"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Açyk asmanyň astyndaky iň uly agaç heýkeli

Açyk asmanyň astynda iň uly agaç heýkelini döretmek hytaýly ussat heýkeltaraş Dending Ruý Ýao başartdy. Ol bu heýkeli öz şägirtleri bilen bilelikde üç ýylyň dowamynda ýerine ýetirdi. Munuň üçin iň uly agaç saýlanylyp alyndy. Ýolbarsyň şekili janlandyrylan bu heýkeliň üstünde halypa heýkeltaraşdan başga-da, agaç ussalarynyň 20-si agzybirlikde işlediler. Heýkel tamamlanan dessine «Gündogar ýolbarsy» adyny aldy we ol Hytaýyň Uhan şäheriniň iň görnükli meýdançasynda ýerleşdirildi. Onuň uzynlygy 14,5 metr, beýikligi 5 metr, ini 4 metre barabardyr.

Panda garynjalary

Panda garynjalary tebigatyň iň täsin jandarlaryndan biridir. Alymlar bu garynjalary 1938-nji ýylda Çili döwletiniň tokaýlaryndan tapyp, «Panda» diýip atlandyrdylar. Bu garynjalaryň bedeni gara we ak reňkde bolan tüýjagazlar bilen örtülendir. Täsin panda garynjalaryna Latyn Amerikasynda, şeýle hem Demirgazyk Amerikada duşmak bolýar. Panda garynjalary gury ýerleri, sähralary ýa-da ýarym çölleri gowy görýärler. Mahmal örtügi sebäpli aňsatlyk bilen çyglylygy bedeninde saklaýarlar. Panda garynjalary örän zäherlidir. Olaryň zäheri iňňelerinde toplanýar. Iňňeleriň üsti bilen zäher adamyň ýa-da haýwanlaryň bedenine ýaýranda ölüm howpludyr. Panda garynjalarynyň erkegi iýmitini gijesine awlaýar, urkaçylary bolsa bütin günüň dowamynda. Hatda panda garynjalarynyň iýmitlenişi hem jynsyna görä üýtgeýär. Erkekleri ösümlik şireleri we nektarlary, urkaçylary bolsa ölen mör-möjekleriň galyndylary bilen iýmitlenýärler. «Pandalar» hakyky garynjalardan tapawutlylykda, maşgala, köpçülik bolup ýaşamaýarlar. Olar beýleki mör-möjekleriň, arylaryň hinlerine ýumurtga taşlaýarlar we ýumurtgalardan çykan liçinkalar öý ýaşaýjylaryny iýýärler.

«Bu ýerler owadan, örän owadan!»

Türkmen tebigatynyň, türkmeniň tebigatyna mahsus ajaýyp gylyk-häsiýetleriň, edim-gylymlaryň we gözel duýgularyň söz arkaly keşbini çeken ussat şahyr Italmaz Akmyradowyň «Bathyz» goşgusyny okan her bir adamyň gursagyna bu gözel künjege syýahat etmek arzuwy dolýandyr. Bathyzy taryp edenler, muňa hyýallanýanlar juda kändir, ýöne Italmaz aga ýaly şahyrana, owadan tarypnama döredäýmek aňsat iş däl. Gürrüň berişlerine görä, Italmaz şahyr şu şygryny Aşgabada gezmäge gelende, galamdaş dostlaryna ilkinji gezek okap beripdir. Halapdyrlar, gaýta-gaýta okadypdyrlar. Sesini çykarman diňlän şahyr Nobatguly Rejebow ertesi irden gazete beren Bathyz baradaky täze şygryny yzyna alyp gaýdypdyr. Köňüllerde galan, «Dost, seýran edeli gözel Bathyzy!» diýlip başlanýan çagyryşly şygyr setiriniň täsirine düşen dostlarymyz bilen, nesibeli güni bizem Bathyzyň baharyny görmäge ýola düşdük. Saragta gün gijigiberende bardyk. Bu ýerdäki ýolbelet dostlarymyz dynç alyp, irden ýola düşmegi teklip edenlerinde, ylalaşmadyk:

TÜRKMEN TEBIGATY — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen sözleri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hakyky gadyr-gymmatyny açyp görkezýär. Çünki, Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy ylym bilen meşgullanýan adama ylmyň islendik ugry boýunça pikir ýöretmäge, seljerme we deňeşdirme geçirmäge doly mümkinçilik döredýär. «Zer gadyryny zergär biler» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary esasynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýändigi aýratyn ähmiýetlidir. Akyldaryň döredijiliginiň, türkmen ruhundan, medeniýetinden, şeýle hem, Diýarymyzyň tebigatyndan gözbaş alandygy, onuň tebigatda bolup geçýän hadysalara ir düşünip başlandygy, ylahy zehininiň ýitileşmegine dünýä inen ýeriniň dagy-düzüniň, derýalarynyň, sähra-jülgeleriniň, baý haýwanat dünýäsiniň täsir edendigi şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun eýelän durmuş we watançylyk garaýyşlarynyň içinden tebigat filosofiýasy eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bu üç esasy garaýşyň sazlaşmagy şahyryň wa

Tebigatyň görkanalyk mukamy

Baharyň owadanlygyny näme bilen deňejegiňi bilmersiň. Bir ýola ussat suratkeş Rembrandy baharyň tüýs görkanalyga beslenen günlerinde tebigatyň täsin künjekleriniň birine alyp barypdyrlar. Ýaz ýapynjasyny örtünen meýdany sesini çykarman synlap durşuna, ussadyň gözünden düwme-düwme ýaşlar togalanyp gaýdypdyr. Soňra bolsa ol sesini çykarman, etýudnigini gurnapdyr-da, şol gözelligiň suratyny çekmäge durupdyr. Ol tä günortanlar ýadap, dynç almaga oturýança ýagşydan-ýamandan ýeke sözem aýtmandyr. Nahar başynda ondan bu uzak dymyşlygyň sebäbini soranlarynda: «Tebigatyň bu ajaýyp simfoniýasyny sähel artykmaç sesiňem bozup biljegine akylym ýetip durka, nädip gürläýin?» diýip jogap beripdir. Hawa, bahar — gözellik hazynasy. Bahar — sansyz reňkleriň soňlanmajak gory. Bahar — täsinlik döretmegiň ussady. Bahar — syrdan, täzelikden doly täsin eser. Garaz, baharda geň galara, buýsanara, synlara, diňläre... zat kän. Bahar bilen baglanyşykly käbir täsin maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Bahar hakynda tebigatnama

Pederlerimiz irki döwürlerden bäri tebigy hadysalara, janly-jandarlaryň hereketlerine, ösümlikleriň ösüşine syn edip, howanyň ýagdaýyny kesgitläpdirler. Halk arasyndan ýygnalan şeýle maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. ♦Durnalar ir bilen uçup gelseler, bahar ir başlanýar.

Ýaşaýşyň gözbaşy

Her damjasy zere deňelýän suw — ýaşaýşyň gözbaşy. Halkymyzyň arasynda dörän suw bilen baglanyşykly birnäçe dessurlar we folklor eserleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Aýdylyşyna görä, kimdir biri uzak ýola gideninde, myhman bilen hoşlaşylanda, gyz durmuşa çykanda yzyndan suw sepmek däbi bar. Bu yrym ýolagçylara ýollarynyň ak bolmagy dileg edilip, berjaý edilýär. Adamlar suwuň başyna baranlarynda: «Essalawmaleýkim, suw aga, el-ýüzümi ýuw, aga!» diýip, suwa hormat edipdirler.

Pasyl çalşygy

21-nji martdan milli senenama boýunça Çarwa nowruzy öz ornuny Nowruza berdi. Pederlerimiz çarwa hasaby — asyrlarboýy durmuşda synagdan geçen tejribeleriniň üsti bilen, şonuň ýaly-da, daş-töweregindäki ähli barlykdan, ýagny ösümliklerden, haýwanlardan, guşlardan, howanyň ýagdaýyndan ugur alyp, ýylyň gelşini, ahwalyny, nä zeýilli boljakdygyny kesgitläpdirler. Şonuň netijesinde şu ynançlar kemala gelipdir:

Bulary bileýin diýseňiz

Kelpeze dilini awuna garşy uzadanda, diliniň uzynlygy göwresiniň uzynlygynyň ýarysyna barabar bolýar. Gözleri biri-birine bagly bolmazdan hereket edip bilýär. Şonuň üçin-de, kelpeze kellesini hiç bir tarapa gyşartmazdan, şol bir wagtda çar tarapyny görmäge ukyplydyr.*  *  *Möýüň kerebi täsin gurluşa eýedir. Alymlaryň pikirine görä, möýüň kerebi Ýeriň magnit meýdanyny üýtgedýär diýlip çaklanylýar. Şol sebäpli-de, köp mör-möjekler kerebi görmän, oňa aňsatlyk bilen düşýärler.*  *  *Pingwin dik durup ýöreýän, suwda ýüzüp bilýän, ýöne howada uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.

Kak suwy

Tebigy gurşaw bilen sazlaşyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak we ýaş nesli tebigata söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy martynda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek bellenildi. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylmagy has-da guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ak mermerli paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň ähli kün

Arazbibiniň deresi

Türkmen topragy — Allanyň nazary düşen toprak. Onuň dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, derýa ýerinde derýasy, deňiz ýerinde deňzi... bar. Her pasla görä täsin keşbe, gözellige eýe bolýan ajaýyp türkmen tebigatyny, aýdylyşy ýaly, görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Birnäçe ýyl mundan ozal, ýaz paslynda şeýle gözel ýerleriň birinde — Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Madaw obasynyň çäginde ýerleşýän Arazbibiniň deresi diýilýän gözel ýerde maşgalamyz bolup, gezelençde bolmak bagty miýesser etdi. Madaw obasyndan, takmynan, 30-40 kilometr demirgazyk-gündogarda, Gyzylbaýyr obasyndan 60-70 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän dere baharyň hoştap howasynda jenneti künjegi ýadyňa salýardy. Al-ýaşyl öwüsýän otlar, anbar ysly güller, ýuwa-ýelmikdir jümjüme, äjiwe, ysmanak, kösükdir domalan, jyklaşyp seredýän kömelekler... derä gaýtalanmajak gözellik berýärdi. Garaz, bu deräniň gözelligi haýrana goýup, her ýyl şu ýere gelmäge höwes döredýärdi. Şeýle ajaýyp tebigat gözelligini Biribaryň bereketli topragymyza joşanyna haýran galýarsyň. Ylaýta-da, bu deräniň adynyň täsinligi geň galdyrýardy. Onda-da zenan maşgalanyň adynyň taryhyň gatyna siňip, biziň şu günlerimize gelip ýetmesi barada oýlanman durup bolanokdy.

Stambulda çigildem möwsümi

Stambullylar aprel aýyna «Çigildem möwsümi» diýýärler. Munuň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki şol aýda şäher durşuna diýen ýaly çigildemlere bürenýär. Şäheriň meşhur künjekleriniñ biri hasaplanýan Soltan Ahmet meýdançasyna owadanlygy bilen haýran galdyrýan güllerden haly düşelýär. Bu bolsa ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şonuň ýaly-da, Gülhane seýilgähinde, Soganly botanika seýilgähinde, Emirgan, Ýyldyz, Beýkoz, Fethipaşa, Hidiw Kasry, beýik we kiçi Çamlyja baglarynda hem çigildem güllerini görmek mümkin.

Ylmy-okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Maslahata jemgyýetiň hünärmenleri we agza bolup durýan tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Olar jemgyýetiň nahalhanalarynda bag nahallaryny ýetişdirmegiň we olara ideg etmegiň agrotehnikasy barada tejribe alyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen welaýatymyzda ýazky bag ekişlik çäresiniň guramaçylykly geçirilmegine jemgyýetiň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Jemgyýetiň nahalhanalarynda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan agaç nahallary köpçülikleýin ýetişdirilip, ilata we edara-kärhanalara mugt paýlanylýar. Bag ekmegiň şu ýazky möwsüminde hem tut we tuýa nahallarynyň 1180 düýbi tebigaty söýüjilere paýlanyldy. Tebigaty söýüjileriň agramly bölegini düzýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Seýdi şäher hassahanasynyň çäklerinde jemgyýetiň nahalhanalarynda ýetişdirilen nahallar köpçülikleýin oturdylyp, täze baglar döredildi.

Baglaryň ömrüni uzaldýan guşlar (Täsin tebigat)

Olar — daşdeşenler. Häzirki wagtda olaryň 200-den gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Uçmaga o diýen ökde bolmadyk bu guşlaryň aglaba bölegi tokaýlarda ýaşaýar. Daşdeşenler adaty bolmadyk uzyn çüňkleri bilen beýleki guşlardan düýpli tapawutlanýarlar.

