"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Gün urmagyndan goranyň!

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy we Gün şöhlesiniň ýitileşmegi bedeni tapdan düşürip, adamyň işe bolan ukybyny peseldýär. Howada kislorodyň azalmagy ýürege we gan damarlaryna has köp agram salýar. Netijede, gan damarlary giňelýär we gan basyşy ýokarlanýar. Ýiti Gün şöhlesinden ýeterlik derejede goranylmadyk ýagdaýynda deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Şeýle-de gözleriň şikes almak ähtimallygy ýokarlanýar.

Gün şöhlesiniň peýdasy

Gün şöhlesi adamyň saglygyna peýdalydyr. Onuň täsiri bilen iglemegiň (rahitiň), osteoporozyň, artrozyň, howply täze döreme öýjükleriniň döremeginiň öňi alynýar. Adam bedeninde Gün şöhlesiniň täsiri bilen D witamini emele gelýär. Bu witaminiň gündelik mukdaryny almak üçin Günüň aşagynda 15 minutlap durmak ýeterlikdir. Gün şöhlesi ýeterlik kabul edilmedik halatlarynda bedende melatonin (uky gormony) aşa köp, serotonin (şatlyk gormony) bolsa gereginden az işlenilip çykarylýar. Netijede, adamyň keýpi gaçýar, ukusy tutýar, myşsalarda we bogunlarda agyry döreýär, ysgynsyzlyk ýüze çykýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin her gün irden ýa-da agşamara, Gün batmanka 30 minut daşarda gezelenç etmek ýeterlikdir. Ultramelewşe şöhleler bakteriýalara garşy täsire eýedir. Inçekeselde, basyk keselinde (angina), öýken sowuklamada (pnewmoniýa), beýleki ýokanç kesellerde, şeýle hem düwürtikler örende, süýjibaşda (ekzema), psoriazda, neýrodermitde Gün şöhlesi peýdalydyr. Günüň aşagynda juda köp durlanda ganda limfositleriň azalýandygyny, basygyň (anginanyň), faringitiň, stomatitiň ýitileşýändigini, gerpesiň (uçuk) wirusynyň işjeňleşýändigini, öňüni alyş sanjymlarynyň täsiriniň gaçýandygyny hem unutmaň! Gün şöhlesi görejiň kütelmeginiň, göz torjagazlarynyň kabu

Lukman maslahat berýär

■ Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerurdyr. ■ Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamaly.

Jemgyýetimiziň sagdynlygy — ýurdumyzyň abadanlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaşlarymyzyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky işler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bedenterbiýe bilen her gün meşgullanmak umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sebäbi her gün ýerine ýetirilen sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, ruhuny belende göterýär. Elmydama hereketde bolmak bolsa bedeniňi berkitmekdir. Adam bedeniniň taplanmagynda hereketiň uly ähmiýeti bar. Bu ýerde hereketlilik diýmek bilen, maşklary ýerine ýetirmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, mundan başga-da, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly peýdaly endikleri göz öňünde tutýarys. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adam immunitetini artdyrýar.

Gün urmasyndan ägä boluň!

Gün urmasy yssy howa şertlerinde bedene ýeterlik derejede suwuň ýetmezçiligi esasynda döreýär. Adam yssy howa şertlerinde fiziki zähmet çekýän wagtynda derlemek arkaly ýitiren suwunyň bary-ýogy ýarysyny içýär. Yssy howanyň täsirinde açyk meýdan şertlerinde we daglyk ýerlerde ýokary fiziki işjeňlik ýagdaýynda çendenaşa derlemek, şeýle hem beýik ýerlere çykylanda dem alşyň ýygjamlaşmagy bilen beden suwuklygynyň köp mukdary ýitirilýär. Gün urmasynyň alamatlary köpdürlüdir. Bu ýagdaýa sezewar bolanlar dyngysyz teşnelige duçar bolýarlar. Onuň esasy aýratynlygy, ejir çekeniň teşnelik dowamlylygy, onuň ejir çeken wagtyndan köp bolmagy we işdäniň ýitmegi bilen beden agramyny ýitirýär. Ýüzüniň reňki açyk çal reňkde, dodaklary gury, gögümtil öwüsýär. Agzynyň we gözüniň nemli bardasy guraýar. Gözleri içine çöküp, derisi gurap, ýygyrt atyp, çeýeligi peselýär. Beden gyzgynlygy 37,2-37,80C ýetýär. Harby gullukçylar ýokarda agzalan alamatlaryň bardygyny gören ýa-da duýan ýagdaýlarynda lukmanlara gyssagly ýüz tutmalydyrlar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

