"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy. Asylly däbe görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan bol hasyly dileg edip, bugdaý tohumlaryny topraga sepdiler hem-de nobaty mehanizatorlara geçirdiler.

Almanyň importyny 1,6 esse artdyrdy

Gazagystan şu ýylyň birinji ýarymynda almanyň importyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,6 esse artdyrdy. Has takygy, hasabat döwründe gazak bazaryna daşary ýurtlardan getirilen almanyň umumy mukdary 94 müň tonna, umumy bahasy bolsa 40,9 million amerikan dollaryna deň boldy. Ýylyň birinji ýarymynda Gazagystan Polşadan 46,9 müň tonna (umumy bahasy 23,9 million amerikan dollary), Eýrandan 21 müň tonna (umumy bahasy 7,8 million tonna) we Hytaýdan 13,2 müň tonna (umumy bahasy 4,7 million amerikan dollary) alma import edipdir.

1 million 268 müň tonna rus gallasyny import etdi

Müsür şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda (täze oba hojalyk ýylynyň deslapky iki aýy) Russiýadan galla satyn almakda iň öňdebaryjy ýurt boldy. Hasabat döwründe Müsür rus gallasynyň 1 million 268 müň tonnasyny import etdi. Şonuň 1 million 244 müň tonnasy bugdaýdyr. Maglumat üçin, soňky iki aýda Russiýadan iň köp galla satyn alan ýurtlaryň ilkinji bäşliginden Saud Arabystany (1 million 87 müň tonna), Türkiýe (748 müň tonna), Eýran (634 müň tonna) we Bangladeş (622 müň tonna) ýaly ýurtlar hem orun alypdyrlar.

Rysgal-berekediň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Golaýda Balkan welaýatynda bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanyp maslahat geçirildi. Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň geçýän ýeri baýramçylyk keşbine beslendi. Bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerdäki ajaýyp sahnada tanymal bagşy-sazandalaryň şirin aýdym-sazlary, welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň çykyşlary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Bugdaýy bolanyň aýdymy bolar

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 4-nji sent­ýabr­da ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gi­ri­şil­di. Bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi hormatly Prezidentimiziň ak pa­ta­sy bi­len ba­dal­ga al­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan bol ha­sy­ly di­leg edip, bug­daý to­hum­la­ry­ny top­ra­ga sep­di­ler hem-de no­ba­ty me­ha­ni­za­tor­la­ra ge­çir­di­ler.

Türkmenistan — ak bugdaýyň watany

Ýurdumyzda oba hojalygyny özgertmek, hususan-da, pudaga täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, onuň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hem möhüm orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga alandygyny nygtamak gerek. Çünki hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Bugdaý ekişine taýýarlykly gelindi

Oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan — güýzlük bugdaý ekiş möwsümini ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin daýhanlarymyz irginsiz zähmet çekýär. Ýakynda ýurdumyzyň welaýatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi, hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine girişildi. Ahal welaýaty boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekmäge 195 müň gektar ýer talabalaýyk taýýarlanyldy. Şonça ýerden geljek ýyl 400 müň tonna guşgursak däne ýetişdirmek maksat edinilýär.

Tehnikalar —daýhanyň daýanjy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy giňden bellenilýän ýylyň badalga berlen pagta ýygymy möwsüminde Ahal welaýaty boýunça «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 249-synyň, iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 114-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Bu jogapkärli möwsüme taýýarlygyň çäklerinde Ahal welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri tarapyndan pagta ýygyjy kombaýnlaryň her biri irgözinden doly gözden geçirilip, zerurlaryna abatlaýyş işleri geçirildi. Şeýlelikde, pagta ýygymy möwsüminde daýhanlaryň daýanjy boljak «polat atlaryň» doly taýýarlyk hatarynda goýulmagy gazanyldy. Welaýatyň «ak altyn» ussatlary 135 müň gektar meýdandan pagtanyň 280 müň tonnasyny almagy maksat edinýärler. Olaryň bu belent maksada ýetmeginde pagta ýygyjy kombaýnlaryň orny uludyr. Şoňa görä-de, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem degişli işler geçirildi.

Bol hasyl ýetişdi

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Faýzulla Sabirow arassa yhlasy, asylly zähmeti bilen ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny öndürip, ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Ähli ugurlar boýunça rowaç işler, uly üstünlikler bilen nurlanýan şanly ýylymyzda-da ussat daýhanyň 65 gektara barabar ýerinde pagtanyň bereketli hasyly ýetişdi. Alys gözýetime ýaýylyp ýatan gowaça meýdanlarynda ak patrak ýaly açylan gozalar Günüň nuruna ýalkym saçýar. Günsaýyn däl, sagatsaýyn patrap açylýan sanýetmez gozalar bilen ýüki ýetýän keşleriň uzyn-uzyn hatary halal zähmetiň abraý ölçegine, bereket-bolçulygyň nyşanyna meňzeýär. Arkama-arka gelýän daýhançylyk kesbini ygrarly ýöredip, ýere asylly hyzmat etmegiň, halal zähmet çekip, bagta ýetmegiň göreldesini görkezýän Faýzulla Sabirow kärende ýeriniň her gektaryndan 30 — 35 sentner hasyla garaşýandygyny uly ynam bilen aýdýar. Häzir tebigatyň üýtgeýän wagty. Pasyl çalşyp, jöwza kem-kemden saýpallaşýar. Sahawatly topragyň ýaşyl roýy has goýrulanyp, doýgun öwüsýär. Nijeme ýyl bäri werdiş eden endigine görä, ol säher bilen ýabyň erňegini yzarlap gidýän gumsalt ýoldan ekin meýdanlaryna tarap ugraýar. Ýylboýy bejergisi, iýmiti, suwy ýeten, gyradeň hatarl

