Ezberlik — üstünligiň açary
Ezberligi, erjelligi, maksada okgunlylygy bilen ilkinji üstünliklere ýeten, özüni öňdebaryjy ýaş türgenleriň hatarynda tanadan ýetginjekleriň biri-de Musa Bekmyradowdyr. Ýaş türgen Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 35-nji orta mekdepde bilim, Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdepde bolsa tälim alýar. Ol göreşmegi höwes edip, kiçilikden sportuň taýboks görnüşi boýunça meşgullanyp başlaýar. Onuň ilkinji tälimçisi Atajan Orazmyradow bolup, ol Musa taýboksuň inçe tilsimlerini öwredýär. Häzirki wagtda Musa Türkmenistanyň uniwersal söweş boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, halkara derejeli emin Nagmat Hojamämmedowdan sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça tälim alýar. Musa ukyp-başarnygyny diňe bir taýboks ýa-da uniwersal söweş boýunça däl, eýsem, sportuň jiu-jitsu, karate, boks, sambo ýaly görnüşleri boýunça hem görkezip, öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Has takygy, ol 2018-nji ýylda sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 40 kilogram agramda çykyş edip, 2-nji, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda 39 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde 75 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, şeýle-de, şol ýylda Türkmenistanyň çempionatynda