"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Saglyk — ömrümiziň baş baýlygy

Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, adamlaryň sagdyn ýaşamagyny üpjün etmek, keselleriň öňüni almak, iň täze we kämil anyklaýyş-bejeriş usullaryny ulanmak arkaly ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmak ýaly maksatlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşler täze belentliklere sary ilerleýär. Bu ugurda gazanylýan oňyn özgerişlikler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsünden hem sowa geçmeýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde döwrebap binagärlik taslamalary esasynda gurlup, dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň öndüren lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Kaşaň binalarda ýerleşen, iň soňky tilsimatlar ornaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri, diňe bir şäherlerde däl, eýsem, obalarda hem az däl. Ýokary bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan okuw mekdebinde — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde lukmanlar üçin kämilleşdiriş okuwlarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagynyň ýola goýulmagy, şeýle-de derman senagaty kärhanalarynyň hem-

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, onuň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde

Ulgamyň ösüşli menzilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D

Gyş: sagdynlyk kadalary

Düýe maly — dünýe maly

Lukman hekime: “Sen bolmasaň, biz nädip syrkawlykdan saplanaly” diýseler “Düýe saklaberiň” diýipdir... ...Ora çopan goş üçin iner däl-de inen alyp: “Saza haýwanlaryň içinde at bilen düýe düşünýändir” diýip, ýaňy botlan düýäň beýleräginde oturyp dutar çalardy. Aslynda, köşegini almaýan düýäniň ýanynda dutar, gopuz çalynsa mukama meýmireýän maýa abşaryp emdirer eken. Şeýle waka Kasym Nurbadyň: “Dilim gyrk” kitabynda hem bar. Garry çopanyň düýe sagyp, çal tutuşyny ilki geňleseňem, çölüň epgeginde çaldan doýansoň oňlaýaň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Dertlere derman kädi Babam çöl eteginde akar suw gelýän ýere hyýar, pomidor, mäş, noýba, ýagyş suwunyň köp durýan ýerine düme gawun--garpyz ekerdi. Boş wagtymyz kömek üçin şol ýerlere gidenimizde, kiçi jigim Şadidar kiçijik piljagazy bilen çatmanyň töweregine garader bolup kädi çigit ekipdi. «Oýnap ekseň, boýnap biter» diýleni çyn eken. Çatmanyň ygyşagynda epgekden goranan kädiler onuň düýbünden depesine çenli dyrmaşyp, ilki çatmany sap-sary güllere büredi. Soňam sallanyşyp duran kädilerini şelpä, sümsülä, çür depesinde joňkaryp oturanlarynam gupbaň ýelek dakylýan ýerine meňzedip, çatmamyza «Gupbaly çatma» adynyň dakylmagyna sebäp bolupdy. Mamam: «Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz» diýip, gyşyna gowrulan kädi çigidinden başlap, kädiden taýýarlanan datly tagamlary dermana derek iýdirerdi. Babam bolsa daş kädiniň içine sogan, sarymsak, burç bilen et dykyp çägä gömüp bişirişine: «Sary getirmäniň bire-bir emi bolan kädileriň kyrka golaý görnüşi bar» diýip, aşakdakylary sanawaç kimin sanardy: palaw kädi, daş kädi, sürteç kädi, peş kädi (selle kädi), dik boýun, gyjak kädi, äpet-äpet gujak kädi (haýwan kädi), egri boýun gaz kädi, şygyrdawuk zag kädi (oýunjak kädi), suw kädi, süýt kädi, gap kädi, duz kädi, Äşe-Patmanyň ýu

Peýdaly maslahatlar

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni alalyň! Pasla görä geýinmeli.

Düzgünleri berk berjaý ediň!

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Gyş paslynda saglygy berkitmekde peýdaly maslahatlar

♦Gyş paslynda wirusly ýiti respirator kesellerden goranmaly. ♦Howanyň sowamagy, ýagynly, garly bolmagy sebäpli, paslyň aýratynlygyna görä geýinmeli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. 

Saglyk — ýokary gymmatlyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli beje

Ynsan saglygynyň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan işler giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän işleri netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurulmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi diýseň begendirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özünde hem Diýarymyzyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň birnäçesiniň açylyp, ulanmaga berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, şeýle-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary şäherindäki welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasynyň açylandygyny bellemek ýakymly. Ak mermerli paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezin

Saglyga beslen, ak gyşym!

Gyş — täzelenişe, täze arzuwdyr maksatlara badalga berýän pasyl. Ene topraga güýç, daýhan göwnüne daýanç berýän pasyl. Şeýle hem bolsa, gyşyna ätiýaçlyrak bolunmaly, birnäçe düzgünleri kadaly berjaý etmeli. Ata-babalarymyzyň: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýşi ýaly, gyş paslynda howa dowamly üýtgeýär. Günortan gün çykyp duran bolsa-da, agşam gar ýa ýagyş ýagyp bilýär. Beýleki pasyllardan tapawutlylykda, gyşyna ýagyş, gar, buz, burjy, ümür ýaly, birnäçe ygal görnüşleri ýagýar. Howa bilen bagly tebigy hadysalar hem köp bolýar. Şeýle bolansoň, bu paslyň bizi haçan, haýsy pursatda, howanyň nähili tötänligi bilen ýüzbe-ýüz etjegini bilmek çetin. Şonuň üçin işe, okuwa ýa-da beýleki zerurlyklar bilen öýden çykylanda, sowuk we ygally howadan goraýjy egin-eşikleri geýmegi ünsden düşürmeli däl. Şeýle hem, bu döwürde bedeniň kesele garşy göreş ukybyny kadaly saklamak üçin zerur bolan beýleki düzgünleri hem dogry we doly berjaý etmeli. Howanyň oňaýly ýa-da oňaýsyzdygyna garamazdan, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, arassa howada gezim etmegi, her naharda witaminlere baý önümleri, miwedir gök önümleri iýip-içmegi, otaglary ýelejiretmegi hem-de wagtal-wagtal içeriniň howasyny zyýansyzlandyrmak üçin üzärlik tütetme

Gyş: sagdynlyk kadalary…

Iýmitlenişiňe üns bermeli. С witaminine — askorbin turşusyna baý miweleri, gök önümleri köpräk iýmeli; Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Derman serişdelerini özbaşdak ulanmaň;

Sagdyn durmuşyň höziri

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­dyr. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da her bir ra­ýa­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Äh­li et­rap­lar­da we şä­her­ler­de sa­gal­dyş meý­dan­ça­la­ry bar. Sport top­lum­la­ry, se­ýil­gäh­ler, de­ňiz ke­na­ryn­da­ky Awa­za­da we we­la­ýat­lar­da­ky şy­pa­ha­na­lar hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da bo­lup, hal­ky­my­z sag­ly­gy­ny be­rkid­ýär­ler.

Saglyk — baş baýlyk

Döwletimizde her bir raýatyň saglygy baradaky alada ilkinji orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokanç keselleriň düýpgöter ýok bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesliň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ugrunda uly tagalla edýär. Saglyk ulgamynyň işgärleri tarapyndan ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmek barada yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şunda «Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlary bilen tanyşdyrylýar.

Be­den maşk­la­ry – sag­dyn­ly­gyň sa­ka­sy

Ada­myň be­den taý­dan kä­mil­leş­me­gin­de maşk­lar örän äh­mi­ýet­li­dir. Sä­her bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän maşk­lar ada­myň be­de­ni­ni tap­la­ýar, nerw dart­gyn­ly­ly­gy­nyň öňü­ni al­ýar, gan aý­la­ny­şy­gy­ny go­wu­lan­dyr­ýar. Ir­ki maşk­la­ry en­di­ge öwür­mek dur­mu­şy­ňy sag­dyn­ly­ga bes­le­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Maşk­lar yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de, ýü­rek myş­sa­la­ry­ny güýç­len­dir­ýär, öý­ke­ni tür­gen­leş­dir­ýär. Bu bol­sa be­de­niň kis­lo­rod bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Fi­zi­ki iş­jeň­lik ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň süňk ul­ga­my­nyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ýar, myş­sa­la­ryň sag­dyn ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Uky­ňy ka­da­laş­dyr­mak­da, keý­pi­ňi saz­la­mak­da hem maşk­la­ryň peý­da­sy ulu­dyr.

«Nazar kylsa dişleriňe…»

Dişler diňe gözelligi goramak üçin däl, eýsem, saglygyňy aýap saklamak üçin-de hemişe «nazar salnyp» gelinmeli agzamyzdyr. Sebäbi dişiň sagdynlygynyň bozulmagy bedenimiziň beýleki agzalarynyň köpüsine öz täsirini ýetirip bilýär. Agyryly, şikesli dişde döräp, agyz boşlugynda köpelýän mikroblar tutuş beden boýunça «gezelenje çykýar». Şeýlelikde, dişagyrynyň üstesine bedeniň ysgynsyzlygy-da peýda bolýar, immunitetiň peselýär.

Begligiň baş badalgasy

Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde ynsan saglygy ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip kepillendirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa öňdengörüjilikli kämil paýhasy bilen «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp paýhasy döwrüň ýörelgesine öwürdi. Ata Watanyny janyndan eziz görüp söýen merdana, gujur-gaýratly ýigitlere begler  diýipdir türkmen. Emma halkymyzyň begligiň baş badalgasy dogrusynda aýdan bir nakyly hem bardyr. Dogry, ol nakyl «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dört sözden ybarat müdimilik paýhasdyr.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi: ylmyň soňky gazananlaryna esaslanyp

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny goramakda iňňän ähmiýetli merkezdir. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler hem giň gerime eýe bolýar. Muňa 9-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem aýdyň mysaldyr. Bu 400 orunlyk döwrebap merkezde ýurdumyzyň raýatlary gatnaw we ýatymlaýyn şertlerinde kabul edilýär. Merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölümleriniň hünärmenleri häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanyp, anyklaýşyň, bejerişiň we dikeldişiň täsirli usullaryny ösdürmegi we durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Döwrebap merkezde newrolog, ortoped, kardiolog, terapewt, otorinolaringolog, oftalmolog, endokrinolog, neýrofiziolog, pediatr we nutrisiolog lukmanlaryň otaglary bar. Merkeziň çagalar we ulular üçin niýetlenen kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölüminde halkara ülňülere laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylyp, her bir näsag üçin şahsylaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş bejergisini geçirmäge mümkinçilik berýän ýörite maşklar toplumy taýýarlanylýar. Bölümde näsaglara 3D wideo derňewini geçirmek üçin niýetlenen ýöreýiş barlaghanasy, näsaglaryň sinhron ýa-da as

Söz — lukmanlardan

Barbara AÝDNER,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Günsburg şäheriniň uniwersitet klinikasynyň fizioterapewtleriň hünär mekdebiniň direktory: — Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde fizioterapiýa, dikeldiş bejergilerini talabalaýyk, meýilnamalaýyn guramak üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredilen. Biz bu merkeziň açylyş dabarasyna hem gatnaşdyk. Onda yzygiderli hünär kämilleşdiriş okuwlary halkara derejede guralýar. Biziň hem esasy maksadymyz ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşmak. Şular ýaly döredilýän ähli amatly şertler üçin Gahryman Arkadaga, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn.