"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 108-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-56-34

Makalalar

Kitap — ylmyň açary

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak boýunça dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Kitaphanalar bu günki gün adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze, döwrebap usullary ýola goýuldy. Olarda çeper we ylmy, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli kitaplary, özlerine gerek bolan edebiýatlary okyjylaryň diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegi wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Halkymyzyň gymmatly hazyna bolan kitaba ähli döwürlerde-de uly sarpa goýandygyny N.Saryhanowyň «Kitap» atly eserindäki Welmyrat aganyň maşgala eklenjiniň çeşmesi bolan guba düýesini kitaba çalşandygyndan bilýäris. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitap ylym-bilime höwesli ýaşlarymyz üçin gerekli maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Älem syrlaryna akyl ýetiren şahyr

Häzirki döwürde söz ussadynyň mirasyny ylmy esasda öwrenmek Magtymgulyny öwreniş ylmynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Çünki akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine giňden taýýarlyk görlüp, bu babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Beýik akyldaryň döredijiliginde mifler, asman, Ýer, Gün, Aý, ýyldyzlar bilen baglanyşykly kosmogoniki (älemiň gelip çykyşy hakyndaky taglymat) garaýyşlar uly orun tutýar. Söz ussady goşgularynda mifologik sýužete ýüzlenmek bilen, adamlara örän täsin, gizlin, syrly aňlatmalary beýan edýär. Şahyryň bu ugurda döreden şygyrlarynyň içinde «Niçe ýaşyndadyr» atly goşgusy mifologiki sýužetiň ajaýyp nusgasydyr. Elbetde, bu şygyr babatda magtymgulyşynas alymlar ylmy garaýyşlaryny beýan etdiler. Biz hem şol alymlaryň pikirlerini içgin öwrenip, bu şygyr babatda öz garaýyşlarymyzy beýan etmegi makul bildik. Şahyryň bu şygrynyň esasynda öküz, Ýer, asman, Gün diýen düşünjeler durýar. Ýer göteren sary öküz, Bilmen, niçe ýaşyndadyr.Tört müň tört ýüz aýagy bar,Hemmejesi döşündedir.

Ylym — ösüşleriň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek boýunça ýola goýlan işler ýaşlary ylmy üstünliklere ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa ylym ulgamynda ýaşlarymyzyň ylmy mümkinçilikleriniň uly geljeginiň bardygyny aýdyň beýan edýär. Ylym akylyň, paýhasyň ösüşiniň gözbaşy bolmak bilen, jemgyýetçilik ösüşini kämillik derejesine çykarýan ummasyz güýçdür. Şeýle ösüşiň binýady berk, kökleri çuň, geljegi uly bolýar. Pederlerimiz öz döwründe ylym-bilimde baý tejribe toplapdyrlar. Ylymly-bilimli, sowatly adamlary hormatlapdyrlar. Şu jähetden, batly depginler bilen ösýän durmuşymyz jemgyýetiň öňünde-de, her bir adamyň öňünde-de täze talaplary goýýar. Häzirki döwürde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen pähime eýerýäris. Şu nukdaýnazardan talyplara berilýän bilimiň akgynly ugry ylymdyr. Ylymda gazanylýan üstünlikler bolsa türkmen jemgyýetiniň ylmy akabasynyň berk binýatly bolmagyny kepillendirýär.

Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy

16-17-nji ýanwarda ýurdumyzda «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» ady bilen türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty geçirildi. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bolan Abu Seýit Abul Haýyr — Mäne baba Merkezi Aziýada ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly goşant goşupdyr, ýüzlerçe şägirtleri ýetişdiripdir. Şeýle hem öz meşhur rubagylarynda şerigatyň kada-kanunlaryny, sopuçylyk tefsirlerini we olar baradaky düşünjelerini, pikir-garaýyşlaryny gysgadan gelen çuňňur manyly şöhlelendiripdir. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, Mäne babanyň yzyna eýerýän sopudyr müritleriň kemala gelmegi bilen, onuň «Müritlik — myratlyk» diýen tarykaty döräpdir.

Ylym — döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň şerti

2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy. Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek ANNANEPESOWA bilen söhbetdeş bolduk. — Gülälek Orazmyradowna, ýurdumyzda ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada söhbedimize başlasak!

