"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sport. Sport. Sport.

Ildeşimiziň uly üstünligi Ýeňşiň yglan edilýän pursatynyň buýsançly şatlyk duýgusyny başdan geçirmek her bir türgeniň arzyly arzuwy. Ýöne şeýle pursata ýetmek üçin irginsiz türgenleşmeli, yhlas etmeli. Şeýle guwançly pursatlary ençeme gezek başdan geçiren türgenleriň birem paurliftingçi Şatlyk Rahmanowdyr. Onuň sportuň şu görnüşi boýunça meşgullanyp gelýänine indi 20 ýyldan gowrak wagt boldy. Şu döwrüň içinde Şatlyk dürli ýaryşlarda, şol sanda halkara ýaryşlarynda-da özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny äşgär etdi. Ş.Rahmanowyň ýeňişli menzilleriniň rowaç almagynda köp ýyllyk tälimçisi Allaberdi Nerowyň ýadawsyz zähmetini, türgenine berk talabyny ýatlaman bolmaz. Bu barada tejribeli tälimçi Allaberdi Nerow şeýle diýýär:

Türgenlerimiziň üstünligine guwanýarys

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki şan-şöhraty we meşhurlygy barha artýar. Ýurdumyzda üstünlikli geçen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda bu hakykat has-da dabaralandy. Bu abraýly ýaryşyň üstünlikli geçendigine bütin dünýä jemgyýetçiligi şaýat boldy. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda birnäçe günläp sport baýramçylygy höküm sürdi. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem merkezine öwrülipdi. Şonda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenler ol ýerde sportuň degişli görnüşleri boýunça ussatlygyny görkezip, ondaky giň amatlyklara haýran galypdy. Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň başga-da birnäçesi ýokary derejede geçirildi.

Dänewli küştçi Günbatar Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Dänewli küştçi Lala Şöhradowa Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasyndaky Günbatar Aziýanyň küşt çempionatynyň çalt oýnamak boýunça ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Lala 5,5 utuk toplap, üçünji orny eýelemegi başardy.

Taryhy ýeňişler uly şatlyga sebäp

Welaýatymyzyň türgenleriniň ýakynda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmekleri sport jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly şatlyk döretdi. Muny redaksiýamyza welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleridir toplumlarynda zähmet çekýän ildeşlerimizden gelip gowuşýan hatlar hem tassyklaýar. Şolaryň käbirini okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdeplerinde häzirki wagtda sportuň 35 görnüşi boýunça tälimçi-mugallymlaryň 713-si zähmet çekip, olar türgenlerimizi ýokary derejelere çykarmak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Ýakynda Aşgabat şäherinde kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionaty hem welaýatymyzyň türgenleriniň üstünlikli halkara ýaryşlarynyň naýbaşysy boldy. Geljekde hem iri halkara ýaryşlarynda türgenlerimiziň uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna uly ynamymyz bar.

Sport

Gyzykly geçen ýaryşlar Sportuň taekwondo görnüşi boýunça 2006-2017-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Onda dürli agram derejeli türgenler özara güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesine görä, öz agram derejelerinde üstünlikli çykyş eden şol sport mekdebiniň türgenleri Mehmetaly Suhrabow, Ramzan Nasyrow, Serdar Mätiýew, Mergen Kadyrow, Kudrat Jumanow, Daýanç Hangeldiýew, Serdar Akgajaýew, Guwanç Illiýew dagy birinji, Sabyr Atamedow, Jeýhun Saparbaýew, Alybek Oktamow, Aziz Bahramow, Amirhan Hajiýew, Aýdar Haýrulin, Atajan Babajanow, Atamyrat Kakaýew dagy ikinji, Hasan Hojanyýazow, Küren Myradow, Kerwen Myradow, Arslan Şamyradow, Jumabaý Rozmetow, Muhammet Dädemyradow, Kurambaý Atahanow dagy üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

«Arkadag» futbol topary — çempion!

Şu ýylyň baharynda döredilen «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bilen adybir topar bu üstünligini çempionatyň häzirki möwsüminiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda gazandy. Ýokary liganyň 23-nji tapgyrynda ýaryş tertibinde ikinji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykan täze topar bu ýeňişden soňra, ilkinji çempionlygyny yglan etdi. Netijede, «Altyn asyr» ýaryşyň öňdebaryjysyndan 16 utuk yza galdy. 23 tapgyrda 19 duşuşyk geçiren «aragatnaşykçylar» öňde duran ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda-da 15 utuk toplap bilerler.

Önümçiligiň ilerlemegine ýardam edýär

Şu günler Halkara Bitaraplyk gününiň, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň agzybir, zähmetsöýer burawlaýjylary egin-egne berip, zähmet çekýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge berýän bimöçber üns-aladalary netijesinde müdirligiň maddy-önümçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň nebitgaz pudagyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda edýän aladalaryna mynasyp zähmet sowgatlary bilen jogap bermegi baş maksadyna öwren müdirligiň ezber burawlaýjylary halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän, iň kämil enjamlara başarnykly erk edip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagy ugrunda öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Önümçilik işleriniň has-da sazlaşykly öňe gitmegi üçin kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan müdirligiň ýolbaşçylygy bilen bilelikde, medeni-köpçülik, sport çärelerine hem aýratyn uly üns berilýär. Işden boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýan höwesjeň türgenlerimiz sport egin-eşikleri,

Türgenlerimiziň ýeňişleri — türkmen sportunyň şöhraty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmaga, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, maksada okgunly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary, bu ugurda ýola goýan tutumly işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri boýunça hem halkara ýaryşlarda, çempionatlarda öňdäki orunlary eýeläp, ýaşyl tugumyzy belende galdyrmaklary Watanymyzyň şanyna şan goşup, halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleriniň 240-dan gowrak halkara ýaryşa gatnaşyp, jemi 700-e golaý medala, şol sanda 200-e golaý altyn medala mynasyp bolandyklaryny şunda aýratyn buýsanç bilen bellemek gerek. Munuň özi Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, Olimpiýa hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagy, türkmen türgenleriniň yzygiderli kämilleşmegi ugrunda döredilýän döwrebap şertleriň, giň mümkinçilikleriň ajaýyp miwesidir. Türkmenistan halkara ýar

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýyny ýene bir gez belende galdyrdy

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda göreş alyp bardylar. Guwandyryjy tarapy, şol 15 agramyň ählisinde hem türkmen türgenleri hormat münberinden orun almagy başardylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy 15 medal bilen gazanylan medallaryň sany boýunça birinji, ýygyndylaryň arasyndaky umumy bäsleşikde bolsa kuraşyň watany Özbegistandan soňra ikinji orny eýeledi. Has takygy, türkmenistanly pälwanlar 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Daýanç Omirow, Wepa Awlýakulyýew, Sabina Kadyrowa, Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa ýaly pälwanlarymyz dünýä çempiony bolmagy başardylar. Jahan Mämmedowa, Sabina Agajanowa, Şatlyk Jumanyýazow, Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow ýaly kuraşçylarymyz bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyndan ýer aldylar. Gülşat Annaýewa, Sapa Sapaýew, Ruslan Esgerow, Döwlet Hemrakulyýew dagy bolsa, bürünç medal bilen sylaglandylar. Şunlukda türkmen ýygyndysy kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň oňat netijesini görkezdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýokary derejeli sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň dö

Türk­men spor­ty da­ba­ra­lan­ýar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 28-nji no­ýabr­da gö­zel paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV Dün­ýä çem­pio­na­ty mil­li spor­tu­my­zyň ab­raý­ly ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. On­da ýur­du­my­zyň päl­wan­la­ry­nyň üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ryň en­çe­me­si­ne my­na­syp bol­ma­gy ýur­du­my­zyň sport äle­min­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä aýan et­di.

Dün­ýä­de gyz­gyn ses­len­me dö­re­den sport wakasy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 2023-nji ýy­lyň 29-njy no­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Sport» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da 28-nji no­ýabr­da ta­mam­la­nan Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä Hal­ka­ra ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IKA), gö­re­şiň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça Af­ri­ka bi­le­le­şi­gi­niň (AKU) we Ýew­ro­pa kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (EKC), Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň, Ku­raş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Altyn medal ― altyn şatlyk

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 23 — 28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ku­raş boyun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň 14-nji dün­ýä çem­pio­na­tyn­da­ky il­kin­ji al­tyn me­da­ly­na Le­bap we­laya­ty­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky baş mü­dir­li­gi­niň Dä­new et­ra­byn­da­ky 1-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi-tür­ge­ni Ma­ri­ýa Lo­ho­wa my­na­syp bol­dy. Biz oýun­la­ryň ara­syn­da pur­sat ta­pyp, Ma­ri­ýa bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Buý­san­jy­myň çä­gi ýok

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ta­mam­la­nan Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­tyn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň ag­za­la­ry, di­ňe Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len bäs­deş­le­ri­ni öňe ge­çi­rip, je­mi 15 ag­ram de­re­je­si­niň her bi­ri bo­ýun­ça me­dal­ly orun­la­ry: 5 al­tyn me­da­ly, 6 kü­müş me­da­ly we 4 bü­rünç me­da­ly eýe­le­di­ler. Biz mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň iň ýaş päl­wa­ny, 2006-njy ýyl­da dog­lan, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­ri­dä­ki 29-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy, 78 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­da­lyň eýe­si Sa­bi­na Ka­dy­ro­wa bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Gel­jek­ki üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty mil­li ku­raş spor­tu­my­za be­lent ab­raý­ly de­re­je­le­ri ba­gyş eden mö­hüm sport baý­ram­çy­ly­gy hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Biz Çem­pio­na­tyň Ýa­py­lyş da­ba­ra­syn­da il­de­şi­miz, al­tyn me­da­lyň eýe­si We­pa Awl­ýa­ku­ly­ýew bi­len ga­bat­la­şyp gys­ga­ça gür­rüň­deş bol­duk. Us­sat tür­gen bi­ze şeý­le gür­rüň ber­di:

Unu­dyl­ma­jak pur­sat­lar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da ge­çen Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­tyn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň ag­za­la­ryn­dan bä­şi­si öz ga­ram de­re­je­le­ri bo­ýun­ça al­tyn me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Sy­lag­la­nyş da­ba­ra­syn­da biz bu us­sat tür­gen­le­ri­miz­den Da­ýanç Ömi­row bi­len gys­ga söh­bet­deş­li­gu gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dyk.

Ýe­ňiş­le­ri­miz — Wa­ta­ny­my­zyň şa­ny­na!

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­syn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň ag­za­sy, Çem­pio­na­tyň al­tyn me­da­ly­nyň eýe­si Di­na­ra Ro­zy­ku­lo­wa bi­len gür­rüň­deş bol­duk:

Meý­le­tin­çi­ler hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da 23 — 28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de gu­ral­ma­gy üçin ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp ýaş­la­ryn­dan saý­la­nyp al­nan meý­le­tin­çi­ler öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­dy­lar.

«De­ňiz­çi» — Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň Naý­ba­şy fut­zal li­ga­syn­da möw­süm ta­mam­lan­dy. Onuň ne­ti­je­sin­de soň­ky, ýag­ny 21-nji tap­gyr­da «Mig­ra­si­ýa» to­pa­ryn­dan 5:2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «De­ňiz­çi» çem­pio­na­tyň al­tyn me­da­ly­na eýe bol­dy. «Kö­pet­dag» çem­pio­na­ty ikin­ji orun­da ta­mam­la­dy. Soň­ky tap­gyr­da «Tu­ran­dan» 3:1 ha­sa­byn­da ut­la­nam bol­sa, «Güm­rük­çi» to­pa­ry çem­pio­na­tyň bü­rünç me­da­ly­ny ga­zan­dy.

Adaty karate boýunça türkmen türgenleri dünýä çempionatynyň 15 medalyna eýe boldy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Türkmen türgenleri Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen fudokan adaty karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de kadetleriň arasyndaky Dünýä kubogynda çykyş etdiler. 23 — 27-nji noýabrda geçirilen ýaryş türkmen karateçilerine uly üstünlikleri getirdi. Ildeşlerimiz 15 medala eýe boldular. Şolaryň 7-si altyn, 2-si kümüş, 6-sy bolsa bürünç medallardyr.

Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty: ­habarlar, wakalar, pursatlar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 «Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň gol­lan­ma­sy» at­ly ki­tap­ça taý­ýar­la­nyl­dy