"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sport syýasatynyň gadamlary

Sagdyn durmuşyň girewi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarynda sport syýasaty möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu syýasaty halkymyzyň saglygyny berkitmekden başga-da, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň hemmeler üçin baş ýörelge bolmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda bina edilip, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaş türgenleriň uly toparynyň kemala gelmegine ýardam etdi. Indi olar Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.

«Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoly

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň 11-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçi» topary bilen Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» welaýat merkezindäki köpugurly sport toplumynyň ajaýyp stadionynda özara duşuşdylar. Deňizýaka şäheriň futbolçylarynyň ýiti hüjümleri bilen ýaýbaňlanan duşuşygyň eýýäm 6-njy minutynda olardan Selim Ataýew hasaby açdy. 23-nji minutda Daýanç Durdyýew myhmanlaryň ikinji pökgüsini derwezä girizdi. 27-nji minutda Aşyrgeldi Saryýewiň meýdançadan çykarylmagy bilen az bolup galan «Nebitçiden» Arslangylyç Nazgylyjow 66-njy minutda tapawutlanyp, toparyny biraz umytlandyrsa-da, ýeňiş bu oýunda «Şagadamyň» tarapynda boldy.

Spartakiada jemlendi

Paýtagtymyzda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII sport ýaryşlarynyň ýapylyşy boldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň görnüşleriniň 9-sy boýunça geçirilen ýaryşlar ussatlary öňe saýlady. Giň göwrümli sport ýaryşlarynyň etrap, şäher, welaýat we döwlet derejesindäki tapgyrlaryň üstünlikli we guramaçylykly geçendigini bellemek gerek. Jemleýji döwlet derejesindäki duşuşyklar umumy hasapda ýeňijileri toparlaýyn kesgitledi. Şeýlelikde, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş, küşt, dzýu-do, erkin göreş, grek-rim göreşi, sambo we boks boýunça geçirilen sport ýaryşlarynyň netijesi boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň, ikinji orna Lebap welaýatynyň, üçünji orna Ahal welaýatynyň türgenleri mynasyp boldy.

Türgenleriň nobatdaky üstünligi

Ahal welaýatynyň türgenleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen sportuň karatedo görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň IX çempionatyndan medally geldiler. Bu halkara ýaryşa gatnaşan Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri Alymuhammet Kakalyýew, Gurbannazar Amandurdyýew we Magtymguly Annaýew altyn medala mynasyp boldular. Agzalan türgenler tälimçi Maksat Atdaýewiň şägirtleridir. Sapadurdy Setdarowyň tälim berýän sportçularynyň, ýagny Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri Yslam Annaorazowyň altyn medala, Perhat Atamyradowyň kümüş medala, Öwezmyrat Sapadurdyýewiň we Gurbanmyrat Nowruzowyň bürünç medala mynasyp bolmagy hem guwandyryjy üstünlikdir.

Sport mekdebiniň futbol birinjiligi

Kaka etrabynyň sport mekdebinde futbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa mekdebimizde tälim alýan türgenlerden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Nobatdaky ýaryş türgenleriň arasynda sportuň futbol görnüşine gyzyklanmanyň we höwesiň uludygyny görkezdi. Çekeleşikli duşuşuklar güýçli toparlary öňe saýlady. Netijede mekdebimiziň futbol boýunça tälimçi mugallymy Mekan Saryhanowyň topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda ikinji orny tälimçi mugallym Ýunus Gülemirowyň, üçünji orny tälimçi mugallym Orazly Orazlyýewiň şägirtleri eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary gowşuryldy.

Basketbol ýaryşy geçirildi

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebiniň sport zalynda 2008-2009-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda sportuň 3x3 basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakdan, ýokary netijeli sporty ösdürmekden, şeýle-de güýçli toparlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Etrabyň basketbol toparlarynyň ýaryşa ykjam taýýarlykly gelendiklerine duşuşyklar aýdyň şaýatlyk etdi. Gyzykly geçen ýaryşda birinji orna etrabyň Tejen topary üstün çykdy.

Sport

Woleýbolçylaryň ussatlygy aýan boldy Mary şäherindäki daşary ýurt dillerinde ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde “Uçýan pökgi” atly şäherdäki orta mekdepleriň okuwçy oglanlarynyň arasynda şäheriň birinjiligini almak ugrunda woleýbol boýunça sport ýaryşy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen ýaryş, diýseň, gyzykly we çekeleşikli geçdi.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda sagdyn durmuşda, sagdyn jemgyýetde amala aşdy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, ony döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmeniň gadymdan dowam edýän milli däp-dessurlary, edim-gylymlary hem şu ýörelgeden gözbaş alýar. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir. Halkymyz bu gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.

Türkmenistanyň çempionatyndan ýeňiş bilen

Aşgabat şäheriniň küşt we şaşka mekdebinde düzzüm boýunça geçirilen ýurdumyzyň çempionatynda welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Olar şahsy görnüşde geçirilen ýaryşlarda baýrakly orunlaryň 6-syna mynasyp boldular. 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda gyzlardan Mähri Aýmakowa birinji we Dilnaza Jumaniýazowa üçünji, oglanlardan Amir Owezow we Gaýrat Bahtiýarow degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler. 20 ýaşdan ulularyň arasynda geçirilen ýaryşlarda Eziz Artykow birinji we Kamila Mustakowa ikinji orunlary gazandylar. Ýeňijiler degişli diplomlar we medallar bilen sylaglanyldylar.

Welaýatyň birinjiligi geçirildi

Sport mekdebimizde gandbol boýunça welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oglanlaryň 40-dan gowragyny, gyzlaryň 60-a golaýyny özünde jemlän bu ýaryşda türkmenabatly we dänewli türgenler aýratyn tapawutlanyp, baýrakly orunlaryň ählisini eýelediler. Oglanlaryň arasynda guralan ýaryşlarda Türkmenabat şäheriniň I topary birinji, Dänew etrabynyň II we I toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda-da welaýat merkeziniň I we II toparlary degişlilikde birinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Ikinji orny bolsa dänewli gyzlar gazandylar.

Sport

Gyzykly geçen ýaryş Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdepde taekwondo boýunça şäheriň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi. Ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş gyzgalaňly pursatlara baý boldy. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesine görä, Sabyr Atamedow, Ramzan Nasyrow, Jeýhun Saparbaýew, Meýlis Azymow, Alibek Oktamow, Kudrat Jumanow, Muhammet Suhrabow, Mergen Kadyrow, Meretgeldi Hoşanow, Annaly Hangeldiýew dagy öz agram derejelerinde birinji orna mynasyp boldular. Şeýle hem öz agram derejelerinde Selim Halmyradow, Kim Tolik, Parahat Aýbekow, Batyr Diýarow, Serdar Mätiýew, Amirhan Hajyýew, Aždar Kudratow, Daýanç Hangeldiýew, Sapardurdy Saryýew, Rejepbaý Rozmetow dagy ikinji, Artur Kadambaýew, Aýdar Haýrulin, Hasan Hojaniýazow, Husan Hojaniýazow, Küren Myradow, Azat Hojaýew, Mansur Täjibaýew, Babajan Kakaýew, Jemşit Töräýew, Batyr Koçkarow dagy üçünji orny eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenler medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Mil­li oýun­lar wa­gyz edil­ýär

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Hal­ky­myz dün­ýä jemgyýetçiliginiň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ryp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ne gö­rä, mil­li ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry bi­len bir­lik­de dür­li oýun­la­ry-da dö­re­dip, soň­ky ne­sil­le­re mi­ras go­ýup­dyr­lar. Ne­sil ter­bi­ýe­sin­de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­rilýär. Türk­me­niň mil­li oýun­la­ry ýaş­lar­da we ça­ga­lar­da berk be­den­li­li­gi, sag­dyn­ly­gy, ça­la­syn­ly­gy ter­bi­ýe­läp­dir. Olar ýaş­la­ra dur­muş­da özü­ňi ýer­lik­li alyp bar­ma­gy, her hi­li päs­gel­çi­lik­den baş alyp çyk­ma­gy öw­re­dip­dir. Hut şol se­bäp­li mil­li oýun­lar ýaş­lar üçin ter­bi­ýe mek­de­bi ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň hem-de sport güý­men­je­le­ri­niň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de res­mi sport gör­nüş­le­ri­niň de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şo­lar bo­ýun­ça mil­li ýa­ryş­lar hem-de hal­ka­ra çem­pio­nat­lar ge­çi­ril­ýär.

Paýhas oýnunyň ussatlary Gökdepede duşuşdylar

29-30-njy aprelde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligi bilen Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda küşt boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Gala» atly küşt boýunça açyk birinjilige Türkmenistanyň dürli künjeginden halkara grossmeýsterleriň, ussat we ýaş türgenleriň 40-dan gowragy gatnaşdy.

«Uly tuwulgadan» altyn medal

Türkmen dzýudoçylary sport janköýerlerini halkara ýaryşlardaky täze ýeňişler bilen begendirmegi dowam edýärler. Ýakynda sportuň bu görnüşiniň wekillerinden nobatdaky hoş habar Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşyndan gelip gowuşdy. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz Serdar Rahymow güýçli bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. Has takygy, 20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda möhüm ýeňişleriň bäşisini gazandy. Ol mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Ýuliýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Hakifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Şeýlelikde, Serdar özüniň halkara üstünlikleriniň hataryna sport ýolunda ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň altyn medalyny goşdy. Onuň, mundan başga-da, sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medaly bar.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li sport oýun­la­ry mer­ke­zi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gur­na­mak­la­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de er­kek­le­riň, aýal-gyz­la­ryň we ýaş­la­ryň ara­syn­da düz­züm bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Çem­pio­na­ta ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä, uly ýaş­ly er­kek we ze­nan, ýaş og­lan we gyz tür­gen­ler gat­naş­dylar.

Gel­jek­ki ýe­ňiş­le­re ba­dal­ga

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li sport ul­ga­my­myz her ta­rap­la­ýyn tä­ze ösüş­le­re eýe bolýar. Şol san­da Gahryman Arka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ýo­la goý­lan mil­li hok­keý spor­tu­myz dö­re­di­le­ni­ne köp wagt geç­män­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, eý­ýäm özü­niň buý­sanç­ly üs­tün­lik­le­ri, ynam­ly ýe­ňiş­le­ri bi­len gö­wün­le­ri­mi­zi gal­kyn­dyr­ýar.

Dünýä çempionatyndan üstünlik bilen

Türkmenistanly körpe küştçüler ýakynda Albaniýanyň Durres şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Hususan-da, Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň 9 ýaşly türgeni Aýýa Baýramowa 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küşdüň blis görnüşi boýunça bürünç medala mynasyp bolmagy başardy. Dünýä çempionatyna 43 ýurtdan körpe küştçüleriň 375-siniň gatnaşandygyny aýtsak, türkmen küştçüleriniň baýrakly we öňdäki orunlary eýelemek üçin köp sanly çylşyrymly duşuşyklary geçirmeli bolandygy düşnüklidir.

Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, täze taryhy döwürde jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan dürli baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň sport ýaryşlary, köpçülikleýin ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem oňa bagtyýar raýatlarymyzyň uly höwes bilen gatnaşmaklary sport, Olimpiýa hereketiniň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýändigini, oňa eýerýänleriň sanynyň barha artýanlygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tutuş halkymyza nusga alarlyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly ter

Do­gum don­ly es­ger

1917-nji ýylyň bir güni Köpetdagy etekläp oturan Artyk obasynda, goşa çaýhanaly Garahan aganyň we Mährijemal enäniň maşgalasynda saryýagyzja ogul bäbejik dünýä inýär. Oba mollasy çagyrylyp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrylyp, doglan aýynyň hormatyna oňa Sapar diýip at dakýarlar. Ol ata-enesiniň elinde terbiýelenýär. Türkmeniň ilkinji bilim işgärleriniň biri Artykgül Teke gyzynyň (Tatýana Tekinskaýa) Artyk obasynda öz hasabyna açan mekdebinde başlangyç bilim alýar. Sa­par ýum­şa ýa­rap ug­ra­nyn­dan, do­gan­la­ry bi­len ata-ene­si­ne öý-ho­ja­lyk iş­le­rin­de we Ar­tyk de­mir ýol men­zi­li­niň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän hu­su­sy çaý­ha­na­la­ryn­da zäh­met­de bi­şi­şip, ma­za­ly tap­lan­ýar. Oba­da kol­hoz gu­rul­ma­gy bi­len, meý­dan iş­le­rin­de iş­le­ýär. Ma­hal-ma­hal deň-duş­la­ry bi­len oba­nyň dag we Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň etek­le­ri­niň gö­zel ýer­le­ri­ne seý­ran edip, türk­me­niň mil­li oýun­la­ry­ny oý­nap­dyr, gö­reş tu­tup­dyr. Orak möw­sü­min­de Ar­tyk oba­sy­nyň ekin­le­rin­de kol­hoz­çy­lar bi­len orak orup­dyr.

Paý­tag­tyň sport dur­mu­şyn­dan

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Boks fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýyl­da Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ýol­lan­ma ga­zan­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ul­gam­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri baş tä­lim­çi Te­nel­bek Džu­ma­ku­lo­wyň we kö­mek­çi tä­lim­çi Ýaz­mu­ham­met Paz­zy­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da okuw-tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­ny geç­ýär­ler.