"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Obasenagat toplumy: bu pudagyň ösdürilmegi babatdaky döwlet maksatnamalary yzygiderli amala aşyrylmalydyr

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri degişli yzygiderlilikde hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda, hususan-da, sebitlerde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek, ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada aýdyldy. Welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazky bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nahallary oturtmak hem-de pile öndürmek boýunça meseleleri netijeli çözmek babatda degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň möhüm wezipeleri

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Oba hojalyk habarlary

MÖWSÜM GURAMAÇYLYKLY BARÝARWelaýatymyzyň maldarlary şu ýylyň owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleri gyzgalaňly dowam etdirýärler. Häzirki wagtda welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Görogly etrabynda ýerleşýän «Garagum» hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde hereket edýän «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynda bu işleriň depgini barha ýokarlanýar. Maldarçylyk hojalyklarynda şu möwsümde dowarlardan owlak-guzy almak barada ýörite düzülen meýilnamalaryň esasynda oňa hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegi, sürülere başga-da jogapkär hünärmenleriň, mal lukmanlarynyň gözegçiliginiň ýola goýulmagy, olara degişli kömekçileriň, ulaglaryň berkidilmegi we beýleki çäreler oňat netijeleriň gazanylmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, täze doglan sagdyn owlak-guzularyň sany barha artýar.

Zähmet çekmek — bagta ýetmek

Mary etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçileri her ýyly oňat görkezijiler bilen jemläp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlemek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürmäge çalyşýarlar. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çekýän zähmetiniň rehnetini hem görýärler, olar bagtyň zähmetdedigine örän oňat düşünýärler. Ýeňişliler hemişe özlerine ýeňşiň ýar bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar. Hojalygyň kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň pagta ýygymy möwsümini üstünlikli tamamlanlaryndan soň, täze hasylyň aladasy bilen boldular. Olar meýdany çöplerden arassalap, sürüm, tekizleşik, tagt suwuny tutmak, geriş çekmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirip, 2021-nji ýylyň ekiş möwsümine irgözinden taýýarlykly geldiler. Şeýlelikde, 1905 gektar ýerde gowaça ekişini geçirmäge girişdiler. Şu günler hem meýdanda ekiş möwsümi gyzgalaňly d

Gowaça ekişi — jogapkärli möwsüm

Ýer ýüzünde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň arasynda gowaça wajyp ähmiýetli ekinleriň biri hasaplanýar. Ol dünýäniň 100 töweregi döwletinde ösdürilip ýetişdirilýär. Berkarar Watanymyzda bu gymmatly ekiniň ýetişdirilmegine we ondan ýylyň-ýylyna ýokary hasylyň alynmagyna uly üns gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, ondan 1 million 250 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzda gowaça ekişine girişilip, häzirki wagtda oba hojalygyndaky bu möhüm möwsüm guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi möhüm bolup durýar. Çünki gowaçanyň ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmek hem-de meýdanlarda endigan gögeriş almak bereketli gowaça hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň binýady hasaplanýar.

Günebakar

Ýurdumyzda günebakar ösümligini ýetişdirmäge uly üns berilýär. Günebakar bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň uzynlygy 2,5 metre çenli ýetýär, kökleri 2-3 metr aşaklygyna uzalýar. Ýapraklary iri, tüýjümek bolup, ir bişýän görnüşleriniň her düýbünde 24 — 28, giçki görnüşlerinde 28 — 32 ýaprak bolýar. Ýapraklarynyň ululygyna garamazdan, kuwwatly kök ulgamy gurakçylyga çydamly bolýar. Günebakardan ýokary hilli ösümlik ýagyny öndürmek bolýar. Onuň çigidiniň gabygyndan furulon we etilspirti alynýar. Çigitden boşan «kellelerinde» 3,5 — 4 göterim ýag, 5 — 8 göterim protein, 14 — 17 göterim kletçatka we az mukdarda fosfor, kaliý, kalsiý magniý bolup, olar mal iýmiti üçin giňden peýdalanylýar.

Gowaça ekişiniň depgini güýçlendirilýär

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ekişiniň barşy we bu jogapkärli möwsümde ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary doly kuwwatynda ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

«Meniň üçin uly toýa beslendi»

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Nurmyrat Reýimow üçin gowaça ekişine başlamak her ýylda-da şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýöne onuň bu ýylky gowaça ekişine başlaýşy has ýatda galyjy bolup, oňa welaýatyň ähli ýerlerinden gelen adamlar «Tohumyňyz müňlesin!» – diýip, ýagşy dilegleri etdiler. Geçen çarşenbe güni Nurmyrat Reýimowyň kärende ýerinde Daşoguz welaýaty boýunça gowaça ekişine başlanmagyna bagyşlanan dabara bolup geçdi. Dabara mynasybetli bu ýerde oba hojalygy bilen bagly dürli sergiler guraldy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz ýaňlandy.

«Altyn bürgüt» dünýä süýjülik paýlaýar

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök-bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky başlangyçlary üstünlikli ýerine ýetirilýär. «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy hem bu işleri durmuşa geçirmäge Lebap welaýatynda ilkinjileriň biri bolup girişdi. Häzirki wagtda hususy kärhananyň 8,5 gektarlyk meýdanynda ýerleşen ýyladyşhanalarynyň 14-sinde ýetişdirilýän pomidorlar diňe bir içerki bazarda ýerlenilmän, eýsem, Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere hem eksport edilýär. Hasyl ýygymy döwründe ekin meýdanlaryndan öndürilen pomidoryň umumy hasylynyň 85 göterime çenlisi eksporta iberilýär.

99 ýyllyk ýeriň eýesi

Akdepe etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary hem jogapkärli möwsümiň — gowaça ekişine girişilen hem-de ak ekinleriň ideginiň has-da güýçlenýän döwründe özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny ene topraga bagyş edip, tutanýerli zähmet çekýärler. Şeýle edermen zenan daýhanlarymyzyň biri hem etrabymyzyň Gorkut geňeşliginiň ýaşaýjysy Nartäç Ärjikowa hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýer gaznasyny döretmek hem-de ony önüm öndürijilere bermek baradaky Kararyny eşiden Nartäjiň buýsançly başyny gök diredi. Ol ýanýoldaşy Otuzbaý Amangeldiýew bilen maslahatlaşyp, geňeşligiň çäginde döredilen ýer gaznasyndan 40,9 gektar ýeri 99 ýyllyk möhlet bilen şertnama esasynda aldy. Häzirki wagtda ýeriň 23 gektar meýdanynda gözüňi dokundyrýan gök maýsalar tolkun atyp ösüp otyr, 6 gektar ýerde bolsa gowaça ekmäge girişildi. Ýeriň galan bölegi bolsa ekin dolanyşygyna we gök-bakja ekinlerini ekmäge niýetlenilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet sowgady bilen barmagy, hormatly Arkadagymyzyň özleri üçin edýän kömek-goldawlaryna mynasyp jogap bermegi maksat edinen daýhan gelniň ynamy uly.

Saba ýele ygşyldaşar maýsalar

Şu günler etrabymyz boýunça 9 müň 400 gektar meýdana irki möhletlerde ekilip, endigan gögeriş alnan güýzlük bugdaýlara ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şonça gektardan bereketli galla öndürmegi maksat edinýän gallaçy kärendeçilerimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny has-da ýokary netijeler bilen şöhratlandyrmak, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatly garşylamak üçin ýylyň ilkinji günlerinden başlap, janypkeşlikli zähmet çekýärler. Bu işde Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň Arzygül Muhyýewa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 3-nji kärendeçiler toparynyň ussat kärendeçisi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň işjeň agzasy Baýram Saparow has-da tutanýerlilik görkezýär. Islendik ekinden ýokary hasyl almak isleseň, onda ony irki möhletlerde ekip, talabalaýyk gögeriş gazanmagy başarmaly we idegini ýetirmeli. Muňa gowy düşünýän tejribeli kärendeçiniň eýelik edýän 5,1 gektar bugdaýly meýdanynda ösüş suwy tutulyp, her gektary 200 kilogram superfosfat we 150 kilogram karbamid dökünleri bilen iýmitlendirilen ýaşyl maýsalar ösüp, boý alýarlar. Häzirki wagtda saba säherler öwüsýän mymyk şemala ygşyldaşyp oturan ýaşyl maýsalar göreniň gözüni dokundyryp, bütin barlyga göze

Arpa ekişi tamamlandy

Gymmatly ot-iýmlik galla ekini bolan arpany ösdürip ýetişdirmäge S.A.Nyýazow adyndaky etrapda hem uly ähmiýet berilýär. Şu ýyl etrap boýunça arpany 100 gektar meýdanda ösdürip ýetişdirmek maksat edinilýär. Etrapda arpanyň güýzlük hem-de ýazlyk görnüşleri ýetişdirilýär. Adatça, ýazlyk arpa gyşyň ahyrynda, baharyň başynda ekilende gowy netije berýär.

Sagdyn köşekleri almagyň ugrunda

Bäherden etrabynyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda düýe mallarynyň önümliligini ýokarlandyrmakda we baş sanyny artdyrmakda ýylyň-ýylyna guwandyryjy görkezijilere eýe bolunýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hojalygyň sarwanlary yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar şu günler düýelerden köşek almak möwsümini ýokary derejede alyp barýarlar. «Gultakyr», «Gyzyltakyr», «Çerkezli», «Güdekli» ýaly ýaýlalarda bakylýan mallary orta we ýokary semizlikde saklamakda sarwanlaryň edýän yhlasy ýerine düşýär. Ol ýerlerde çopan toparlarynyň 48-si işlerini birkemsiz alyp barýarlar. Goçmyrat Gazakow, Bäşguly Myratnyýazow, Baýrammyrat Çopanow ýaly sarwanlaryň atlary göreldelileriň hatarynda agzalýar. Üstümizdäki möwsümde ene düýelerden 655 köşek almagy meýilleşdirýän maldarlar sagdyn köşek almagyň aýratynlygyny, şeýle-de düýedarçylygyň inçe syrlaryny ýaş çopanlaryň hem içgin bilmegi üçin olara kömek-goldawlaryny, maslahatlaryny gaýgyrmaýarlar.

Ekinlere suw tutulýar

Balkan welaýatynyň zähmetkeşleri ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlanmagyna, ýokary hilli azyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna goşant goşmak maksady bilen, ähli ukyp-başarnyklaryny meýdan işleriniň ilerlemegine gönükdirýärler. Welaýat boýunça geçen ýylyň güýzünde 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, ondan şu ýyl 80 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ekilen ak ekine suw tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Begmyrat — demirçi ussa

Agşamlyk çaý-nahardan soň, Çarygeldi aga özüniň köpden bäri beriljek jogabyndan ýaýdanyp ýören sowaly bilen ogluna ýüzlendi: — Begmyrat, oglum, indi senem ýigit çykdyň. Bu gün-erte orta mekdebi hem tamamlajak bolup dursuň. Hany aýt, okuwyňy gutaryp, haýsy käri edinmegi ýüregiňe düwýärsiň?!.

Gysga boýly miweli baglaryň önümçilik ähmiýeti

Bagçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, azyk bolçulygynyň berekedini artdyrmakda esasy orunlarda durýar. hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen bagçylygy ösdürmäge ýokary derejede üns berilýär. Oba hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bagçylyk hem köptaraplylygy, şeýle hem özboluşly aýratynlyklary, mysal üçin, toprak görnüşine, düzümine, howa şertlerine talapkärligi, baglary görnüşlerine görä ýerleşdirmek usullary, agrotehnika aýratynlyklary, şeýle hem önümçilik netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bag meýdanlary döredilende, esasan, onuň berjek ykdysady netijeliligi — miweleriniň ýokary hilli, bazarlylygy şol bir wagtda çalt ýetişip, bol hasyl berşi göz öňünde tutulýar. Gysga boýlulara, esasan, has kelte (has girdenek), kelte (girdenek) we ýarym kelte (ýarym girdenek) boýly daragtlary bolan miweli baglar degişli edilýär. Olaryň boýlary 2 – 4 metr aralygynda bolýar, uzyn boýly baglar bilen deňeşdirilende 2 – 3 metr pesdir. Gysga boýly miweli baglaryň esasy aýratynlyklarynyň biri, olaryň çalt ýetişip, oturdylanyndan 2 – 3 ýyldan soň, bol hasyl berip başlamagydyr. 3х3 metr çyzgyda (1-nji san hatararasy, 2-nji san ösümlikleriň arasy) ýerleşdirilen girdenek boýly alma baglary eýýäm üçünji ýyl gektardan 52 – 82 sentnerden, 2

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem, edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär. Pomidor agajynyň watany günorta we merkezi Amerika hasaplanylýar. Pomidoryň ýabany görnüşi Braziliýada, Peruda, Çilide, Ekwadorda duşýar. Ylmy çeşmelerde bu pomidor agajy «Sprut F1» diýlip hem atlandyrylýar. Pomidoryň salkym görnüşli ýetişýän sortundan birnäçe ylmy gözleg işleriniň netijesinde sapma arkaly döredilen bu sort özüniň çalt ösýändigi, daşky täsirlere çydamlylygy, köp hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bu pomidor agajynyň 50 inedördül metrinden 1,5 tonna golaý hasyl almak bolýar, bu bolsa her bir inedördül metrden 30 kilogram pomidor hasylyny alyp bolýandygyny görkezýär. Onuň 5 – 6 sany miwesiniň agramy 100 – 110 gram möçberinde bolup, bu agajyň beýikligi 4 – 5 metr, ýaşaýyş dowamlylygy bolsa, 15 ýyla çenlidir.

Dostluk barada

Dost — bu biziň deň ölçegli bolup düşünişmekde, ýagşylykda ynanyp biljek we adalatlylykda, päkýüreklilikde hormat goýýan kişimiz bolmalydyr. Robert Holli.

Täze traktorlar: üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň miwesi

Gazagystan döwletinde ýakyn geljekde täsin oba hojalyk taslamasynyň amala aşyrylmagy mümkin we Gazagystan Hytaýyň «YTO» kysymly oba hojalyk tehnikalaryny — traktorlary öndüriji döwletleriň hataryna goşular. Bu taslama üçin maýa goýumy Gruziýanyň «Georgian Industrial Group» maýadarlyk kompaniýasy goýar. Şeýlelikde, täze öndüriljek traktorlar üç döwletiň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesine öwrüler. Ýakynda Gazagystanyň Senagat we ösüş ministrliginde bu baradaky ýörite Ähtnama gol çekildi. Ýöne täze taslamanyň gruzin maýadarlarynyň Gazagystanda amala aşyrýan ilkinji taslamasy däldigini hem aýtmak gerek. Olaryň hyzmatdaşlygy bilen ozal Gazagystanda «Acros» we «Vector» kombaýnlarynyň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Ýene bäş kompaniýa rugsat berildi

Rus fermerleri tarapyndan öndürilen süýt we süýt önümleri Hytaý bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, Hytaý hökümeti süýt önümçiligi bilen meşgullanýan rus kompaniýalarynyň ýene-de bäşisine öz önümlerini öz döwletine eksport etmäge rugsat berdi. «Milknews» saýtynyň rus we hytaý çeşmelerine salgylanyp berýän habarynda Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň ýurda öz önümlerini getirip biljek kompaniýalaryň sanawyny täzeländigini, täze sanawyň oba hojalyk ugry boýunça Russiýadan ýene-de bäş kompaniýanyň Hytaýa süýt we süýt önümlerini getirip biljekdigini ýazdy.