"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Güjüm keramatly agaç

Topraga, ekin-dikine alyn derini siňdirýän pederlerimiziň ýollaryny mynasyp dowam etdirýän agzybir halkymyz dürli ösümlikleri, saýaly baglary ekmäge aýratyn üns berip, nesilden-nesle geçirip, biziň şu günlerimize çenli ýetirip gelipdirler. Şol asylly ýörelge edil beýleki obalardaky ýaly biziň obamyza-da mahsusdy. Edil häzirki gün ýaly ýadymda, obadaşlarymyz dürli iýmişler bilen bir hatarda saýaly, miweli agaçlary köp ekýärdiler. Olar: «Agaç ösdürip ýetişdirseň, sogap bolýar» diýen ynanja uýýardylar.

Güller barada

Dünýä belli Golland bägülleri taryhyň hiç bir döwründe-de gymmatyny ýitirmändirler. XVII asyrda bu bägülleriň iň gymmatbaha metallardan hem gymmatly bolandygy barada käbir maglumatlar bar. Dünýäde iň uly ýaşly gül 2001-nji ýylda Hytaýda ýüze çykaryldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu gülüň 125 million ýaşy bar.

Taryha baý Garagum

Garagum ýurdumyzyň taryhynda we edebiýatynda uly ähmiýete eýedir. Birmahallar Garagumuň eýeleýän ýerinde ösen şäherler, şeýle hem Marguş ýurdy hem bolupdyr. Häzirki döwürde gumuň içinde halkymyzyň uly sarpa goýýan ýadygärlikleri az däldir. Çünki bu ýerde ýaşaýşyň özboluşly ýörelgesi hem-de däp-dessurlary emele gelipdir. Gadymy döwürlerden bäri Garagumda dowar sürüleri bakylypdyr, çopanlaryň, mergenleriň hem-de awçylaryň pişesi sähra bilen bagly bolupdyr. Bu ýerde itleriň alabaý we tazy ýaly täsin tohumlary ýetişdirilipdir. Çägeli ýollary söküp geçmek ahalteke bedewlerinde çydamlylyk, çeýelik... ýaly häsiýetleri kemala getiripdir. Tomsuna salkyn we gyşda ýyly bolýan türkmen ak öýleri hem Garagumda döräpdir. Garagum tebigatyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden täsin sazlaşygynyň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde gum alaňlary hem-de daş ýaly gaty takyrlar aýratyn sazlaşyk döredýär. Çäge takyryň üstüni örtüp bilmeýär. Sebäbi takyrlaryň üsti örän tekizdir. Şoňa görä-de, çäge ýeliň täsiri bilen onuň üstünde saklanmaýar. Ýene-de bir täsin zat: adatça, Garagum sährasy örän gurak ýer hasaplanylýar. Şol bir wagtyň özünde, tutuş Garagumuň astynda, uly çuňlukda ýerasty suwlaryň uly gorlary ýerleşýär. Dogry, olaryň köpüsi güýçli minerallaşan su

Erik agajy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Ah­met ikin­ji syn­py ta­mam­lap, to­mus dynç alyş gün­le­ri­ni oba­da, ene­le­rin­de ge­çir­ýär­di. Oba­nyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy onuň üçin diý­seň gy­zyk­ly­dy. Gün­de­lik gaý­ta­la­nyp du­ran şol bir iş­ler, he­re­ket­ler bol­sa örän geň­di.