“Çaga — eziz, edebi ondan hem eziz” diýleni. Munuň şeýledigine Serhetabat etrabynyň Galaýmor geňeşliginde ýerleşýän 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri oňat düşünip, geljegimiz bolan körpejelere yhlasly zähmetlerini siňdirýärler. Bakja-baga tejribeli bilim işgäri Ogulsenem Muhammedowa ýolbaşçylyk edýär. Çagalar bakja-bagynda körpejeleriň 94-si terbiýelenilýär. Bagda dört topar bolup, Aýgül Artykowa, Gurbanjemal Akmyradowa, Akgül Amangeldiýewa, Laçyn Öwezowa, Aýsoltan Işangulyýewa, Aýgül Berdiýewa we beýlekiler yhlasly işleýärler. Olaryň işinden çagalar şat, eneler hoşal bolýarlar. Çagalar bakja-bagynda dünýä howp salýan ýiti respirator keseline garşy degerli işler durmuşa geçirilýär. Bagyň şepagat uýasy Aýna Artykowa baga gelýän körpejeleriň saglygyny her gün barlap durýar, şeýle hem bagyň işgärlerine agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, arassaçylyk barada degerli maslahatlary berip durýar.

Möhüm meselä garaldy

Ýakynda çagalar bakja-bagymyzda geçirilen maslahatda arassaçylyk işleriniň ýerine ýetirilişi we bu ýerde terbiýelenýän körpeler bilen bäsleşikleriň, sport çäreleriniň geçirilişi baradaky meselelere seredildi. Çagalaryň saglygyny goramakda, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmekde hormatly Prezidentimiziň: “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” diýen kämil ýörelgesinden ugur alyp, sport çärelerini yzygiderli geçirýäris.

Sagdynlyga badalga

Mähriban Arkadagymyzyň döwletimiziň gülläp ösmegi, il-halkyň, ýaş nesillerimiziň sagdyn ýaşamagy, üçin edýän yzygiderli aladalary ajaýyp netijeleri bilen guwandyrýar. Biziň sport mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini geçirmäge amatly şertler, giň mümkinçilikler döredilendir. Tejribeli türgenlerimiziň ýaryşlara gatnaşyp, gazanýan ýeňişleri türgenleşikleriň göwnejaý alnyp barylýandygyny, ýaşlaryň sporta höwesekdiklerini subut edýär. Sport mekdebimizde tälimçidir türgenlerimiziň saglygyny goramak maksady bilen ulanylýan zyýansyzlandyryjy serişdelerimiz welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan ýörite barlagdan geçirilýär. Iş otaglarynda we türgenleşik geçilýän zallarda müň derdiň dermany bolan üzärlik yzygiderli tütedilýär.

Günden goranmagyň düzgünleri

Gün şöhlesi peýdaly, ýöne onuň dowamly täsiri bedene örän uly zyýan ýetirip biler. Şolaryň biri hem Gün urmagydyr. Gün urmagy netijesinde heläkçilige uçran adamda ysgyndan gaçmak peýda bolýar, endamy gowşaýar, ýüregi bulanýar, kellagyry, başaýlanma, 38-40 derejä çenli gyzdyrmak, huşuny ýitirmek ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy mümkin. Gün urmagyndan ejir çeken adama ilkinji kömek:

Kadaly iýmitlenmegiň peýdasy

“Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgäniň netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar, ynsan saglygy baradaky taýsyz tagallalar döwletimiziň ösüşiniň esasy özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak” hakynda Karara gol çekdi. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmekden ybaratdyr.