Müňýyllyklaryň röwşen ýyldyzy

16-17-nji ýanwarda ýurdumyzda geçirilen «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» atly türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda öz işine başlan maslahatda iki doganlyk halkyň ylym wekilleri orta asyr Gündogar edebiýatynda, sopuçylyk ylmynda görnükli orun eýelän Mäne babanyň ömrüne we döredijiligine, ýaşan döwründäki syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna ýetiren täsirine degişli täze maglumatlar, ylmy işler boýunça pikir alyşdylar, tejribelerini paýlaşdylar. 17-nji ýanwarda maslahata gatnaşyjylar keramatly piriň guburynyň üstünde bina edilen kümmete zyýarat edip, orta asyr binägärlik toplumynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Kaka etrabynyň medeniýet öýünde dowam eden maslahatda çykyş edenler aryf şahyryň eserlerinde beýan edilýän gymmatly pikirleriň many-mazmuny we onuň aramgähiniň çäginde ýüze çykarylan tapyndylar bilen baglanyşykly ylmy täzelikleri halk köpçüligine ýetirdiler. Foruma gatnaşan alymlaryň käbiriniň bu babatdaky pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Mäne babaly hekaýatlar

Birinji hekaýat Agyzdan-agza geçip gelen rowaýata görä, ol (Mäne baba) şeýle diýen: «Gurhany Kerimi öwrenýän döwrümde bir gün kakam: «Ertir seniň bilen halypanyň ýanyna gitmeli» diýdi. Men Gurhany Kerimi öwredýän başky mugallymymyň ýanyna baryp: «Ertir meni kakam başga halypanyň ýanyna äkidýär» diýdim. Ol şonda: «Mübärek bolsun!» diýip doga etdi we: «Şu pendimi hiç wagt unutma, göz açyp-ýumasy salym Allanyň yşkynda bolmak hem Gün bolup Ýer ýüzüne nur çaýan ýalydyr» diýdi.

Gyzgynlyga ukyply ýeňilleşdirilen tamponaž kompozisiýasyny işläp düzmek

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze açylýan iri ýataklaryň uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilişiniň depginini çaltlandyrmak üçin toplumyň işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýdy. Uglewodorod serişdelerini çykarmaklygy artdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Şol maksatnama laýyklykda, tebigy gorlary özleşdirmekde 2030-njy ýylda nebitiň gazylyp alnyşynyň derejesini bir ýylda 110 million tonna, gazyň çykarylyşyny bolsa ýylda 250 milliard kub metre ýetirmek göz önünde tutulýar. Bu sepgitlere ýetmek üçin nebitgaz pudagynyň önümçiligine dünýäde ylmyň iň soňky gazanan öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, nebit we gaz guýularyny burawlamaklyga, esasan hem, olaryň sütünlerini berkitmeklige degişli ylmy-tehniki işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns bermeli bolýar.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we

Arzuwlardan alymlyga çenli

Manyly ömrüniň ýarym asyra golaýyny ýurdumyzyň weterinariýa gullugyna bagyş eden Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň baş hünärmeni Annanazar Bäşimow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bahar paslynyň ajaýyp gününde «weterinariýa ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejesine eýe boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen ylmy geňeşde ylmy jemagatyň öňünde «Türkmenistanda dowarlaryň gan-parazitar keselleri we olara garşy göreş çäreleri» atly doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli goran alym, gör, nijeme gijeleri ukusyz geçirendir, ylmy kitaplary okap, dünýä tejribelerini öwrenýän, ylmy makalalary, gollanmalary ýazýan wagtynda ençeme gezek çaýyny sowadandyr... ...Heniz mekdep ýaşyna-da ýetmedik oglanjyk Aşgabady etekläp oturan Bagyr obasynda, gojaman Köpetdagyň goýnunda mal bakýarka, ykbalyna dowardarçylyk kesbi-käriniň ýazyljakdygy barada pikirem eden däldir. Ýöne şol ýyllaryň içinde ol owlak-guzujyklar bilen oýnap-ösüp, mallara halys öwrenişipdi...

