"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Demodekoz blefaritleriň bejeriliş usullary

Jamilýa PINAÝEWA, Gunça ANNAÝEWA, Mekan SÄHETNIÝAZOW, Leýla GARAJAÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi Demodekoz – demodex urugyna degişli mugthor sakyrtga tarapyndan döredilýän gabaklaryň zeperlenmesi bolup, has giň ýaýran dermatozlaryň biridir [1, 2, 4, 6]. Gabaklaryň ähli alawlama keselleriniň arasynda demodex etiologiýaly ýüze çykýan blefaritler we blefarokonýunktiwitler 39-dan 88%-e çenli eýeleýärler [3, 4, 7]. Kesel ähli ýerlerde ýaýran, 89% göterijilerde bu patologiýanyň hiç hili ýüze çykmaýandygyna garamazdan, olarda mugthorlar tapyldy [1, 2]. Keseliň geçişi dowamly görnüşde bolýar, ýitileşme we remissiýa döwürleri bilen geçýär. Köp alymlar demodex urugyna degişli sakyrtgalary şertli patogenlere degişli edýärler, olar immunitetiň peselmegine itergi berýän belli bir şertleriň täsirinde özüniň işjeňligini ýüze çykaryp başlaýarlar (süýjüli diabet, AIU-nyň keselleri, stress ýagdaýlary, zyýanly endikler we başg.) [1, 3, 4, 6]. Biz elýeter edebiýatlarda süýjüli diabetli näsaglarda demodekozyň ýaýramagy barada köp maglumatlara duş gelmedik. Süýjüli diabet ýok näsaglar bilen deňeşdirilende, bu keselden ejir çekýän adamlaryň gabaklarynda sakyrtgalaryň ýerleşişiniň ýokary dykyzlygy ýüze çykaryldy [2, 4, 7].

Gastroduodenal gan akmalaryň anyklanyşy we hirurgiki bejerilişi

Annagurban ORAZOW, Nurmyrat KAKABAÝEW, Gadam SERDAROW, Merdan HOJAMYRADOW M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet hirurgiýasy kafedrasy, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş düzümleri, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen hassahanalar we şypahanalar toplumlary kemala geldi. Olarda ilata ýokary derejede, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar [1, 2].

Galkan şekilli mäziň gormonal işjeňliginiň bozulmalarynda ekstragenital patologiýa we akuşerçilik gaýra üzülmeleri

Maýa KAKAGELDIÝEWAFiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana Göwrelilik – bu göwredäki çaganyň ösüş döwründe aýalyň bedeninde bolup geçýän fiziologiýa hadysasydyr. Göwrelilik döwründe aýal bedeni enäniň we göwredäki ösýän çaganyň bedeniniň arasynda sazlaşykly aragatnaşygy döretmäge gönükdirilen çuňňur üýtgeşmelere sezewar bolýar [1-4, 9]. Göwrelilikde galkan şekilli mäziň (GŞM) işjeňligi hem üýtgeýär, onuň gormonlary nerw we ýürek-damar ulgamlaryna, ähli görnüşli madda çalşygyna, bedeniň uýgunlaşma reaksiýasyna hem-de göwredäki çaganyň ösüşine gönümel täsirini ýetirýär [10, 12, 14].

Metaboliki sindromly näsaglardaky patologiki üýtgeşmeler

Ogulgurban SOLTANOWA, Mämmetberdi ELÝASOWTürkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa kafedrasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Ösen we ösüp barýan ýurtlarda häzirki wagtda metaboliki sindrom saglygy goraýyş we jemgyýetçilik meseleleriniň iň wajyplarynyň birine öwrüldi. Metaboliki sindromyň alamatlarynyň birnäçe görnüşleri bolup, abdominal semizlik, arterial gipertoniýa, dislipidemiýa ýaly dürli häsiýetlerde ýüze çykýar. Birnäçe barlaglaryň netijesine görä, metaboliki sindrom ýürek-damar keseliniň, 2-nji tipli süýjüli diabetiň, insult we täze döremeleriň töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny görkezýär [6, 9].

Gara tudananyň we ýapraklarynyň antioksidant işjeňligini hem-de mikroelement düzümini kesgitlemek

Myrat MÄMMEDOW, Swetlana PLESKANOWSKAÝA, Gülbahar ATAÝEWA, Güljahan HANMEDOWA, Irina SÝOMINATürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, medisina himiýa kafedrasy, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Tut agajy (Моrus) ýa-da tudana (Моrасеае) tutlar maşgalasyna degişli bolup, onuň ak (Моrus аlba) we gara (Моrus nigra) görnüşleri Türkmenistanda giňden duş gelýändir. Tuduň ýapraklaryndaky we miwelerindäki biologik işjeň maddalaryň ýokary mukdary olaryň gan emele gelmesini kadalaşdyrmak, alawlama garşy, antibakterial we beýleki häsiýetlerini amala aşyrmak ukybyny şertlendirýär [1]. Mundan uzak bolmadyk wagtda M.alba we M.nigra tudanalaryndan bolan serişdelerde antioksidant, howply täze döremä (HTD) garşy we immunmodulirleýji işjeňliginiň bardygy görkezildi [3, 5]. M.nigranyň gabygyndan alnan lektin adamda wirusa we HTD-e garşy goraga jogap berýän, T we tebigy killerler (NK) limfositleriň proliferasiýasyny hem-de işjeňligini ýokarlandyrýar [6].

Öýkeniň we bagryň utgaşan äpet ehinokokkozynyň hirurgiki bejergisi

Nur KOMEKOW, Nurmyrat KAKABAÝEW, Akmyrat MÄMMEDOW, Merdan HOJAMYRADOWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet hirurgiýasy kafedrasy, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi Öýkeniň we bagryň utgaşan äpet ehinokokkozynyň anyklanylyşy we hirurgiki bejergisi hirurgiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup galýar [1, 5]. Dürli organlaryň ehinokokkozynyň arasynda öýkeniň we bagryň utgaşan ehinokokkozy 1,5%-den 45%-e çenli gabat gelýär [2, 3]. Awtorlaryň aglabasy iki tapgyrly hirurgiki bejerginiň tarapdary, ýagny bir hirurg operatiw gatyşmany öýkenden başlasa, beýlekisi bagyrdan başlaýar. Ýöne käbir awtorlar hirurgik bejerginiň tapgyrlary ehinokokk kistasynyň ýerleşýän ýerine, onuň ululygyna we gaýra üzülmeleriň barlygyna bagly hasaplaýarlar [2, 4]. Köp hirurglar bir tapgyrly operatiw gatyşmany oňlaýar, ýagny iki tapgyrly operatiw gatyşmanyň tapgyrara döwründe gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagynyň mümkindigini belleýärler [3].

Baş maksat — adamlaryň saglygy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky aýgytly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegi we sagdyn durmuşda ýaşamagy babatynda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. 21-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda geçen ýyllaryň dowamynda içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda hem üstünlikli menzillere ýetildi we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň bolmagyny şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu babatda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda

Gün urmadan goranyň!

Tomsuň yssy günlerinde irden 09:00-dan agşam sagat 18:00-a çenli Günüň aşagynda gezmekden saklanmaly. Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil eşikleri geýmek maslahat berilýär. Kelläňe hökman başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly, saýawan götermeli. Ýanyňda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny göterip, suwsan mahalyň az-azdan içip durmaly. Bu yssy howada teşneligiňi gandyrmaga kömek edýär. Gün uran adamda umumy ysgynsyzlyk, güýçli kellagyry, bedende gyzgynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, gaýtarmak ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýa duçar bolany, ilki bilen, kölegä ýa-da salkyn howaly ýere geçirmeli. Dem almasy gowulanar ýaly, egin-eşiklerini gowşatmaly. Köp mukdarda suwuklyk içirmeli hem-de lukmana ýüz tutmaly.

Şadyýan tomus günlerinde...