Ýakymly benewşe Viola suavis

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Ýakymly benewşe — benewşeler maşgalasynyň hem urugynyň boýy 20-35 sm-e ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Toprakdaky porrugy küti, gysga, uzyn bolmadyk ýerüsti pudakly we seýrek ýerasty pudakly. Ýapraklarynyň hemmesi kökýanynyňky, sapaklyja. Gül sapajyklarynyň ujy çowly, tas ýalaňaç, gyralary has uzyn mahmally. Ýapragynyň ülşi ýürek şekilli-ýumurtga kysmy ýa-da ýumurtga şekilli-togalak, esasy çuň ýürek kysmy, tas ýalaňaç ýa-da gysga tüýlüje, dügürli, uzynlygy 3,5-7,0 sm we ini 3,5-5,0 sm. Gülleri ýakymly. Gül sapajyklary ýapraklary bilen tas bir uzynlykda. Gülýanjyklary, adatça, gül sapajygynyň ortasynda ýerleşýär. Gültäji symgylt-melewşe reňkli, agyzjagazynda ak, aşaky ýaprajygy has ýaýbaň. Gozajyk togalak, gysga tüýjagazly.

Sorag-jogap

Bagryň gemangiomasy «Bagryň gemangiomasy nähili kesel? Bu kesel saglyga howp salýarmy, ony bejerip bolýarmy?».

Sagdyn iýmitlenme we nädogry pikirler

«Sagdyn iýmitlenme» örän giňişleýin düşünjedir. Ýöne, bu barada kähalatlarda nädogry pikirler hem aýdylýar. Käbir adamlar şonuň üçin iýmitlenişiň dogry bolmadyk düzgünlerini endik edinýärler. Geliň, olary aýdyňlaşdyralyň! 1. Nädogry pikir: Ertirlik edinmek hökman däl«Ertirlik edinmek hökman däl» diýen düşünje ýalňyşdyr. Bedendäki maddalaryň alyş-çalyş (metabolizm) hadysasy irden has ýokary bolup, günüň ahyryna çenli peselýär. Şonuň üçin hem iýilýän iýmit hökmany bedeniň sarp edýän kaloriýasyna görä bolmalydyr. Ertirlik iýmiti myşsalaryň, beýniniň işjeňligini sazlamak üçin zerur bolan uglewodlardyr beloklara, witaminlere we mineral maddalara baý bolmalydyr. Biziň bedenimiz ertirligiň kömegi bilen zerur bolan kaloriýanyň 25%-ini, ikinji ertirlikden bolsa, 10%-ini almalydyr.

Gök önümler näme üçin peýdaly?

Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň lukmany Zöhre Mämmedowa habarçymyzyň haýyşy boýunça gök önümleriň saglyga täsiri barada gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserinde gök önümleriň düzümi, saglyga oňyn täsiri, dürli keselleriň öňüni almakda hem-de bejerginiň täsirini artdyrmakda ähmiýeti barada köp sanly peýdaly maglumatlar getirilýär.

D wi­ta­mi­ni nä­me üçin ge­rek?

Be­den­de süňk­ler üçin ze­rur wi­ta­mi­niň iş­le­ni­lip çy­ka­ryl­ýan­dy­gy­na alym­lar ge­çen asy­ryň ba­şyn­da üns be­rip ug­ra­ýar­lar. Şol dö­wür­de wi­ta­min­le­riň üçü­si mä­lim bo­lup, tä­ze açy­lan gör­nü­şi ola­ryň sa­na­wyn­da 4-nji or­ny eýe­le­ýär. Şo­nuň üçin, bu mad­da la­tyn elip­bi­ýi­niň 4-nji har­py­nyň ady bi­len «D wi­ta­mi­ni» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. D wi­ta­mi­ni­niň açy­ly­şy süňk do­ku­ma­syn­da kal­siý-fos­for alyş-çal­şy­nyň bo­zul­ma­gy bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýän ra­hit ke­se­li­niň düýp­li öw­re­ni­lip baş­la­nyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gör­lüp otu­ryl­sa, be­den­de D wi­ta­mi­ni ýet­mez­çi­lik eden­de kal­siý-fos­for de­ňe­çer­li­gi (ba­lans) bo­zu­lyp, bu ele­ment­ler do­ly öz­leş­me­ýän eken. Alym­la­ryň ge­çi­ren yl­my bar­lag­la­ry D wi­ta­mi­ni­niň esa­san um­man ba­lyk­la­ryn­da has köp sak­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Soň­ra Gün şöh­le­si­niň tä­si­ri bi­len be­den­de-de onuň bel­li bir muk­da­ry­nyň iş­le­ni­lip çy­ka­ryl­ýan­dy­gy anyk­la­nyl­ýar. Şon­dan soň ra­hit ke­se­li­niň öňü­ni al­mak üçin ki­çi ýaş­ly ça­ga­

Aşgazanyň nemli bardasy zeperlenen bolsa...

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa ýazda ýitileşýän keselleriň biri bolan gastrit hakynda S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň gastroenterologiýa bölüminiň müdiri Suwhan Ahmedow bilen söhbetdeş boldy. — Ilki gastrit keseli barada umumy düşünje berseňiz...

Üns berilmedik ýagdaýynda...

Tomus paslynyň gelmegi bilen öý bikeleri ter miwelerdir ir-iýmişlerden hem-de gök önümlerden gyş üçin dürli gaplamalary taýýarlaýarlar. Gaplamagyň düzgünleri dogry berjaý edilende, işdäňi açýan gaplama önümler saçaklarymyzyň bezegi bolýar. Öý şertlerinde gaplanan önümler taýýarlanylanda miweleriň, gök önümleriň hökmany suratda ter bolmagyna, arassaçylyk düzgünleriniň dogry we doly berjaý edilmegine, gaplanan önümleriň salkyn, şeýle-de garaňky ýerde saklanylmagyna üns berilmelidir. Botulizm keseli, köplenç öý şertlerinde, gyşa taýýarlanyş düzgünleri dogry berjaý edilmän taýýarlanylanda ýüze çykýar.

Mör-möjekleriň täsirinden döreýän allergiýa

Tomus paslynyň gelmegi bilen mekdep ýaşly çagalaryň dynç alyş möwsümi başlanýar. Mekdep okuwçylarynyň açyk meýdanlarda gezelenç edýän döwürlerinde, esasan ýaz-tomus, güýz pasyllarynda mör-möjekleriň çakmak ähtimallygy bar. Şeýle ýagdaýda bedeniň allergiki duýgurlygy ýüze çykýar. Çagalarda esasan hem allergiýa döredýän sebäpleriň biri arynyň çakmasydyr. Allergiýanyň bu görnüşi tomus dynç alyş möwsüminde köp duşýar. Öňüni alyş çäreleri

Düwürtikler

«12 ýaşa ýetenimde ýüzümiň derisine düwürtik çykyp başlady. Men häzir 16 ýaşymda. Näme etsem-de düwürtikler aýrylman, tersine, köpelip barýar. Dürli sabynlary ulanyp gördüm, emma peýdasy degenok. Näme üçin derä düwürtik çykýar? Olary nädip aýyrmaly?». Ylýas JUMAÝEW.Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby.

Çaganyň işdäsi kadalymy?

Adamyň işdäsiniň açyk bolmagy üçin iýmiti özleşdirýän agzalaryň sazlaşykly işlemegi, bedende işlenilip çykarylýan şireleriň ýeterlik möçberde we hil taýdan gowy bolmagy zerurdyr. Iýmit çaganyň işdäsine gowy täsir etmeli. Körpejä iýmit bermezden öň, onuň göwnüne degmezlige çalyşmaly. Eger-de çaganyň ösüşi kadaly bolanda, onda ol bir ýaşyna ýetende iýmitiň reňkini, tagamyny, ysyny, suwuk ýa goýulygyny saýgaryp başlaýar. Şondan soň körpeje halaýan we halamaýan iýmitlerini saýlap başlaýar, işdäsine täsir edip başlaýan ýagdaýlary köpelýär. Şonuň üçin çagany naharlajak wagtyňyz onuň işdäsine täsir edýän şol ýagdaýlary göz öňünde tutmalydyr.