Ýaşlar — ýurduň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy tamamlanan ýylymyzyň ýakymyny has-da artdyrmak bilen, täze ýylymyza berk ynam, beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şadiwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asy

Ylym-bilim öwrenmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini bil-ýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredil-ýär. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Hawa, daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň, bütindünýä bilen aragatnaşyk saklamagyň möhüm şertidir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek zerur hasaplanýar, çünki iň täze te

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby — ýaşlar üçin nusgalyk gollanma

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda orta mekdeplerde alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp, dünýäniň ösen ylmy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen has-da kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly okuwyň interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji bolmagyna, çuňňur özleşdirilmegine we ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiliklerine akyl ýetirmeklerine ýardam edýär.

Ylym-bilim dünýäsinde

Ylym — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösýär, ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, olaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin ýaşlar dünýäniň ylmy gazananlaryny özleşdirip, dünýä dillerindäki ylmy maglumatlardan habarly bolýarlar. Bu hem ylmyň täze belentliklere ýetirilmeginde önjeýli goşantdyr. Häzirki wagtda ýurduň ösüşi ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň ylym-bilim öwrenmeklerini ýola goýmak, olaryň ylmy garaýyşlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş alymlara döredilýän mümkinçilikler, olaryň tehnologiýalara erk etmegi üçin bar bolan şertler aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi bu ugruň mundan beýläk hem ösdürilmegini, alymlaryň, ylmy işgärleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek

Watanymyzyň daýanjy

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň biri-de ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bilen birlikde, olary milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Bu babatda göreldäniň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiz Watany söýmek, ony gözüň göreji deýin gorap saklamak, ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak, milli däp-dessurlary, edep-kadalarymyzy sarpalamak meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ähli ýokary okuw, orta hünär okuw we orta mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly geçirilýän okuw sapaklary, internet bäsleşikleri guramakda, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Dostluk — ruhy jebislik

Türkmen-özbek dostlugy köküni halklarymyzyň gadymy taryhy ýolundan alyp gaýdýar. Özbegistanyň alymlary, ylmy-döredijilik intelligensiýasy beýleki ugurlar bilen birlikde dil, edebiýat, medeniýeti öwreniş ylymlary boýunça hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özi ýurtda ýaşlara iňňän uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Ýylyň jemlenilmegi mynasybetli Aşgabatda ýaşlaryň uly forumynyň, halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanan türkmenistanly ýaşlary sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi hakyndaky täzelik, bu forumyň çäklerinde geçirilýän wideoýazgylara gatnaşmagymyz bizi örän begendirýär. Meniň kakam filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Kerimbaý Kurambaýew türkmen-özbek edebiýatynyň umumylyklary, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda köp işleri alyp baran özbek we türkmen alymy hökmünde tanalýar. Kakama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Magtymguly Pyragy» medalynyň gowşurylmagy biziň maşgalamyz üçin aýratyn gymmatlydyr. Men hem peder ýoluny dowam etmek bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny alyp barýaryn.

“Ylymly il ozar”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Preziden-timiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bo-lup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, he-mişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üs-tünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Ylym-bilim ulgamynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Ýurdumyzda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar.

Ylymlaryň ummanynda

Tamamlanyp barýan ýylymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary üçin hem düşümli ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylda olaryň birnäçesi döwlet we halkara derejeli bäsleşikleriň ýeňijileri hem-de abraýly sylaglardyr baýraklaryň eýeleri boldular. Şeýle talyplarymyzyň biri hem biologiýa hünäriniň dördünji ýyl talyby Döwran Ahmedowdyr. Üstümizdäki ýylda oňa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Ylmy gözleglere yhlaslylyk bilen ýapyşýan Döwran Ahmedow «Arnap agajynyň wegetatiw köpeldilişi we gök zolaklarda ulanmagyň aýratynlyklary», «Türkmenistanyň mollýuskalarynyň poleobiologiýasy», «Öý şertlerinde çybynlara garşy göreşmegiň sada usullary», «Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde üzüm çigidinden senagat ähmiýetli önümleri almak» ýaly mowzuklar boýunça taýýarlan ylmy işleri bilen ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ol nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen institutyň tejribe meýdançasynda-da yzygiderli işleri alyp barýar. Şeýle hem ol üstümizdäki ýylda şu ýokary okuw mekdebinde işläp başlan ÝUNESKO kafedrasynyň hem işjeň agzalarynyň biri. Döwran ýurdumyzyň we dü