«Mançester Siti» bilen «Inter» – iň köp oýunçy ugradan klublar
Çempionata jemi 621 futbolçy çagyrylyp, Fransiýadyr Belgiýanyň hem-de Çehiýanyň düzüminde 25, galan 20 toparda mümkin bolan 26 futbolçy bar. Çempionata iň köp oýunçy ugradan klublar 13 futbolçy bilen «Mançester Siti» hem-de «Inter» toparlarydyr. «Real Madrid» bilen PSŽ-niň 12, «Leipsig» hem-de «Barselona» klublaryndan 11, «Arsenal», «Baýer», «Bawariýa» toparlaryndan 10, «Liwerpuldan», «Slawiýa Pragadan», «Ýuwentus» bilen «Romadan», «Borussiýa Dortmunddan», «Bolonýadan» 9, «Mançester Ýunaýted», «Milan», «Wolfsburg» klublaryndanam 8 futbolçy gatnaşýar. «Brentford», «Feýenoord», «Atletiko Madrid», «Fenerbahçe», «Şahtýor Donesk» klublaryndan 7 futbolçy ýygyndylara çagyryldy.