Gadyrly çagalar! Hemmämiziň bilşimiz ýaly, yssy, jöwzaly tomus pasly bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ýagny immuniteti berkitmek üçin iň amatly wagtdyr. Ýöne tomsuň jöwzaly günlerinde bedeni taplamagyň düzgünlerini berjaý etmek hökmandyr. — Tomusda bedeniň ýadawlygyny aýyrmak üçin işjeň hereket etmek, kadaly iýmitlenmek we arassa howadan dem almak sagdyn ýaşamagyň möhüm şerti bolup durýar.

Tom­suň jöw­za­ly ys­sy­syn­dan go­ra­nyň!

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 To­mus möw­sü­mi­niň ho­wa­nyň aşa gyz­ýan gün­le­rin­de Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­ma­ly, şeý­le-de şah­sy, jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gün­le­ri­ni do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­li.

Saglygymyz özümize bagly

Halk lukmançylygy Andyz hem gunduz hakynda

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda andyzyň peýdasy barada şeýle ýazýar: «Halk lukmançylygynda andyzyň petini garaguş keselinde, bokurdak we diş agyrylarda peýdalanmak maslahat berilýär. Andyzyň buga tutulan köküni çykuwlaryň üstüne goýsaň, ony ýarýar we içdäki iriňdir jerhedini sorup çykarýar. Bu ösümligiň örän güýçli iç sürüji hem peşew çykaryjy häsiýeti bardyr. Andyz, esasan, türkmen halk lukmançylygynda içdäki sanjyny aýyrmak üçin giňden ulanylýar. Şu melhemlik häsiýeti boýunça hem ol meşhurlyk gazanypdyr».

Günüň şypaly şöhlesi

Bu şypahana barada metbugat sahypalaryndan okap, bejerijilik aýratynlygy, lukmançylyk hyzmatlary, döredilen amatly şertler we mümkinçilikler barada azda-kände tanyşlygym bardy. Onda-da näme, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýilýär. Gözüň bilen göreniň bir başga bolýar.

Gözüň ýadawlygyny nädip aýyrmaly?

Gynansak-da, käbirimize kompýuteriň başynda oturyp kino görmek ýa-da oýun oýnamak, uzakly gün diýen ýaly el telefonlaryny ulanmak endige öwrüldi. El telefonyny, kompýuteri aşa köp ulanmak, gözüň ýadawlygyndan, gyzarmagyndan başga-da, ýakyndan görmezlige eltip bilýär. Şonuň üçin hünärmenler tarapyndan bellenilen göz maşklaryny çagalardan başlap, uly ýaşlylara çenli ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Tehnologiýalar işi ýeňletse-de, kähalatda göze agram berip, ýadadyp bilýär. Gözüňiziň görüjiligini goramak hem-de ýadawlygyny aýyrmak üçin maşklary size hödürleýäris. Şeýle maşklary günüň dowamynda iş wagtynyň aralygynda 3 — 5 minut ýerine ýetirip bilersiňiz.

Gök-önümler gaplananda säwliklere ýol bermäň!

Dürli miweleriňdir gök önümleriň ýetişýän döwründe gyş üçin işdäaçarlary, mürepbeleri, gaýnatmalary taýýarlaýan gelin-gyzlarymyza birnäçe maslahatlary beresimiz gelýär. Iýmit önümleri gaplananda arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmedik halatynda, dürli keselleriň döremegi mümkin. Botulizm iýmit zäherlenmesiniň arasynda iň agyr geçýäni hasaplanýar. Kesel dörediji mikrobedenler toprakda, suwda uzak wagtyň dowamynda daşyna örtük emele getirip ýaşamaga ukyply bolýar. Olar guşlaryň, ot iýýän we beýleki haýwanlaryň içegelerinde ýaşaýar hem-de daşky gurşawa täret arkaly düşýär. Botulizm keselini döredijiler toprak we suw arkaly ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän gök önümlere hem aralaşýar. Arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, olar gök önümleriň üsti bilen gaplanýan çüýşeleriň içine hem düşüp bilýär. Keseli döredijiler howasyz, ýagny kislorodsyz şertlerde örtüginden çykyp, howply zäheri bölüp çykarmaga başlaýar. Ähli kesel döredijileriň zäherleriniň arasynda botulizmi döredijiniň bölüp çykarýan zäheri iň howplusy hasaplanýar. Ol iýmit önüminiň hilini we tagamyny üýtgedenok. Keseliň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmasynyň dowamlylygy adamyň bedenine düşen zäheriň mukdaryna bagly bolýar. Köplenç halatda ol, 6 — 24 sagadyň dowamynda ýüze

