Daýhandan hereket — ýerden bereket
Tomus pasly diýlende, saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýan gök önümlerdir miweler göz öňüňe gelýär. Olary ösdürip ýetişdirmek babatda bakjaçy daýhanlar köpasyrlyk tejribe bilen häzirki zamanyň gazananlaryny utgaşdyryp, tutanýerli zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde-de, ilatyň bu önümlere islegi doly kanagatlandyrylýar. Bu bolsa ýurtda azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr. Şeýle işler ýurdumyzyň dürli künjeginde giň gerim alyp, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda-da mynasyp dowam etdirilýär. Beýleki obalardan tapawutlylykda, bu ýeriň adamlary pagtadyr bugdaý bilen birlikde, gök we bakja önümlerini ýetişdirmäge-de köp ýykgyn edýärler. Şonuň netijesinde-de, ençeme ýyllardan bäri bol hasyly ilata hödürläp gelýärler. Şu günler biýaralaryny çar tarapa ýaýradyp ösýän hyýarlaryň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Ýygnalan hasyl dürli gaplara gaplanyp, etraplara, söwda nokatlaryna, ak bazarlara ugradylýar. Hyýardan bankalara gaplap, tagamly işdäaçar taýýarlaýan kärhanalar hem ýeterlik. Önümçiligiň ýola goýluşy, hasylyň ýetişdirilişi barada gyzyklanyp, tejribeden ýüki ýetik daýhanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, «Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan» diýen aýtgynyň hut hyýar üçin aýdylan ýaly