardym. Ol bolsa ýerinden turup, ýene dört-bäş metr çemesi ýöräp, ýene saklandy-da, maňa bakan seretdi. Menem onuň yzyna düşüp gidiberdim. Çöp-çalamlaryň içinde esli ýol geçenimizden soň, horaz pasyrdap uçup, toraňňylyklaryň iç

Täsin ukybyň eýeleri

Bu ýerde gürrüň uzynganatlylar hakda barýar. Alymlar olaryň on aýlap ýere gonman uçup bilýändiklerini anykladylar. Munuň üçin bu guşlaryň birnäçesine ýörite enjamlar oturdyldy. Uzynganatlylaryň agramy 10-dan 200 grama, göwreleriniň uzynlygy bolsa 18 santimetre çenli bolýar. Bu guşlaryň ähli görnüşi biri-birine meňzeş bolup, olaryň dykyz we süýnmek göwreleri howanyň akymynyň garşylygyny aňsatlyk bilen ýeňip geçýärler. Olaryň ganatlary gylyç şekilli, çüňkleri bolsa ýasy bolýar. Bu guşlar dünýäniň köp ýerinde duşýarlar.

Gözel tebigat, abadan durmuş wasp edildi

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda welaýat häkimliginiň, welaýat daşky  gurşawy goramak müdirliginiň,  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat  komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň, Hazar hem-de Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň, welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işjeň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri,  talyplar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülen daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berip, tebigy baýlyklarymyzyň artmagyna getirýändigini aýratyn nygtadylar. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra edara-kärhanalarda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän işleri durmuşa geçirmekde şahsy zähmeti bilen tapawutlanyp, görelde görkezýän işgärlere Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Tebigat — biziň öýümiz

DAŞKY GURŞAWYŇ ÝAŞAÝYŞ BILEN SAZLAŞYGY “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak we ýaş nesli tebigata söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar.

Tebigaty goralyň!

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Howanyň yssy günleriniň gelmegi bilen baglylykda, ýaşyl dona beslenen gözel tebigatymyzy ýangyndan goramak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Howanyň gyzmagy bilen meýdandaky ot-çöpler gurap başlaýar. Bu bolsa, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpy döredýär. Şoňa görä-de, gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangynyň döremeginiň öňüni almak wajyp wezipedir.

Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her bir adama tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda dabaralar geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Daşky gurşawyň goragynda

Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem şanly ýyla gabat geldi. Mähriban Diýarymyzyň tebigatyny we haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ony bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde eziz Watanymyzyň ähli künjeginde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredilip, amatly howa gurşawy emele getirildi. Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şol maksat esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde, paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Daşky gurşawyň goragynda

Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýer togalagynyň öýkenidir. Sebäbi atmosferadaky kislorodyň 60 göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Orta boýly 1 bag nahaly bir gije-gündiziň dowamynda 3 adamyň dem almagy üçin gerekli kislorody bölüp çykarýar. Tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary bolsa şol bir wagtda 24 kilogram kömürturşy gazyny özüne çekýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary 50 - den 70 tonna çenli tozany öz üstünden geçirip howanyň tämiz bolmagyny üpjün edýär. Tokaý seýilgäh zolaklarynda ýangynlaryň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan degişli kararlar kabul edilip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlar ýangyn söndüriş awtoulaglary bilen nobatçylyk çekip, gözegçilik işleri alnyp barylýar.

Tebigaty söýmek — Watany söýmek

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da we dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ra aýaw­ly çe­me­leş­mek ug­run­da döw­let we dün­ýä möç­be­rin­de bir­nä­çe iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar, daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bir­nä­çe Ka­nun­lar ka­bul edil­ýär.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Te­bi­ga­tyň aý­ryl­maz saz­la­şy­gy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­tyn­da hal­ka­ra we se­bi­ta­ra sport gu­ra­ma­la­ry, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Bu hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da yzy­gi­der­li gi­ňel­dil­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­dä­ki 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni hök­mün­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýan Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2022-nji ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da­ky 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 6-njy mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň 62-si­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gin­de «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Ka­rar­

Tebigat — janly dünýä

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek babatda yzygiderli işleri amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Parasatly ata-babalarymyz tebigata hemişe aýawly garapdyrlar. Tebigaty söýüp, gözüniň göreji ýaly gorapdyrlar. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Agaç bolan ýerde pudak synar» ýa-da «Bagym bar, barym bar» diýen pähimli jümleleriň beýan edilmegi hem tebigata, tebigy gözelliklere bolan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Tebigata we sagdynlyga ýakynlyk

Ýene dört günden — 3-nji iýunda Ýer ýüzünde Bütindünýä welosiped güni belleniler. Bütin adamzat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna öwrülen bu baýramy indi ýedinji gezek garşylaýar. Bu şanly senäni bellemek baradaky başlangyç bolsa hut biziň döwletimize — sportly Türkmenistana degişlidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky başlangyjy Milletler Bileleşigine 2018-nji ýylda hödürläpdi. Şol ýylyň aprel aýynda bolsa Baş Assambleýa degişli Kararnamany kabul edip, 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi. Şondan bäri adamzat her tomsuň üçünji gününde bu baýramy agzybirlik bilen belläp gelýär.

Tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Köýtendagyň yssy we gurak klimatly, şemally zolaga degişlidigi sebäpli otlaryň gysga wagtlaýyn gök öwsüp, eýýäm maý aýynyň başynda guramagy bilen ýangyn döremek howpy artýar. Dag relýefiniň çylşyrymlylygy, öri meýdanlarynyň ilatly ýerlerden uzakda ýerleşýändigi bolsa ýangyn dörän halatynda ýangyna garşy göreş çärelerini çalt geçirmäge goşmaça kynçylyk döredýär. Şu ýagdaýlara görä goraghanamyzda her ýyl meýilnama esasynda ýangynyň öňüni alyş çäreleri guralýar. Goraghana degişli çäklerde tokaýlaryň we öri meýdanlarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meýilnama düzülip, tokaýlarda, çeşmelerde we köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Tebigatda dynç almaga gelýänlere we işi tebigat bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan adamlara ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidiklerini ýatladýarys. Olara öri meýdanlarynda we dag tokaýlarynda uçgun söndüriji we ot öçüriji serişdeleri bolmadyk ulaglarda hereket etmegiň, söndürilmedik otluçöpleri ýollaryň gyralaryna, tokaýlara hem-de öri meýdanlaryna zyňmagyň, rugsat edilmedik ýerlerde ot ýakmagyň we olary söndürmän gitmegiň gadagandygyny duýdurýarys. Şeýle-de öri meýdanlarynda şemally howada (şol sanda, rugsat edilen ýerde hem) ot ýakmak, dynç alynýan

Baglary bar hatar-hatar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezi Günorta we Günbatar Köpetdagyň eteklerinde ösýän miweli we subtropiki ösümlikleri ýygnap saklamak, öwrenmek we olaryň oňat sort görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak işleri bilen meşgul bolýar. Merkeziň umumy tutýan meýdany 734 gektar bolup, onuň suwarymly ekerançylykda ulanylmaga ýaramlysy 123 gektar, dürli miweli we subtropiki baglaryň hem-de üzümiň sort toplumynyň meýdany 19 gektardan gowrakdyr.

Gözel tebigaty ýangyn howpundan goralyň!

Watanymyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ýangynlaryň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak hemmeleriň borjudyr. Şol esasdan, ösüp oturan daragtlaryň arasy haşal otlardan arassalanyp, hatar hem zolak aralarynda sürüm işleri geçirilip, ýangyn howpsuzlyk zolaklary döredilse, ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga uly ýardam eder. Bölünip berlen çäklere jogapkär adamlar bellenip, ol çäkler ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir gurallarynyň ählisi bilen üpjün edilmelidir. Boý alan daragtlaryň şahalarynyňdyr pürleriniň howadan geçirilen elektrik geçirijilerine degmezliginiň öňüni almak üçin, olar kesilip aýrylmalydyr. Aslynda, ýokary kuwwatly elektrik geçirijileriniň aşaklarynda daragtlary ekmeklik ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk däldir.

Türkmen tebigatynyň gözelligi