Adaty karate boýunça türkmen türgenleri dünýä çempionatynyň 15 medalyna eýe boldy
«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Türkmen türgenleri Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen fudokan adaty karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de kadetleriň arasyndaky Dünýä kubogynda çykyş etdiler. 23 — 27-nji noýabrda geçirilen ýaryş türkmen karateçilerine uly üstünlikleri getirdi. Ildeşlerimiz 15 medala eýe boldular. Şolaryň 7-si altyn, 2-si kümüş, 6-sy bolsa bürünç medallardyr.