Çarwa zenany

Öň adyny eşidenem bolsak, ýurdumyzyň günbatarynyň gyra çetinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Tüwer obasyna heniz baryp görmändik. Nesibämiz çeken bolmaly. Türkmen topragynyň keramatly ýerlerine, gadymy ýadygärliklerine aýlanyp görmek, taryhda yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiziň, dana alymlarymyzyň, beýik pirlerimiziň aramgählerine zyýarat etmek maksady bilen, Balkan welaýatyna tarap ýola düşüp, müňlerçe kilometri geçenimizden soň, iň soňky düşelgämiz Tüwergyr depesi boldy. Bu depede geçmiş taryhymyzda gahrymançylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen tanalan Ärsarybabanyň aramgähi ýerleşýär. Beýikli-pesli depe-düzlerden, asman boýlaýan dag-derelerden, alyslara uzaýan giň sähralyklardan geçip, bu keramatly ýere baranymyzda, bizi mähribanlyk bilen garşy alan çarwa zenany Täçbibi daýzady. — «Zyýaratçylaryň arasynda zenanlar-da bar» diýseler, Gurbanmuhammede: «Onda bizi-de äkitmeseň bolmaz» diýdim. Bular meniň gelinlerim, gyzlarym — diýip, ol daşymyzy gallap alan gelinlere ýüzlenip gürledi:

Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Ak bugdaýyň gadymy mekanynda ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen utgaşmagynda gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp keşbidir. 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişilmegi hem munuň aýdyň dabaralanmasy boldy.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi  bilen badalga alan güýzlük bugdaý ekiş möwsümi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Düýn — 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy. Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Oba hojalygyny özgertmek, hususan-da, pudaga täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, onuň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hem möhüm orna eýedir.

Her bir dänäň müň bolsun, türkmen daýhany!

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, ekiş möwsümini ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Düýn özboluşly toý ruhunda badalga alan ekiş möwsümi edermen daýhanlarymyzy yhlasly zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrdy.

Tohumyň müňlesin, gallaçy daýhan!

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 30-njy awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleler bilen bir hatarda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginiň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtap, 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şeýle-de güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary derejede geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, düýn welaýat häkimliginde ir säher bilen geňeş-maslahat geçirildi. Onda bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda guramaçylykly geçirmek, bu möhüm işde kämil usullary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra bu çäre mynasybetli Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde uly dabara guraldy. Ir säherden başlanan çärä il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýatymyzyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ussat gallaçylar gatnaşdylar.

Topraga bagry badaşan

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi

Her bir dänäň müň bolsun! Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki wagtda ekişiň ýakynlaşandygyna görä, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň talaplaryna görä, irgözin we ýokary hilli geçirmegiň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, ekiş möwsüminde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji sentýabryndan bugdaý ekişine ak pata berýändigini aýtdy we asylly däbimize laýyklykda, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.

Möhüm möwsümiň aladalary

Maksatly menzil aşar Oba hojalyk işgärleri üçin ýene bir möhüm möwsüm — ýetişdirilen gowaça hasylyny ýygnamak möwsümi barha ýakynlap gelýär. Bu babatda pagtaçy kärendeçiler, daýhan birleşikleriň, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary ähli tarapdan taýýarlyk görýärler. Ählisiniň maksady daýhan yhlasy bilen kemala gelen “ak altyny” wagtynda we isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakdan ybarat bolup durýar.

Tohumyň müňlesin, daýhan!

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda bugdaý ekişine badalga berildi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bugdaý ekişi möwsüminiň ýetip gelmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen birlikde, biziň welaýatymyzda hem bu möhüm ähmiýetli işe 4-nji sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Şu mynasybetli welaýatymyzyň dürli ýerlerinde bu haýyrly çärä ykjam taýýarlyk görlüp, oňa bagyşlanylan dabaralara giň gerim berildi.

Galkynyşdan görklenýän obalar

Şabat etrabynyň Diýar geňeşligi galkynyşdan görklenýän obalary bilen döwrebap ösýär, özgerýär. Geňeşligi Galkynyş, Abdalýap, Aýakketli, Ogşuk ýaly obalaryň dördüsi düzüp, olarda häzirki zamanyň döwrebap ýaşaýyş gurşawy doly üpjün edilendir. 16 müňden gowrak ilaty bolan geňeşligiň çäginde iş saparynda bolanymyzda, bu ýerde taryhy döwrümiziň baş maksat hökmünde öňe çykarýan wezipeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň gözli şaýady bolduk. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Jennet Hallyýewa bilen geňeşlige tarap ugranymyzda, onuň maksat edinip barýan obalarymyz hakda beren gürrüňleriniň hakykatdygyna doly göz ýetirdik. Işleriň belent maksatdyr yhlasyň sazlaşygyndan rowaçlanýandygy geňeşligiň tutuş çäginde mese-mälim duýulýar. Gara ýoluň iki gyrasyny jähekläp oturan söwda nokatlarynda ilata medeniýetli söwda hyzmatlarynyň edilýändigini olaryň köp adamlydygyndan hem arkaýyn duýmak bolýar.

Zähmetsöýer halkymyzyň berekedi ak bugdaý

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi we zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.