DÖRT BURÇLY KIPREÝ / Кипрей четырехгранный

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Dört burçly kipreý - kipreýler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50-100 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ýaşyl we açyk ýaşyl baldakly ösümlik, ýanýapraklaryny emele getirýär. Baldagy ýönekeý ýa-da şahalanan, göni dört sany aşaklygyna, ýokarkylary birneme saýgarylýan uzaboýuna çyzykly, gyralary epilmedik ýaprakly, ýokarsy ýaýraň gysga gysylan tüýlüje, soňra tas tüýsüz. Aşaky ýapraklary garşylyklaýyn, ýokardakylary birnäçe, süýri ýa-da pahna görnüşli, käte tas çyzykly neşder şekilli, sapaksyz, baldakdan gaçmaýar, köplenç, ýeterlik deň däl diş-diş, tüýsüz, ýiti, ýa-da aşagy kütelişen.

Tüwi we onuň peýdasy

Tüwi gözellik önümi hökmünde köp ýyldan bäri ulanylyp gelinýär. Soňky döwürde tüwi suwy, kremi we düzümi tüwüden ybarat bolan beýleki önümler gelin-gyzlar tarapyndan köp ulanylýar. Tüwi diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, ýüzüňiziň janly we owadan bolmagy üçin zerur önüm. Onuň düzüminde minerallar, antioksidantlar, B, C we E witaminleri hem-de sekiz sany möhüm aminokislotalar bar. Ol diňe bir bedeniňiz üçin däl, deriňiz we saçyňyz üçin hem örän gymmatly serişdedir.

Ene süýdüniň ähmiýeti

Dünýäniň 170-den gowrak ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda ene süýdi hepdeligi giňden bellenilýär. Bu hepdeligiň esasy maksady dünýäde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamakdan we ony ilatyň arasynda wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Ene süýdi täze doglan çaga üçin ýerini çalşyp bolmajak gymmatly iýmitdir. Ol çaganyň aşgazanynda gowy özleşýär. Çaganyň iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň dürli bozulmalaryndan goraýar. Sebäbi çaga ene süýdüni arassalygy, ýyljaklygy bilen kabul edýär. Şeýle-de körpäniň kadaly ösüp kemala gelmegine, ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyna täsir edýär. Ene süýdüniň düzüminde çaganyň sagdyn ösmegi üçin gerek bolan maddalaryň, mikroelementleriň, immunoglobulinleriň, beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň ählisi ýeterlik derejede saklanýar. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň perzent terbiýesinde uly ähmiýeti bar. Ol ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşyklaryň ýüze çykmagyna we şol gatnaşyklaryň çaganyň ömrüniň ähli döwürlerinde dowam etmegine, ene-atany, maşgalany söýmäge, wepaly, ygrarly bolmaga ýardam edýär.

Halkyň saglygy — ýurduň baş baýlygy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň abadan durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, saglygy berkitmekde, keselleri anyklamakda, kesele garşy umumy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, umuman, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän saglygy goraýyş we sport ýaly ulgamlarda gazanylan ajaýyp üstünlikler üns çekilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň iň çetki ýerlerinde-de döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Şu ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumynyň ulan

Halkyň saglygy — ýurduň baş baýlygy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň abadan durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, saglygy berkitmekde, keselleri anyklamakda, kesele garşy umumy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, umuman, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän saglygy goraýyş we sport ýaly ulgamlarda gazanylan ajaýyp üstünlikler üns çekilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň iň çetki ýerlerinde-de döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Şu ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumyny