"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ogurjaly — gözellige baý ada

Eziz Watanymyzyň ähli sebitiniň göreni haýrana goýýan özboluşly ajaýyplyklary, tebigy gözellikleri bar. Goýny dürli täsinliklere baý bolan Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasy hem-de onuň bilen adybir döwlet tebigy çäkli goraghanasy hem şeýle taryhy, täsin ýerleriň biri. Onuň umumy meýdany dokuz müň gektara golaý bolup, demirgazykdan günorta tarapa 40 kilometre, ini bolsa 1,5-2 kilometre uzap gidýär. 1982-nji ýylda açylan bu çäkli goraghana adanyň oňaýly tebigy aýratynlyklary, öri meýdanlary göz öňünde tutulyp, keýikleri köpeltmek maksady bilen döredilipdir. Sebäbi şol ýyllar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen keýikleriň sany has azalypdyr hem-de olara ýitip gitmek howpy abanypdyr. Şonuň üçinem bu ýere Bathyz döwlet tebigy goraghanasyndan keýikleriň 13-si getirilipdir. Şu mahal olaryň sany iki müňden geçýär.

Türkmen tebigaty

Häzirki döwürde ösümlik we haýwanat dünýämizi gözümiziň göreji deýin gorap saklamaga, seýrek duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň, janly-jandarlaryň baş sanyny artdyrmaklyga, olaryň goraglylygyny üpjün etmeklige, şeýle-de olary ylmy taýdan öwrenmeklige mümkinçilikler has giňedi. Döwletimizde janly-jandarlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň köp görnüşi mesgen tutunyp, olaryň ençemesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Şolaryň biri-de geçigaplaňlardyr. Bedeniniň uzynlygy 80-107 santimetr bolan bu haýwanlaryň ýasy penjeli uzyn aýaklary bolup, 10-25 santimetre deň bolan jontuk guýruklary edil çapylan ýalydyr. Kellesiniň gapdalyndan sakgalsapylary sallanyp duran geçigaplaňlar açyk çalymtyl ýa-da goňurrak agymtyl sütükli bolup, arkasy we aýaklary tegmilli bolýarlar. Olara arçaly, kerkawly, alçaly, badamly we beýleki gyrymsy agaçly jülgelerde we daglaryň eňňitlerinde duş gelinýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar.

Çarwa Nowruzy – ýazyň başlangyjy

«7/24. tm», № 08 (143), 20.02.2023 Gadymy ynançlara görä, Nowruz baýramçylygyna bir aý galanda, dört hepdäniň dowamynda, has takygy, her hepdäniň çarşenbe güni tebigy hadysalaryň her birine bagyşlanypdyr. Ilkinji çarşenbe şu ýylyň hasaby boýunça 22-nji fewraldan başlanyp, ol «suw çarşenbesi», ikinji çarşenbe 1-nji marta gabat gelip, ol «otly çarşenbe», üçünjisi 8-nji marta gabat gelip, ol «toprak çarşenbesi», dördünjisi bolsa 15-nji marta gabat gelip, ol «ahyr çarşenbe» diýlip atlandyrylýar. Ilkinji çarşenbede suw arassalanyp, herekete gelýär, ikinjide ot arassalanýar, üçünjide toprak arassalanýar, dördünjide ýel agaçlaryň pyntyklaryny açýar, şeýdibem, alabahar bahara sepleşip gidýär. Bahar paslynyň buşlukçysy «Nowruz güli» bolupdyr.

Amazonit bezeg daşy

Amazonit eýesiniň durmuşyna rahatlyk we sazlaşyk getirip biljek, gök-ýaşyl reňkli, näzik ekzotik bezeg daşy. Bu daşyň gelip çykyşy syrlardan we gapma-garşylyklardan doly. Amazonit ilkinji gezek Günorta Amerikada XVIII asyrda tapylýar. Amazonka derýasynyň hormatyna ol «amazonit» diýip at alýar. Soňra bu daşy ýewropalylaryň has öň bilendigi we bezeg şaý-seplerini ýasamakda işjeň peýdalanandygy anyklanýar. Tutanhamonyň guburyndan hem amazonitli kümüş şaý-sepler tapylýar. Rowaýata görä, meşhur kitabyň («Merhumlar kitabynyň») tutuş bir bölümi amazonit daşynyň ýüzüne nagyşlanypdyr. Şonuň üçin bu daşy kimiň ilkinji gezek açandygy we onuň ozal nähili atlar bilen ulanylandygy doly anyklanylman galýar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Mart aýy

1.HAMAL (GUZY 21.03 — 20.04) Hamal ýyldyzy astynda doglanlaryň durmuşy mart aýynda adaty ýagdaýda geçer. Şahyryň «Entek sadalykdan zyýan çeken ýok» diýen setirleri bu döwürde size doly laýyk gelýär. Siz sada boluň. Özüňizi şeýle alyp baran ýagdaýyňyzda, ýaz paslynyň ilkinji aýynyň ikinji ýarymynda size ähli gowulyklar ýar bolar. Mart aýy durmuş taýdan taplanmak, bilimlerini we pikirleniş ukyplaryny kämilleşdirmek üçin hamal ýyldyzy astynda doglanlara örän amatly wagtdyr. Size ýakyn wagtlarda örän jogapkärçilikli wezipe ynanylar. Oňa taýýar bolmak üçin bolsa özüňi taplamalydyr. Bu döwürde hamallara hüşgärligi elden bermezlik maslahat berilýär. Durmuşyň dürli öwrümlerine, garaşylmadyk sowgatlaryna taýýar boluň. Size günüň agşam çaglarynda köpräk gezelenç etmek maslahat berilýär.

Dünýäniň iň arassa 3 deňzi barada

Weddel deňzi Weddel deňzi — dünýädäki iň arassa deňizleriň biri hasaplanylýar. Suwunyň durulygynyň 79 metr çuňluga ýetmegi beýleki deňizleriňkä garanda tapawutlydyr. Onda dury diňe buga öwrülip arassalanan suwdur. Deňziň tutýan meýdany 2920 müň metr bolup, çuňlugy 6 müň metrdir. Mundan başga-da, Weddel deňzi dünýädäki iň sowuk deňizleriň biri hasaplanylýar. Ýylboýy ony Antarktidanyň 2 metr galyňlykdaky buzlary örtýär. Suwuň gyşky derejesi —20 C ýetýär. Deňiz 1923-nji ýylda açylypdyr.

Perişde owazly torgaý

Dynç güni bolansoň, hemişeki endigime görä, säher bilen gojaman Köpetdagyň etegindäki baýyrlara seýil-seýrana çykdym. Baýryň üsti. Ynha, bir giden seleňlik! Sergin howasy nämä degmeýär! Baýryň çulbasynda birsalym aýak çekip, dyz epdim. Gyşyň günüdigine garamazdan, tebigatyň gudratyna haýran galyp, oňa tomaşa edip durşuma, birhili, oglanlyk döwrüm ýadyma düşdi-de, süňňüm ýeňlän ýaly bolaýdy. Bir ýerlerden bolsa torgaýyň sesi gelýär. «Oho!» diýip, eýläme-beýläme garanjakladym. Ses ýeterde gara ýok. Şo barmana dik asmanda: «Jüpi-jüpi, jüpi-pü-pü-p...» edip, joşup-joşup saýraýan torgaýy gözüme agram salyp zordan tapdym. Elhepus, gezip ýörseň, her zat görüljek eken: ýeri, garagyşyň güni küje, torgaýyň saýramasy küje?! Geň sowal. Dogrudanam geň. Ilat arasynda bolanymyzda, ýaz gelip, ýaşyl ýaýlanyň janlanyp başlandygyny buşlaýanyň bilbildigini, garlawaçdygyny, şeýle hem togsan dolup, ýere ýyly gidendigini ilkinji habar berýän guşuň baýguşdygyny eşidipdim. Emma ahyrky garagyşyň ahyrynda torgaýyň saýramasy nämäniň alamatyka?! Megerem, torgaý bir zady öňünden duýup-syzyp bilýän üşükli guşdur. Bu şübhesiz şeýledir.

Dag başynyň garlary bar

Keremli Köýtendag ýylyň ähli paslynda-da gözel. Onuň sapaly jülgeleri, depesi bulutlara direlýän kert gaýalary, durnagöz çeşmeleri, goýry kölegeli baglary... hemmeleri haýrana goýýar. Golaýda belli jahankeşde, ezber suratkeş Batyr Abdyllaýew redaksiýamyza ýöriteläp gelip, behişdi dagymyzyň gyş keşplerini surata düşürendigini aýtdy. Biz ol suratlary gazetimizde çap etmek bilen, egnine ak donuny geýen şahandaz dagymyzyň ajaýyplygyny okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik. «Ak zat — alnyňa ýagşy». Ata-babalarymyzyň bu aýtgysy ak garlara hem degişli. Sebäbi nem asmanyň peşgeşi. Ygal ― bereket, ygal ― baýlyk. Gojaman dagymyzy ýassanyp ýatan garlar bolsa türkmen topragynyň üstümizdäki ýylda-da rysgal-berekede beslenjekdigini ilimize buşlaýar.

Ümürli günüň öýläni

Ata-babalarymyz «Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýipdirler. Şol «kyrk tüýsli» günleriň biri-de ümürli günlerdir. Howanyň ümürli bolmagy, köplenç, gyş paslyna mahsus. Il içinde «Ümürli günüň öýläni» diýen aýtgy häzir hem ýörgünlidir. Bu täsin tebigat hadysasy barada, eýsem, biz nämeleri bilýäris? Ýere galtaşýan bulutlary «ümür» diýip atlandyrýarys. Çünki ümür bilen bulut ýerleşişinden başga hiç bir babatda tapawutlanmaýar. Asyl-ha, ümür paslyna, ýerli ýagdaýyna, howanyň temperaturasyna görä tapawutlanýan juda owunjak suw damjalarydyr, ýagny howada bilelikde hereket edýän müňlerçe suw damjajyklary ümri emele getirýär. Emma howanyň has sowuk günleri ümür suw damjajyklaryndan däl-de, buz kristallaryndan hem ybarat bolup biler.

Ummandaky çöl

Adamda bilesigelijilik duýgusy ony täze zatlary öwrenmäge, başdan geçirmäge höweslendirýär. Emma tebigat, kosmos barada näçe köp bilýän hem bolsak, ylmyň aňyrsyna çykmak, ähli zady öwrenmek başartmaýar. Şeýle-de bolsa, adam öwrenmegi dowam etdirýär. Dürli ýerleriň tebigatyna degişli täsin maglumatlary bilmek bolsa bilesigelijilik duýgusyny has-da artdyrýar. Atlantik ummanyndaky Sargasso deňzi köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu deňziň iň täsin tarapy hiç hili kenarynyň ýoklugydyr. Ýagny suw giňişligi tutuşlygyna ummanyň jümmüşinde ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, alymlar bu ýerini ummanyň bir parçasy däl-de, aýratyn deňiz hasaplaýarlar. Deňze şeýle adyň berilmegi bolsa bu ýerde «Sargassum» atly suwotunyň has köp ösýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu ösümlikler suwuň ýüzünde ösüp, dürli deňiz jandarlary üçin iýmit, ýaşamak üçin sümelge bolýar.

“Gudrat görseň daglara bar”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Türkmen halky özüniň baý medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary bilen dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine öz goşandyny mynasyp derejede goşan milletdir. Gaýtalanmajak gözellige eýe bolan ene topragymyz özüniň tebigaty bilen göreni haýran edýär. Çogly güneşi, gojaman daglary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanalýan gadymy hem müdimi türkmen topragynyň şeýle ajaýyp we täsinliklere baý ýerleriniň biri hem Günbatar daglyk sebitidir. Güneşli Diýarymyz taýsyz gözellikleriň, täsinlikleriň, ajaýyplyklaryň mekanydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, Balkan welaýaty hem bu beýik bagtdan paýly bolup durýar. Uç-gyraksyz Garagumuň bir bölegi, Sumbar, Çendir, Margyz jülgeleri, “Altyn asyr” Türkmen köli, Sumbar, Etrek derýalary, Sünt-Hasar, Uly we Kiçi Balkan daglary, Köpetdagyň belentli-pesli gerişleri, Hazar deňziniň türkmen kenary şu nurana mekanda ýerleşýär. Bu ajaýyp sebit diňe bir ykdysady ösüşleriň mesgeni däl, eýsem, onuň her bir künjegi sapaly dynç alşyň hem

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradus, kenarýaka etraplarda +4... +9 gradus maýyl bolar.

Tebigat — umumy öýümiz

Fewral aýynyň gelmegi bilen Lebap welaýatyndaky Amyderýa döwlet tebigy we Repetek döwlet biosfera goraghanalaryndaky nahalhanalarda çöl ösümlikleriniň tohumlaryny ekmek işlerine badalga berildi. Ýyllyk meýilnama görä alnyp barylýan bu işler Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň durnukly bolmagynda uly ähmiýete eýedir. — Geçen ýylyň noýabr aýynda sazagyň, sözeniň we igdäniň tohumlarynyň 1 tonnasyny ýygnadyk. Şu günler bu tohumlary ekmek işini gyzgalaňly alyp barýarys. Mundan üç ýyl ozal ekilip, gowy boý alan nahallary bolsa ýylyň dowamynda sähra giňişliklerinde oturdarys. Biziň goraghanamyz boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sazak nahallarynyň on müň, sözeniň üç müň, igdäniň bolsa bir müň düýbüni Garagumuň giňişliklerinde oturtmak meýilleşdirilýär — diýip, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Umitjan Hüseýinow gürrüň berýär.

Tebigat we jemgyýet: baky sazlaşyk

Tebigatyň abadançylygyny gazanmak türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbi bolup, häzirki döwürde ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň goraglylygy bu adamzadyň goraglylygydyr. Çünki tebigat hem jemgyýet biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşky gurşawy goramagyň möhümdigi barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenler gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdirler» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly, gülläp ösýän ýurda öwürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemme ýerlerinde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri barha giň gerim alýar. Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilýär. Türkmen tebigatynyň gözelliklerini aýawly saklap, ony geljekki nesillere öz asylky görnüşinde hem-de has baýlaşdyryp ýetirmek üçin hemmämiziň umumy öýümiz bolan tebigaty goramakda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, gülçüligi ösdürmek, bezeg agaçlarynyň täze görnüşlerini köpeltmek, dermanlyk ösümlikl

Hojagarawul deresi

Bu dere Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyndaky Hojagarawul çäkli goraghananyň çäginde ýerleşýär. Bu ýer «Hojagoçkarata» ady bilen belli bolan öwlüýäniň ýerleşýändigi sebäpli zyýaratgäh ýer hasaplanylýar. Dury we süýji suwly bu dere bahar aýlary köpadamly bolýar. Deräniň içiniň uzynlygy 2,5 kilometr, onuň başlanýan ýeriniň beýikligi deňiz derejesinden 850 metr beýikdir. Derede «Gyzyltutbaba» diýlip atlandyrylýan ýaşy 660 ýyldan hem köp diýlip çaklanylýan gojaman, beýik tut agajy ösýär. Şol sebäpli bu ýere «Tutlydere» hem diýýärler. Deräniň diwarlarynyň beýikligi 50 — 170 metre deňdir. Bu deräniň içinde mundan 60-70 ýyl öň ýaşan adamlaryň köne jaýlarynyň galyndylaryny görmek bolýar. Howanyň yssy wagtlarynda deräniň içinde salkyn saýaly agaçlaryň aşagynda adamlar dynç alýarlar. Dereden akýan çeşme suwunyň şarlawugy gözel tebigata gezelenje gelýän adamlary haýran galdyrýar.

Ümürli günüň öýläni

Häzirki wagtda gyş pasly dowam edip, bu pasylda, pederlerimiziň aýdyşy ýaly, howa «kyrk tüýsli» bolup üýtgäp durýar. Şol «kyrk tüýsli» günleriň biri hem ümürli günlerdir. Ümürli howanyň üç-dört günläp ertirlerine gaýtalanýan wagtlary hem bolýar. Ümürler emele gelşi boýunça bulutlara meňzeş bolup, olar ýer üstüne has ýakyn ýerleşýärler. Olar emele gelşi we häsiýetleri boýunça iki görnüşe bölünýär. Olara radiasion we adwektiw ümürler diýilýär. Adwektiw görnüşli ümürler sowuk döwür üçin häsiýetlidir. Gyş paslydygyna garamazdan, ýyly howa akymy häli-şindi sowuk sebitlere-de aralaşmagyny bes etmeýär. Ýyly howa massasynyň hereket edip gelýän ugrunda sowuk atmosfera basyşy ýokary bolýar. Şonuň üçin ýyly howa akymy dowam edip bilmeýär we gelen ýerinde dykyzlaşýar. Şol sebäpli howanyň fiziki häsiýeti üýtgäp ugraýar. Howa massasy bilen gelen suw buglary kem-kemden doýgunlaşyp başlaýar. Şeýlelikde ýer üstüniň howasynyň temperaturasy peselýär we suw buglary doýgunlaşýar. Şeýdibem, adwektiw görnüşli ümürler döreýär.

Mumyýa

Tebigatyň türkmen topragyna eçilen esasy täsinlikleriniň biri hem mumyýadyr. Mumyýa halkyň arasynda gadymdan bäri giňden ulanylyp gelinýär. Köp ýurtlarda mumyýany dürli keselleri bejermek üçin ulanypdyrlar. Beýik lukman, alym Ibn Sina hem adamlary bejermekde onuň gudratly güýjünden giňden peýdalanypdyr. Mumyýa daglarda barmasy juda kyn gaýalaryň çürbaşynda ýa-da gaýanyň kert ýerlerinde duş gelýär. Şol sebäpli-de häli-şindi düzetmegi kyn bolan işe «dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly» diýýärler. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ýokary derejä ýeten döwründe alymlar mumyýany içgin öwrenmegi dowam etdirýärler. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, mumyýanyň kömegi bilen dertleriň 25-den gowragyny bejerip bolýar. Aýratyn hem ol döwük-ýenjikleri bejermekde has gowy netije berýär. Barlaglaryň netijesine görä, süňk döwülende, mumyýa ulanan adamyň saglygy ulanmadyk näsagdan 10-17 gün öň berkäp ugraýar. Mumyýany kabul eden näsagyň bedeniniň umumy ýagdaýy oňatlaşýar, ukusy kadalaşýar, işdäsi açylýar, süňküň döwülen ýeriniň yzasy aýrylýar, bogunlaryň hereketi sazlaşyp, işe ukyplylygy tiz dikelýär. Gaýnan suwda eredilen mumyýa dürli mörjewleri ýok edýär. Lukmanlar köplenç halatda mumyýany süýt bilen içmegi maslahat berýärler.

Ýapragy ýüpek, miwesi mürepbe

Tut agajyny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly ähmiýete eýedir. Onuň ýüpekçiligi ösdürmekde hem peýdasy uludyr. Tut köpýyllyk agaçdyr. Her ýylda onuň çybyklaryny kesmän, amatly şertlerde ösdüreniňde, bu agajyň boýy 20 metrden hem geçýär. Onuň sütüni bolsa 1,5 metrden gowrak ýognaýar. Tut agajynyň daşky görnüşi, ösüş şertlerine baglylykda dürli-dürli bolup biler. Eger ol kesilmän, yzgarly toprakda, maýyl howada hem-de ýagtylyk kadaly düşýän şertlerde ösdürilen de, onda ol beýik, çar tarapa tegelek görnüşde ýaýrap ösýär. Tut agajyny ösdürip ýetişdirmekde şertleriň iň esasylarynyň biri Günüň ýagtylygydyr. Ýagtylyk ösümlikleriň ösmegi üçin fiziologiki hadysa bolan fotosinteziň geçmegine örän uly täsir edýär.

Daglaryň derde derman melhemi

Jahanda täsinlikler barmak büküp sanardan köpdür. Olaryň her biri geň-enaýy dünýäsi bilen adamzat neslini özüne imrindirip gelýär. Tebigata bolan söýgi, ajaýyp täsinliklere bilesigelijilik seniň kalbyňy täsin duýgulara gaplaýar. Çür depesi ak garly, goýny bakja-bagly, çeşmedir çaýly keremli daglar barada şygyrdyr kyssaly oýlanmalar döretmedik şahyr ýa ýazyjy ýok bolsa gerek. Olary uly joşgun bilen ýazylan köňül nagmalary hasaplamaga doly esas bar. Beýik Biribaryň ynsana bagyş eden ajaýyplyklarynyň biri hem, gujagynda müň bir syry pynhan saklap, dymyp oturan keremli daglardyr.