"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Gülhatma

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň Amyderýa, Bathyz, Gaplaňgyr, Köpetdag, Köýtendag, Repetek, Sünt-Hasardag, Hazar we Bereketli Garagum goraghanalarynda tebigatyň täsinlikleriniň goragyna gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi gözelligi bilen birlikde täsin atlary bilenem haýrana goýýar. Şeýle otlaryň biri-de gülhatmadyr. Köpýyllyk ot bolan gülhatmanyň tüýjümek ýapraklary penje görnüşli bolup, baldakda nobatlaýyn ýerleşýär. Italiýada, Kawkazda, Ukrainanyň günortasynda, Merkezi Aziýanyň dag eteklerinde, haşal ot görnüşinde ösýän gülhatmanyň güli dermanlyk üçin ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelnipdir. Onuň gülleriniň dürli reňkde bolmagy-da örän täsindir. Ol tomsuň ortaky aýyndan güýzüň ortalaryna çenli gülleýär. Dermanlyk üçin ýygnalyp, saýa ýerde guradylan gülleriň öz reňkini saklamagy hökmany hasaplanylýar. Gülhatmanyň şiresine çaýkalmagy agyz boşlugynyň ýaralaryny bitirmekde, dişi berkitmekde örän peýdalydyr. Şeýle-de onuň dem alyş ýollaryny ýumşadyjy häsiýeti hem bar.

Zeminiň gözellik serpaýy - türkmen tebigaty

Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkun atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar. Türkmen tebigatynyň özboluşlylygy göwünleri göterýär. Gün çykanda ýapylaryň ýüzi öňküsindenem has açyk, ter görnüşe eýe bolýar. Otlaryň baldajyklaryndaky gözýaş deý bulduraşypjyk duran nepisje damjalaryň ýüzünde ýedi öwüşginli älemgoşar görünýär. Bu topraga gadamy ýaraşýan her paslyň ýagty durkunda kalba ornan şirin duýgular durlanýar. Ýerden ýaňy saýlanyp ugran Gün daň çygyna ýuwlan derekleriň zowwam hatarynyň aňyrsyndan birenaý ýylgyrjaklap seredýär. Zerbap öwüsýän bulutlar kem-kem pessaýlap, hol gözýetimde  ýaýylan ýukajyk  dumana çümüp gidýär, bu ahwaldan tebil tapyp, baglara tarap taýyp gelýän näzik şemal daragtlaryň taryny yrgyldadyp, hoş owazly saz edýär. Ýylyň dört paslynda hem köňüllere şatlyk paýlaýan tebigat biziň ikinji öýmüzdir. Daşky gurşawyň arassalygy ynsan sa

Türkmen tebigaty – täsinlikleriň mekany

Gyş ga­py­ny kak­ýar...

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry­ny okap otyr­kaň, onuň ýü­re­gi­ňe jüňk bol­ýan se­tir­le­ri­niň tä­si­rin­den çuň­ňur oý­la­ra be­ril­ýär­siň. Şeý­da bil­bil mes­gen tu­tan bag­lar­daHa­zan urar, ýap­rak ga­çar,  gül gal­maz...

«Ak­rap gy­şyň ow­su­ny...»

Ak­rap döw­ri her ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ryn­dan baş­la­p, 22-nji no­ýab­ra çen­li ara­lyk­da do­wam ed­ýär. Bu dö­wür ha­kyn­da bir­nä­çe na­kyl­lar dö­re­di­lip­dir. Ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça Mi­zan­dan soň Ak­rap gel­ýär. «Ak­rap» arap sö­zi bo­lup, «iç­ýan» diý­mek­dir. Bu dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar ta­rap­dan so­wuk ho­wa aky­my ara­la­şyp baş­la­ýar. Bu ýag­daý halk na­ky­lyn­da «Ak­rap ge­ler gy­gy­ryp, ýel-ýag­my­ryn ça­gy­ryp» di­ýen se­tir­ler­de hä­si­ýet­len­di­ri­lip­dir.

Güýz pas­ly­nyň bir gü­ni

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4... +9 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +12... +17 gradus maýyl bolar.

Hojagarawul deresi

Köýtendagda bolan her bir adam onuň arassa howasyny, gözel tebigatyny hiç haçan ýatdan çykarmasa gerek. Esasan-da, Hojagarawul deresi öz täsinlikleri bilen bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Ol beýleki dereler bilen deňeşdireniňde, onçakly uly bolmasa-da, özüniň gözelligi we täsinligi bilen tapawutlanýar. Hojagarawul deresi Köýtendagyň günbatar ýapgydynda, Bazardepe obasynyň golaýynda ýerleşýär. Ol ilat arasynda «Tutlydere» ady bilen hem meşhurdyr. Sebäbi Köýtendagyň dereleriniň arasynda hut Hojagarawulda gaty köp tut agajy ösýär. Derä giren ýeriňde harabalyklara gözüň düşýär. Olaryň diwarlary laýdan we daşdan garylyp örülipdir hem-de asyra barabar ýaşy bar. Bu ýerde ýerli ilat ýaşapdyr. Olar şu dereden akyp geçýän çeşme suwundan örän tygşytly peýdalanmagy başarypdyrlar. Şol wagtlar häzirki ýaly gurluşyk önümleri we tehniki serişdeler bolmasa-da, ekerançylar çeşmäniň suwuny gaýanyň düýbünden şahjagaz edip, deräniň öňündäki tekizlige çykaryp bilipdirler.

Köýtendagyň täsin tebigy gözellikleri

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli ýurdumyzyň gündogar çetinde ýerleşýän Köýtendag jülgesi tebigaty söýüjileriň we syýahatçylaryň has köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Köýtendagyň asyrlaryň syrlaryny goýnunda saklaýan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän taryhymyzyň dilsiz şaýatlaryna öwrülen gaýalar bilen berk gurşalan täsin ýerleri göreni haýrana goýýar. Köýtendag gündogarda Täjigistanyň, Özbegistanyň çäklerinde günbatara uzalyp gidýän Gissar dag ulgamynyň iň günbatarky bölegi - kiçeňräk gerşi bolup durýar. Köýtendag Gissar dag ulgamynyň umumy ulgamynyň uzalýan ugrundan tapawutlylykda demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugrugyp gidýändir. Dag gerşi bilen uzalyp gidýän jülgäniň düýbünden Köýten derýasy akyp, Köýtendagyň günbatarynda tebigy çäk emele getirýär. Köýtendag demirgazyk-gündogarda geriş şekilini ýitirmän, doganlyk ýurt bolan Özbegistanyň çäklerine geçip gidýär. Umuman, Köýtendagyň suw bölüji gerşinden Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçägi geçýär. Bu gerşiň iň beýik depesi Aýrybaba depesidir. Bu depäniň iň beýik nokady ýurdumyzdaky edebi we kartografik çeşmelerde umman derejesinden 3137 metr ýokarda ýerleşýär diýilýär.

Bil­gir­jä so­wal

— Bilgirje, häzir Watanymyzda güýz pasly dowam edýär. Bu paslyň hem beýlekiler ýaly özüne ýetesi özboluşly taraplary bardyr. Şular barada giňişleýin gürrüň beräýseň! Ilki bilen, güýz paslyny Ýer şarynyň ähli ýaşaýjylarynyň gyradeň görmeýändigini aýtmaly. Demirgazyk ýarymşarda sentýabr, oktýabr, noýabr aýlary, Günorta ýarymşarda mart, aprel, maý aýlary güýze degişli hasaplansa, ekwatorial guşaklykda güýz düýbünden bolmaýar. Oňa derek bu ýerlerde ýa gurakçylyk ýa-da ýagyş-ýagyn köp duş gelýär. Bu sebitlerde durnukly howa ýagdaýy höküm sürýär. Howanyň temperaturasynyň peselmegi bilen güýzüň başynda köpsanly guşlar ýyly ýurtlara göçýärler. Sowuk ganly jandarlar we kirpidir aýylar, mör-möjekler güýzüň ahyrynda gyş ukusyna gidýärler. Käbir haýwanlaryň köpüsiniň bolsa sütükleri galyňlaşyp, gyşlaýan guşlaryň ýelekleri täzelenip, aňzakly hem aýazly, garly gyşa taýynlanýarlar. Güýzde baýguşdyr hüwüleriň sesi beýgelýär. Sebäbi olar özleri üçin oňaýly höwürtge gözleýärler. Belkalar güýzde köpräk hozdur maňyzly şänikleri ýygnaýarlar. Şonuň üçin olaryň iýmitlerini nirä gizländiklerini berk ýatda saklamaklary üçin beýnisi güýzde ulalýar.

Tebigat bilen sazlaşykly durmuş

Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde bag ekmegiň ähmiýeti barada örän täsirli rowaýat getirilýär. Rowaýatda beýan edilişine görä, bir adam ogluna mellegindäki baglaryň biriniň düýbünde gyzyl gömüp goýandygyny aýdyp, ondan peýdalanyp bilse, ol baýlygyň ony ömürboýy ekläp biljekdigini ýaňzydýar. Ogly, elbetde, baglaryň arasyny gyzyl dörjük edýär. Gyzylly humy tapmak üçin melleklerindäki ähli baglaryň düýbüni depip çykýar. Gyzylly hum-a tapylmaýar welin, ýöne şol ýyl düýbi depilen baglar şeýle bir bol hasyl berýär. Oglan atasynyň diýýän «gyzylly humunyň» topraga siňdirilen zähmetdigine şonda göz ýetirýär. Şahyr Gara Seýitliýewiň «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen çuň mazmunly setirleri mekdep ýyllaryndan bäri her birimiziň aňymyza ornaşdy.

Köýtendag — türkmen tebigatynyň täsinliklere baý künjegi

Köýtendagyň tebigy keşbi özboluşlydyr. Ol «kuhi» diýen pars we «teň» diýen türk sözlerinden gelip çykyp, «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Bu daglyk ýerler köpsanly jülgelerdir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojaçilgezbabadyr. Onuň uzynlygy 28 kilometre barabardyr. Dereleriň has owadany 600 metr peslikde ýerleşen Daraýderedir. Aýrybaba Köýtendagyň iň belent nokady bolup, onuň beýikligi 3138 metre barabar.

Welaýatymyzda güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär

GADYMY MEKANDAKY HAÝYRLY IŞLER Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güýzki bak ekmek möwsümine badalga berilmegi bilen, welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynda hem bu ugurdaky işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýlelikde, häzirki döwürde etrabyň merkezi şäherçesinde, oba geňeşlikleriniň çäklerinde ýaş nahallary oturtmak, öňden ösüp oturanlaryna ideg etmek boýunça derwaýys çäreler amala aşyrylýar. Olara edara-kärhanalaryň, oba geňeşlikleriniň, orta mekdepleriň, saglyk öýleriniň işgärleri uly hyjuw bilen gatnaşýarlar. Geçen şenbe güni bu ýerde geçirilýän şeýle çärelere şaýat bolduk.

Gadymy sarahs topragyna syýahat

Güýz paslynyň ajaýyp günleriniň biridi. Daglaryň aňyrsyndan jyklaýan Gün ähli ynsanlara süýjüden-süýji arzuwlary ýollaýan ýaly, tyllaýy şöhlesini saçyp ugrapdy. Agaçdan tänip gaçýan sary ýapraklar güýz şemalyna hiňňildik uçýana çalymdaşdy. Asuda asmanda iki ýana gaýyp ýören guşjagazlaryň mylaýym jürküldileri bolsa, çar tarapda parahatlygyň sesi deýin ýaňlanýardy. Biz şeýle owadan pursatlary synlap, paýtagtymyzdan gadymy Sarahsa tarap ýola düşdük. Gadymyýetde pirleriň, alymlaryň, akyldarlaryň gadamy düşen Sarahs topragy hakynda oýlananymda, taryhy ýerler, tebigat täsinlikleri bilen bir hatarda, at-owazasy äleme ýaýran «Pulhatyn» köprüsiniň taryhy ýadyma düşýär. Mekdepde okaýan döwürlerimiz bu gadymy köpri hakynda taryh mugallymymyz Nurjemal Eşşanowa şeýle gürrüň beripdi:

Bileniň — baýlygyň

Dünýädäki iň uly ösümlikler Iň uly suw ösümligi

Ýylyň guşy saýlanyldy

Täze Zelandiýada her ýyl geçirilýän «Ýylyň guşy» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip, piwauwau guşy yglan edildi. Gürrüň agramy hatda 20 grama hem ýetmeýän gök reňkli seýrek alp guşy barada barýar. Piwauwau şu ýylyň esasy guşy bolan koror pingwininden hem öňe saýlandy.

Keremli topragyň ýalkawy

Parasatly pederlerimiz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň nusgalyk ýörelgelerini kemala getiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol ýörelgeler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ählihalk derejesinde köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi hem-de ösüp oturan agaçlara ideg edilmegi ajaýyp hakykaty tassyklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güýzki ählihalk bag ekiş dabarasy hem asylly däpleriň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Şondan biraz öň, has takygy, 28-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy üçin hut şu ýeriň saýlanyp alynmagy onuň tebigy özboluşlylygy bilen baglanyşyklydyr. Bu sebit taryhyň dowamynda ekerançylygyň ösen künjegi hökmünde tanalypdyr. Üzüm halkymyzyň bereketli desserhanynyň iň lezzetli önümleriniň biridir. Keremli topragymyz ähli döwürlerde üzümiň bitginli ýeri hökmünde şöhratlanypdyr. Asyrlardan bäri baldan datly tagamly, dürli reňklerdäki üzüm we ondan taýýarlanylýan önümler toýdur baýramlarymyzyň saçaklarynyň bezegidir. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» üzümiň gelinbarmak, terbaş, akşe

Daşky gurşawyň goraglylygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryndan, tekliplerinden ugur alnyp, daşky gurşawy we ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, bu ulgamyň sazlaşykly ösüşini gazanmak, Garagum sähramyzyň biodürlüligini gorap saklamak, baýlaşdyrmak we rejeli peýdalanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 5-nji noýabrynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ilatyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary we edýän taýsyz tagallalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşini üpjün edýär. Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni baglydyr. Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meseles

Guşlaryň mesgeni

Türkmenistanyň ajaýyp tebigaty özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goraghanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi türkmen tebigatyny has-da gözelleşdirmäge ýardam edýär. Biz guşlaryň mesgeni bolan Kelif çäkli goraghanasynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, goraghananyň ylmy işgäri Umytjan Huseýinow bilen söhbetdeş bolduk. Ol şonda bu ýerdäki tebigatyň täsinlikleri barada şeýle gürrüň berdi: — Kelif çäkli goraghanasy 1970-nji ýylda Türkmenistanyň gündogar böleginde gyşlaýan suw guşlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, gorap saklamak, olaryň köpelmegine amatly şertleri döretmek maksady bilen döredildi. Onuň meýdany 103 müň gektara golaý bolup, ol Garagum derýasynyň sakasyndan 40 kilometr aşakda, Kelif kölleriniň çäginde ýerleşýär.

Tebigat bilen bagly yrymlar

— Noýabrda ilkinji düşen gyraw uzakly gün ýerde ýatsa, gyş sowuk bolar. — Noýabrda derýanyň hanasyndaky suwy öňküsinden köpelse, gyş ýagyşly bolar.