"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Saglyk size ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň! Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içiň!

Ýiti gün şöhlesinden ägä boluň!

Adamyň sagdyn ýaşamagy üçin Gün şöhlesi edil howa, suw, iýmit ýaly zerur gerekdir. Ýöne onuň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Günüň aşagynda aşa köp durulmagy erbet netijelere getirip bilýär. Günüň ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen deride D witamini emele gelýär. Beýnidäki gan aýlanyşyny hem-de öýjüklerdäki madda çalşygyny işjeňleşdirýär. Gandaky glýukozanyň derejesiniň kadalaşmagyna itergi berýär.

Lukmanyň maslahaty

MAKSAT — ILATYŇ SAGDYN ÝAŞAMAGYNY GAZANMAK Adam bedeniniň kesellere we dürli sökelliklere garşy durujylyk ukybyny berkitmek üçin her bir adamyň şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi zerur bolup durýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hyzmatyň hili ýokarlanýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwlet tarapyndan raýatlaryň saglygynyň goralmagy ýurdumyzyň Esasy Kanuny tarapyndan kepillendirilýär we ildeşlerimiziň şol kepilliklerden iş ýüzünde peýdalanyp bilmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, lukmançylyk edaralarynyň işini häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Kesellerden nädip goranmaly?

Möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin şu maslahatlary berjaý ediň!: Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly, ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Arassaçylyk — saglyk

Arassaçylygy berjaý etmek her bir Watan raýatynyň borjudyr. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi ýylyň her bir möwsüminde ýüze çykyp biljek keselleriň öňüni almaga kömek edýär. Üsgüren ýa-da asgyran wagtyňyz agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapyň.

Ýokumlar hazynasy

Gawun, garpyz diýlende biziň köpimiziň ýadymyza dürli oýunlara gümra bolup geçiren çagalygymyz gelýär. Edil garpyz ýaly, tutuşlygyna diýen ýaly süýji suwdan durýan gawun ulyny-kiçini öz datlylygy bilen özüne çekýär. Şonuň üçinem çagalykda, esasan hem, oba ýerlerinde, dürli oýunlara gümra bolup ýören ýerimizden, kemput ýaly, gawuny hem ýüzugra iýip, oýnumyzy dowam etdirmek biz üçin adaty ýagdaýdyr. Bu bolsa biziň oýun oýnamak bilen edýän fiziki maşklarymyzyň üstesine bedenimizi dürli ýokumlar bilen baýlaşdyrýandygymyzy aňladýar. Häzirki zaman lukmançylygynda gawuny «Ýokumlaryň hazynasy» diýip atlandyrýarlar. Düzüminde natriý, kaliý, magniý, demir, A, B we C witaminler agdyklyk etmek bilen, bedeni juwanlandyrmak, garramagy yza tesdirmek aýratynlyklarynyň bolmagy sebäpli, gawuny gadymy Müsürde «Juwanlyk nygmaty» diýip atlandyrypdyrlar. Az kaloriýalylygy sebäpli, bu behişdi nygmat artykmaç agramdan saplanmakda diýseň gysga wagtda täsirini äşgär edýär. Mundan başga-da gawun çenini bilip iýseň, gan basyşyny peseldýär, myşsalaryň agyrysyny azaldýar. Üstesine, gawun bedeniň kesele garşy durmak ukybyny-da güýçlendirýär. Tomusda gawundan geregini edinen adam ýylyň dowamynda özüni sagdyn duýýar. Göreji ýiteldýändigi, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulaýandygy seb

Wagyz-nesihat duşuşygy

Babadaýhan etrabynyň sport mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk etrap hassahanasy we etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp, oňa sport mekdebiniň tälimçileri we ýaş türgenler gatnaşdy. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler oňa gatnaşyjylara sagdyn durmuş ýörelgeleriniň adam saglygyna täsiri barada gürrüň berdiler, saglygy goramaga degişli birnäçe maslahatlaryny beýan etdiler. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň, ýokumlara baý gök önümleri iýmegiň, şeýle-de agyz-burun örtüklerini ulanmagyň wajypdygy barada aýdylanlar uly dykgat bilen diňlenildi.