Tebigat we tejribe: üznüksiz üýtgeýişleriň gadymy pelsepesi

Şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP-28) 28-nji maslahaty geçirilýär. Maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Ýurdumyz ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Geçmişe nazar aýlanymyzda-da, halkymyzyň tebigat bilen hemişe sazlaşykly ýaşandygyna göz ýetirýäris. Taryhy öwrenmegiň gözbaşynda ynsanara gatnaşyklardan kän ozal kemala gelen şert, ýagny janly-jandaryň döremegine getiren daşky gurşawyň özüniň emele gelşi dogrusyndaky tebigat ylymlarynyň çemen-dessesi ýatyr. Diýmek, gadymy taryhy öwrenmek işi bu ugurda toplanan tejribeden, ylaýta-da, munda has esasly we ygtybar-ykrarly ylmy tejribeden başlanylsa, hem maksada, hem mantyga laýyk, çünki geçmiş ýaşaýyş döremezden-de kän öňinçä janly-jandara hem ata, hem ene bolan, ýagny taryha ýaşaýyş getiren, öze

Ýandak

Halkymyzda şeýle gürrüň bar: «Ýandak obaňda gögerse, tebip derkar däl». Bu sözüň aňyrsynda uly many bar. Lukman Hekimiň il-güne: «Men gitsem, düýäniň çalyny içiberiň» diýen sözi hem biziň aýtjak bolýan zadymyza degişli. Sebäbi düýäniň iň süýji görýän höregi ak sazak bilen başyna biten däneli ýandak. Ýandak takyr hem adyrsowrak ýerlerde gögerýär. Adyrsow ýerde biten ýandagyň güli az bolýar. Takyrda biteniňki tersine köp bolýar. Suwuň boýunda biten ýandagyň baldagy ýogyn, boýy uzyn bolýar. Ýandagyň özboluşly owadan güli we dänesi bolýar. Ýyl ygally gelse, adaty ösümlikler pür-pürçege öwrülýär. Ýandak bolsa tersine dänelemeýär. Sebäbi ol özüne gerek bolan suwy has çuň ýerden alýar. Şonuň üçin onuň köki ýeriň has aşaky gatlagyndan suw içýär.

Benagil gowagy

Özüniň gözelligi we özüne çekiji täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýan tebigy ýerleriň biri-de Benagil gowagydyr. Bu täsin gowak Portugaliýa döwletiniň günortasynda Benagil ülkesiniň golaýynda ýerleşýär. Gowagyň «Benagil» ady hem Benagil ülkesiniň ady bilen baglanyşdyrylýar. Benagil gowagy deňiz tolkunlarynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda hekli gaýalara gelip, urulmagynyň täsiri astynda olaryň ýonulmagy netijesinde emele gelipdir. Bu gowagyň içinden açyk deňze çykmak bolýar. Gowagyň depesinde edil göze meňzeş oýulan ýeri bolup, ondan Gün şöhleleri gowagyň içindäki çägelik meýdana düşüp, owadan görnüş emele getirýär.

Türkmen tebigatynyň täsin daşlary

Daşlar tebigatyň täsin görnüşli, owadan mineral jisimleridir. Olar, mineral düzümleriniň dürlüligine baglylykda, iki topara, ýagny gymmat bahaly we bezeg daşlaryna bölünýärler. Gymmat bahaly daşlaryň esasy aýratynlygy olaryň altyn öwüşgini, arassalygy, berkligi, owadanlygy bilen kesgitlenýär. Tebigy reňkli daşlar örän seýrek tapylýar we iň ýokary çeperçilik bilen bejerilýär. Bezeg daşlary dürli reňkli tebigy minerallardan we dag jynslaryndan ybaratdyr. Olardan dürli reňkli, ençeme görnüşli çeper nagyşlar, dekoratiw bezegler ýasalýar, şeýle-de olar gurluşykda peýdalanylýar. Gymmat bahaly we bezeg daşlary dürli geologik hadysalaryň netijesinde emele gelýärler. Türkmen tebigatynda gymmat bahaly we bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri bardyr. Şolaryň içinde Ural dagynda duşýan zümerret, malahit, aleksandrit, ýaşma, topaz, mermer ýaly tebigy daşlar hem bar. Bu daşlar bütin dünýäde meşhurdyr.Tüwergyrda ýaşma, Köýtendagynda halsedon, mermer görnüşli oniks, Magdanly, Köýtendag, Köpetdag, Uly Balkan, Türkmenbaşy sebitlerinde gips, angidrit we dolomit, Gubadagda mermer ýaly bezeg daşlaryna duş gelmek bolýar.

Dagdanly taýmaz...

Dagdan — türkmen daglarynyň gelşigi we ýaraşygy hasaplanýan gadymy agaç. Bu dag daragty dag çeşmeleriniň golaýynda ösüp, olary kölege bilen büreýär. Daragtyň dünýäde 50-den gowrak, Türkmenistanda bir görnusi duşýar. Dagdanlaryň boýy 10 — 15 metre çenli ýetýär. Bu agaç örän gaty, agyr, çeýe we çydamlydyr. Şonuň üçin-de, dagdana «demir agaç» ýa-da «daş agaç» diýilýär. Dagdan agajy guraklyga çydamly haýal ösýän ösümlikdir. Bu agaç 200 ýyldan 600 ýyla çenli ýaşamaga ukyply bolup, ol ýagtylygy we guraklygy halaýar. Dagdan agajy tohumyndan we nahalyndan  köpelýär. Agaç 7-8 ýaşlarynda gülleýär. 8 — 16 ýaşlarynda miwe berýär. Miwesi iýmäge ýaramly.

Baglaryň täsin dünýäsi

Ýer togalagynyň ýaşynyň 4,5 milliard ýyla barabardygy, agaçlaryň bolsa 470 million ýyl mundan öň peýda bolandygy barada alymlaryň aýdýanlaryny diňläniňde, bu ýagdaýy göz öňüne getirmek hem aňsat däl. Sebäbi baglar diňe bir gözellik bolman, ol sagdynlygyň hem çeşmesidir. Baglar bilen baglanyşykly täsin maglumatlar her kim üçin-de gyzykly bolsa gerek. Ilkinji agaçlar ýapraksyz bolupdyr.

Guşlar dünýäsinden

Dag meýnesi Dag meýnesi Günorta Aziýada, Hindistanyň demirgazygynda Günorta Gimalaý daglaryna çenli hem-de Türkmenistanyň Gündogarynda giňden ýaýrandyr. Dag meýnesi — öz watanynyň çäklerinde oturymly ýaşaýan guş. Bu guş biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 1963-nji ýylda Köýtendagyň eteginde hasaba alyndy hem-de Owganystandan tötänden uçup gelen görnüş hasap edilýär. Daglyk sebitlerde dag meýnesi 120 — 150 metr beýiklikde ýaşaýar, ýöne dag eteklerinde bolsa onuň ekerançylyk ýerlerinde hem duşmagy mümkin.

Repetegiň reňbe-reň düzlüginde

Garagum sährasynyň iň gözel ýerleriniň biri Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe Türkmenistanda däl, eýsem, çöllük zonada döredilen ilkinji goraghanadyr. Ol welaýatymyzyň merkezi — Türkmenabat şäherinden 70 kilometr uzaklykda Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşýär. Repetek çöl stansiýasy 1912-nji ýylda «Rusgeografiýa» jemgyýeti tarapyndan Garagum çölüni yzygiderli öwrenmek, 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa Repetegiň daş-töweregindäki çölüň täsin we ajaýyp ojar tokaýlaryny goramak maksady bilen döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar. 1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. 1977-nji ýylda goraghananyň düzümine Ýerajy tebigy çäkli goraghanasy hem girizilýär. Ol Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr Günbatarda ýerleşýär. Ol, esasan, gara sazakly tokaýlary, ýerde we suwda ýaşaýan guşlary, olaryň höwürtgeleýän çäklerini gorap saklamak, köpeltmek maksady bilen döredilendir. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde süýdemdirijileriň 29 görnüşi, süýrenijileriň 22 görnüşi, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi we guşlaryň 200-den gowrak görnüşi duş gelýär. Dünýäniň iň uly çägeli çölleriniň biri çäge ulgamlarynyň, aklaň çägeleriň we jülge şekilli peslikleriň gezekleşip