Rys­gal-be­re­ke­diň çeş­me­si

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýşyň çeşmesi we gönezligi bolan suwy netijeli, tygşytly ulanmak, oba hojalygynda ekinleri suwarylanda ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny ulanmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Sebäbi suw bolçulygyň, berekediň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem pederlerimiz suw hakynda «Suwly ýer — gül, suwsyz ýer — çöl», «Suw aka-aka durlanar», «Suw damjasy — altyn dänesi» «Gyş suwy — gyzyl suwy» ýaly many saçýan nakyllary döredipdirler. Türkmenistan irki döwürden bäri ekerançylygyň dörän mekany, bu gün bolsa, bolçulygyň, rysgal-berekediň ýurdudyr. Ýurdumyzda häzirki wagtda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ony egsilmekden we hapalamakdan goramak boýunça ylma esaslanan has netijeli usullary işläp taýýarlamak we kanunçylyk binýadyny düzgünleşdirmek babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Suwda ynsanyň-da, ýeriň-de, janly-jandaryň-da, ösümlikleriň-de, daragtlaryň-da, mahlasy, ýaşaýşyň teşneligini gandyrýan gudrat jemlenendir. Pederlerimiz suwy berekediň, bolçulygyň sakasy hasaplap, kärizleri, ýaplary, howuzlary gazyp, jykyrlary gurup, türkmen ýaýlalaryny gülledipdirler, bagy-bossanlyga öwrüpdirler.

«Obagörüneriň» depesinde

(Bathyz gündeliginden) Köp wagtlyk elkinçilikden soň, obaňa dolanmak gowy duýgulary bagyşlaýar. Aňňat-aňňat depeleri külterläp gelýän ýük ulagy zor baryny görüp, gözýetimiň asman bilen birleşýän ýerindäki gara depäniň üstüne çykar. Üstüne çykyp bolsa, aňrysy eliň aýasy deý görnäýjek ýaly duýulýan garalyp duran beýigiň depesi bilen esli ýöräniňden soň, ho-ol alysdan akjaryp jaýlar görnüşip ugrar. Ulagdakylar: «Ana, oba-da göründi» diýşerler. Üç-dört sagatlap ýol söküp ýadanlaryň ýene eňeklerine jaň kakylan ýaly bolar.

Çigildemler barada gyzykly maglumatlar

Çigildemler meşhurlygy boýunça dünýäde üçünji orunda durýan güldür. * * *

Ewklaz

Ewklaz (ewklaz, ewklazit) gymmat bahaly daş hasaplansa-da, entek şaý-seplerde kän bir ulanylmaýan seýrek daşlaryň biridir. Akademik A.Ý.Fersman bu mineraly zümerret, göwher ýaly daşlaryň deňinde goýup, ýokary baha beripdir. Ewklaz ilkinji gezek 1792-nji ýylda görnükli fransuz minerology Rene-Žýust Haýu tarapyndan gymmat bahaly daş hökmünde saýlanylyp, onuň doly beýany diňe 1892-nji ýylda çap edilipdir. 1858-nji ýylda rus alymy N.I.Kokşarow Günorta Uralyň altyn gazylyp alynýan käninden diametri 7,3 sm bolan uly kristaly tapýar. Häzirki wagtda ol daş Sankt-Peterburg Dag-magdan institutynyň muzeýinde saklanýar. Ewklaz örän näzik mineral. Onuň ady gadymy grek sözünden gelip çykyp, «gowy bölünýän» diýen manyny berýär.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Aprel aýy

1.HAMAL (GUZY 21.03 — 20.04) Hamal ýyldyzy astynda doglanlara aprel aýynda ýerine ýetirmeli möhüm wezipeler garaşýar. Bu döwürde işleriňizi wagtly-wagtynda amal etmek, päsgelçilik ýüze çyksa-da, meýilnamaňyzdan daşlaşmazlyk maslahat berilýär. Işini çalyşmak isleýän hamallar üçin hem aprel aýy örän amatlydyr. Şonda-da seresaplylygy elden bermäň. Ähli zada, hususan-da, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna üns beriň. Diňe iş we öý aladalaryna çümüp oturman, dynç günlerinde maşgalaňyz bilen söwda, dynç alyş merkezlerine gidip, söwda etmek, medeniýetli dynç almak işiňiziň has-da ilerlemegine ýardam eder. Maliýe babatynda bu aýda ýyldyzlar hamallara goşmaça girdeji almak üçin iş ugurlaryny giňeltmegi maslahat berýärler. Aýyň ahyry täze tanyşlyklara, myhmançylyklara baý bolar.