YNSAN SAGLYGYNY GORAMAGYŇ DÖWREBAP ÝÖRELGELERI

Milli Liderimiziň halkyň saglygyny gorap saklamak ugrunda alyp barýan syýasaty diňe bir nazary taglymat bolman, eýsem, iş ýüzünde anyk durmuşy taglymat hökmünde öz ornuny tapýar. Munuň özi döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwlet üçin ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň kepillendirmesi hökmünde dabaralanýar. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, saglyk öýleri guruldy. Saglygy dikeltmek maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, gurlan şypahanalar halk köpçüligine hyzmat edýär.

Saglyk hakda söz açylsa

Spirtli içgileriň bedene ýetirýän ýaramaz täsiri has güýçli. Spirtli serişdeleriň siňmegi, ilki bilen, agyz boşlugyndan başlaýar, soňra aşgazana düşýär. Esasy mukdary bolsa inçe içegä siňýär. Spirtiň molekulasy öýjügiň daşky örtügine ýeňil geçip, iň köp mukdary kelle beýniniň dokumalaryna düşýär. Bagryň öýjükleri has-da zeperlenýär, sebäbi bagyr bedende arassalaýyş işjeňligini ýerine ýetirýär. Kelle beýniň zeperlenmesiniň ilkinji alamaty — huşuň bozulmasydyr. Bir bulgur spirtli serişde kelle beýniň 1000 — 2000 nerw öýjüklerine zeper ýetirýär. Spirtli serişdeleri ilki ulanylanda, adamy şatlandyrýar we rahatlandyrýar. Emma soňy bilen nerw ulgamynyň işjeňligini peseldýär. Bagryň öýjükleri zeperlenip, olaryň ýerine ýagly dokumalar döreýär. Bagryň arassalaýyş işjeňligi has-da peselýär we spirtli zäherlenme bedene çalt ýaýraýar. Spirtli serişde diňe ony ulanan adama däl-de, eýsem, onuň daş-töweregindäki adamlara-da zyýan ýetirýär.

Gün urmasy we ilkinji kömek

Tomus paslynyň dowamynda howanyň temperaturasy ýokarlanýar. Munuň özi yssy howanyň ynsana ýetirýän täsirleriniň öňüni almalydygyny aňladýar. Yssy howa ýaşlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Ýürek-damar ulgamyna degişli ýarawsyzlyklary bolan adamlar, garrylar we çagalar bu ýagdaýa sezewar bolýar. Tomsuň yssy möwsüminde adamlar lukmançylyk kömegine mätäç bolýar. Gan basyşynyň ýokarlanmagy, gan aýlanyşynyň bozulmalary şeýle yssy howada duş gelýär. Ýylylyk urmasy — bu aşa gyzmak bilen birlikde, ukusyzlyk, kelleagyry, umumy gowşaklyk we baş aýlanmak ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy netijesinde bedeniň işjeňliginiň agyr bozulmagydyr. Eger-de, aşa gyzmaga garşy çäreler wagtynda görülmese, näsagyň ýüzi gyzaryp, bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar, gusmak we içgeçme ýaly alamatlar peýda bolýar. Gyzgynlygyň sebäpleri wagtynda ýok edilmese, näsagda samrama başlaýar, soň näsag huşuny ýitirýär we ýüzi agarýar, şeýle hem näsagyň endamy sowap, ýürek urşy çaltlaşýar. Şeýle ýadaýda haýal etmän, «Tiz kömek» gullugyna ýüz tutmaly.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

TÜRKMEN AKSELMESI

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri

Ak şäherimiz Aşgabat häzirki zamanyň iň döwrebap saglyk merkezleriniň bir ýere jemlenen ýerine öwrüldi. Baýramçylyk gününde paýtagtymyzyň taryhy, bina edilen ilkinji saglyk merkezleri hakynda gysgaça durup geçmek isleýäris. Aşgabat şäheri taryhy nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň çägindäki ilkinji saglyk merkeziniň we hassahanasynyň dörän ýeridir. 1913-nji ýylda paýtagtymyzdaky hassahanalarda näsaglar üçin bary-ýogy 300 orun bolup, olarda 70 lukman zähmet çekipdir. 1924-nji ýylda şäherde lukmançylyk edaralarynyň birnäçesi peýda bolýar. Bu gün ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde uly ösüşlere eýe boldy. Ýylyň-ýylyna gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk merkezleri, hassahanalary barmak büküp sanardan kän. Häzirki wagtda Aşgabadyň saglyk ulgamy Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda, iň kämil lukmançylyk enjamlary we tehnologiýasy, kärine ussat, tejribeli saglygy goraýyş işgärleri, häzirki zaman saglygy goraýyş binalary bilen üpjün edilýär. Saglygy goraýyş edaralarynyň üsti täze binalar bilen ýetirilýär.

Gün urmasyndan goranalyň!

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy saglyga eserdeň bolmagy talap edýär. Bu döwürde suw we madda çalşygy işjeňleşip, bedendäki artykmaç suwuklyk derlemek arkaly bölünip çykýar. Bu hadysanyň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin günüň dowamynda 1,5-2 litr arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär. Şeýle-de miweleri we gök önümleri köpräk iýmeli. Çagalar we uly ýaşly adamlar tomusda açyk howa çykanlarynda, irden sagat 6:00-dan 9:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan 21:00-a çenli aralykda ýanlaryna gerekli mukdarda agyz suwuny alyp, talabalaýyk geýinseler, has dogry bolar. Yssy günlerde daşardan derläp gelip, salkyn öýe girilende, eşikleri çalyşmak hökmandyr. Şeýle ýagdaýda sowadyjynyň öňünde oturmak saglyga zelel ýetirip biler. Munuň özi kelle-beýni ulgamynyň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna getirýär we dem alyş ulgamynyň kesellerine sebäp bolýar. Şeýle hem gyzyp gelip suwa düşmek, sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleriniň esasy sebäbidir.

Dynç alşy talabalaýyk guramak jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan raýatlarymyzyň saglygyny goramakdan başlanýar

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminiň guralyşy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda oňat dynç almagy üpjün etmek üçin öňüni alyş çärelerini görmegiň zerurdygyny nygtady. Dogrudanam, milli Liderimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna görä ösdürilýär, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de, tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň şypahanalarynda, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýanlaryň saglygyny goramak, olara degişli lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmak degişli gulluklaryň, edaralaryň öňünde möhüm wezipe edilip goýuldy.

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler: ■ Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

«Bagabat» şypahanasy siziň hyzmatyňyzda!

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda şypahana ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda şypahana ulgamyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» tassyklanylmagy aýratyn ähmiýetlidir. 2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Bagabat» şypahanasy gurlup, ulanylmaga berildi. Şypahana Italiýanyň Spirolab kärhanasynyň anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilip, bu enjam adamyň dem alyş ulgamyna düýpli barlaglary geçirmek üçin niýetlenendir. Bu enjam arkaly barlag geçirilende näsagyň dem alşy, onuň möçberi we tizligi anyk wagtda grafik görnüşindäki ýokary hilli reňkli ekranda görünýär. Bu ýerde nekadoskonyň kömegi arkaly adamyň dem alyş ulgamynyň ýagdaýyny barlamak üçin döş kapasasyna rentgen etmek bolýar. Şypahana şeýle hem Germaniýada öndürilen «Siemens med» enjamlary bilen üpjün edildi. Newrolog lukmanyň otagynda nerw keselli näsaglary barlamak, olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Kardiolog lukmanyň otagy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary, şol sanda Italiýanyň «Сordioline» kompaniýasynyň 12 kanally EKG enjamy we

Dynç alşyňyz sapaly bolsun!

Dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň howpsuz hem bökdençsiz dynç alşyny guramak, keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek, dynç alýan raýatlar barada degişli maglumatlary jemlemek wezipesini amala aşyrmak maksady bilen, dynç alyş möwsüminiň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dolandyryş merkezi döredildi we onuň wezipeleri, ygtyýarlyklary kesgitlenildi. Dolandyryş merkezi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda hereket edýär. Şeýle hem şu döwürde dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şahamçalary döredildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşa gitmegi meýilleşdirýän her bir raýat syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişliligi boýunça ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýerli edaralaryndan degişli myhmanhananyň ady, salgysy bellik edilen (bron edilen) ýollanmalary alýarlar.

Lukmanyň maslahaty

ÇAGALARDA GÜN URMANYŇ ÖŇÜNI ALMAK Tomus paslynda, howanyň gyzgynlyk derejesiniň has ýokary bolýan jöwzaly günlerinde Gün urma ýagdaýy uly adamlara garanda, çagalarda has köp gabat gelýär. Bu, esasan hem, çagalarda bedeniň gyzgynlyk alyş-çalyş hadysasynyň, ýagny termoregulýasiýanyň pes bolmagy bilen baglydyr. Gün urma ýagdaýy howanyň yssy günlerinde çaganyň bedenine, aýratyn hem, örtüksiz kellesine Gün şöhlesiniň göni täsir etmegi zerarly ýüze çykýar.