Öý haýwanlarynyň täsin ukyby

Pişik Pişikler arassaçyl jandar bolup, olar wagtynyň dörtden bir bölegini tüýlerini arassalamak bilen geçirýärler. Olar tüýlerinde saglyk we ýaşaýyş üçin zerur bolan D ýokumynyň bardygy sebäpli şeýle edýärler. Haýwanlaryň hemmesi diýen ýaly azaşanlarynda, öz öýlerini tapyp bilmeýärler. Bu ukyp diňe pişiklere mahsusdyr. Olar ultrases barlaglary arkaly bu işiň hötdesinden gelýärler. Pişikleriň ýene-de bir duýgur synasy olaryň murtlarydyr. Murtlarynyň kömegi bilen olar uzak aralykdaky awlaryny hem duýup bilýärler.

Garagyş döwri geldi

Halkymyz irki döwürlerden başlap ýylyň pasyllaryna, aýlaryň gelşine, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna örän ünsli syn edipdir. Munuň özi olaryň ýerine ýetirýän kesbi-käri, ýaşaýşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda edilen gözegçilikleriň netijesinde tebigatyň pasyllary barada kesgitli garaýyşlar emele gelipdir. Ýyldyz, ýagny, milli senenamamyza laýyklykda şu gün garagyşyň ilkinji güni. Ol 15 günläp, 8-nji dekabra çenli dowam eder. Hawa, 23-nji oktýabrdan 22-nji noýabr aralygynda dowam eden akrap döwri öz ornuny garagyşa berdi. Atalar sözleriniň birinde «Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýilse-de, şu ýylyň güýzi, şol sanda, noýabr aýy adatdakylardan ýyly we ygalsyz geldi. Munuň özi oba hojalyk ekinleriniň hasylyny yrýasyz ýygnap almakda ähmiýetli boldy. Daýhanlarymyz pagta ýygymyny, ak ekinlere ideg etmek işlerini gyzgalaňly alyp barmak bilen birlikde gök we bakja ekinleriniň hasylyny, miweleri hem ýygnap alýarlar.

Tokaý sugunlary

Amyderýanyň kenarlarynyň tokaýlar bilen jäheklenen gorag meýdançalarynda owadan hem gelşikli sugunlar ýaşaýarlar. Owadanlygy üçin olara, başgaça, «hangül» hem diýýärler. Sugunlar Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany hasap edilýär. Biziň ýurdumyzda asylly sugunyň buhar ýa-da tokaý aşaky görnüşi duş gelýär. Ol asylly sugunyň beýleki görnüşlerinden göwresiniň kiçiligi we şahlarynyň görnüşi bilen tapawutlanýar. Bu uly hem gelşikli haýwanlar oturymly ýaşaýarlar, olar toraňňy jeňňelliginden çykmaýarlar. Tokaýlyklarda dürli otjumak ösümlikleriň köp bolmagy, şeýle-de ösümlikleriň bol hasyl getirmegi olaryň asuda ýaşamagyna, köpelmegine amatly şertleri döredýär. Tokaý sugunlary örän duýgur, ys alyş we görüş agzalary güýçli ösen süýdemdiriji haýwanlardyr. Olar tokaýlarda petde, igde we beýleki ösümlikleriň şahalary, güli we miweleri bilen iýmitlenýärler. Tokaý sugunynyň boýy 120 santimetr, agramy 280-300 kilograma çenlidir.

Garagyş

Adyndan belli bolşy ýaly, garagyş möwsümi gyş paslynyň başlanýandygyny duýdurýar. «Gara» bilen «gyş» sözüniň goşulyp gelmegi bu döwürde örän hüşgär bolmalydygyny aňladýar. 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň duýdansyz üýtgemegi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi. Daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň, aýratyn-da, aralyk ekinleriň hasylyny howlukman, arkaýynlykda ýygnadylar. Netijede, olar mäş, noýba, şaly, dary ýaly ekinlerden bol hasyl aldylar. Maldarlar hem şu döwürde meýdanlardan ot taýýarlamak we olary mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak işlerini utgaşykly alyp bardylar.

