"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Pa­riž Olim­pia­da­sy: türk­men tür­gen­le­ri­ne ynam uly!

Türk­men ral­li­çi­le­ri tej­ri­be­si­ni art­dyr­ýar­lar

14-nji ge­zek ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly» hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy Mon­go­li­ýa­nyň Ulan-Ba­tor şä­he­rin­de ta­mam­lan­dy. 13 döw­let­den 100-e go­laý to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da 11 gün­läp do­wam eden ýa­ryş­da oňa gat­na­şy­jy­lar 5 müň 243 ki­lo­metr­lik men­zi­li kül­ter­le­di­ler. Onuň Al­taý dag­la­ry­nyň we Go­bi çö­lü­niň çar­kan­dak­ly ýol­la­ryn­dan hem ge­çen­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek.

Sport.

Boksçylarymyzyň üstünligi Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Çempionata ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda mekdebimiziň boksçylarynyň ýeňşi bizi, diýseň, guwandyrdy. Has takygy, bu ýaryşda mekdebimiziň türgenlerinden Abdyresul Arslanow ýaryşyň çempiony bolmagy başardy hem-de ol şu ýylyň 27-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Saud Arabystan döwletinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem Daşoguz şäherinde döwlet derejesinde geçirilen çempionatda sport mekdebimiziň boksçy türgeni Perhataly Yhlasow 3-nji orna mynasyp boldy.

Beýik ynama, mukaddes borja wepalylyk

Türk­men tür­gen­le­ri “Olim­pi­ýa oba­syn­da”

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­riň ýa­şa­ma­gy üçin Pa­ri­žiň de­mir­ga­zy­gyn­da «Olim­pi­ýa oba­sy» dö­re­dil­di. Iri sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň geç­ýän gün­le­rin­de bu ýer­de 14 müň­den gow­rak adam, şol san­da 9 mü­ňe go­laý tür­gen ýa­şar. Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň sport we­ki­li­ýe­ti 23-nji iýul­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da da­ba­ra­ly gar­şy­la­nyp, «Olim­pi­ýa oba­syn­da» ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň 10-njy ga­tyn­da türk­men baý­da­gy­na we «Te­am Turk­me­nis­tan» di­ýen ýaz­ga gö­züň dü­şen­de, ata Wa­ta­ny­my­za buý­san­jyň has-da art­ýar. Tür­gen­le­ri­miz soň­lu­gy bi­len döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na öw­rül­jek öz­bo­luş­ly sport oba­syn­da ýa­şa­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. To­mus­ky Olim­pia­da ta­mam­la­nan­dan soň ge­çi­ril­jek Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak 9 müň tö­we­re­gi tür­gen hem şol ýer­de ýa­şar.

Türkmen türgenleri tomusky Olimpiýa oýunlarynda

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Ýokary guramaçylykly dabara çuň many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslendi. Pariž Olimpiadasyna Türkmenistandan 19 adamdan ybarat sport wekiliýeti, şol sanda türgenler sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar.

Musa JALAÝEW, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

— Pariž Olimpiadasynda ata Watanymyzyň adyndan çykyş edip, türkmen sportunyň belent at-abraýyny dünýä ýaýmak baş maksadymyzdyr. Bize ýokary derejede ynam bildirip, hemmetaraplaýyn goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Nesip bolsa, döwletimiziň, mähriban halkymyzyň bildirýän ynamyny ödäp, ata Watanymyza ýeňiş bilen dolanyp gelmek üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Walentina MEREDOWA,Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

Kubok ugrundaky bäsleşik başlaýar

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy («Arkadag», «Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag») gatnaşar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde soňky iki orny eýelän «Merw» bilen «Şagadam» toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu toparlaryň arasynda geçiriljek oýunlaryň netijesinde ýeňiş gazanan topar bijä laýyklykda, çärýek finalda «Altyn Asyr» topary bilen duşuşar. Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler. Şeýlelikde, geçirilen bijä laýyklykda, beýleki çärýek final jübütlerini «Arkadag» — «Energetik», «Nebitçi» — «Aşgabat» hem-de «Ahal» — «Köpetdag» toparlary düzdüler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.

Ýoldaşlyk duşuşygyndaky ýeňiş

«Arkadag» futbol topary häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna taýýarlyk görmek üçin Rumyniýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Topar ýakynda geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň üçünji ligasynyň wekili «AKS Kids Tampa Braşow» klubuny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýoldaşlyk duşuşygynda «Arkadag» toparynyň düzüminde Resul Hojaýew, Didar Durdyýew hem-de Nazar Towakelow dagy tapawutlandy.

Aşgabatdan Pariže: täze medallar üçin ak ýol!

Bu gün Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna, Aşgabadyň bolsa sport şäherine öwrülendigi aýdyň hakykat. Ynha, şol ajaýyp şäherden dünýäniň çar künjünde geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýola düşýän türgenlerimiziň hem yzyna medalsyz dolanyp gelýäni seýrek. Bu gün bütin dünýäde Aşgabat şäheri medallary gowşurýan we kabul edýän sport şäherleriniň biri hökmünde meşhur. Ynha, 22-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen dabarada hem muňa ýene bir ýola şaýat bolduk. Şol gün XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ýurdumyzyň wekilçilikli topary merjen paýtagtymyzdan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherine ugradyldy. Elbetde, olar dünýäniň iň uly sport baýramçylygyna gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar. Dostlukly ýurda ugran Türkmenistanyň sport wekiliýeti Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde gyzgyn garşylanyldy. Türgenlerimiz bu ýerde 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşerler.

Berk ynam bilen beýik ýeňişlere

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän ynamyna we eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek ugrundaky hossarlyk aladalaryna ussat türgenlerimiz beýik ýeňişleri bilen jogap berýärler. Ykbalyny sporta baglan ýaşlarymyz bu gün Aziýa we dünýä ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň taryhynda öçmejek yz galdyrýarlar. Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalarynyň bu ýaryşa uly dabara bilen ugradylmagy türgenlerimiziň ruhubelentligini, yhlasyny has-da artdyrdy. Ýygyndymyzyň düzüminde dzýudo sportunyň ilkinji ädimlerini welaýatymyzdan başlan türgenleriň ikisiniň çykyş etmegi bolsa biziň üçin aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow we Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgenimiz Madina Pardaýewa häzirki wagtda paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen, türkmen sportunyň şanynyň has-da beýgelmegine saldamly goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesinden we hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine uly ynam bildirýäris.

Türkmen türgenleri Pariž olimpiadasynda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem sport diplomatiýasynyň aýratyn orny bardyr. Umumadamzat bähbitli durnukly ösüşiň maksatnamalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu günki günde türkmen türgenleri Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrarlar. Pariž şäheri bir asyr arakesmeden soň, tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň sport janköýerlerini özüne çekýän, dört ýyldan bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiadasy bosagada dur. Bu sport baýramçylygy dünýä halklarynyň arasynda dostlugy, parahatçylygy we jebisligi pugtalandyrar. Şeýle hem dünýäniň iň bir naýbaşy oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşmagynyň özi hem tolgundyryjy. Elbetde, bularyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy

Sport. Sport. Sport.

Üstünlik — geljegiň gözbaşy Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijeleri sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu syýasatyň maksady bolsa, halkymyzyň saglygyny goramakdan we berkitmekden ybaratdyr.

Sport ýaryşlary geçirildi

Welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirligi hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi bilen bilelikde Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde sport ýaryşlaryny guradyk. Oňa «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşlarda çagalar öz başarnyklaryny görkezdiler. Sportuň şaşka, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, biliňde halka aýlamak ýaly görnüşleri boýunça guralan ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden çagalar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Şeýle-de çäräniň dowamynda degişli hünärmenler hereketli oýunlarda ýüze çykyp biläýjek şikesleriň öňüni almak boýunça gürrüňdeşlik geçdiler. Şeýle-de ýaşlar ýurdumyzda dynç almaklary hem-de saglygyny berkitmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gyzykly küşt bäsleşigi

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly, şowhunly günler bilen dowam edýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen sportuň küşt görnüşi boýunça geçiren bäsleşigimizem gyzykly boldy. Çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklarynda geçen ýaryşda tapawutlananlara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde «Hemmeler üçin açyk oýunlar» şygary bilen geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türk­me­nis­ta­nyň Bedenterbiýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­, Mag­tym­gu­ly adyndaky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­ çykyş edip, milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerine şowly çykyş edip, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladyp, ýeňiş bilen dolanyp gelmekleri arzuw etdiler. Olim­piýa oýunlaryn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra emin­lik et­jek Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka federasiýasy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry Mäm­me­dow hem-de ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag

Türkmen türgenleri Parižde gyzgyn garşylanyldy

Düýn Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetini garşylamak dabarasy boldy. Bu ýere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri, meýletinçiler we beýleki adamlar ýygnandylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip gelen meýletinçileriň uzyn hatarynyň öňünden geçen olimpiýaçy türgenlerimiziň dabaraly garşylanylmagy tolgundyryjy duýgulary döretdi. Wekiliýet agzalaryna duz-çörek hödürlenilip, öňde boljak iri sport baýramçylygynda üstünlikler arzuw edildi.

Ösüşleriň mekany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga, şan-şöhrata eýedir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler berkarar Watanymyzyň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidip, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň barha rowaçlanmagyna itergi bolýar. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri saglyk merkezleri, sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda hereket edýän Olimpiýa şäherçesiniň, Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi halkymyzyň sagdynlygy we bagtyýarlygy ugrundaky taýsyz tagallalaryň güwäsi bolup durýar.

Türgenlerimize belent ynam

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Sport ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde dünýä derejesinde ösdürilýär. Gözel paýtagtymyz ak mermerli Aşgabadyň görküne görk goşýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesi guruldy. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmagy üçin ähli şertler döredildi». Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde bu ugurda edilýän tagallalar berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Üstümizdäki ýylyň maýynda paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň kabul edilmegi hem ýönelige däl. Çünki ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan Aşgabat dünýä derejeli sport desgalarynyň, iri sport toplumlarynyň jemlenen şäheridir. Munuň özi sebitiň sport merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň giň sport mümkinçiliklerine eýedigini görkezýär.

Türgenlerimize ynamymyz uludyr

Halkymyzda döwletli işleriň başy başlananda, uzak ýola sapara gidilende birek-birege iň ýagşy arzuwlary aýtmak däbi gadymdan gelýän ýörelgeleriň biridir. Ynha, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy hem şeýle ýörelgeleriň döwrebap dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.