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, Türkmenistan öz esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalaşygyny gazanmakda görýär. Şu aýdylanlardan ugur alnyp, suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan suwdan peýdalanmagyň we suw serişdeleriniň döwletler üçin deň derejede elýeterli bolmagynyň adalatly, köptaraplaýyn bähbitlerini nazara almaga esaslanan ählumumy we sebit ulgamlaryny döretmek boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna suw diplomatiýasynyň esasy maksady hökmünde garaýar.

Leýland

Häzirki döwürde pürli agaçlaryň dürli görnüşleri ýurdumyzyň bezeg-bagçylygynda ulanylyp, ähli şäherlerimizdir etraplarymyzyň, obalarymyzyň gözelligini artdyrýar. Şeýle pürli agaçlaryň biri leýlanddyr. Leýland mydam ýaşyl öwsüp oturan owadan pürli agaç. Onuň konus şekilli dykyz gabarasy, gür şahalanyşy bezeg-bagçylyk ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Leýlisaç – gadymy agaç

Leýlisaç agajy söwütler maşgalasyna degişli bolup, özüniň daşky owadan keşbi bilen beýleki ak söwüt, tal, garasöwüt ýaly agaçlardan düýpgöter tapawutlanýar. Uzyn saçyny çöşläp, ýere döküp oturan gyzy ýadyňa salýan leýlisaç agajyna köplenç ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde, akar suwly ýaplaryň boýunda duşmak bolýar. Tebigatyň ajaýyp gözellikleriniň biri bolan bu agajyň adynyň «Leýlisaç» diýlip atlandyrylmagy bilen bagly birnäçe rowaýatlar halk arasynda agyzdan-agza geçip gelýär. Şol rowaýatlaryň birinde aýdylmagyna görä, ýedi aşygyň biri hasaplanýan Mejnunyň magşugy Leýli gyzyň saçy şeýle bir owadan, şeýle bir uzyn bolupdyr welin, ýere ýetip duranmyş. Günleriň birinde Mejnun öz söwer ýary bilen duşuşmaga gaýdýar. Seretse, akar suwly ýabyň boýunda onuň Leýlisi uzyn, owadan saçyny ýuwup dur diýýär. Bu ýagdaýa aňk bolan Mejnun birbada özüni ýitiripdir, soňra öz bolşundan özi utanyp, gelenini duýdurman yzyna dolanypdyr. Birnäçe wagt geçirip, ýene-de akar ýabyň boýuna Leýlisiniň oturan ýerine dolanyp gelse, eýýäm gyz ýok diýýär. Ol ýerde Leýlä derek näzijek şahajyklary ýere sallanyp duran, saçyny döküp oturan gyza çalymdaş örän owadan bir agaç gögerip otyrmyş. Bu ahwalata geň galyp, näderini bilmedik Mejnun ol agajyň ýere ýetip du

Hurma

Şu günler saçaklaryň bezegi bolan hurmanyň ýygymy dowam edýär. Hurmanyň watanynyň Hytaýdygy, erigiň tagamyny ýatladýandygy üçin oňa «hytaý erigi» hem diýlipdir. Hurma sahawatly güýzüň ýene bir nygmatydyr. Ol ýurdumyzda öňden bäri meşhurdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda Alma, Üzümgül atlaryň bolşy ýaly, Hurma atlylar-da az däldir. Hurma Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynyň arasynda «süýji» hyzmatdaşlygyň bolandygyny ýatladyp duran ajaýyp bir miwedir. Türkmen daýhanlary bu miwäni öz topragymyzda ösdürip ýetişdirmegiň abyny-tabyny ele alypdyrlar.